Bu durmuşda her bir adam bagtly bolmak isleýär. Şonuň bilen birlikde her bir ata-ene bu ýalançy dünýäni terk etmezden öñ, çagalarynyñ öñündäki jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge borçlydyrlar.
Adamyń jany sag bolup dursa, daň atyp gün batyp dur we haçan, kime näme boljagyny hiç kim öňünden aýdyp berip bilenok. Ol diňeje bizi ýaradan Allanyň elinde. Şeýle adaty günleriń birinde Roza atly gyzyń ejesi agyr keselleýär we hiç hili dermanyń peýdasy bolmaýar. Bir gün ejesi gyzyny çagyryp oňa nesihat edýär. Ejesi Roza gyzyna, özi üçin gadyrly bolan ýüzügini berýär. Roza bolsa: “Eje! Näme üçin öz ýüzügiñizi maña berýäñiz? Men dakmaýana, ol maña uly bolýara”-diýýär. Birdenem olar aglaşmaga başlaýalar. Ejesi:” Gyzym men seni gowy görýän, seni ýaradan Alla tabşyrýan özüñe we kakaña gowuja seretgin”-diýýär. Şol wagt Rozanyñ kakasy hem gelip bir gyrada durýar we biraz duran soñ olaryñ söhbedine goşulýar. Kakasy: “Roza gyzym sen bir salym daşarda garaş” diýýär. Roza daşa çykyp gidýär. Aýal adamsyna: “Kakasy meni bagyşlań! Men size hatda mirasdüşerem dogrup berip bilmedim. Sizden haýyş edip soraýan, haçanda gyzymyz Rozanyń boýy ýetip, durmuşa çykmaýança, hiç kime öýlenmejekdigiňiz barada söz beriñ”- diýýär. Adamsy:”Sen nämeler diýip otyrsyñ? Gowy niýetde bolaly. Ýagşy niýet-ýarym döwlet diýipdirler”- diyyär. Aýaly:” Haýyş men gepimi bölmäñ! Maña söz berýäñizmi?” diýen wagty aýalynyñ ýürek urmasy togtaýar. Roza şol güni ejesinden aýrylýar. Rozanyń ejesi ýogalan ýyly ýañy 10 ýaşapdy we maşgalada çagalardan ýeke özüdi. Ne gyz dogany, ne-de oglan jigisi bardy. Maşgalada Roza we kakasy ýaşaýardylar. Rozanyñ kakasyna Kuwwat aga diýýärdiler. Kuwwat aga uly firmada direktor wezipesinde işleýärdi. Aradan 10 ýyl geçipdi, indi Kuwwat aga hem kän ýaraman başlapdy we bir gün ol işinde huşyny ýitirdi. Şondan soñ lukmana barlatmaga bardy. Kuwwat aganyñ bir dosty şol ýerde baş lukman bolup işleýärdi. Kuwwat aga barlandy we ertesi güni netijelerine bardy. Kuwwat aga dostundan nähili netije alandygyny sorady. Dostunyñ ady Polat. Kuwwat aga: “Polat dostum netijelerden näme anykladyñ! Bilýänsiñ ölümden gorkamok, ýöne gyzym bar ony durmuşa çykarmaly men, ejesine söz berdim. Dostlugymyz hormaty bolsa dogrusyny aýdeber, ýene näçe wagt ýaşaýan!?”- diýdi. Dosty Polat, Kuwwat aga gamgyn seredip “Gynansakda örän az wagtyñ bar, bary-ýogy 3 aý ýaşamagyñ mümkin”-diýdi. Muny eşiden Kuwwat aga dostunyñ ýanyndan öýüne nähili gaýdanyny bilmedi. Ol ýol boýy içini gepletip geldi. Kuwwat aga öz özüne ýan-ýoldaşymdan aýrylanyma hem 10 ýyl bolypdyr. Şu wagta çenli ýalñyz gezipdirin. Bu ýalñyzlyk aýalym ruhuna hormatymmy ýa-da oña wepalylygymmy, aýalyma beren sözimmi ya-da Tañry beren jezamy? Indi men bary-ýogy 3 aýyñ içinde nädip gyzymy, ynamly, halal, mert, ar-namysly oglana bererkäm”- diýen hyýal bilen nädip öýüne gelenini bilmän galdy. Ertesi güni bolsa Kuwwat aga öýe gerekli azyk-harytlary almak üçin bazara gidýär. Kuwwat aga garry bolan soň, kän ýük göterip bilmeýärdi. Şol sebäpden öz ýany bilen zatlaryny göterşer ýaly, adam alyp, bazara gelýär. Bazardan ilki zatlary salar ýaly arabaçy tutdylar, onsoñ gerek zatlaryny alyp başladylar. Kuwwat aga ýeralma alyp durka, ýeralma satyp duran satyjynyñ ýeralmalary ýere gaçdy we Kuwwat aganyñ ýüküni göterişmäge gaýdan adam bolsa, gaçan ýeralamalary Kuwwat aganyñ ölçedip alan ýeralmasyna salmakçy bolan wagt, arabaçy oglan gürledi: “Agam bu ýere gaçan ýeralamalar biziñki däl, ol satyjynyñky, biziñ ölçedip alanymyzdan gaçmady, biriniñ zady buýurmaýar” – diýdi. Şol wagt Kuwwat aga arabaçynyñ halal oglandygyna göz yetirdi. Şeýdip, Kuwwat aga bazardan çykan soñ arabaçy oglanyñ eden hyzmat hakyny berdi. Arabaçy oglan hem sanap aldy. Kuwwat aga gidip barýardy, birdenem oglan: “Agam duruñ”- diýdi. Kuwwat aga durdy. Oglan:” Agam bu yerde maña örän kän beripsiñiz. Maña artykmajy gerek däl, bu siziñki”- diýip artyk puly yzyna berdi. Kuwwat aga bolsa, ol oglanyñ şeýle halal oglandygyna ýene bir gezek göz ýetirdi we bu oglan barada hemme zady bilmek isledi. Kuwwat aga oglanyñ maşgalasyndan ýaş wagty aýrylandygyny we häzir özi tanamaýan aýalyñ öýünde kärende-de bolup durýandygyny, arabaçylyk edip gün görýändigini anyklady. Kuwwat aga özi baý adam bolmagyna garamazdan, bu oglana gyzyny bermek isledi. Sebäbi, ol bilýärdi, 3 aýyñ içinde ol şundan başga halal,ynamly, gowy oglan tapyp bilmejegini. Oglanyñ ady Serdardy. Şeýdip, Kuwwat aga Serdary duşuşyga çagyryp: “Serdar, oglum, meniñ bir yekeje gyzym bar. Şol gyzymy saña bermek isleýän. Eger sen garşy bolmasañ, bir gezek gyzym bilen duşuşyp gör, bulam gyzymyn suraty, gowuja oýlanyp, ertir maña jogabyñy aýt.”-diýip gyzynyñ suratyny berdi. Serdar hem:” Bolýar, men size ertir habar ederin “-diýdi. Ertesi güni irden, Kuwwat aga gyzyna bolan wakalary aýdyp berdi we gyzy hem:” Bolýar, kaka bir gezek gepleşip göreýin, ýöne maña ýaramasa ol oglana durmuşa çykmaryn “-diýdi. Gyz we oglan duşuşyga çykdy. Gyz oglany görip, ilki halamady, soñra gürleşip birek-birege düşünip başladylar.Wagt geçdigiçe, olaryñ arasynda söýgi döredi. Günleriñ birinde, Kuwwat aga yýene bir gezek barlagdan geçmegi ýüregine düwdi we barlandy. Bu gezek onuñ dosty däl, eýsem başga lukman barlady we ol lukman Kuwwat aganyñ bütinleý sagdyndygyny,entäk uzak ýaşajakdygyny aýtdy. Lukman: “Kuwwat aga siz bütinleý sagdyn, lukmançylykda şeýle ýagdaýlar hem bolýar”- diýdi. Muny eşiden Kuwwat aga örän begendi. Kuwwat aga çäksiz begenip, öýüne geldi we öýde gyzy çaý demläp oturan ekeni. Kuwwat aga gyzyna ýüzlendi: “Gyzym men gaty kän oýlanyp seni Serdara bermeýän boldum. Ol oglan bir arabaçy bolsa, ol seniñ taýyñ däl gyzym. Biz ozümiz ýalylar bilen guda bolmaly, niredäki arabaçy bilen däl.”-diýdi. Gyzy haýran galyp: “Kaka men size düşünmedim!? Ýa-da men bilen degişýäñizmi. Kaka men Serdary söýýän.Ondan başgasy gerek däl.”-diýdi. Kakasy: “Eger sen şoña durmuşa çykýan bolsañ bar gidiber, ýöne şuny bil yzyña gaýdyp gelmersiñ. Kakam öldi hasap edäý sen. Şol oglana barsañ, señ ýaly gyzym ýok.”- diýip kakasy sözüni jemledi. Gyzy:” Kaka men sizi gowy görýän, ýöne Serdardan hem geçip biljek däl. “-diýip öýden çykyp gidýär. Gyz bilen oglanyñ toýy bolýar.Toýlary illeriñki ýaly restoranda bolmadyk bolsa-da, kiçijek edip öý içinde boldy, ýöne gyzykly boldy. Aradan 1 ýyl geçdi. Roza we Serdaryñ ogly boldy. Kuwwat aga bolsa 1 ýyl öñ eden işine gaty ökündi. Günleriñ birinde Kuwwat aga hyýal sürip daşarda otyrka, Roza we Serdar çagasy bilen Kuwwat aganyñ ýanyna geldi we Roza kakasyna agtygyny görkezip ötünç sorady.Kuwwat aga hem gyzyndan ötünç sorady. Bagtly maşgalalaryñ birine öwrüldiler.
Bu eser bilen men näme diýjek bolýan! Eger adam hakykatdan söýse ol hiç wagt pula satylmaz. Hemişe söýüp, söýlüp ýaşalyñ dostlar!
Rozygül Durdyýewa,
Gazagystanyñ Lew Nikolaýewiç Gumilew adyndaky
Ýewraziýa uniwersitetiniñ informatika fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!