ATAWATAN ESERLERİ

Sylaşyk, Özygtyýarlylyk, Ýitilik, Goraglylyk, Işjeňlik..

Adamlaryň biri-birlerinden üzňe ýaradylmaklarynda aýratyn bir hikmet bar bolmaly. Bir adam – bir dünýä. Şonuň üçin her adamyň dünýä bolan garaýşy tapawutly. Aslynda adamlaryň biri-birlerinden tapawutly ýaradylmaklary, tapawutly garaýyşlaryň bolmagy örän gowy zat. Sebäbi dürli pikirler bar bolanda hemmesini jemläp, bir aýgytly çözgüt tapyp bolýar. Aýdylyşy  ýaly, “Akylly adam öz ýalňyşlaryndan sapak alýan adamdyr, emma has akylly adam beýlekileriň hem ýalňyşlaryndan sapak alýandyr”. Men hem ilkinji synanyşygymda “SÖÝGI” düşünjesine bolan öz garaýşymy siziň bilen paýlaşmak isledim

Ýaňy-ýakynda tanyşlarymyň biri menden “ Sen söýgi diýip nämä düşünýärsiň? Söýgi  seniň üçin nämäni aňladýar?” diýip sorady. Meniň jogabym şeýle boldy: “Söýgi – bu Sylaşyk

 Özygtyýarlylyk

 Ýitilik

 Goraglylyk

 Işjeňlik”.

Ol meniň beren jogabymy geňlän bolara çemeli. Biraz dymdy, soragly nazary bilen garap, göwnüme bolmasa aňymda iki ýana ata çapýan pikirler ummanynda ýüzmek isledi. Emma men onuň şol ummanda gark bolmagyndan howatyr edip, öňürtüledim:

SÖÝGI – bu giň, belent duýgy, ol dürli-dürli statuslara eýe bolup bilýär. Meselem, durmuşa söýgi, maşgala söýgi, Watana söýgi, käriňe söýgi, sungata söýgi, göwün beren ýaryňa söýgi we ş.m. Sanap otursak, söýgi düşünjesi örän giň arealy eýeleýär. Eýýäm durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgi muňa aýdyň güwä geçýär. Sebäbi beýlekileriň hemmesi durmuşyň bir parçasy”. Soňra bolsa, berlen jogapdan göwni suw içmedik soragçy biraz giňişleýin düşündiriş berilmegini isledi.

Söýgi – bu sylaşyk. Nämedir bir zady ýa-da kimdir birini söýýän adam ony hökman hormatlaýandyr. Şahyr öz eserini, aşyk öz magşugyny, perzent ene-atasyny çuňňur sylap hormatlanda baky söýgini peşgeş berýär.

Söýgi – bu özygtyýarlylyk. Hakykatdan söýmegi başarýan adam erkin, özygtyýarlydyr. Ol hiç haçan ýitirmek gorkusy bilen ýaşaman, eýsem gorkmak duýgusyny ýitirmäge synanyşýandyr.

Söýgi – bu ýitilik. Söýýän adam ýiti duýgurlyga, ýiti aňa eýedir. Ol özüniň ýitiligi, duýgurlygy bilen durmuşda köp soraglarynyň dogry jogabyny aňsatlyk bilen tapýandyr. Çuňňur söýgä ýugrulyp amala aşyrylan her bir iş özüniň aýratynlygyny görkezýär. Ruhy dünýäsi dok adamlar muňa has gowy düşünýärler. Tersine, ruhlary açlykdan ejir çekýänler üçin bolsa, her bir işi  söýgüläp ýerine ýetirmek manysyz bolup görünýär.

Söýgi –  bu  goraglylyk. Ezizlenip söýülýän we söýýän ynsan goraglydyr. Sebäbi olarda islendik howp-hatara döş germäge gaýrat bardyr. Olar bu  kuwwaty belent duýgy söýgüden alýarlar, söýgi olara gaýduwsyzlygy, mertligi, kynçylyklara döz gelmegi sowgat edýär.

Söýgi – bu işjeňlik. Durmuşda çyn ýürekden söýmegi başarýan adamlar ýokary işjeňlige eýe bolýarlar. Sebäbi olaryň kalbyndaky möwç urýan söýgi duýgusy olaryň durmuşa bolan hyjuwyny alawlandyrýar, höweslerini Ewerest daglarynyň çür depesine çykarýar.

Diňleýji ilkibada berlen kesgitlemeleriň hersiniň baş harplarynyň SÖÝGI  sözüni emele getirýändigini aňmady. Soň aňanyny aňmanyny men anyk bilemok, ýöne şu ýazgyny okanynda ýüzünde ýylgyryşyň peýda boljakdygyny anyk aýdyp biljek. Şol soragly göreçler soragyna jogap tapandyr umydy bilen sizden soraýaryn:  A, siz hakykatda söýgi diýen belent duýga nähili garaýarsyňyz?”

 

Bägül Amanowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet  uniwersitetiniň

 Roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri