ATAWATAN ESERLERİ

Ýagty durmuşa bolan ýagşy umyt

Bilimleriň we söýgüniň birleşmegi bu hadysalaryň tebigatyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Söýgi arkaly bilimiň aýratynlyklaryna, bilim arkaly söýginiň aýratynlyklaryna düşünmäge mümkinçilik berýär. Tejribe bilimiň toplanmagy bolsa, söýginiň tejribesi bilimdir. Bilim esasynda söýgi, öwrenýän adamyň ruhuna meňzeş gymmatlyklary saýlaýar. Indi bolsa bilimiň ynsan durmuşyndaky orny barada aýtmak isleýärin.

Bilim garaňkylykda ýagtylygyň şöhlesidir. Ýagty durmuşa bolan ýagşy umyt. Bilim bu planetadaky her bir adamyň esasy hukugydyr. Bu hukugy inkär etmek ýerliksiz zat. Ähli zadyň söýgiden başlanyşy ýaly bilime barýan ak ýollaram kalbymyzdaky söýgi uçgunjyklaryndan başlanýar. Bilimsiz ýaşlyk adamzat üçin iň erbet zat. Bilim adamyň durmuşynda möhüm orna eýe bolansoň, onuň söýgi bilen sazlaşan önümi bizi arzuwlarymyzyň iň ýokary derejesine çykaryp bilýär. Bizi dogry ýola alyp gidýän, ajaýyp durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berýän bilim adamlaryň ýaşaýyş şertlerini we ýaşaýyş derejesini gowulandyrmagyň esasy ýoly. Ýagşy umyt, höwes bilim ýolunda täze başdan geçirmelere üçin uzak ýol geçmek üçin elimize berlen petekdir bilseňiz. Ýagty geljegimiziň binýady bolany üçin häzirkizaman jemgyýetinde gowy bilim almaklygyň hökmanydygyny hemişe ýadymyzdan çykarmaly däldiris. “Höwessiz okuw okamaklygy pulsuz bazara aýlanmak bilen deň hasaplaýaryn” diýmänmidir şahyr?! Bilime bolan söýgi, hakykatdanam, durmuşymyzda maýa bolup hyzmat edýär. Eger-de muňa çyn ýürekden ynansak, köp işlesek islendik zada ýetip bileris.

Bilim adamyň durmuşyny gowulandyrmak üçin serişdedir. Biriniň durmuşyny üýtgetmek üçin iň möhüm gural bolsa gerek ol. Çaga üçin bilim öýde başlaýar. Ol, elbetde, adamyň durmuşynyň hilini kesgitleýär, adamyň başarnygyny ýokarlandyrýar, şahsyýeti we onuň garaýşyny ösdürýär. Iň bellemeli zat bolsa, bilim adamlaryň geljekki iş mümkinçiligine hem täsir edýär. Ýokary bilimli şahsyýetiň gowy iş tapmak ähtimallygy ýokary. Islendik zady güýç bilen däl-de, mähir bilen gazanyp bolşy ýaly, bilime-de söýgi bilen çemeleşmek zerurdyr. Indi bolsa durmuşda we jemgyýetde bilimiň gymmaty barada durup geçeliň. Ilki bilen bilim okamak we ýazmak ukybyny öwredýär. Okamak we ýazmak bilimdäki ilkinji ädimdir. Maglumatlaryň köpüsi ýazmak arkaly amala aşyrylýar. Şonuň üçin ýazmak ussatlygynyň azlygy köp maglumatlaryň ýitmegine sebäp bolýar. “Söýgi – durmuş manysy, sabyr – ömür hazynasy” diýlişi ýaly, bu babatda sabyrly ene-atanyň, mugallymyň roly juda uly. Sebäbi olar şonuň üsti bilen adamlary sowatly edýär. Bilime bolan söýgem şondan başlanýan bolsa gerek. Bilimsiz adamlar iş meselesinde gaty uly zyýan çekýärler. Bilimsiz çaga – azaşan çaga diýleni. Has gowy aragatnaşyk bilimde ýene bir rol oýnaýar, adamyň gürleýşini gowulandyrmaga, ony kämilleşdirmäge kömek edýär. Mundan başga-da, bilim bilen beýleki aragatnaşyk serişdeleri hem ösdürilýär. Ol adama tehnologiýany has gowy ulanmagy öwredýär, tehnologiýany ulanmak üçin zerur tehniki başarnyklary üpjün edýär. Şonuň üçin bilim bolmasa, häzirki zaman maşynlaryny dolandyrmak kyn. Adamlar onuň kömegi bilen kämillik derejesine çykarýarlar, tertip-düzgüniň ähmiýetini öwrenýärler. Bilimli adamlar wagtyň gadyryny has köp düşünýärler. Olar üçin wagt pul bilen deňdir. Adamlara öz pikirlerini netijeli beýan etmäge mümkinçilik berýän bilim özünden ýetdik paýyny alan adamlaryň pikirlerini aýyl-saýyl etmäge hem ýardam berýär. Ilki bilen, bilim jemgyýetde bilimleriň ýaýramagyna kömek edýär. Bu bilimiň iň ünsli tarapydyr. Bilimli jemgyýetde bilimleriň çalt ýaýramagy bar, bilimleriň nesilden-nesle geçmegi bar. Bu bolsa nämeden başlanýar? Elbetde, ýaşlykda yşk-muhabbet bilen gursaga guýlan bilimden başlanýar. Söýgi owadanlyga çagyranok, ol bizi owadanlygy görmäge mejbur edýär.

