ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi hakda meň pikirim

Dünýä döräp modadan gaçmaýan, aktuallygyny hiç wagt ýitirmän gelýän ýeke-täk zat söýgüdir. Orta asyrda-da şu günem söýgi yşgyna düşüp, bütin bir ömür bilelikde ömür sürip söýgüň mähirli oduna çoýunyp, ýaşaýan hem-de söýgüsi paşman bir ömür jähennemiň ody dek söýgüniň ahmyr odynda ýaşap ömür sürýän ynsanlarda az däl. Elbetde ilkinji söýgüsine, päk arzuwlaryndaky şa gyzyna deňelýän mähriban ýaryna ýetýän bagtly ynsan az. Men şu oýlanma eserimde şeýle sorag berdim! Näme üçin köp halatda ilkinji söýgüsini, ýigitlik söýgüsini adamlar ýitirýär we ýitirmekde-de bähbit barmy ? We  ol soraga öz ýanymdan şeýleräk jogap berdim. Meniň beren jogabym bilen ylalaşyp we ylalaşmanam bilersiň sebäbi durmuş fizikada ýa-da matematikadaky ýaly belli bir formula daýanyp sanlary goýup jogap alanyňdan has çylşyrymly. Mysal üçin iki sany ynsanyň başdan geçiren zatlary şol bir zat bolsada netijesi düýbünden başga bolup biler. Durmuşy formula salmaklyk özi ýalňyşlyk şonuň üçin mähriban okyjym meniň ýazan söýgi hakyndaky oýlanma eserim bilen ylalaşybam inkär edibem bilersiň. Aslynda ýaş juwan isle gyz oglan tapawudy ýok. Ilkinji gezek öň başdan geçirmedik duýgusyna duşanda,   ýagny yşga düşende elewräp ýalňyş goýberýär, misli kiçijik çaganyň ýöremäni öwrenende ýerden ýetmiş taýak iýşi ýaly, yşga düşen ynsanda özüniň söýgi eserini ýazma ýolunda ençeme gezek büdreýär. Sebäbi ilkinji söýgüde garşydaş ynsan yşga düşen juwanyň gözüne ideal bolup görünýär hem-de şol ynsany ýitirmekden gorky döreýär. Ilkinji gezek yşga düşen juwanyň söýgi duýgusynyň ýany bilen gabanjaňlyk, ýitirmekden gorky, aljyraňlylyk we şoňa meňzeş garşydaş adamy ýigrendirip biljek faktorlar ýüze çykýar. Şeýlelikde köp halatda ilkinji ýigitlik söýgi paşmaýar. Ýöne nähili ýagdaý bolanda hem ilkinji söýgi ilkinjiligine galýar. Adam  başga biri bilen ýaşap ömür sürüp biler ýöne kalbynyň töründe ilkinji söýgüsi baky ýaşar.   Käbirleriniň ilkinji söýgüsi geçmiş hakynda pikirini diňläniňde. Wah şumatky aklym, başarnygym bolaýmala hemme zady başgaça ederdim, wagty yzyna dolap bolanok  bolsa bilýänle diýýärler. Men hem olara öz gezegimde bir dana şahsyýetiň aýdan sözlerini gaýtalaýan “Meniň şu günki aklym bolsady, düýnki ýalňyşlary goýbermezdim, ýöne men düýn ýalňyşmadyk bolsam, bu günki aklym bolmazdy” hem-de şu düzen goşgumy aýdýan.

Geçmişi dolap bolanok bolsa bilýän etjegim

Diýip ençe adamlar geçirýär öz günlerin

Geçmişi dolaňda-da bolmaz üýtgeşik peýda

Sebäbi baş gahryman ýene ýalňyz özüňä.

Elbetde köpüsi öz pikirinde galýar. Ýöne meniň pikirimçe söýgüden ýanmaklygyň hem ynsanyň özgermegi üçin uly täsiri bar. Meselem bir ýigit bir juwanyň yşgynda sergezdan boldy, oda düşdi, ýöne söwer ýaryna ýetmedi. Belli bir wagt ahy-zarda ýanyp, köýip misli külden täzeden dirilen rowaýatlardaky Feniks guşa meňzäp täze bir şahsyýet emele gelýär. Beýik şahsyýetleriň alymlarynyň geçen ömri bilen gyzyklananyňda köpüsiniň durmuşyndaky gowuşmadyk söýgüleri olaryň özgermegine uly täsir edýär. Mysal üçin söýgüň oduna ýanan şahyrlaryň ýazan goşgy setirlerini ýa-da  ýazyjylaryň ýazan romanlaryny okanyňda endamyňy tikenekledip kalbyňa girip gitýär. Sebäbi ony ýazan şahyr ýa-da ýazyjy özüniň kalbyndaky oduny goşga ýa-da romana sünnäläp siňdirýär. Şeýlelikde asyrlara miras hiç wagt könelmeýän romanlar, eserler,  goşgular beýik döredijilik önümleri baky galýar. Diýmek söýgi  duýgusy dürli formada gelse-de adamy gowulyklara iterýän beýik güýç bolup durýar. Men sözümiň ahyrynda hemmäňize hakyky söýgä ýar bolmagyny oýuňyzdaky, kalbyňyzdaky ynsan bilen ömür sürmegiňizi arzuw edýän.

 

Halmyrat Orunbaýew,

Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar

barlaghanasynyň bölüm müdiri.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri