Yşk hiç hili tarypa-da, üstüniň ýetirilmegine-de mätäç däldir. Özboluşly dünýädir yşk. Sen onuň ýa-ha hut jümmüşinde – merkezindesiň, ýa-da daşynda hasratynda…
Elif Şafak. “Yşk”
Söýgi – at. Başga birini ýa-da bir zady janyňdan ileri tutup, tüýs ýürekden gowy görmek duýgusy.
Gysgaça, sözlükdäki berilen kesgitlemesi. Ýöne, bu söz barada durmuşymyz, duýgularymyz näme kesgitleme berýärkä?!
Bu ýönekeýje bir sözmi, ünsümizi çekýän gyzyklanmamy ýa-da ähli gowy duýgularymyzyň bir atda jemlenen görnüşimi?
Munuň üçin sizden anyk jogap sorap biljek däl. Sebäbi “jogap” her kim üçin her hili ýagdaýlarda her dürli sypatlar bilen şekillendirip bilner.
Söýgi – görýän, duýýan, eşidýän, gidýän her bir ýerimizdedir. Ol dogduk mekanyň howasynda, ejäniň mährinde, kakaň gujagynda, doganyň goragynda, jigiň gülküsinde, ene-ataň agtygyna seredýän buýsançly gözlerinde, dostlaryň goldawynda, görýän kinolaryňda, futbol oýnuňda, diňleýän aýdym-sazlaryňda, alýan baýrakdyr-sowgatlaryňda…her gün döräp biläýjek pursatlaryňdadyr.
Ýöne “söýgi” diýlen düşünjäniň hem ähli düşünjelerde bolşy ýaly dürli-dürli sypatlary-garaýyşlary bardyr.
Bu garaýyşlar gowy, erbet, dogry, ýalňyş hem bolup biler…
…Edil eý görýän zadymyzy ýitirmekden gorkuşymyz ýaly, kalbymyza iň ýakyn bolan adamlarymyzyň hiç pikirlenmän janyny ýakyşymyz ýaly, her dürli sebäpler arkaly aldaýşymyz ýaly, höwes edýän işimizi soňa goýşumyz ýaly, biziň islegimiz däl-de, daş-töweregimiziň pikirine görä saýlaýşymyz ýaly…
Aýdylyşy ýaly, “söýgi” düşünjesine her tüýsli garaýyşlar bolup biler ýöne, muňa garamazdan, bu päk duýga seljerme bermek gelşiksiz. Ony her hili bolar-bolgusyz duýgulardyr, düşünjeler bilen deňemek samsyklykdyr.
Eger şeýle bolýan bolsa, onda “asyl” söýgi nirede?
…Bir döwürler perişdeler bagtyň-söýgüniň gadyrny bilsinler diýip, ynsanogluna ders bermek isläpdirler. “Söýgüni aňsat-aňsat tapylmajak ýere gizläp goýalyň, ynsan hem ony tapmak ugrunda ylgasyn, gözlesin, güýç sarp etsin” diýipdirler. Şeýlelik bilen hem, söýgüniň-bagtyň gadryny bilerler diýen netije gelipdirler. Elbetde, işiň içine girenlerinde munuň aňsat däldigine göz ýetiripdirler. Olar Ýer ýüzünde söýgüni nirede gizlejeklerini bilmändirler. Kim Kap dagynyň çür depesine çykaralyň diýse, kim okeanyň düýbüne gömeliň diýipdir. Ýöne hiç birisi hem bu pikir bilen ylalaşmandyrlar.
Soňra aralaryndan biri çykyp, “Bagty ynsanoglunyň öz içine gizläliň. Sebäbi, bagty gözleýän kimem bolsa, onuň aklyna öz içinden gözlemek gelmez” diýipdir.
Eger sen çyn söýgüni gözleýän bolsaň, onda gözleriňi öz içiňe öwür. Başga ýerlerde, başga zatlarda gözleýän “söýgiň” seniň öz kalbyňda.
Bagty gözlemek gerek däl, ol onsuzam sende bar – o sen.
Haçanda çaga doglan wagtynda enäniň ellerindäki ilkinji söýgi uçgunjyklary peýda bolup başlaýar. Soňra ol uçgunjyklar ulalyp duýga öwrülýär-de, çagalyk wagtyndan tä ömrüniň dowamyna çenli dowam edýär. Bu duýgy oňa durmuşda isleg-arzuwlaryna, saýlawlaryna, kararlaryna, haýsy ýolda ýörejegine hem-de kim bolmalydygyna kömek edýär. Bu bahasyna ýetip bolmajak peşgeş bolsa, hemme kişä deň-derejede paýlanyp, üstüniň ýetirilip durulmagyny talap etýär.Ýöne, pelegiň çarhynyň aýlanyp durmagy esasynda, saňa berlen bu duýgyny goramak, ony üýtgetmän saklamak welin, diňe saňa bagly. Ony goşundysyz sadalygy üçin hemişe aýawly saklap gezmeli bolýar. Sen diňe şu päklik arkaly kalbyňdaky arassalygy saklap bilersiň. Ine, şonuň üçin hem, söýgi – ýaşaýşyň özeni. Ýaşaýşyň özi.
Şol sebäpli hem, ýüregiňdäki päklige gulak as, biz nähili duza-tagama aç bolşumyz ýaly ruhumyz hem söýgä açdyr, mätäçdir. Sen diňe özüňi söýmegiň arkaly töwerekdäkilere söýgüňi berip bilersiň. Ähli zadyň başlangyç nokadynda özüň duranlygyňy ýadyňdan çykarma!
Ruhuňy ýigrenç, gynanç hem-de näşükürlikden doýurmagyňy bes et! Bolmasa, doly däl kem bolarsyň, tutuş däl parça bolarsyň, bitin däl bölek bolarsyň…ýetmez bolarsyň!
Eger sen ýigrenseň – diýmek seni ýeňipdirler.
Konfusiý
Iki zat adamyny bagtly edýär. Gülmek hem-de söýmek. Eger-de şolaryň ikisinden biri sende bar bolsa, sen bagtly adam. Eger-de sende şolaryň ikisi hem bar bolsa, onda seni asla ýeňip bolmaz.
Gyzylgül Mommyýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika
hänäriniň talyby
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!