ATAWATAN ESERLERİ

Üstünlige barýan ýol

Adamlar durmuşda üstünlik gazanmaga her dürli pikir bilen garaýarlar, käbirleri üçin bolsa ol ýönekeýje bir söz. Eger biz üstünlige we üstünlige nädip ýetmelidigine dogry düşünmesek , onda biz bu ýagty jahanda hiç haçan üstünlige ýetip bilmeris. Üstünlik, umumy manysyny alamyzda durmuşda goýan maksa­­­­­­­dyňa ýetmek, öz çeken azabyň ýerine gowuşmagyna aýdylýar. Üstünlik bir älemgoşar ýalydyr, her gezek biz oňa golaýlamyzda, ol ýene bizden daşlaşýar. Bu diýmek üstünligiň soňy ýokdur. Üstünlik dürli görnüşde aňladylyp biliner. Iň ýönekeý üstünligi biz haçanda :”Bu gün ajap gün boldy. Ertir hem şular ýaly bolmagyny isleýän” diýmek bilen hem gazanýarys. Her kim üstünlige ýetip biler, ýöne adamyň üstünlik gazanmagy üçin öz öňünde goýan maksady başga bir adamlaryň ýetip bilmedik ýa-da ýetilmesi kyn maksat bolsa has ýerlikli bolar diýip düşünýärin. Çünki, biz bu dünýä bir gezek gelýäris we durmuşymyzy başardygymyzdan manyly, üstünlikli geçirmek isleýäris. Her kimiň durmuşdaky isleg-arzuwy gutarmaýar,emma gynansakda köp adamlar şol arzuwyna ýetmek üçin hereket etmeýär, ömrüniň ahyryna çenli şol isleg-arzuwlar bilen ýaşaýar. Aslynda bolsa biz hemişe hereketde bolmaly,ýatmak bikärleriň işi.

Adam  şu aşakdaky düzgünleri gündelik ýerine ýetirmäge özüni höweslendirse peýdaly bolar diýip düşünýärin:

Maksat edinmek. Biz öňümizde aýdyň maksat goýmalydyrys we başlan işimizi taşlaman, ähli halatda aýtýan sözümiz bilen edýän amalymyzyň deň çykmagy üçin yhlas etmelidiris. Biz nirä barýarys? Nädip barýarys? Bize zerur zatlar näme? Şu soraglara jogap bermek bilen biz beýnimizde üstünlige barýan ýoly gurýarys. Gysga we uzak möhletleýin maksatlary gurmak ýerlikli bolardy.Sebäbi her zadyň öz wagty bar.

Hemişe täze bir zat öwrenmeklik,öwrenmekden doýmazlyk. Her gün bir zat öwrenmek ýylda 365 täze zat öwrenmek diýmegi aňladýar. Göz öňümize getirsek ýene bir ýyldan biz nähili derejede bilimli adam bolarys? Hemişe döwür bilen deň ädim äderis. Edil biziň bedenimiziň saglykly iýmit isleýşi ýaly,beýnimiz hem täze informasiýalar,täze pikirler isläp durýar. Her günümizi ylymymyzy ýagtylandyrmak üçin 30-40 minut kitap,gazet-žurnal,täzelikleri okamaga sarp etmelidiris. Çünki kitap adamyň dünýägaraýşyny giňeltmekde,entek durmuşynda gabat gelmedik zatlaryň üstüni açmakda,ýaşaýşa dogry hili garamakda ägirt uly rol oýnap durýar. Beýik adamlaryň eserlerini okamak bilen bolup geçýän zatlara akyl ýetirýär.Şonuň üçin kitaby özüňe dost tutunmak ilkinji ädimleriň biri bolsa gerek.

Gündelik işleri düzgünleşdirmek. Esasan hem wagtyňy ýerli ulanmak,maddy ýagdaýyňa dogry baha bermek,ýagny puluňy tygşytly sowmak,güýjüňi,zähmetiňi peýdaly ulanmak bolup durýar.

Ynamdar adamlar bilen gatnaşyk gurmak. Üstünlik ýeke bir adamyň ýetip biljek ýoly däl.Bize käbir adamlaryň, ýagny,ynamdar,ruhy baýlyk berýän dostlaryň, maşgalamyzyň,tejribeli adamlaryň hemaýaty hem zerur. Çünki bir adamyň ähli zatlardan başy çykmagy mümkin däl.

Meniň pikirimçe adam üstünlik gazanmak üçin 3 sany häsiýeti özünde jemlemeli. Olar: ynam,sabyr,zähmetsöýerlik. Şu häsiýetlere eýeren adam üstünlikden binesip galar.  Adam her gün irden turanda ilkinji pikiri üstünlige tarap ädim ätmek bolsa we özüne bolan ynamy egsilmese, günleriň geçmegi bilen herekedini artdyryberse ol hemişe üstünligi ýakyn bolar. Üstünlige ýetmek üçin maksat gurmak aňsat, emma ol maksada ýetmek sabyrlylyk hem-de çydamlylyk talap edýär,özümizi hemişe garaşylmadyk täze böwetlere taýyn duýmaly. Islendik meşhur, üstünlik gazanan adamdan “ üstünligiň iň möhüm syry näme?” diýip sorasak elbetde “ynam” diýip jogap berer.Olaryň hemmesi ilki bilen özlerine ynanypdy.Eger sen özüňe ynanmasaň , onda ony seň ýeriňe kim etsin?  Her kim seniň maksadyň mümkin däldigini aýdar, üstüňden gülerler, eger sen ynamyňy ýitirseň onda sen seni hiç bir ýere äkitmeýän kararlary berersiň. Şu ýerde dükanda işlän bir oglan barada hekaýa aýtmak isleýän. Her gün ol oglan işleýän ýerine 2 sany žurnal getirerdi,olaryň biri biznes žurnal,beýlekisi bolsa içi gymmat bahaly maşynlaryň suraty doly žurnal. Haçan-da başlygy ondan näme üçin her gün o žurnallary işe getirýänini soranda ol :”Men geljekde satyn almakçy maşynymyň suratyny ýanymda göterýärin” diýip, jogap berýär. Jogaby alan başlygy we beýleki işgärler gynanç bilen ol hiç haçan başarmajak işiniň pikirini edýär diýip gürrüň edýärler.Wagtyň geçmegi bilen oglan işden çykyp gidýär we arzuwlarynyň yzyna düşýär,ilki bilen kiçiräk biznes işleri bilen meşgullanýar. Birnäçe ýyldan soň žurnaldaky maşynlaryň birine münüp yzyna dolanyp gelýär. Onuň işi taşlap giden güninden bäri şol bir adamlar dükanda işleýärdi.Bu zatlaryň ählisi oglanyň özüne ynanmagy bilen başlap,sabyr bilen özüne erk etmegi,işeňňirligi bilen netijelenipdi.Şu ýerde şeýle netije gelip çykýar. Adam hemişe özüni üstünlige ýeten ýaly duýsa we özüne ynansa onuň maksadyna ýetmek üçin höwesi artýar.

Häzirki döwürde goýberýän uly ýalnyşlarymyzyň biri öz dünýämizde ýaşamaga ,hakykata öz gözümiz bilen seretmege derek, başgalaryň durmuş ýörelgesi bilen ýaşamak,öňe ýöremän şol bir duran ýerimizde durmak bolup durýar. Biz maksadymyza ýetmek düşünjämizi ýatdan çykarýarys. Üstünlige barýan ýolda her dürli kynçylylyklar bolup biler.Ýöne muňa garamazdan adam hemişe üstünligiň peýdaly, gowy taraplaryna seretmeli,ýolda ýüze çykýan erbetlikleriň, kynçylyklaryň aşagynda galmaly däl. Köp adamlar üstünlige barýan ýoldan gorkýarlar, sebäbi olar köp zatlardan ýüz öwürmeli bolýalar, hat-da maşgalasyndan, dost-ýarlaryndan, ýurdundan aýry ýaşamak, gündelik endiklerini taşlamak, täze bir ýaşaýşa gadam basmak, töwekgelçilikler bilen garşylaşmak  ýaly durmuş üýtgeşmelerine döz gelmeli bolýarlar. Üstünlik-bu gorkyňy ýeňip geçmekdir. Üstünlikli adamlar muňa gowy düşünýärler we özgerişlikleriň üstünligiň gapysyny açýandygyny aňýarlar. Üstünlik gazanan adamlaryň beýleki adamlardan tapawudy olar hemişe şatlykly durmuşda ýaşamaga çalyşýarlar, durmuş ýolunyň dowam edýändigine düşünýärler, daş-töweregindäki adamlara hem kömek edip, özleri hem sylanýan adamlar bilen gatnaşyk saklaýarlar, meşhur adamlardan görelde alýarlar, hemme adamyň hem durmuşda öz ornuny tapmagyny isleýärler.

Iň soňky maslahatym hem eýermeli kadamyz: Dowam et!!! Käwagtlar maksadyňa ýetmek kynlaşýar,ýol bolsa örän uzak ýaly bolup görünýär. Munuň ýeke-täk çözgüdi diňeje dowam etmek.Taryha ser salamyzda garyplykda ýaşamaklaryna,durmuş ýükleriniň ir başlaryna düşmegine garamazdan uly derejelere ýeten adamlara şaýat bolýarys. Çarli Çaplin, kim ony tananok? Ony ykbal uly ýitgiler bilen synapdy. Ol çagalykdan ene-atasyndan jyda düşýär. Ynanylmaz derejede agyr geçen ýyllara garamazdan Çarli Çaplin ukyp başarnygyny ulanyp, dünýäniň iň meşhur artistlarynyň biri bolup tanalmagy başardy. Eger sen garyp dogulsaň ol seniň günäň däl,emma sen garyp ölseň, onda ol seniň günäň. Bu diýmegim sen nähili durmuşda ýaşasaňam hemişe üstünlige tarap umyt bar. Meşhur adamlaryň ählisi hem üstünlige barýan ýola maňlaý deri bilen ýetipdi ahyry.

Üstünlik üçin hiç haçan hem giç däl,esasy zat wagtyňy peýdaly ulanmak we dogry ýolda ýöremek!

Ýusup ORAZBERDIÝEW, Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri