Ýaş gyz agyr hassalygyň penjesinde urunýardy.Ýaraly kalby indi bu dünýäde daýanyp bilenokdy.Gyzyň maşgalasy örän baýdy.Olar ýürek bagşy üçin yglan beripdiler.Janyny gurban etjek birini gözleýärdiler.Ýaş gyz bolsa her gün hassahana otagynda ýuwaş-ýuwaşdan misli gül deýin solýardy.Ýene otagynda ýalňyzdy,gözi ýaşly, boýny bükük ölüme garaşýardy. Gözlerini ýumdy, bu kiçijik otagda gözýaş dökmekden ýadapdy.Ýene-de saklap bilmedi,çabga ýaly dökülýän gözýaşlaryny. Söýgülisi düşdi ýadyna,garyp ýöne ony söýen söýgülisi. Her gün şol bir zatlary pikir edýärdi, ýatlamalary yzly-yzyna gözüniň öňünden geçýärdi.
“Pulum ýok,ýöne saňa berip biljek söýgi doly ýüregim bar” diýipdi oglan.
Ýaş gyzyňda mundan başga islegi ýokdy. Söýgä mätäç biri, söýeniniň söýgüsinden başga näme isläp bilerdiki…
Ýöne ine ,bolmady. Älem dek uly söýgüleriniň arasyna, şol länet siňen pul giripdi, olary biri-birinden aýyrypdy.Ine, puluň gerek bolmajak wagty gelipdi…
Indi näme manysy bardy? Şu soňky günlerinde, söýeni ýanynda bolsa ýeterlikdi. Aýralyklaryndan bu ýana, hiç gutarmaýan, gam-gussa doly bäş ýyl geçipdi. Her güni agyr geçdi, her gün ezýet çekdi. Ýöne ýaş gyz söýgüsini elmydama ýüreginde göteripdi. Kalbyny başga hiç kim bilen paýlaşmandy. Söýenini pikir etdi şol wagt. Ol nähili ýaşadyka şu bäş ýylyň içinde? Kim biler belki durmuş gurandyr, çagalary, maşgalasy bilen bagtly ýaşaýandyr. Gözlerinden ýene bir damja ýaş damdy, guran, gutaran ellerine. Ellerine seretdi, bir wagtlar elleriniň, ellerini tutandygyny arzuw edip, her gün ýadaman ellerini synlardy. Iň köpem saçlarynyň dökülmesine gynanýardy. Sebäbi söýeni ogşap, ysgapdy olary. Her bir sanysy gopanda,kalbyna ýene bir ok saplanýardy. Ýüregi ýene syzlamaga başlapdy. Belki söýeni ýanynda bolsady,ýüregi beýle ýadap, durmuş bilen hoşlaşmazdy. Onsuzam, indi ölüm gyzyklandyranokdy. Söýeninden aýry ýaşamagyň ölümden näme tapawudy bardy?!Gaýtadan söýgülisi geldi aklyna.”Käşgä,käşgä ýanymda bolsady” diýdi.Soňky gezek elini tutsa ýeterlikdi.Gözlerini soňky bir gezek öpse,indi gözlerini arkaýyn ebedilik ýumup bilerdi.Gözlerine ýaş aýlanyp başlady.Söýenini iň soňky gezek görmän ölmek islänokdy.Kiçijikde bolsa ondan bir ýadygärlik alman,bu dünýäden göçüp gitmek islänokdy.Ýöne söýeni,kim biler kim bilen biledi?Özüniň söýgi doly ýüregini biri bilen paýlaşmagy asla pikir etmändi,ýöne ol paýlaşdymyka?Onuň söýgüsini pozup atdymyka ýüreginden?
Içi birden ýigrenç bilen doldy?Üstüne uly bir agyrlyk çökdi. Ony pikir etdikçe her sagadynyň,her minudynyň ezýet bolmasy,indi has hem agyr gelýärdi ýaş gyza.Ölmek isledi,indi ýaşamak islänokdy bu dünýäde.Ýöne söýeninden bir ýatlama alman ölmejegine ant içipdi.Gaýtadan gözlerini açdy.Kim biler,belki-de söýeni ony unudandyr.Şu düşünjeler içinde garaňkylyga gark boldy…
Birden kakasy girdi otaga,gyzyna ýüregini bagyşlamak isleýän biriniň tapylandygyny buşlamakçydy.Ýöne ýaş gyz eýýäm uka gidipdi.Bir perişdäni ýadyňa salýan mähirli ýüzi,söýeniniň hasratyndan ezilipdi…
Şol gije biri bu äleme ebedi gözüni ýumupdy, ýaş gyz bolsa bejergi otagyna alynypdy.Öz işini ýerine ýetirmeýän ýüregi çalşylypdy.
Bir hepde soňra ýaş gyz täzeden bu dünýä gözlerini açdy.Ýöne dünýä oňa üýtgeşik göründi.Birhili bir zatlar kem ýalydy…
Aradan aýlar geçdi,ýaş gyz gowy sagalypdy.Ýöne içindäki buruklygy näme etse-de atyp bilenokdy.Söýeni ýadyna düşende,ýüregi öňküsindenem beter syzlaýardy.”Bir gezek, bir gezejik görüp bilsedim” diýip pikir ederdi.
Ýüregi ýene syzlamaga başlapdy. Kalby ony gowulaşdyrypdy,ýöne nämede bolsa her agşam ýüregi birden çaltlanardy,ony ukusyndan oýandyrardy we ýerinden çykjak ýaly urup başlardy.
Ýaş gyz bir many berip bilmedigi bu ýagdaýy lukmana gürrüň berdi.Lukman:”Bejergi aňsat bolmady,bir aýdan soň geçer” diýdi.Aýlar geçdi,ýöne ýagdaý häzirem şeýledi.Howlusynda ösüp oturan bägülleriň ýanyna giderdi.Her gün sagatlap olar bilen derdini paýlaşardy.Arasynda olar bilen aglaýardy,gülýärdi.Iň köpem gyp-gyzyl bägülleri söýýärdi.Sebäbi gyzyl gülüň onuň üçin aýry bir ýeri bardy.Ol hem ýaş gyz bilen bile gülýärdi,onuň bilen bile aglaýardy.Gyz ony söýenine meňzedýärdi.Söýenini görende,bu gülüni oňa sowgat berjegine kasam edipdi.Başga hili hiç kim bilen paýlaşyp bilmezdi gülüni.
Birden gapy kakyldy.Gapyny açdy,ýöne hiç kim ýokdy. Gözi ýerdäki ak bukja ilişdi.Ýuwaşlyk bilen egilip,bukjany ýerden galdyrdy.Birdenem ýüregi öňküdenem çalt urmaga başlady.Näme bolýanyna düşünmedi.Bukjanyň üstünde ne bir at,ne-de bir salgy bardy.Bukjany açdy,içinden ak kagyza ýazylan bir hat çykdy.Ýüregi ýene tiz urmaga başlady.Onuň ysy bardy kagyzda.Bu hatda ýyldan-ýyla hasratyny çeken,ýanynda bolmak üçin janyny hem berip biljek söýeniniň ysy bardy.Başy aýlanyp başlady.Ýuwaşjadan ýere oturdy.Kagyzy açdy.Elleri titräp okamaga başlady.
“Söýgülim!Senden aýrylanymdan soň,bir ýürege iki söýginiň sygmajagyny bilenim üçin,ne birini söýüp bildim,ne-de birine seredip bildim.Her günüm beýlekisinden has hem agyr geçdi.Sebäbi hasratyň her gün öňküsindenem beter artýardy.Saňa kitaplary doldurar ýaly şygyrlar ýazdym.Her biri beýlekisinden hasam gussalydy.Ýazdym,okadym,agladym.Her gün ýazdym,her gün okadym,ýyllar boýy agladym.Her gün daňa çenli seni pikir etdim,her gün seniň ýanyňda bolmak isledim.Her gije sensizlige länet etdim,ukulary özüme duşman etdim,sensiz galmagyň ajysyny gözlerimden çykardym.
Bir gün ähli zady üýtgedip biljek pursat çykdy öňüme.Bu pursady goldaman,özüme haksyzlyk edip bilmezdim.We goldadym.Senden uzaklara gitdim,belki seni unudaryn diýip.Ýöne ähli zat tersine boldy.Seni indi öňküdenem beter göresim gelýär.Belki senden has hem uzaklardadyryn,ýöne ýene-de seni görmek üçin uzaklardan gelip bilýärin.Seni söýüp bilýän,ýatyrkaň seni synlap bilýän.Käte gözleriňi açyp seredýäň, gelenimi bilýändigiňi pikir edýän,ýöne ýene süýji uka gidýäň.
Ertir biri-birimizi söýmegimiziň altynjy ýyly.Şu wagta çenli seniň ýanyňa diňe men geldim,ertirde sen gel bolýarmy?Unutmankam,saňa beren ýüregime gowy seret bolýarmy?Çünki gözýaşlarym bilen adyňy ýazdym ýüregime.Seni sendenem beter söýýän söýgi bar ýüregiň içinde.Unutma,gyzyl gülleri-de unutma bolýarmy?Seni söýýärin, ýanyma gelýänçäňde söýerin!
Seni bu dünýäde hiç kimiň söýüp bilmejegi ýaly söýen adam.”
Nagyma Osmanowa,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!