ATAWATAN ESERLERİ

Ynha, söýgi

«Söýgi» diýilse, isleseň-islemeseň, aňyňa zenan bilen erkek adamyň arasynda döreýän söýgi gelýär. Onsoň olaryň arasynda döreýän arassa gatnaşyklara, syrly garaýyşlara, süýji gürrüňdeşliklere, oý-pikirler sebäpli gapyňy kakýan ukusyzlyga söýginiň häsiýetleri hökmünde garalýar. Şeýle-de bolsa özüm-ä söýgi eýle bolmaly, beýle bolmaly diýip gürrüň otaryp oturjak däl. Öz durmuşymda şaýat bolanlarymdan söz açmakçy…

Meniň ejem bilen kakam halaşman durmuş gurupdyrlar, hat-da toýdan öň ýekeje gezegem görüşmändirler, diňe bir-birleriniň suratlaryny görmek bilen oňupdyrlar, razylaşypdyrlar, toý tutupdyrlar. Ejem baý maşgalada, kakam garyp maşgalada önüp-ösüpdir. Kakamyň şeýle maşgalada önüp-ösmeginiňem özüne ýetik sebäbi bar. Atam pahyr hamyla gelnini we dört çagasyny ýetim galdyryp, entek otuz hem ýaşamanka dünýesini täzeläpdir. Ol wagtlar kakam ikinji klas okuwçy oglanjyk ekeni. Maşgalada iň uly erkek bolany üçin ol ir ýetişipdir, zähmete ir bişişipdir. Şeýle-de bolsa eklenç çeşmesi ir guran maşgala üçin täze bir çeşmäni döredäýmegiň, dokuzyňy düzüw edäýmegiň aňsat däldigi öz-özünden düşnükli.

Häziriň gözi bilen seredeniňde, baý maşgalada önüp-ösen gyz bilen garyp maşgalada ulalan oglanyň goş birikdirmegine gowy seredilmeýär. Sebäbi olarda köplenç oňşuksyzlygyň, birek-birege düşünişmezligiň ýüze çykmagy bilen maşgalanyň tiz dargamagyna sebäp bolýan ýagdaýlara köp gabat gelinýär. Ejem weli ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, «baran ýeri bilen bolupdyr». Hiç haçan zeýrenmändir. Gününden nalamandyr. Onuň üçin iň uly baýlyk — saglyk, agzybirlik, maşgala bitewiligi we dowamaty ekeni.

Ejem bilen kakamyň durmuş guranlaryna indi kyrk ýyla golaý wagt geçip barýar. Özüm-ä şol kyrk ýylyň ýigrimi iki ýylyny olaryň ýanynda geçirdim, on ýyldan gowragyny bolsa olardan üzňe bolsam-da, olaryň öwüt-ündewleri, maslahatlary bilen ýaşadym. Nesip bolsa bu geljekde-de şeýle bolar. Biz dört dogan. Uly agam täze jaýa göçdi. Men uzak ýere durmuşa çykdym. Gyz jigim ýokary okuw mekdebinde okap ýör.

Kakamyň çyn türkmene mahsus häsiýeti bar. Ol söýgüsini daşyna çykaryp ýörýän adam däl. Ýöne onuň ýüreginde nähili beýik söýginiň bardygyny bilmek üçin onuň goňşusy bolmagam ýeterlik.

Ejemiň iň gowy gowy görýän jorasy bardy. Goňşymyz — Maýa gelnejem. Ol häzirem bar. Ýöne bularyň ikisem häzir birtopar agtykly-zatly bolup, ber-başagaý bolansoňlar jorasyraşmaga, zol-zol gürrüňleşmäge elleri degenok. Täze jaýa göçüp baran wagtymyz ol bize köp kömek ederdi. Özümizde ýok iş gurallaryny şolardan alardyk. Olar biziň tasdanam ýeke-täk goňşymyzdy. Özi-de şeýle bir mähriban, şeýle bir ýumşak aýaldy. Onsoň onuňam iň gowy görýän goňşusy hem jorasy ejem bolansoň, ol bize kän gelerdi. Ejem ikisi uzak wagtlap gürrüň edip oturardylar.

Bir gezek ejem uklap ýatyrka, şol gelnejemiň bize ýetip gelýändigine kakamyň gözi düşüpdir. Kakam gelnejem gapydan girmänkä öňünden çykypdyr-da, onuň ýoluna böwet bolup duruberipdir. Ejemiň uklap ýatandygyny, has dogrusy, «ýaňyja uklandygyny» (bu onuň şeýle ýagdaýda islendik adamynyň hem ýatany turuzmajakdygyny göz öňünde tutup, öz tapan hokgasy) aýdyp, ony içeri goýbermändir. Kakamyň şeýle bir häsiýeti bardy: ejem uklap ýatan bolsa bize goh-galmagal etdirtmezdi. Telewizoryň sesini çala açyp görmelidi. Tä ejem oýanýança gapdalynda gyşaryp, ony goh-galmagaldan, idäp gelýänlerden «gorardy». Kakam şol gezegem adaty endigine eýeripdir.

Soň-soň ejem hassalyk tapyndy. Onuň aýaklary hemişe diýen ýaly agyrýar. Soramak gerek däl, baryp owkalabermeli. Ýöne käte bu agyrynyň adatdakylardan güýjeýän, beterleýän wagtlary bolýar. Şonda ejem aýdybam, çagyrybam owkaladýar. Ýöne aýaklary gije, hemmeleriň ýatan çagy agyrsa weli hiç kime «azar bolmazlyk», hiç kimi bimaza etmezlik üçin bu barada hijimize aýtman, agyrysyna aýaklaryny ýuwaşlyk bilen ýere urýan ekeni. Çagalaryň hersiniň öz öýi, öz maşgalasy bolandan soň ynsan ýene-de ikiçäk galýan ekeni — özi we ýan-ýoldaşy bilen. Şeýle günlerde onuň dadyna hemişe kakam ýetişýän ekeni. Ol ejem uklaýança onuň aýaklaryny owkalap, derdini deň çekişýän ekeni.

Ýöne ejemem kakamyň göwnüne degmezdi. Çagakak kakam nähilidir bir sebäp bilen biziň birimize gaharlanyp, käýese, ejem biziň arkamyzy aljak bolup durmazdy. Oň üçin kakamyň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Onuň kakama gaýtargy berip duranyny görmedik. Men bir gezek onuň sebäbini soradym. Ejem şonda: «Maşgalada aýalam, erkegem gaharlanyp biler, şonda haýsy hem bolsa bir tarap, ylaýta-da aýal geçirimlilik etmese, onda dawa ula gider…» diýip gysgaça, ýöne jaýdar düşündiriş beripdi.

Ejem öýdeçildi. Eklenji kakam ederdi. Ýeter-ýetmezlikde önüp-ösüp, kynçylygy görensoň, onuň üçin kyn iş ýokdy, Ol jaý salmak, pil saplamak, orak, pyçak ýitilemek ýaly işler bilen meşgullanardy. Mellegimize dürli görnüşli ekinler ekip, bol hasyl alardy. Soň-soň ol maşyn bejermegiň ussady boldy. Ýöne ol eline näçe pul düşse-de, ýekeje şaýynam gymyldatman, getirip ejeme bererdi. Pul ejemde bolardy. Özi-de pulunyň hasabyny hiç haçan ýöretmezdi. Ejemiň «elini idemezdi». Ýöne ejemem öz gezeginde ol puly şarpy-şaraň sowmazdy, diňe gerek zadyna tygşytlylyk bilen harçlardy. Sebäbi ol kakamyň puly azap edip, zähmet çekip, maňlaý deri bilen gazanýandygyna hemmelerden oňat düşünýärdi.

Iki-üç aýdan bir gezek myhmançylyga baran wagtymyz ejemiziň biziň bilen bir otagda ýatmagyny kän isleýäris. Emma ol «Kakaňyzy ýeke goýmaýyn» diýip, biziň bu islegimizden her gezegem ýüz döndirerdi.

Sene-menesiz maşgala ýokdur. Ýöne kakam ejem bilen ýaşaşan şu ömrüniň dowamynda ejeme ol-a şarpyk çalmak ekeni, hat-da gaty-gaýrym söz aýdanynam bilemok.

Onsoň men şularyň — söýüşmän durmuş guran ejemdir kakamyň söýgüden püre-pür durmuşlarynyň gözli şaýady bolup, «Söýüşmän, birek-biregi tanaman nädip durmuş gurup bolýarka?!» diýýänlere düşünmejek bolýaryn. Şu soraga meniň şeýle ýazgylarymyň özi hem jogap bolarmyka diýýärin. Onsoňam diňe bagtly bolmak üçin däl, bagtly etmek üçinem durmuş gurmaly ahyryn…

Güljan Durdyýewa,

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň

  «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň habarçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri