ATAWATAN ESERLERİ

Ýolda galan günler.

Köçäň ugry bilen gelşime müň pikiriň başyny agyrtdym… Oň ýüregi syzýar. Ýöne başga zady. Ol gözlerini dikip garaşyp otyr. Ýöne o ýoldan maňa derek başga biri gelýär. Men adaty günlerdäki ýaly ýol ugra dükana sowuldym.

– Salam

– Salam armaňda.

– Bar boluň. Yna şuňa meňzeş reňkde sapagyňyz barmy?

-Bar. Sapagmyzam bar, soragmyzam.

– Düşünmedim?!

– Ýigit bilen araň nähili?

– Oňat. Galybersede nesibe diýibem bir zat bara.

– Obaň aksakaly bilenem ýedi gezek baranmyşlar, saçagyny açmaýarmyşyňyz şeýlemi?

– Aý  edil onuň ýaly zada ýok ýöne göwnemejek bolýalar.

– A özi jaň edenokmy… Men kibtibi gysdym.

– Juk. Habar ýokdur.

– Onda sen habary menden al. Düýn şu köçeden işdeş gyzy bilen biri-birine ýelmeşäýin diýip geçip gitdiler.

– Aý näme işdeşidirdä.

– Sen düşünmeseňem men düşünýän, işdeş bilen başga duýgularyň tapawudy kän. Meni diňle. Soň şoňa meňzeşi hiç ýerden tapmarsyň.

(Mundan artyk gürlemäne güýç tapmadym. Aýdylmadyk sözleriň galan bölegi gözümden döküldi. Hawa meniň hälden bäri sowuk gürrüňi gyzdyryp oturşanym şol günlerde maňa düşünýän ýeke-täk ýürekdi. Ýaşy durugşan obada uly gyz adyny alan bu owadan gyz duýgy meselesinde menden başga adama ýüregini açyp bilmeýänine şol wagtlarym aklym çatýardy. Onuň näme üçin şeýdenine inni düşünýän. Öz duýgulaňdan utanmaklyk agyryly ezýet berýär. Şol günki gürrüňiň yzyna dolansak… dükançy gyzyň haly meňkiden ýeňil däldi. Maňa janygyp –janygyp düşündirşine gaýta-gaýta ýuwdunyp daljykýardy. Her bir diýen sözümiň jogaby taýyndy. Biz ýene kän zatlary diýişdik. Soňky teklip ýüregiň düýbünden çykan söz boldy.

– Gaç

-Hih. ?

– Eger şeýtmeseň kän zatlar bilen göreşmeli bolarsyň. Hatda özüň bilenem. Sen ýene kimdir birini söýjegiňe ynanýaňmy? Ol ýürekdeş kişiniň edäýjek işini etdi. Özünüň şu çaka çenli kimdir birini unudyp bilmeýäni üçin şu günlerde ýaşaýanyny ýüreginden süzüp çykardy.Onýançada iki sany gelneje gapydan girdi. Dükançy gyz aglaýanyny bildirmezlik üçin eglip tekjelerini dörüşdiren boldy. Men welin bat bilen öýe gaýtdym. Ýol boýy hiç zady aklyma sygdyryp bilmän geldim. Şoldyr-şoldyr mazam bolmady. Gijeleri çirim etmän, gündizlerine yrym etmän ýaşap bilmedim. Hatada bulaşan sapagy elme alyp şuny üzmänjik çözäýsemä barýan üzsemem barmaýan diýip, ýönekeýje zatlardan ullakan mesele ýasardym. Emme çolaşan ýumak bilen durmuş her-haýsysy aýratyn zatlardy.

Günler geçip dur. Göwnüme şum habardan diňe hakykatyň ysy gelýän ýalydy. Ne ýüregim göwräme sygdy ne-de men öýe. Güýz möwsümi pagtaly meýdanyň lezzetini ýygymçylar aýratyn bilýändir. Gyzlaryň bar ýerinde gülmäne bahana kän. Ana şol diýilýän gülkä öz sesimi goşmak üçin, meni basyp barýan durmuşyň özini basmak üçin gyzlar bilen meýdana çykdym.
– Gyw jora keşimiň aýak ujy galdy günortadan öň şony dynyşaýda.
– Bolýa. Diýsememä diýdim weli,öz keşimem taşlap gidäýesim gelmedi. Ahyryn boýdaşym alkymyma dykylyp:

-Ýör öňe gideli saňa aýtjak zatlam bar. Şejeräň gowy däldigi öňdenem bellä. Her düýpden bir hanany ütik-ütik edip yzy bilen ýöräberdim. Şol pursat çynym bilen hakykatdan gaçyp gidesim geldi. Ýöne naçe dyzasamam hakykat meni sypdyrmady.  Ep-esli ara geçip gür pagtalykda ikimizden başga adamyň ýoklygyna anyklap boýdaşym ýüzüne saralgy ýalygygyny aşak çekip eş-diler-eş-dilmez:

– Meni diňle ýüregiňi agyrtjak bolamok.

– Onda näme etjek bolýaň. Men şol sözi ýene bir adamdan eşitmek islämokdym. Mundan artyk mümkin däldigine ikimizem düşünýärdik. Boýdaşym ýüzüni ýere salyp hamala hemme zada öz- günäkär ýaly.

– Ol işdeş gyzyna öýlenýär.

– Ýalan.

– Çyn. Genjem tikinçilik öýünde işleýär.Uýalary gelnejeme toýda geýjek köýneklerini getiripdirler. Olar toýa taýynlyk görüp ýörler. Şojagaz pursatdan başlap men özüme ýalandygyny ynandyryp ýören duýgularymy boýnuma aldym. Inni her bir güniň gädilmegi bilen meniň inçe umydymyň bir tary üzülmelidi. Uzakly gün gussalaryň arasynda keşden-keşe sermendim ýördim. Şapak gyzardy. Şol inçejik umydymyň bir tary şarpa üzüldi. Bu bolsa göni ýüregiňe degýärdi. Diňe günler däl sagatlar sekuntlary hasaplap başladym. Yna ýene 20 günden toý. Beý diýmek ýarym aýdan sähelçe köp. Mmen garaşýardym. Janymdan syzdyran yşkym netije bermelidi. Hemem çakym boýunça ýüregimde orun alan şol nurana ýigit ähili zady syzmalydy. Ha öz gelen netijäm hada enem-atam hada dükançy gyz barada oýlanyp soňna ýetip bilmedim. Eger elimden gelsedi her gün guşlukda ýaşyp barýan güni tä ysgynym gaçyp ýykylýançam göterip durmana kaýyldym. Emma tersine sanalýan günler suw bolup akdy. Toýa 3 gün galdy. Gündizlerine elewräp gijelerine samrap-samrap ýatyp galardym. Agzyma gelen janym näme üçin çykyp gidibermeýädi. Içimdäki ynam näme üçin tükenmedikä. Öz-özümden biygtyýar ýene 3 günden ikimiziň toýmyz bolan bolsa näderdimkäm diýip henizem seň ýanyňda özümi goýup arzuw edip bilýärdim. Arzuwlarymyň yzyna düşüp öz otagma geçdim, ýylgyrdym, begendim, tolgundym we özümi uly gyz hasaplap başlan günümden bäri toplap ýören bukja sandygymyň kiltini ýazdyrdym. Älem goşar reňkli ýaşmak elýalyklarynda her hili edil ýaşynyp gördim. Gyňaçlary orap, seçeklileri atynyp gördüm. Aýnada özümiň gelinligimi teşne nazar bilen synladym. Ýene bir ýalygy çekip alamda gotazly alajam şyňňyrdap ýere gaçdy düwmeleriň biri sähelçe urga ýazyp gitdi. Meň göwnüme şol tänen düwmejik sendiň. Bitaý ýeke özi göwünsiz jyňňyrdaýan düwmejikden meň ýüregimiň sesi eş-dilýärdi. Oturan ýerimden süýdim. Düwmejigiň her düňňürdüsi ýüregime kakyldy. Bu owaz meniň kä mahallar özüm bilmezden hiňlenýän heňim bilen juda meňzeşdi. Düwmejigi barmagymyň ujy bilen kakyp zaryn owazyny diňledim otyrdym. Näçe wagt şeýdip ýatanmy bilemok. Gapydan ejem geldi. Çaşyp ýatan ýaglyklarymy epläp ýerne saldy. Ýüregi suw bolandyrda elimdäki düwmä elýapyşdy. Ýarasyna basylan ýolbars ýaly ejemiň süýjüje ysy ornan gujagyna özümi oklap ses edip aglap başladym. Başga duýgulary duýmaýanam bolsam öz gözýaşymdan öň iki damjanyň boýnumdan syryganyny duýdum. Ýöne dogrulyp eje aglamasana diýmäne bognum ysmady. Şo gije ejem bilen aglaşdym.

Ir säher, gutardy diýen umyt we men. Gapylaryndan şapyrdyk asdylar. Olam şemala ikiýana urunyp toý sazyny bagşa derek çalaýsam diýýär. Adam bary başagaý. Çelpek ýapýalar. Hatar-hatar gazanyň teýine ot berdiler. Olaň öýi şeýle. Ýenede bir ýerlerde bir Ýybagözel uzbezenip zülpini darap “Çykjak gyz ýaly” diýilýän sypata girip galpyldap otyr. Ana şu tutulýan toýuň bir ujam şolara degýärdi. Yna bu ýerde weli men otsyz ot alýan. Etegine ot düşen köýnek ýaly han-ha asmanda ýene şapak gyzardy. Ýaşajagyna ynam galmadyk dem sanaýan hassa mysaly netijesiz umydym henizem gutaranokdy.

Ümsüm gije. Häzirem boýnuma  alýan şol gije gaty erbet ümsümlik boldy. Ýa-ha bütin barlyk ilkinji söýgüniň hatyrasyna matam tutdy ýa-da hiç hili ýagdaýda da maňa nepi degmeýäni üçin öz ynsaplarynyň öňünde dil ýarmadylar. Näme diýseňem bu aýylganç ümsümlik gowulyga däldi. Aýyňam doguşy adatylardan parhlydy. Şeýlebir nur saçdy , şeýlebir nur saçdy şunça dymyşlygyň içinde özüniň barlygyny duýdurany üçin men ellerimi asmana gerdip aýy gujakladym. Ana şolam öz ýanymdan seni iň soňky gezek bagra basdygym boldy. Ertirden başlap seni ýüregimde gizläp eý görmegem günä boljakdy.

Toý. Asmanam adaty, ýerem. Menem adaty adam. Sen hakynda umydymyň soňky taryndan ýapyşyp içimden geçiren duýgularym üçin, yşkdan dälä öwrülen adamyň aýdyp bilaýjek sözleri üçin her gyz meni ýazgarmaň. Iň owadan bezelen gelnaljy ulagy bilen sen göni biziň özümize gelmelidiň. Geläjek ýalydy…Soňam:

-Akjam ýör şu durşyňa. Maňa sen gerek. Ilem näme diýse şony diýsin. Sen şu gün meniň bilen şu aýgytly ädimi ätmelisiň. Dagam biz biri-biregi söýýädigä…
-Biiip-bibipp, bappp Waý Allajan. Jan Allameý Bu näme etdigiň boldy. Başga hiç zat diýmezden öýde iki ýana uryndym. Toýuň sazyna içim tike-tike boldy. Deprekçik her kakuwy ýüregme kakyldy. Ualg bary köçäňizi doldyrdy. Çaga bary ylgaşdy. Gelnaljy gelin getirdi. Umydymyň soňky taryny seň gelnaljyňda seçilýän süýjileri illerden köp ýygnajak bolup ylgap barýan çagajyk üzip geçdi. Umutsyz galan göwrämi bir burça okladym. Doňup galdym. Ýakam agyp dur, köýnegim giňäpdir, barmaklarym inçelipdir seniň sowgat beren ýüzügiňem  meniň üçin ýasalmadygyna soň düşündim. Elimde gysymlap duran bitaý düwmämi ýene jyňňyrdadyp başladym.

Heniz-henizem öňümden gelnaljy çyksa içinde seniň bilen bir nätänyş gyz oturan ýaly tisginip gitýän. Ýyllar geçip dur bir çaklar ähli ýatlamalardan daşlaşmak üçin terk edip gaýdan obama dolandym. Kän zatlar- üýtgäpdir. Meni görmek üçin gatnan ýollaňdan aýak yzlaň pozlupdyr. Şol uly gyz adyny alan ýürekdeş bolsa iki çagaň ejesi bolupdyr. Men ýenede dükana sowuldym. Dükançy gyz ýenede ýüreginden syzdyryp maňa ýaşamany öwredip başlady.
– Menem seň ýaşyňda şeýle pikirlenýärdim. Ýalňyşypdyryn. Öňki diýenlerim üçin meni bagyşla. Bagty diňe ene-ataň ak patasynyň bar ýerinden taparsyň. Hakyky duýgular enäniň çaglaryna we şol çagajyklaryň kakasy bolan kişä gitýän mähriňdir. Men ýylgyrdym. Näme üçin şeýdenmi özümem bilemok. Ilerde bolsa gün ýaşyp gelýär şapak gyzarýar. Goý gün ýaşsyn. Inni men ony saklasym gelenok. Sebäbi men inni şol güne güniň dogjak tarapyndan garaşýan. Bir gün geler şol günem günüň dogşy adatdakylardan üýtgeşik bolar.

 

 

Ogulnur Ataýewa,

Ahal welaýat prokuraturasynyň işgärler bölüminiň iş ýöredijisi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri