ATAWATAN ESERLERİ

Üstünlige ýetmek üçin 10 basgançak

Üstünlige ýetmek üçin näme etmeli? Bu sorag her bir adamyň öz öňünde goýan maksadyny delillendirip bilýän faktlary özünde jemleýär.  Aslynda, üstünlik diýmek nämäni aňladýar? Üstünlik bu – ahyry peýdaly bolan, bir maksady durmuşa geçirmegi başarmak.

Üstünlik gazanmak üçin örüsi giň maddy mümkinçilikler ýa-da ýokary bilim ýaly derejelere eýe bolmak hökman däl. Elbetde, olar hem ýeri gelende üstünlige ýetmek üçin basgançak bolup hyzmat edip bilerler. Ýöne olar hökman üstünlik gazanjakdygyňyzy kepillendirip bilmez.

Indi, göz öňüne getiriň: Başy howaly belent bir dag bar. Diýeli, üstünligem şol dagyň çür depesinde. Ýöne ýylçyr gaýalaryň depesinde ýerleşen üstünlik nokadyna ýetmek üçin oňa barýan ne bir ýol, ne-de bir ýoda bar. Onda, basgançaklary özümiz gurmaly bolýarys. Geliň, bu üstünlige barýan ýoly esasy 10 basgançaga bölüp, olaryň her birine-de özbaşdak şygar goýalyň:

Birinji basgançak – Sapak almagy başarmak we bahanalardan uzakda durmak.

Üstünlige ýeten meşhur adamlaryň durmuşlaryna ser salyp görseňiz, köplenç, şeýle ýagdaýa duş gelip bilersiňiz. Isle iş durmuşynda bolsun, isle okuw babatynda bolsun, durmuşyň her bir gowy we erbet wakalaryndan netije çykaryp bilmek, üstünligiň iň ilkinji, şol sanda iň möhüm ädimidir. Haçanda ilkinji ädimleriňiz şowsuz bolup, eden işleriňiz netijeli tamamlanmasa, kimdir birini ýazgarmagyň deregine, yzyňyza bakyň-da, nirede ýalňyşlyk goýberendigiňizi pikirleniň!

Eger-de öz goýberen ýalňyşyňyzy saýgaryp bilseňiz we ondan özüňize sapak almagy başarsaňyz, muny ýalňyşlyk däl-de, bir durmuş tejribesi hasaplap bilersiňiz. Unutmaň, tejribeler – üstünligiň simwolydyr.

Ikinji basgançak – Maksatly bolmak.

Maksat – bu ynsanyň içindäki arzuw-umytlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertidir. Islendik adamyň ýüreginiň töründe hökmany suratda uzyn we gysga möhlete eýe bolan maksat ýaşaýar. Meselem, mekdebe ilkinji sapar gadam basýan okuwçynyň maksady “okamagy öwrenmek”. Bu gysga wagtlyk maksatlaryň görnüşine degişli.

Her iş maksatly edilen ýagdaýynda güýçli we täsirli bolýar. Her bir ynsanyň arzuw-maksatlary ýaşyna baglylykda üýtgär we ulalar. Islendik kişi arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin öz öňünde takyk maksatlary goýmalydyr. Meselem:

Meniň maksadym iş durmuşymda meýilleşdiren “a” nokadyma gelmek. Şonuň üçin irginsiz zähmet çekýärin we netijesinde men öz ykdysady erkinligimi gazanaryn.

Meniň maksadym, özüme ynanylan işi kämil derejede ýerine ýetirmek we özümi gowy tarapdan görkezmek. Şonuň üçin hem yhlas bilen işleýärin. Netijede bolsa, maňa has ýokary ynam bildiriler.

Meniň maksadym,  durmuşymdaky mümkinçiliklerimi belent derejelere ýetirmek.

Öz öňüňizde maksat goýan wagtyňyz, ilkinji nobatda wagty kesgitlemeli. Ýogsa, maksatlaryňyzyň gury hyýala öwrülmegi mümkin. Maksatlaryňyza ýetilmeli möhleti kesgitläniňizde anyk bir senäni belgilemeseňiz hem, takmynan, bellibir wagty bellemeli.

Üçünji basgançak – meýilnamalaşdyrmak

Adatça, her gün irden oýanan badyňyza  şol günki iş meýilnamaňyz seriňizde aýlanar. Gündelik gaýtalanýan hadysalar, meselem okuwa ýa-da işe gitmek, boş wagtlaryňyzda edilmeli işler we ş.m. Aslynda, güni netijeli geçirmegiňiz – ony näderejede dogry meýilnamalaşdyranlygyňyza baglydyr. Durmuşda hem islendik işi haýsy günde, haýsy wagtda etseňiz has oňat boljakdygyny öňünden seljermek olary durmuşa geçirmekdäki päsgelçilikleri aradan aýyrar. Oýlanyşykly düzlen meýilnama siz üçin wajyp bolmadyk zatlara giderýän wagtyňyzy tygşytlamaga, boş wagtlaryňyzy has netijeli ulanmagyňyza kömek eder. Elbetde, meýilnamalaşdyrmak gowy. Emma ony durmuşa geçirmegiňiz üçin ýeterlik yhlas etmeseňiz ählisi biderek bolar. Ýatda saklaň, iň aňrybaş meýilnamalar hem öz-özünden amala aşýan däldirler.  Olaryň şeýle bolmagyna howaýy umyt bilen garaşmak, üstünligi gijikdirmekden başga hiç zat däldir.

Dördünji basgançak – Özüňi tanamak

Özüňi tanamak bu – nämelere ukyplydygyňy we nämeleri başaryp biljekdigiňe göz ýetirmekdir. Türkmençilikde “Özüni tanan weli” diýen aýtgy  bar. Öz kemçiligiňi bilmek, ony düzetmek üçin ädilen ilkinji ädimdir. Meselem, sesi ýok bolsa-da, aýdym aýtmaga synanşyp, ile ryswa bolup, ýene-de, “şowsuzlyga uçradym” diýip nalaýanlar, özlerini tanamaýanlardyr. Aslynda  şahyryň “Kynçylyk ýok, ejizlik  bar dünýäde” diýip belleýşi ýaly, şowsuzlyk diýen bir zat ýok, saýlawlaryň ýalňyşlygy bar. Eger-de, surat çekmek ukyby bolan ussat suratkeş bolup, “Çeperçilik akademiýasynynyň” okuwyna giren bolsaňyz, siz üstünligiň dogry saýlawyny edendigiňiz ikuçsuz.  Özlerini gowy tanaýan kişiler, başgalaryň negatiw pikirlerine goşulmazlar, öz etjek işlerini gowy bilerler. Orazmyrat Myradowyň “Tilki hem kyrkaýak eşek hem horaz barada oýlanma” atly pikir ýöretmesinde aýdyşy ýaly, her kime gulak gabardyp, olaryň ähli pikirini hasaba almaga howlukmaly däl.

Şeýle-de, özüni sylaýan adamlar beýleki  bir şahsyýetiň häsiýetini özlerine nusgalap almazlar. Üns beriň! Üstünlikli adamlardan nusga almak gowy zat, ýöne olary özüňe nusgalamak asla dogry häsiýet däldir. Her kimden gowy gylyk-häsiýeti alyp bilmek, bu başga gürrüň. Ýöne şol adamyň edil özi bolup ýaşamaga ymtylmak, bu täze şahsyýeti emele getirmeýär-de, diňeje onuň nusgasyny, has dogrusy, kölegesini emele getirýär.

Bäşinji basgançak – Önjeýli işlemek we hereketde bolmak

Durmuşda az işlese-de, ýoldaşlaryndan has köp netije görkezýän ynsanlar duş gelýär. Tersine, käbirleriniň bolsa, özüniň ähli wagtyny diýen ýaly işe sarp etse-de, bitirýän goşlary ýokdur. Hemişe mysal getiren iki toparymyzyň birinjisine degişli boljak boluň. Wagtly-wagtynda dynç alyň, emma önjeýli işläň. Az bolsun uz bolsun. Iş bilen şahsy durmuşyňyzyň arasyndaky altyn deňagramlylygy saklaň.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriň we hereketde boluň! Diňe sagdyn bedene eýe bolmak bilen sagdyn pikirlenmek ukybyny döredip bolar.

Altynjy basgançak – Tutanýerlilik

Birki gezekde şowsuzlyga uçrap, ruhy çökgünlige ýol bermek,  ýa-da çalt ýadamak üstünligiň ýolundaky iň uly päsgelçilikleriň biridir. Hiç haçan ýarpy ýolda ählisinden el çekmäge howlukmaň. Dogry, siziň synanyşygyňyzyň şowsuz bolmak ähtimallygy, onuň şowly bolmagynyň ähtimallygy bilen des-deňdir. Ýöne edilmedik işleriň ählisiniň, eýýäm, doly  şowsuzlygy aňladýandygyny ýatdan çykarmaň. Tutanýerlilik sagdyn ädimleri binýat edýän esasy güýçdür.

Ýedinji basgançak – dostlaryňy dogry saýlamak  

Ýalňyşlyklardan goranmagyň ilkinji usuly  dostlaryňyzy dogry saýlamakdyr. Olaryň sanyny yzygiderli köpeltmek bolsa bu usulyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.

Täze tanyşlyk täze mümkinçilikleriň gapysydyr. Çagyrylan ähli duşuşyklaryňyza, konferensiýalaryňyza gatnaşyň we sosial jemgyýetde öz ornuňyzy dörediň. Üstünlige ýeten adamlaryň ilkinjileriniň hataryndaky ýazyjy Manziýe Walferiň belleýşi ýaly, “Adamlar adamlar bilen işleşýär”. Ýagny, edýän işleriňiz özüňiz üçin peýdasyz bolsa-da, togtamaň. Çünki, şol esasynda başga birine nepiňiz degip biler we täze-täze tanyşlyga mümkinçiligiňiz bolar.

Sekizinji basgançak – beýiklige ymtylmak

Birinji saparda iň gowy netijäni gazanyp bilmezlik hiç hili pajyga däl. Adam ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýändir. Beýik daglary süýşürmegiň kiçijik daşlary daşamakdan başlanýandygyny özüňize ýatladyp duruň. Öz üstüňizde işlemegi dowam ediň. Iň esasysy öz işiňizi bu gün düýnkiňizden gowrak ýerine ýetirmekdir.

Dokuzynjy basgançak – Ruhubelentlik

Üstünlik ruhubelentligi talap edýär. Şonuň üçin-de, ruhy dünýäňize has ünsli çemeleşiň. Diňe öňüňizde yzygiderli maksat, borç goýmak arkaly, şahsy durmuşyňyzdan, maşgalaňyzdan, üzňelikde üstünlige ýetip bilmersiňiz. Işiňiz hernäçe köp bolsa-da, özüňize we söýenleriňize hökman wagt aýyryň. Bu siziň ruhy dünýäňizi gözelleşdirer. Ruhy dünýäňiziň gözelligi bolsa, siziň işdäki hereketleriňize-de öz öwüşginini çaýar.

Onunjy basgançak – Sabyrlylyk

Üstünlige uzaýan ýolda islendik ynsan “sabyr” atly ýoldaşa mätäçdir. Atalarymyz “sabryň soňy sap altyn” diýip, ýönelige aýtmandyrlar. Sabyrlylyk – üstünligiň ýolundaky ähli kynçylyklary ýeňmegimiz üçin iň gerekli häsiýetleriň biridir. Sabyr bilen iş tutulanda alynmajak gala, ýetilmejek sepgit ýokdur. Biribar özüniň iň gowy peşgeşlerini sabyrly bendelerine rowa görýändir. Sabyrly bolmagy öwrenip bilmegiň özi hem eýýäm üstünlikdir.

Şu güne çenli üstünlige ýetmegiň ýollary we syrlary baradaky makalalar, terjimeler, kitaplar, düşündirişler,  ýeterlik derejede ýazyldy. Emma islendik bir zady öwretmek ýa-da düşündirmek, ugrukdyrmak, maslahat bermek hemmämiz üçin hem ap-aňsat. Ýöne, bilmek bilen bir hatarda bilýän zatlaryňa amal etmek hem möhüm. Siziň her biriňize, üstünligiň ýaran bolmagyny arzuw edýärin. Çünki, hemmämiz oňa ýetmäge mynasypdyrys!

 Ogulnur Pirjikowa

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri