Ynsan ömri günlerden- günlere, aýlardan –aýlara, ýyllardan-ýyllara öwrülip, şol aýlanyp dur. Şol aýlanyp duran pursatlaryň her haýsysy, özüniň ezizligi bilen biziň kalplarymyza ruhy-söýget, göwünlerimize ganat, durmuşymyza bolsa, bimöçber many-mazmun berýär. Ynsanyň edäheti şeýle, ol diňe gowulyklardan-gowulyga, ösüşlerden-ösüşlere, belentliklerden- belentliklere ymtylýar. Ol şeýle etmek bilen, özüne has dogry ýoly saýlap alýar. Sebäbi, beýiklige ymtylyşyň bar ýerinden ösüşler başlaýar.
Täze, 2020-nji ýyl özüniň üýtgeşikligi bilen dünýämize doldy. Hawa, duýgularymyz bizi aldamandy, ýüregi halkynyň ýüregi bilen deň urýan Gahryman Arkadagymyz bu gezek hem halkyň göwün-isleginden ugur aldy, şeýlelik bilen bu ýyl “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” ýyly boldy.
…Ol gün meniň häzirki ýaly ýadymda. Ir bilen işe gelenimde, meni şol wagtky žurnalyň baş redaktory Abadangözel Seýitgulyýewanyň , ýagny başlygyň ýanyna çagyrýandygyny aýtdylar. Men onuň kabinetine bardym. Ol paýhasly nazaryny aýnadan uzaklara dikip oturan eken. Salamlaşdym. Ol göwnühoşluk bilen salamymy aldy-da :”Gel, geçiber, Ogulgözel, sen düýş ýorup bilýärmiň?- diýdi. Men: “Pygamber, ýorgudy bolsun. Hany, gören düýşüňizi aýdyň, belki..” diýdim. Ol birenaýy ýylgyrdy-da: “Öten agşam Aşgabadyň, şäheriň üstüne şeýlebir gar ýagýarmyş, tutuş şäher ak gara bürenäýipdir” diýdi. Menem, Abadangözel Baýlyýewna, siz-ä, gowy düýş görüpsiňiz. Nesip bolsa, ýurdumyz bilen bagly gowy wakalar boljakdyr” diýdim. Olam, şeýle bolsun-da, her-nä” diýip, sözüni gutarmanka, žurnalist oglanlaryň biri : “Gapydan, gelip, adamlar, gözüňiz aýdyň! Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berlipdir ” diýip, gapydan girdi. Biz başlyk bilen bir-biregiň ýüzüne kanagatlanma bilen seredişdik. Bu wakanyň geçenine indi görüp otursam, 25 ýyl geçipdir. Emma, şol güni ýatlanymda , kalbyma bir bölejik ýaz pursady gelip gonan ýaly bolup, meni uçursyz bagtly edýär.
Ondan bäri ençeme ýyl geçdi. Emma, şol günden soňra Türkmenistanyň ykbaly düýpgöter üýtgedi. Ozalam bir dananyň “Durmuşda dogry ýaşamagyň iň gowy usuly, dürs ýoly saýlap, maksatlaryňa ýetmäge dyrjaşmakdyr” diýip, belleýşi ýaly, şol mukaddes ýol halkymyz üçin Bitaraplyk ýoludy . Durmuş öwüt-ündewlere baý. Ol bize şol arzyly ýoly tapanyň hem ýeterlik däldigini, esasy işiň şol dogry saýlanyp alnan ýoly ynamdar ellerde saklamakdygyny , oňa ygrarly bolup, ony kämilleşdirmek we ösdürmekdigini hem ýatladýar. Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary bilen, Bitaraplygyň gazananlary yzygiderli kämilleşdirildi, ösdürildi, dünýä nusgalyk ýollaryň, dünýäde parahatlygyň we dost-doganlygyň, adamzada görüm-görelde görkezýän ýollaryň birine öwrüldi.
Wagt
Wagt hakda gürrüň edilende gadymyýetde içine çäge salnyp, wagty ölçeýän enjam göz öňüme gelýär. Onuň häzirler hem ulanylýan ýerleri bar. Wagta hökmürowan diýilýär. Elbetde, wagt bize garaşanok. Onuň ynsan durmuşy bilen işi ýok. Biziň özümiz bize berlen wagta sygjak bolmaly. Aslynda, adam ýaşlykda wagtyň gadryny bilmeýär, ýek-tük bilýän bar bolaýmasa. Sebäbi adam bu dünýä baky gelen ýaly ýaşaýar, emma bir gün onuň beýle däldigine düşünýär. Wagty aýawly tutmaly, onuň bize ähli zatdan gymmatlydygyna göz ýetirmeli. Ynsanyň her güni 86400 sekuntdan durýar diýýärler. Biziň ygtyýarymyzda her gün 86400 sekunt. Biz eýse ony nämelere harçlaýarys. Meniň enem pahyr belki, wagt bilen bagly bu hasaby bilmedik bolmagy ahmal. Emma onuň ýanynda bolan mahallarymyz edýän işlerini ýatlan mahalym indi-indi, onuň bu hasapdan hem başga bir hasap bilen ýaşandygyna göz ýetirýärin. Sebäbi ol agtyk-çowluklarynyň göwnüni görmekden başga-da, obada durmuşa çykýan gyzlaryň ýorgan –düşeklerini elinde tikip bererdi. Obalarynda toý-tomgy bolsa, onuň orny tördedi . Ol mydama iliň-günüň hyzmatyndady. Mal-mellek işleri hem köplenç enemiň boýnundady. Onuň gapylaryny suwlap şam-u-säher güllerine ideg edişi, olaryň agşamyň salkynynda hoşboý ys ýaýradyp açylyşyna guwanyşyny ýa-da bolmasa, ýaňy hal atan üzümleriň daşynda buýsanç bilen aýlanyşyny ýadyma düşüremde,onuň tebigata golaýlygyna, adamlara bolan mähir-mylakatyna haýran galýaryn. Hawa, wagt bize garaşmaýar. Ol misli bir derýa kimin öz akymyna eýerip şol akyp dur. Biziň etmeli zadymyz şol wagty tygşytly tutup, ony ýagşy pursatlar, peýdaly zatlar, haýyrly işler bilen doldurmak. Şonuň üçin, biziň duşumyzdan geçip barýan her sekundy şatlyga, bagtyýarlyga, mähir-muhabbete , ynsanlara bolan beýik söýgä öwrüp, ony ýakynlarymyz, dost-ýarlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen paýlaşmagymyz gerek. Gyssanalyň, mähribanlar, wagt garaşmaýar.
Ýagşylyga ýugrulan günler
Men ýagşylygy ynsan kalbynyň gülleýşine meňzedýärin. Toprak güllese hasyl öndürýär, baglar güllese miwe ýetişýär. Ynsanyň kalby güllände bolsa ýagşylyklar ýol alyp, dünýä gözelleşýär. Biziň durmuşymyz ýagşylyklaryň wysal tapýan meýdanydyr.
Durmuşda bar bolan haýyr-yhsan, haýyr- sogap, ýagşylyk, mähir-muhabbet diýen ýaly düşünjeler ynsan ömrüni baýlaşdyryp, oňa many goýazlygyny çaýýan sözlerdir. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda “ Ýagmyr bilen ýer güllär, Ýagşylyk bilen är ” diýlen nakyl bar.
Ýagşylyk diýmek tüm gijede töwerege öz yşkyny bolluk bilen eçilýän şem mysalydyr. Hawa, ynsan gündelik durmuşy bilen ýaşap ýör. Ömür, deňimizden ötüp barýan kerwen mysaly bir närse. Onuň uzak ýollarynda , ömrümiziň her bir pursatynda bize gabat gelýän ýagşylyga ýugrulan pursatlar biziň hakydamyzda mukaddes hazyna mysaly durmuşymyza şöhle çaýýar. Birek-birege ýagşylyk etmek, bu bize ata-babalarymyzdan galan iň ýagşy edim-gylymlaryň biridir.
Adamlar bilen biziň aramyzda göze görünmeýän bir baglanyşyk bar. Ol edil mizan terezisi ýaly ýagşylygyňa ýagşylyk bilen jogap berýär. Belki şonuň üçin bolsa gerek, milli mirasymyzyň dür däneleri hem ynsanlara diňe ýagşy gylygy,ýagşy niýeti ýar edinmegi ündeýär.
Ol gün öý telefonumyza gelen jaň meniň dünýämi daraldypdy.” Ejeň ýagdaýy agyr” . Bu üç sözden soň, derrew goşlarymy ýygnap, çagalarymy hem alyp niredesiň uçar menzili diýip ýola düşdüm. Meniň maňlaýyma gowy adamlar duşup, Mara petek alyp, uçduk. Ýary gije uçardan düşüp etrabymyza gidýän uly ýoluň ugrunda gelen-geçen ulaga elimi galdyryp, garaşyp durus. Güýz günleri ýoldan gatnaýan ulaglaram selçeňledi. Ol döwürlerde häzirki ýaly ulag bolçulygy hem ýok. Içimden ähli bilýän dogalarymy sanap, çagalarymy daşyma üýşürip, ýary gije, uly ýoluň üstünde şol garaşyp durun. Ahyry, bir köneje “Moskwiç” deňimde saklandy. Men sürüji ýaşula ýagdaýymy düşündirdim. Ol “Ugrumyz biriräk eken, münüň” diýdi. Şeýdip biz ýarygije öýümüze bardyk. Sürüji ýaşuly meniň gözüme ýagşyzada bolup göründi. Men oňa alkyş baryny aýdyp, hoşlaşdym. Ejem jan, hamana bize garaşyp ýatan ýaly amanadyny tabşyrdy. Aradan ençe ýyl geçse-de, ýagşylyk hakda pikir edenimde , ilki bilen şol ýaşuly sürüji göz öňüme gelýär. Onuň eden ýagşylygyny ýatlap, häli-häzirem alkyş okaýaryn. Ynsanyň ynsana eden ýagşylygy, esasan hem zerur wagty edilen ýagşylygyň gymmaty juda uludyr.
Ussat halypamyz Magtymguly Pyragynyň: “Bir ýagşylyk kylar bolsaň, imanyňa sogap bolar” diýip belleýşi ýaly, haýyr işleriň sogaby uly. Ýagşylyk, haýyr-sogap ynsan gatnaşyklaryny has-da gözelleşdirýär. Ýagşylyk bilen ädilen ädimler, ýagşylyga bagyş edilen pursatlar, wagtlar ýaşalan ömrüň hasabyna girmeýär diýilýär. Goý, şeýle bolsun, durmuşymyzda ynsanlaryň göwünlerini gülledýän, ýagşylyga ýugrulan günler has kän bolsun.
Ogulgözel ŞAGULYÝEWA, žurnalist
“Zenan kalby” žurnalynyň bölüm müdüri.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!