Biziň tanyşlygymyz, tötänden bolupdy. Güýzüň çigrek, sergin howasynda syrkawlap hassahana gidipdim.Ýanym bilen ejemi alyp, ýola çykdyk.Ýol boýy gyzdyryp barýardym hem üşüdýärdim.Ýogsa, her gün dümewimden açyljak bolup, ejem maňa derman baryny bererdi. Men ulagyň aýnasyndan, daşaryny synlap oýa batdym. Daş-töwerek, maňa nämedir bir zady ýatladýardy. Şäher tukatdy, gije ýagan ýagyşyň üýşen ýagmyrlary bulanykdy, bulutlaşyk garaňky gündiz hasam solakdy.Ahyr hassahananyñ bosagasyna gelip düşdük. Biz ýokanç keselleri bölümine galdyk. Baryp görsek, daşynda duran mähelle ýetikdi.Ýaşy ulydan başlap, tä çagalara çenli bardy. Biz nobat belläp aşak düşdük. Daş töwerege garanjakladyk, oturylýan oturgyçlary görüp şol tarapa ýöredik. Soňra öňümden gelýän bir ýaş ak halatly oglan bilen pete-pet geldim. Men aljyrap haýsy tarapa özümi urjagymy bilmedim. Ol gyra çekilip, sadalyk bilen ejeme salam berdi.
– Salawmaleýkim!
– Salam oglum, gowumy?
Ýaş lukman kä maňa, kä ejeme seredip ýene gep goşdy.
– Gowy, gelneje siz nähili? Eýýäm gaýdyp barýaňyzmy?
Ol bizi öňden tanaýan ýaly gürläp durşynda, ejemem gepiniñ üstüni ýetirdi.
– Meniñ gyzym ýaranok, näçe gün bäri dümewinden açylyp bilmän, gijesine ýatyp bilenok.Derman baryny içýär, şonda-da täsir edenok.
Ýigit gözlerini maňa dikip durdy.Ol diýseň görmegeýdi, geýen ak halady, ak başbagda hasam gelşiklidi. Oňa lukman lybasy şeýle gowy gelişýär.
Biz oňa derdimizi aýtdyk, olam bizi öz otagyna alyp bardy.
Ýigidiñ bizi alyp girmesini kem göremokdym. Biz lukman oglan bilen ýokary galdyk. Daşynda ” Meredow Batyr” ýazgyly gapa girdik. Girip bize oturmaga ýer görkezdi.Ol ýigit eline iş telefonyny alyp birine jaň etdi.
– Aýjahan, meniň ýanyma gelip gidäý!
Az salymdan ak halatly bir ýaş gyz gapydan girdi. Bize seredip, salam berdi.
Men ol gyzy görüp, alasarmyk pikirlere özümi aldyrdym.”Bu gyz, bu ýigidiñ halaşýany bolaýmasa, biziñ oturanymyzy halamadyga meňzedýär” diýip içimi hümledip otyrdym.
Ataýew Umid lukman geline ýüzlendi.
– Aýjahan şu gyz dümewläpdir, gyzgynyny barlap hassahana ýerleşdir. Gerekli bejergilerini ýazyp maña getirip beräý!
Lukman gyz pessaý gürledi.
– Bolýar başlyk!
Başlyk sözüni eşidip ýüregim böküp gitdi. Ýene gaýga batdym…
Lukman gyz rugsat sorap meniñ bilen çykyp gitdi. Meni otaga ýerleşdirip, gyzgynymy barlady. Kellesini ýaýkap maňa seretdi.
– Erbet gyzypsyñ, munça gyzýançaň oturmaly däl ahyry. Häzir saňa gyzgyn sanjym urarys welin, gyzgynlygyñ gaýdar.
Sanjymdan soň, biraz özümi gowy duýup başladym. Meniň üçin gerekli bejergileri ýazyp ýokary galdy. Az salymdan lukman gelin, ejem bilen bile girdi.
Men ejemden aýrylýanyma ýüregim gysyp başlady.
Ejem dükana gidip, meniň üçin azyk alyp geldi. Elimede sowalga goýup meniñ bilen hoşlaşdy. Otagda menden başga adam bolmansoň ýürekgysgynçdy. Men içimi gysdyryp ýatyrdym. Birdenem gapyny kakyp, hälki başlyk oglan geldi. Gele-gelmäne ýagdaýlarymy sorady. Elinde bolsa paket-paket zatlar bardy. Maňa seredip ýylgyrdy.
-”Bagyşlaň, size aç ýatmak bolanok. Siz üçin günortanlyk nahar getirdim. Siz arkaýyn iýip-içiň, men geler duraryn.” şeý diýdi-de çykyp gitdi. Meni ýigidiñ boluşy geň galdyrýardy. Maňa edýän ýagşylygyny nämä syrykdyrjagymy bilmän uzak oýa batdym. Gün öýle bolansoň, açdym. Ejemiñ getiren naharlaryndan azrak datdym, başlygyñkydanam azrak.
Ol meniň ýanyma her gün gatnap başlady. Günde 2-3 gezek gelip giderdi. Her günem meniñ ýagdaýymy sorap zat goýup giderdi. Ejem bilen diñe telefonda habarlaşýadym. Men gün-günden gowulaşyp barýardym. Meniň sabyrsyz garaşan, hassahanadan çykmaly günüm gelip ýetdi. Şol gün irden ýene sen gelipdiň! Bu gün seniň açyk ýüzüň tukat görünýärdi.Ýuwaşlyk bilen meň gapdalyma geçip oturdyñ!
– Bagyşlaň siz şunça gün bolsañyzam adyñyzam soramandyrn?
– Adym Arzuw.
– Adyñam edil özüñ ýaly owadan eken.
Men tolgunyp ýüzümi ýere dikdim. Senem meniñ gyzaran ýüzümi gören bolmaly.
– Men Umyt. Özüm şäherde ýaşaýan. Siziñ gidýänçäñiz men şeýle şadyýandym. Gitmeli günüñiz gelende bolsa, ýüregim gursagyma syganok. Men seni gowy gördüm Arzuw! Haýyş edýän maňa umyt döret, men seni ömür baky bagtly etmäge taýyn! Ynanaý maňa!
Mähirden püre-pür gözleriň bilen ýüzüme bakyp durduñ. Meniň endamyma garynja goýberilen ýaly jümşüldäp gitdi. Meniň şonda saňa bolan yşk duýgym köräp başlady. Maňa öz nomeriñi ýazyp beripdiñ! Men tolgunmadan ýaňa, hatda eden ýagşylyklaryň üçin saňa minnetdarlyk bildirmegi hem unudypdyryn.
– Şu belgä hökman aýlagyn! Garaşaryn saňa.
Men pişigiñ gulagy ýalyjak haty jübime saldym.Bolýar diýen terzde baş atdym. Sen çykyp gideniñden az salym soñra, ejem gelip meni hassahanadan alyp gitdi. Ejem bilen öýe bardyk.
Biziň söýgimiz telefondan başlandy. Sen meni okuwa ýerleşdirdiň, meni her gün öýüme hem okuwa alyp giderdiň! Bir günem ýeke goýmazdyň! Meni özüňki hasaplaýardyň! Meniň duýgum gün saýyn artýardy.
Seni her gün görmesem ýüregim gysýardy, şäheriň gözel ýerlerine gezelenç ederdik. Bir ýere gitmeli bolanymyzda gelmeli bolsam hökman bile gitmegi tabşyrardyñ! Sen şeýle bir gelişikli, özüne çekiji mähiriñ bardy. Sen meni her gün begendirýäň! Maňa her geleňde ýanyň sowgatly gelerdiň! Altyn ýüzük, boýnuma zynjyr hem sowgat etdiň! Bileje oturamyzda bolsa, söýgiden dolan ataşyñy dikip ýüregime yşk odyny köreýärdiñ! Biziň söýgimiz şeýlebir güýçlidi welin, ony hiç bir güýç aýyryp bilmejek ýalydy. Men owadan söýgiden ruhlanyp ýaşaýardym. Bütin daş-töwerek başgaça görünýär. Ähli aladalarymy saňa bolan söýgim ýok etdi. Asmanda pelpelläp uçýan durnalary görenimde bolsa, bagtly günlerimizi ýatlaýardym.
Okuw döwrüm seniň bilen diýseň tiz geçdi. Soň şäherde işe başladym. Sen meni şäherdäki kafeleriň birine maňa bir täzelik üçin çagyrypdyñ! Men barsam heniz sen gelmänsiň ekeniñ! Daşarda saňa garaşyp durdym. Kafeniň içinden bir nätanyş oglan gözlüni aýyrman maňa seredýärdi.
Okuw döwrüm seniň bilen diýseň tiz geçdi. Soň şäherde işe başladym. Sen meni şäherdäki kafeleriñ birine maňa bir täzelik üçin çagyrypdyñ! Men barsam heniz sen gelmänsiň ekeniñ! Daşarda saňa garaşyp durdym. Kafeniň içinden bir nätanyş oglan gözlüni aýyrman maňa seredýärdi.
– Salam gözel gyz, birine garaşýaňyzmy?
Men oňa jogabam berjek bolmadym.Ýöne ýanymdan aýrylsa kem göremokdym.Gitjegimem, garaşjagymam bilmedim.
– Meniñ şol garaşýan oglanyňyzdan niräm kemmişin? Siz ýaly owadan gyzy elimiñ aýasynda saklaryn gözel gyz!
Men sesimi çykarmadym. Onuň sözleri gulagyma-da ilenokdy. Sebäp, gulagymda diňe şonuň sözleri ýañlanardy. Ol barmana sen gelipdiň! Biziñ ýakyn duranymyzy görüp gabanyp gürlediň!
– Arzuw, bu ýigit kim?
Men agzymy açyp ýetişmänkäm, nätanyş oglan haýbatly gürledi.
– Men şuň söýgülisi bolýan, sen nämesi Mahymyň? Häzir şu ýerden gitmeseň, gowy bolmaz, ýokbol bize päsgel berýäň!
Sen maňa, bir oňa seredip doňup galypdyñ! Meniň üçin tomus güni ýyldyrym çakana döndi.
-Ýok bolsana, sen meni tanaňoga? Haramzada nämeler diýip dursuň?!
Men seniň eliňden tutup çekeledim.
– Men ony tanamok, sen gelýänçäň ýanymdan gidenok, kowsamam dura ol!
Sen meniň ellerimi silkip goýberdiň! Gaty-gaty ýöräp ulaga mündüň! Men saňa şunça jaň etdim, jaňymyň birine hem jogap bermediň! Hat ýazdym, oňada jogap ýazmadyň! Meniň ýüregim pagyş-para boldy.
Söýen näzik ýüregim şol pursatda döwüldi. Ulag saklap öýe gaýtdym. Günde seniň üçin aglaýardym. Meni ýatlaýaňmy ýatlaňokmy ony ha bilemokdym. Ýöne şeýle pikirler meni aldym-berdime salýardy. Otdan çykaryp suwa, suwdan çykaryp oda salýardy. Men seni idäp iş ýeriñe bardym. Ol ýerden hem tapmadym. Sen zähmet rugsadyna çykanyñy eşitdim. Telefonyñ hem öçükdi. Seni tapmaga ýekeje umyt bardy. Seniñ at familiýaña belgi bar bolsa, seniñ bilen habarlaşyp biljekdim. Men begenip “Altyn asyryñ” hyzmat ediş edarasyna gaýtdym. Seniň at familiýañy berdim. Sen hakynda hiç hili maglumat çykmady. Men öňküdenem beter ahmyr çekdim.
Özümi seniň öňüňde günäkär hasapladym. Günde seni ýatladym, her gün agladym. Meniň üçin eden ýagşylyklaryň meni ýykyp barýardy. Indi aglamak meniň küýsegime öwürlipdir. Agymyñ içinde bolsa saňa sorag bererdim, saňa ýalbarardym, seni çagyrardym…Seni bir gezejik görsem armanym ýokdy. Ähli zady aýdamsoň, ölsemem kinesizdim. Ýöne ykbalymdan seni aýyranyna nalaýardym. Kä özüme, kä ykbala nälet okardym. Sen meniň dünýämden ýitip barýardyň! Seni ýekejede ýazgarmadym. Sebäp, sen meniñ üçin diýseň kän zat etdiň! A men bolsa seniň gözleriñe seredip duýgularmy hem aýdyp ýetişmedim. Ýüregimdäki aýdylmadyk zatlary, içimde öwran-öwran gaýtalaýan. Owadan söýgiden kökenek ýüregim, şeýlebir ezildi, kemsindi. “Näme üçin, soňsuz umytlara, şatlyga, söýgä berilip ýaşanyňda, ykbal ony tiz alýarka? ”
Seni söýen ýüregimi hiç zat sowadyp bilmedi.Senden başgasyny gözlerim görmedi. Adamlardan seniň keşbiňi gözledim. Seniň ýaly mähirli keşbi hiç kimde görmedim. Ejem-kakam meni durmuşa çykarjak bolup şunça dyrjaşdy.”Meni öldüriň, men durmuşa çykjakdäl” diýerdim. Ahyr ejem dagam goý bolsun etdi.
Aradan 5 ýyl geçdi.Ýaşym 30-dan geçdi. Entegem saňa bolan söýgüm öçenok. Henizem saňa garaşyp, hyýalymda seni çagyrardym. Ýöne senden hiç hili habar bolmady. Umydymy üzemokdym. Sebäp umytlarym meni ýaşadardy.
Bir gün ýüregim gysyp işden çykyp seýilgähe gaýtdym. Oturgyçda oturyp, aýlanan ýerlermizi, gülüşen bagtly günlerimizi ýatlamak üçin. Bagtly günler nähili tiz geçipdir, edil düýş ýaly bu dünýämden ýitirenme gynanýardym. Saňa aýdylmadyk sözlerim bolsa içimde berç tutup, zarynlap durdy.
Şol pursat gözlerime ynanmadym. Göz öňümde owadan gelin bilen eýjejik gyzjagazyň elinden tutup gülşüp gelýärdiñiz! Gözlerimden boýur-boýur ýaş döküldi. Gözlerim ýaşdan doldy. Men şeýlebir ejizledim welin, indi hiç güýç meni saklap biljek däldi.. Men seni başgasy bilen görenimden ölenimi gowy gördüm. Senem meni ýatlaýansyñ öýdüpdim, senem maňa garaşýansyň öýdüpdim. Emma, bagtam, söýgäm meniň saňa bolan näzik duýgularymy aldaýan eken.Sen şol pursat gözümden syrygan gözýaşlaryma ezilip geçipdiň! Gaňyrylyp maña seredip, zarynlap galdyñ! Men bolsa sessiz aglaýardym. Gulagymam gözümem hiç zat duýanokdy.
Şeýdip meniň bar umydym, ýürekdäki söýgim puç boldy… Söýgüniň azabynda ýeke ýalňyz galmaly boldum. Men şonda-da diňe seni söýüp galdym. Ömrüm ötýänçäde söýerin!!!
Ýyllar geçer, emma senli ýatlamalar meniň kalbymda baky ýaşar! Bagtly günler häzirlerem ýadymdan çykanok, beren sözleriň, mähirli bakyşlaryň şol beýnimde aýlanyp dur, ýaňlanyp dur!
Ýüregimde galan sözümi bolsa ýazgy bilen paýlaşýan. Men saňa birje gezek “söýýän” diýmedim…Şol gün meni çagyryp aýtjak täzeligiñem maňa toý teklibi hem nika ýüzük dakjak ekeniñ!
Nesibämde ýokdurda, menem başga birine durmuş gurmaly boldum. Hudaýa şükür, gül ýaly ýaşaşýarys.Ýöne saňa bolan söýgümi hiç zada deňäp bilmerin.
Ýyllar soňra ýene maña tötänden gabat geldiň, meniň öýmeli başymy görüp sojap aglanyň häzirlerem gõz öňümden gidenok. Meni bagyşla seni gynandyranym üçin! Ykbal bize bagty köp gördi. Seniňem betbagtdygyña gynanýan. Senem ýyllar soñra gelniñden aýrylyşanyñy eşitdim. Maňa ýalbaryp kän geldiñ! Emma, men maşgalamy çagalarmy taşlamaga wyźdanym ýol bermedi. Söýgümiň hatyrasyna bolsa, oguljygyma seniň adyňy goýdurdym. Goýmalysyna goýdum welin, her gezek oguljygymy görenimde sen ýadyma düşýäñ. Iñ soñky gören keşbini ýatlanymda bolsa ýüregim para-para bolýar. Umytjany bagryma basyp aglaýardym…
Maňa hemişe “Bagtym” diýerdiñ! Meni bagyşla, men seniň bagtyň bolup bilmedim. Wah, “Ýiti gyzyl tiz solar” ekeni. Men berk söýdüm, emma ir soldum. Bize indi diňe geçmişden saplanaýmak galýar.
Aygül Nurlyýewa,
Tatarystanyň Kazan şäheriniň talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!