ATAWATAN ESERLERİ

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde jemleýän duýgudyr. Men her bir adam söýgi bolmasa bagtly ýaşap bilmez diýip pikir edýärin. Söýgi adam durmuşynyň möhüm bölegidir. Şol sebäpli hem söýgüniň güýji ikitaraplaýyn duýguny oýarýar, ýagny ruhy taýdan bejerýär we ömrüňi halas edýär diýip bellenilýär.

Şeýle-de söýgi adam ruhunyň ösüşiniň iň ýokary nokadydyr. Bu duýgynyň  bir tarapy erkek adamynyň söýgüsi, beýleki tarapy bolsa aýal maşgalanyň söýgüsidir. Elbetde, özara söýgi hakyky bagt getirip biler. Emma durmuşda hemişe beýle bolup durmaýar. Adamlaryň käbirleri onuň süýji-süýji lezzetini duýsalar, beýleki birleri bolsa onuň ajy duýgularyny başdan geçirýärler.

  • Bir ýaş ýigit ellerine bir desse gül bilen ylgap seýilgähe bardy. Gözleri şeýle bir begençden dolydy welin, ol begençler bilen seýilgähiň ähli ýerlerine göz aýlady. Gözleýän adamsyny tapmandygy üçin, ol özüne golaý oturgyçda oturyp, söýgüli ýaryna garaşdy. Elinde hemişekileri ýaly ajaýyp güller bardy. Bu güller onuň söýgüli ýarynyň iň oňat görýän gyzyl, gyp-gyzyl hem-de goýy gyzyl bägülleridi. Olar göýä diýersiň ýaňy ýygylan ýaly hoşboý yslary bilen burk urýardy, bu yslardan söýgüniň, yşkyň ysy iň esasy zadam küýsegiň hem hasratyň ysy gelýärdi. Ol gülleriň üstünde aglaýan dek damjalar bardy. Ýaş ýigit güllere bakyp, olar bilen gürleşýän mysaly “Siz näme üçin aglaýarsyňyz, serediň men nähili bagtly” diýdi. Az wagtdan söýgüli ýaryny görjegi ýadyna düşen badyna onuň ýüregi çalt urmaga başlady. Haçanda ol eziz ýary barada, onuň bilen duşuşýandygy hakynda pikirlense onuň ýüregi göýä diýersiň asman saýa uçaýjak bolýardy. Ýyllardyr bir-birlerini söýýändiklerine garamazdan, olar bu söýgülerinden hiç zat ýitirmediler, olary bir-birinden hiç zat aýra salmady, ne hasrat, ne aýralyk, ne-de ölüm….

Aşyk ýigit ýürek howlukmasy bilen sagadyna seretdi. Söýgüli ýary ýene-de gijä galypdy, ol bolsa öz içinden zyýany ýok bary ýogy ýekeje minut gijä galdy ahyryn diýip öz-özüni köşeşdirdi. Ýöne aslynda onuň özi söýgüli ýaryny garaşdyrmak islemän, belleşilen wagtyndan ir gelýärdi. Şonuň üçin hem ol garaşmaga razydy. Emma söýgüli ýary hemişe şeýle edýärdi. Yzygiderli özüne garaşdyrýardy. Ýigit pikirlenip oturşyna gözi öňünde aňyrsy-bärsi göränmän ýatan deňze düşdi we ol öz ýaryna bolan söýgüsini şol deňiz bilen deňedi.

Aslynda bu gün aşyklar üçin iň bir ýatdan çykmajak günleriň biridi. Olar öz aralarynda bir-birlerine duýgulary barada aýtmalydylar. Ýöne mejnuna dönen ýigit ilki bilen ol öz duýgusyny beýan edipdi we soňrada iki sany ýüzük alypdy. Bu wajyp günde hem söýgüli ýaryny garaşdyrmak islemändi. Emma ýigit garaşmaklyga endik edindi we ol öz-özüni “Zeleli ýok ýene biraz garaşaryn diýip” höre-köşeleýärdi. Gülleriň ýapraklary bolsa häzir hem göz ýaşlydy. Ýigit gülleriň halyna düşünmeýärdi. “Ähli zat şeýle bir ajaýyp welin, bular näme üçin aglaýarkalar? Häzir meniň söýgüli ýarym geler, onuň bilen görüşerin, bagryma basaryn. Soňra bolsa bir-birimize ýüzüklerimizi dakarys we täze durmuşa gadam basarys” diýip duýguly pikirler bilen içini gürledip otyrdy.

Aşyk ýigit şeýle bir bagtlydy, söýgüli ýaryna gowuşmak üçin bir ýerde özüni saklap bilmeýärdi. Asmandaky guşlaryň bir-birleri bilen ganat kakyşlaryna seredip “Nähili owadan tans edýärler” diýip, ýene-de sagadyna seretdi. Ýigit gaýgylanyp başlady. “Näme üçin gelmedi, näme beýle gijä galdy, ol gijä galmaly däl ahyryn. Hemişe biz şu ýerde duşuşmagy, deňze bakyp onuň aýdýan hekaýalaryny diňlemekligi, guşlara seredip olaryň tans edişlerini bileje synlamaklygy bir-birimize wada beripdik. Onda näme sebäpden gelmedikä” diýip gaýga gitdi. Oýuna her hili erbet  pikirler gelip başlady. “Ýok, ýok bolup bilmez, meniň mähribanyma hiç zat bolmaz, onsuz maňa ýaşaýyş ýok, ol ölse-de elmydama meniň bilen bile ýaşar” diýip pikir etdi. Bu pikir ýöne gowy pikir däldi. Ol gözünden çykan ýaşlarynyň hiç kimiň aňmazlygy üçin gözlerini ýere dikip, göz ýaşyny süpürdi. Ýöne onda-da daş-töweregindäki adamlar oňa geň galyjylyk bilen seredýärdiler. Bu seredişlere ýigit özüni oňaýsyz duýup başlady. Halys ýadady. Ýene-de söýgüli ýary ýadyna düşdi we özüne näme sebäpden gelmedi diýen soragy berdi.

Emma ýedi ýyl boldy, ýedi ýyllap hem şol bellenilen gün seýilgähde söýgüli ýaryna garaşýar. Mundan artyk çydamady, ýüregi bölünere gelýärdi. Gözünden birje damja ýaş elindäki gülleriň üstüne damdy. “Ýene-de gelmejek öýdýän, men bir öýüne baraýyn, hiç bolmanda gülleri öňkisi ýaly ýanyna goýaýyn we oňa berdigim bolar”  diýip ýuwaşjadan gepledi. Aşyk ýigit söýgüli ýary bilen duşuşmak üçin mazarlyga tarap ýöredi.

 

Bägül Dawliýewa,

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri