ATAWATAN ESERLERİ

Türkiýedäki türkmen talyplary üçin döredijilik bäsleşigi: Kitap Okamagyň Peýdalary

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli   “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.  “Ata Watan Eserleri ” bäsleşiginiň täze tapgyry bu gezek Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde geçirilýär we bäsleşigiň şertlerine görä, oňa diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler.

Onlaýn şertlerde döredijilik bäsleşigi

Dünýäde ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli dünýäniň ençeme ýurdunda özboluşly goranyş çäreleri alnyp barylýar. Şu döwürde doganlyk Türkiýe Respublikasynda hem bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlar yza süýşürildi. Mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň bu döwürde öýlerinde geçirmek maslahat berilýär.

“ Ýazmak üçin okamak gerek, okamak üçin Ata Watan Eserleri bäsleşigine gatnaşmak gerek”

Türkiýe Respublikasynda bilim alýan köp sanly türkmen talyplarynyň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagy hem-de döredijilik işi bilen meşgullanmagyna goşant goşmak üçin Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti şeýle döredijilik bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirdi. Türkmenistanly talyplaryň öýlerinde bolan döwründe dürli çeşmelerden peýdalanyp, bu bäsleşige iň gowy eserlerini hödürlejekdigine pugta ynanýarys.

Bäsleşigiň mowzugy “Kitap okamagyň peýdalary” bolup, bu mowzugyň saýlap almakdaky esasy maksat hem eseriň awtoryny hem-de eseri okaýan köp sanly okyjylarymyzda kitap okamagy höweslendirmek bolup durýar.

Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

Ýeňijilere Pul Baýraklary Garaşýar: Jemi 10.500 Türk Lirasy

Bäsleşigiň şertlerine görä, birinji bolan eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy möçberinde pul baýragy garaşýar. Pul baýraklary ýeňijiniň öz adyna açylan bank hasabyna Türk lirasy görnüşinde geçiriler.

 Pul Baýraklary

1-nji orun: 2000 Türk Lirasy

2-nji orun : 1500 Türk Lirasy

3-nji orun : 1000 Türk lirasy

4-nji orun :500 Türk Lirasy

5-nji orun :500 Türk Lirasy

6-njy orun :500 Türk Lirasy

7-nji orun :500 Türk Lirasy

8-nji orun :500 Türk Lirasy

9-njy orun :500 Türk Lirasy

10-njy orun :500 Türk Lirasy

11-nji orun : 500 Türk Lirasy

12-nji orun : 500 Türk Lirasy

13-nji orun : 500 Türk Lirasy

14-nji orun : 500 Türk Lirasy

15-nji orun : 500 Türk Lirasy

Eserler Türkmen ýa-da Türk dilinde hödürlenip bilner

Bäsleşigiň şertleri:

  • Bäsleşige diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler. Talyplar özüniň talyplygyny görkezýän resminamany eseri bilen bilelikde ibermelidir.
  • Her bir talyp döredijilik bäsleşigine diňe bir eser hödürläp biler.
  • Bäsleşige hödürlenjek eser “Kitap okamagyň peýdalary” ulgamynda ýazylan bolmaly we eseriň möçberi 1000-2000 söz arasynda bolmaly. Goşgy kabul edilmeýär.
  • Bäsleşige hödürlenjek eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde hödürlenip bilner. Eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde ýazylandygyna garamazdan saýtymyzyň Türkmen, Türk we Iňlis dili sahypalarynda ýerleşdiriler we “saýtdan okalan sany” hasaplananda şol 3 dildäki “okalan sanynyň” jemi hasaba alnar. Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese onda, “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.
  • Eserleri 2020-nji ýylyň 3-nji Aprelinden başlap, atawataneserleri@gmail.com salgysyna ugradyp bilersiňiz. Eserleri 2020-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edýäris.
  • Hödürlenen Eserler 2020-nji ýylyň 15-nji Aprelinden – 2020-nji ýylyň 15-nj Maýyna çenli “atavatan-turkmenistan.com” saýtyna ýerleşdiriler.
  • Bäsleşik 6-njy Iýun 2020 senesinde jemlener.
  • Bäsleşige hödürlenen eser döredijilik toparymyz tarapyndan seljeriler we eger eser bäsleşigiň şertlerine laýyk gelen ýagdaýynda atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdiriler.

Ýeňijileri Kesgitlemegiň Şertleri

Saýtdan “okalan sany”

Saýtdan okalan sanynyň ortaçasy hasaplananda 50.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 500 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.  Eger haýsy-da bolsa bir eseriň okalan sany 50.000 gezekden geçen bolsa onda, 1:500 möçberi täzeden kesgitlener. Mysal üçin saýtymyzda bir eser 32000 gezek okalan bolsa, 32.000/500=64 bal alar.

Instragram hasabyndan “ halanan sany”

Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Instagramda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60  bal alar.

Facebook hasabyndan “halanan sany”

Facebook hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Facebook hasabynda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Facebook hasabymyzda bir eser 400 gezek halanan bolsa, 400/10=40 bal alar.

 

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser saýtymyzdan  55 bal alan bolsa (ýagny 27500 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 35 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 350 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(55*50/100)+(45*25/100)+(35*25/100)= 27.5+11.25+8.75=47.5 bal

B  belgili  eser saýtymyzdan  45 bal alan bolsa (ýagny 22.500 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 47 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 470 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(45*50/100)+(53*25/100)+(47*25/100)= 22.5+13.25+11.75=46.5 bal

C  belgili  eser saýtymyzdan  48 bal alan bolsa (ýagny 24.000 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 80 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 800 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(48*50/100)+(67*25/100)+(80*25/100)= 24.00+16.75+20.00=60.75 bal

Bu ýagdaýda,  C belgili eser 60.75 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 47,5 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 46.5 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

Türkmenistanly sungat işgäri Çynara  ýeňijilere öz kitabyny sowgat berýär

Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynaradan “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigine goldaw sözi geldi.  Ýakynda 25 müň tiraž bilen “Bir umyt ýeterlik” atly  özüniň ilkinji kitabyny neşir eden Çynara, döredijilik bäsleşiginde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtoryna özüniň täze çykan “Bir umyt ýeterlik” atly kitabyny gol çekip poçtanyň üsti bilen iberjekdigini mälim etti. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara  ýakynda “Zarar Ettik”ady bilen täze aýdymyny muşdaklaryna sowgat edipdi.

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri