(Hekaýa)
Weli Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlap geleninden soňra, paýtagtymyz Aşgabat şäherine gurluşyk ugrundan işlemäge gitdi. Bu ýerde işe başlansoň, iki ýylyň dowamynda has özgerip, görki barha gözelleşen paýtagtymyzyň gözel ymaratlaryny synlap ýörşüne günüň öýle bolanyny-da duýman galdy. Bazara baryp iýer-içer ýaly zatlary alyşdyrdy. Ol haçanda alma aljak bolup baranda satyjy zatlaryny ýygnaşdyryp gaýtjak bolup durdy. Weli alma almakçydygyny aýdanda bary-ýogy bir kilograma golaý alma galandygyny aýdyp, satyjy almany çekip bereninden, owadandan uzyn boýly gyz salam berip, bularyň ýanyna geldi.
– Wiý, gelneje almaňyz gutaraýdymy? Menem bir kilo alaýjakdym. Bilýäňizmi gelneje, men almany hemişe sizden alýaryn. Ozalky alan almalarym hem örän süýji eken – diýdi. Oglan gyza seretdi. Görmegeý gyz oglany ýüpsüzje daňdy oturyberdi. Gözlerine gözi düşende aljyrady. Näme etjegini bilmäni ýaýdandy. Soňra:
- Şulary alaýyň – diýdi. Gyzyň boýun gaçyranyna garamazdan, almaly torbany gyzyň eline tutdurdy. Ilkinji tanyşlyk şundan başlandy. Ýaşlar assa ýöräp bazardan çykdylar. Gyz özüniň ýokary okuw jaýynda okaýandygyny, geljekde lukman bolmalydygy barada gürrüň berdi.
Ertesi güni säher bilen işe gelen Weliniň akyl-huşy Güljemalda galdy. Çaltrak işlerini birýüzli edäýesi gelýärdi. Oňa-da takady ýetmedik ýigit işindenem rugsat alyp, Güljemalyň okaýan ýerine tarap ýola düşdi.
Ynha-da, topar-topar bolup talyp gyzlardyr, ýigitler geçip ugradylar. Aşyk ýigidiň okuw jaýynyň gapysyndan çogup çykýan gyzlaryň içinden Güljemala gözi düşmedi. Weli lapykeç halda yzyna dolanmaly boldy. Agşamara ýene-de şol ýere gelip, golaýrakdaky oturgyçlaryň birinde oturyp, öz ýanyndan: “Ýa-da ýalan sözläýdimikä?”. Ýok ol gözlerde ýasamalyg-a görünmedi. Allajanlarym, indi men ony nireden gözlesemkäm? El telefonunyň belgisinem-ä almandyryn” diýip öz-özüne jogapsyz soraglary ýagdyryp başlady. Şeýdip, pikir derýasyna gark bolup oturşyna: “ Aý, oglan, kime garaşýarsyňyz?” diýlen sowala tisginip gitdi. Aljyrap: “Siz näme işleýärsiňiz?” diýip sowala sowal bilen ýerliksiz jogap gaýtardy. Ýigidiň başagaýlap durşuna hezil edip gülen gyz:
- Ýeri, ýigit, köp garaşdyraýdymmy? – diýip, Weliniň ýanyndaky oturgyçda oturdy. Gürrüňleri alşan oglan bilen gyz wagt birçene barýança oturdylar.
…. Aýlar ýyllara seplenip, Güljemalyň talyplyk döwri yzda galdy. Söýgülisiniň okuwyny gutarýanyna begense-de, öz ýanyndan daşlaşjagyna gynanýan Weliniň işden eli sowaşyp, göýä Güljemaldan ömürlik aýra düşýän ýalydy. Şol günleriň birinde ýigit iş ýerinde merdiwandan ýykylyp, hassahana düşdi. Soňra-da ýedi aý düşekde ýatan Weliniň öňki şadyýanlygyndanam nam-nyşan galmady, ýüzi-gözi solupdy.
Näçeler jaň etse-de, hiç hili jogap tapmaýan Güljemal oda-köze düşýärdi. Baryp Weliniň halyndan habar alasy gelýärdi. “Weli meni taşlamaz, näme-de bolsa, başga bir mesele ýüze çykandyr. Men nähili habarlaşsamkam, saglyk bolawersin” diýip, tükeniksiz alada galypdy. Uzak ýoly söküp gitmäge-de işleýän ýerinden mümkinçilik berilmeýärdi. Şeýle-de ol ejesine nädip aýtjagynam bilmän kösenýärdi. Gaýgy-gussa welin gysyp-gowrup barýardy.
Işe gitmek üçin säher bilen turan gyz daşky gözelligi synlamak üçin penjireden seredende onuň gözleri özüne zor salyp keýtikläp ýöräp gelýän ýigide düşdi. “Bu – Weli. Hut şonuň özi!” diýen gyz begenjinden ylgap daş çykdy. Ýigidem muňa pete-pet geldi. Weli horlanypdy, gözleri içine çöküp gidipdi. Uzak wagtlap görüşmedik, seslerini eşitmedik ýaşlar gözlerini biri-birlerinden aýyrman sessizje gepleşdiler. Ýigit özüniň başdan geçiren günleri barada gürrüň berdi. Ol otly bilen oba barýandygyny, onuň bilen hoşlaşmak üçin gelendigi barada aýtdy hem-de “Bagtyň açyk bolsun, Güljemal” diýdi. Beýle söze garaşmadyk gyz ör gökden geldi. Soňra gyz ähli zada düşündi we “Ilkinji söýgi ýürekden çykýan däldir. Men seni söýýärin. Tä ömrümiň ahyryna çenli hem söýerin. Biz bileje durmuş gurup, ähli maksatlarymyza ýeteris” diýende, gyzyň gözlerinden iki düwme ýaş togalanyp gaýtdy.
….Şatlyk-şowhun bilen barýan gelnalyjy wepalylygyň nusgasy ýaly bolup barýardy. Bezelen ulagda oturan bagtyýar ýaşlar, ýagny Weli bilen Güljemal bagta sary ganat ýaýyp uçup barýan ýalydylar.
Kerwen Miriýew,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!