Bilim möhüm zatlary we endikleri edinmegiň möhüm serişdesidir. Bu diňe kitaplardan öwrenmek däl. Bu ýaşuly nesilleriň durmuş paýhasyny nesillerine geçirmek üçin edýän tagallasydyr. Şonuň üçinem ösmegini togtatmaýan dünýämizde häzirki zaman jemgyýetiniň meselelerine düşünip we olary dogry çözüp bilýän akylly adamlary okatmak we terbiýelemek gaty möhümdir. Bilim durmuşa taýynlyk däl diýilýär; bilim durmuşyň özi. Üstünlikli adamlary kemala getirmekde bilim möhüm rol oýnaýar. Kynçylyklary nädip ýeňip geçmelidigini we päsgelçilikleri ýeňip geçmegi öwrenýäris şeýtmek bilen. Medeniýetimiziň dowamlylygyny nädip saklamalydygyny öwrenýäris. Adamlar jemgyýetiň esasy kadalaryny, düzgünlerini we gymmatlyklaryny bilim arkaly öwrenýärler. Ýeri gelende bellesek, söýgi bilen çemeleşilen bilim üstünlikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berýär, akyl-paýhasymyzy, başarnygymyzy, bilimimizi ýokarlandyrýar we durmuşymyzda oňyn üýtgeşmeler getirýär. Bilim geljegimiziň düýbüni tutýar. Sowatsyz adama durmuşyň käbir taraplaryny ýeňip geçmek gaty kyn bolup biler. Düzgünli durmuşy ösdürmegiň ýakyn kömekçisi bolup durýar. Söýgi bilen seredenimizde bize daş-töweregimizden daşgary dünýäni tanamaga mümkinçilik berýär bilim. Ol islendik ýurduň gülläp ösmeginiň we döwrebaplaşdyrylmagynyň, her maşgalanyň, her jemgyýetiň şertidir. Bilime bolan yşk uçgunjyklary biziň edebimiziň gymmatlyklarymyzyň, hatda iň bir ileri tutýan belent  maksatlarymyzyň aýnasydyr. Biz her bir adamyň kanagatly durmuşyny üpjün edýän zähmet ýoluny üstünlikli dowam etdirmegi üçin bilimiň, özü-de islendik zatda bolşy ýaly, söýgi bilen çemeleşilen bilimiň ullakan güýçdigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

 

Eziz TATAROW,

Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri