ATAWATAN ESERLERİ

Üstünligiň Ýakyn Ýollary

Üstünlik gazanmagyň ýeňil ýollary ýok, ýöne hemmämiziň hötde gelip biljek ýakyn ýollarymyz welin bar. Durmuşyň ähli ugurlarynda, öz saýlap alan käriňde, bilim alýan, zähmet çekýän ýeriňde, iş-wezipäňde üstünlik gazanmaga ymtylmaklyk zerurdyr. Her bir adamyň başaryp biljek bu häsiýetleri olara durmuş ýollarynda üstünlikli ilerlemäge mümkinçilik berer.

       OKA, BILIM AL!  Okanyňda aň-bilimiň ýetmezliginden kösenýän ýaly duýgy bilen hem-de öňki bilýänleriňem ýadyňdan çykaýjak ýaly duýgy bilen oka! Iň gowy dost kitapdyr, kitaplar bilen söhbetdeş bol, ylma ýoldaş bol, bilim-düşünjä dost bol. Okamak derman, düşünmek bolsa şypadyr. Hut şonuň üçin hem okanyňa düşünip okamalydyr, okamak howa ýaly zerurdyr. Okamaklygyň iň gowy usuly pikirlenip okamakdyr. Çünki pikir ýok ýerinde bilimem, üstünligem ýokdur. Beýik hytaý akyldary Konfusiý: “Kim pikirlenmän okasa, oňa bulam-bujarlyk akyp barýar” – diýip belläpdir. “Okadym diýme, bildim diý” – diýlen atalar sözi hem nusga alarlykdyr. Hiç haçan beýlekilere öwretmekden ýadama, çünki haçan-da birine öwretseň, çalt hem hemmeden gowy öwrenýäň. Ylmyň ussady bolmak isleseň, okamagyň şägirdi bol. Ylym çägi bolmadyk deňiz bolsa, bilim oňa guýýan çeşmedir. “Dama-dama köl bolar” – diýlişi ýaly, ylym deňzini bilim çeşmesinden gaýdýan okamak atly akabanyň suwlary bilen doldurmaklyk her bir adamynyň özüne bagly. Okamak duýgy düşünjäň kämilleşmegine, durmuş hadysalaryna akyl ýetirmäge, agy-garany saýgarmaga, durmuş ýodasynda dörän säwliklerden baş alyp çykmaga, üstünliklere sary ynamly gadam urmaga ýardam eder.

      ÖZÜŇI we ÖZGELERI ÖWREN! “Özüni bilen weli” – diýipdirler. Özüňi dolulygyna bilip bolmasa-da, öz ukyp-başarnygyňy kesgitlär ýaly derejede özüňi öwren. Haýsy ugur boýunça öz başarjaňlyk ukybyň bardygyny kesgitle, sebäbi her bir adamda üstünlige eltýän tapawutly aýratynlyk bar. Ýöne beýle diýildigi, beýleki synanyşyp görmedik zatlarymy başaramok diýmäne esas bolmaly däldir. Synanyşyp görmedik zadyňa başaramok diýmeklik ejizlikdir.

Özgeleriň artykmaçlyklaryny özleşdirip, olaryň kemçiliklerinden öz ýetmezçilikleriňi ýeňip geçmek üçin sapak almaly. Bu barada brazil alymy D.Emerson: “Meniň her bir duşan adamym, haýsam bolsa bir meselede menden artykmaç, men şol zady ondan öwrenmelidirin” – diýip belleýär. Öz güýç gaýratyny, ukybyny we başarnygyny bilen adam daş-töwereginde uly üstünliklere hemra edýän ummasyz mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirer.

ZÄHMET ÇEK, ÝALTALYK BILEN GÖREŞ! Zähmet adamyny taplaýar, ýaramaz endiklerden saplaýar. Zähmet ýaşaýyşyň özenidir, ýaltalyk bolsa betbagtlygyň şägirdidir. Lukman Hekim aýtmyşlaýyn, zähmet ähli meselelerden halas edýän asylly tebipdir. Üstünlige zähmet arkaly ýetmezlik mümkin däl. Adamdaky ýaramaz endikleriň biri bolan ýaltalyk, üstünlige açyljak ýollarda böwet bolup durýar. Ine şol ýaltalyk atly böwedi ýykyp geçmek üçin oňa garşy göreşde adamyň ulanýan ýaragy zähmetdir. Zähmet diňe bir ýaltalyga garşy ýarag bolman, eýsem ol tukatlyk we mätäçlik ýaly belalary hem aradan aýyrmak üçin ulanylyp bilinjek iň güýçli ýaragdyr. Wagtyňy bikär geçirmek ýaşaýyşdan gaçmakdyr we öz-özüňi öldürmekdir. Ýaltalyk adamy ýa iýmäge ýykgyn etdirýär, ýa-da uka. “Bikärden Taňry bizar” – diýilýän il içindäki sözler hem ýaltalygyň, bikärligiň jemgyýetde örän ýazgarylýanlygynyň alamaty bolup durýar. Ýaltalyk belasyny zähmet arkaly ýeňen kişiniň üstünlige ýetjegi ikuçsyzdyr. Zehini we zähmete söýgüsi bolan adam üçin päsgelçilik ýokdur.

      MAKSAT. Munuň özi, üstünlige ymtylyşdyr. Her bir başlanan, başlanjak işiň maksat, meýilnama esasynda alnyp barylmagy, onuň üstünlikli, gowy netijeler bilen tamamlanmagyna getirýär. Maksatly başlanan başlangyç gowy netijeleri almaga taýýarlygyňy görkezýär. Taýýarlyk şowlulygy kepillendirýär, taýýar dällik bolsa şowsuzlygy döredýär. Beýik gadymy grek akyldary Platon (türki halklaryň arasynda Eflatun ady bilen tanalýar): “Her zadyň iň möhüm nokady – onuň başlangyjydyr. Işiňi şowly başlamak bolsa, işiň ýarsyny dynmakdyr”- diýýär. Üstünlige arzuw edip oturmak bilen däl-de, öňde goýan maksatlaryň arkaly ýetilýär. Maksada ýetmek üçin bolsa, adama ýekeje zat – göreşmek gerek. Eger-de maksadyňyza  ýetmek üçin göreşýän bolsaňyz, maksadyňyz hem size ýetmek üçin göreşýändir. Ýetilen maksadyň adyna bolsa – üstünlik diýilýär.

    SABYR ET, ÝAGŞY UMYTDA BOL! Arassa gowy pikirler, öňe ilerlemekde, üstünliklere ýetmegiňde ädimleriňe güýç, gursagyňa gaýrat guýýan gudratdyr. Edýän işiňe sabyr bilen, ýagşy umyt bilen çemeleşmek her bir kynçylygy ýeňledýär. Hemişe ýagşy umytda bol we  ýagşy günlerden umydyňy kesme, hergiz lapykeçlige düşme! Atalarymyz: “Ýagşy niýet, ýarym döwlet “ – diýipdirler. Sabyrlylyk barada-da “Ajygan ölmez, alňasan öler”, “Sabyrly gul, dura-bara şat bolar”, “Sabyr soňy sap altyn”  diýen ýaly  birnäçe atalar sözi halk arasynda aýdylyp gelinýär. “Kiçijik sebäplerde sabyrlylygyň ýetmezçiligi, uly meselelere eltip bilýär” – diýip, gadymy hytaý akyldary Konfusiý belleýär. Şonuň üçin üstünlige barýan ýoluňda sabyr etmek zerurlygy ýüze çykan ýerinde bisabyrlylygyň zerarly çemçeläp ýygnanyňy çanaklap döküp bilersiň, ählisini berbat edip bilersiň. Gülşehri:

                                                 “Sabyrly kişi başarar işi,

Sabyrsyz kişi ýele berer aşy

Sabyrly bolup, kalbyňda ýagşy umyt beslemek üstünlige barýan ýolda ynsan üçin zerur häsiýetlerdir. Bular barada men hem öz “Ýoly bolsun” atly şygrymyň bir bendinde belläp geçdim:

                                                   Etseň şükür hem-de sabyr,

                                                   Kalbyň asla çekmez jebir.

                                                   Gursagyňda urýan jiger,

                                                   Ýagşy umyt, päli bolsun.

Sabyrly adam işinde howlukmasa-da, işini tiz we üstünlikli bitirýändir. Diňe bir adamlar däl, eýsem haýwanlardan mysal getirsek, gaplaň awyna birbada topulmaýar. Çünki birbada topulsa awyny ürküzmegi, işini şowsuz tamamlamagy ahmal. Şonuň üçin hem ol ilki otlaryň arasynda awyny nyşana alyp, sabyr bilen amatly wagta garaşýar we amatly wagty gelende awyna eýe bolýar. Onuň alan oljasy bolsa, onuň sabyr arkaly gazanan üstünligidir. Çünki sabyrlylyk – üstünligiň açarydyr!

MENLIK ETME, PÄLIŇI PESDE TUT! “Menlik etseň melal bar, kemlik etseň kemal bar” – diýipdirler. Menlik edip, ulumsylyk edip şowsuzlyga duçar bolunýan halatlary az däl. Ýokardaky aýdylan ol sözler hem ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki taryha ser salsak, ýalňyşmagy, şowsuzlyga uçramagy mümkin däl diýlen beýik şahsyýetleriň hem birnäçesi men-menlik arkaly şowsuzlyklara, bela-beterlere duçar bolandyrlar. Sözümiz gury bolmaz ýaly menlik edip, bela ýolugan şahsyýetleriň birini mysal getireýin. Deminden ýalyn, basan ýerinden ot çykaran, gyljyndan gan damdyran, henize dek arkasy ýere degmedik, ähli duşmanlardan, äpet-äpet döwlerden rüstem gelen Görogly beg. Heý pikir edersiňmi, şolar ýaly batyr ýigidiň bir duşmandan asgyn geljegini?! Pikir etmersiň! Ýöne men-menlik belasy ol arslan sypat gerçek ýigidi Arap Reýhanyň goluna düşüripdir.

 Käbir adamlar hemme zady özleri başarýandyr öýdüp, özgeler babatda ýalňyş pikir edýärler. Olar özgeleriň berýän nesihatlaryndan özlerini ýokary tutýarlar. Ulumsy adamlary il-gün asla halamaýar. Pespäl göwünli adamlar welin, ulus-iliň halaýan ynsanydyr.

Üstünlige barýan ýoluňda seresap bolmasaň, men-menlik atly bela seni büdüredip biler. Agaç näçe miwe getirdigiçe, şahasy şonça-da aşak bolar. Senem tebigatdan nusga alda, päliňi pesde tut, özüňde bar bolan zatlaryň, gazanan ýeňişleriň üçin tumşugyňy ýokaryk tutmada kiçi göwünli bol. Hatda guşlaryň şasy bürgütler hem elmydama al-asmanda gaýsa-da, başlary mydama aşak garaýandyr. Päli peslik etseň, islendik ýerde kemal taparsyň!

 

     Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň                                                      institutynyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

                                

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri