(hekaýa)
Aýjereniň giň dünýäsi daralyp, näderini bilenokdy. Näçe günden bäri göz monjugy ýaly oguljyygy Meýlisjigiň aglap-eňräp ýatyşy, lukmanlar tarapyndan edilýän emleriň hiç hili täsir etmeýşi Aýjerene hiç ynjalyk berenokdy. Ilki bada etrap hassahanasyna ýüz tutan Aýjeren, soňra paýtagtdaky merkezi hassahana maňlaýyny diredi. Bu ýerde lukmanlaryň eden emleri, bejergileri netijesinde Meýlisjigiň aglamasy galdy, gyzgyny hem kadalaşdy. Ýöne…
Ýöne lukmanyň aýtmagyna görä Meýlisjigiň kesel taryhy öwrenilip, barlaglaryň netijeleri anyklanylanda, onuň keseli nerw ulgamy bilen bagly bolup, çep eliniň, we çep aýagynyň hereketiniň çäklidigi anyklanyldy. Bu ýagdaý Aýjereni gaýtadan oda saldy. Ol:
-Näme, lukman indi meniň oglum ýöremezmi, ýata kesel bolup galybermelimi? Köpi gören lukman:
-Entek anyk bir zat aýdyp biljek däl. Gerekli dermanlary wagtly-wagtyna alsaňyz, tok massažyny, el bilen owkalamak, nerw damarlaryna gyzyl iňňe oturtmak ýaly bejergileri her üç aýdan yzygiderli berseňiz gowulaşyp, aýaga galyp gider. Entek bu gaty kiçijigä, ýaňy iki ýaşyny doldurypdyr. Bedeniň ösüşini, çaganyň nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrsak hemmesi gül ýaly bolup gider-diýip jogap berdi.
Dogrusy Aýjeren şol wagt lukmana “sag bol” aýtdymy , ýa-da başga bir zat diýdimi, onçasyny özem bilenok. Bir görse Meýlisjigi göterip el bilen owkalap bejergi berýän lukmanyň otagynyň agzynda dur.
Kelteräk boýly, ýüzi gülüp duran owkalama bejergisini berýän lukman Keýik Döwletowa Aýjereniň halyny soraman bildi. Çünki ol näçe ýylyň içidir beýle-beýle ýagdaýlaryň ençemesiniň şaýady bolupdy ahyry. Ol öz işini ilkinji emi-süýji sözi bilen başlady:
-Weý-weý, bu nähili boluş şular ýaly owadan oglanjygyň ejesiniň gaýga batyp durşuna näme diýjek? Hiç zady alada etme entek görmedik ýaly bolasyňyz. Keýik gelnejesiniň bejergi beren çagalarynyň hemmesi hem edil keýik owlajygy ýaly dikgirdäpjik gidiberer. Esasy zat çaga, bar yhlasyňy, söýgiňi, mähiriňi siňdirmeli. Çünki munuň ýaly-da ähli zat mähir-muhabbete,çaga bolan söýgiňe bagly bolýar. Hany ber bäri goç ýigidi bir sypalap bereýin.-diýip Aýjereniň elinden Meýlisjigi aldy-da eşiklerini çykaryp öňündäki stoluň üstünde arkan ýatyrdy. Soňra eline nähilidir bir çalgy ýagyny çalyp:
– Bismilla, meniň elim däl Lukman Hekimiň eli diýip-işe girişdi.
Keýik lukmanyň alçaklygyna, süýji sözüne birneme ýüregi giňän ýaly bolan Aýjeren şu ýerde bir täsin wakanyň şaýady boldy. Elini-aýagyny elläniňde aglamaga başlaýan Meýlisjik Keýik lukmanyň eli degende aglamady.Gaýta mylaýym elleriň, ýakymly täsirine öňküsindenem rahatlanmaga başlady. Keýik lukman bolsa hiç zada üns bermän Meýlisiň ellerini, aýajyklaryny, arkalaryny, boýunlaryny owkalaýardy. Ahyry lukman öz işini birkemsiz boldum edeninde Aýjeren gözlerine ynanmady. Aňsat-aňsat ukamaýan Meýlisjik süýji uka gidipdir. Keýik lukman ýuwaşjadan “çagany ýatýan otagyňa alyp gidip, ýatyr” diýip pyşyrdady. El bilen owkalamadan soňra Meýlisjik iki sagada golaý rahat uklady. Bu boluşa Aýjeren ýene-de biraz rahatlandy.
On günlük bejerginiň gutarmagyna bir gün galanda Aýjeren Keýik lukman bilen duşuşdy. Keýik lukman iş wagtyny tamamlap gaýtmakçy bolup durdy. Ol açyk gapynyň daş ýüzünde duran Aýjereni görüp:
-Geliň, geliň, näme hyzmat?-diýdi. Aýjeren girip oturansoň:
-Lukman, bagyşlaň wagtyňyzam alýan. Eger-de mümkin bolsa birki agyz gürrüňim bardy.
-Aýdyberiň, çekinmäň.
-Aýtsam, lukman men şu ogul zerarly gaty howatyrda. Size bolsa onuň keseli barada ählisi zat aýan. Size ýüregimi açaýyn diýdim. Sebäbini özüm hem bilemok, belki, meniň göwnüme bolmagam ahmal. Ýöne şu siziň ýanyňyza gelenimde ýüregimde birhili ynam, umyt döreýär, Meýlis janam rahatlanyp, süýji uka gidýär. Siz gizlemän aýdyň, maňa diňe siz teselli beriň bilersiňiz. Oguljygym ýöräp gidermi. Ýa-da….
Aýjereniň bu sözlerini eşiden Keýik lukman özüniň öýüne howlukýandygyny hem unutdy.
-Siziň diýýäniňiz näme, ogluňyz hökman ýörär. Ynha ertir obaňyza gaýdýaňyz. Ol ýerde Keýik lukman ýok. Emma çagasyny jandan söýýän, bagryndan önen balasy üçin ähli zada taýyn bolup duran ejesi bar. Men size özüm tabşyraýyn diýip durdum. Obaňyza baransoňam owkalamany özüňiz dowam ediň. Çünki siziň öz eliňiz-enäniň eli ogluňyz üçin gaty tasiri güýçli em. Özem bejergä başlamankaňyz künji ýagyny az mukdarda çagajygyň bedenine çalyşdyryň. Özem bar mähriňizi-söýgiňizi eçilip, uly ynam bilen owkalaň. Tä şol çalan künji ýagyňyz çaganyň bedenine mazaly siňip, çaga rahat uka gidýänçä owkalaň. Enäniň öz çagasyna bolan çäksiz söýgüsiniň öňünde durup biljek hiç hili dert bolup bilmez. Esasy zat meniň diýýänime ýürekden ynanmagyňyz gerek. Düşündiňizmi?
Aýjeren Keýik lukmandan minnetdar bolup hoşlaşyp gaýtdy.
Onuň aýdyşy ýaly öýe geleninden soň Meýlisjigiň el-aýaklaryny owkalamaga başlady. Ilki birhili özüni oňasyz duýup, Meýlisjigiň aglamasyna eli sowan ýaly boldy. “Bu maňa oňartjak däl, öýdýän” diýip bir owkalamagyny goýjak hem boldy. Emma Keýik lukmanyň aýdan sözleri gulagynda ýaňlanyp, birhili tijendi. “Balajygymy, hökman, ýörederin, özüm ýörederin. Entek nesip bolsa dostlary bilen tirkeşipjik mekdebe gatnap başlar” diýip öz-özüne göwünlik berip, edil Keýik lukmanyň öwredişi ýaly ogluna bar yhlasyny, söýgüsini, siňdirip owkalady. Ene ýüregindäki möwç urýan söýgündenmi, mylaýym demindemi, enesiniň ýakymly eliniň täsirindemi Meýlisjigem ynjalyp, rahatlanmaga başlady.
Üç aýyň dowamynda gün sypdyrman ejesiniň künji ýagyna mähir-söýgi garylan owkalamaryny alan Meýlisjigiň nobatdaky barlagdaky netijeleri düýpgöter üýtgäpdi. Barlagyň netijeleri bilen tanyşansoň Aýjereniň üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýene-de Keýik gelneje, şol bejergiler. Bu gezek gaýtjak wagty Keýik lukmanyň özi Aýjerene:
-Gördüňizmi, öňegişilik bar, şu ýagdaýy dowam etdirseň, öňümizdäki aýda ogluňyz bir zatdan ýapyşyp ýerinden turup başlar. Ondan soňam bir gezek getirersiň. Soňky gezekde Meýlisjik, öz aýajygy bilen ýöräp geler. Meniň diýýänlerim birneme iiräk, birneme gijräk bolmagam mümkin. Depginimizi gowşatmaly däldiris. Öňem aýdyşym ýaly biz diňe bir sebäpkär, çaga üçin esasy lukman seniň özüň, esasy bejergi seniň söýgiňdir-diýdi. Mundan soňra Aýjereniň Meýlisjige bolan yhlasy hasam güýçlendi.
Bir günem ir bilen oýananda öz gözüniň görýän zatlaryna özi ynanmady. Hemmelerden ir oýanan Meýlis tikin maşyn oturdylan stoluň aýagyndan ýapyşyp ýerinden turupdyr. Özüniň ýerinden turanyna begenip, begenjine “eje-e-e” diýip gygyryp goýberdi. Aýjeren nädip onuň ýanyna baranyny, bagryna basanyny duýman galdy. Şundan soň-a diňe bir ejesiniň däl, kakasynyňam, uly gyz dogany Merjeniňem bar aladalary Meýlise ýöremäni öwretmek boldy.
Keýik lukmanyň diýişi ýaly üçülenji gezek bejergi almaga hassahana gelende Meýlisjik Keýik lukmanyň otagyna öz aýajyklary bilen ýöräp girdi. Keýik lukmany göreninde edil ýakyn hossaryny gören ýaly ejizläp, gözlerinde begenç gözýaşlary peýda bolup, bokurdagy dolan Aýjeren zordan:
-Keýik gelneje, ine siziň ogluňyzy getirdim. Özem siziň otagyňyza öz aýajygy bilen ýöräp girdi. Biz size ömürlik minnetdar. Köp sag, boluň, kesbiňizden kemal tapyň -diýip, Keýik gelnejäni gujaklady. Keýik gelneje:
-Goý doganjygym aglama, azabyň ýerine düşenine begen. Bir hakykata doly ynan. Ynsanyň durmuşynyň özeni onuň söýgüsidir. Muňa bolsa sen aýdyň göz ýetirdiň. Galan durmuşyňyz hem söýgä beslensin. Çünki Söýgüde çäksiz gudrat, keramat jemlenendir -diýdi.
Bellik: Hekaýa hakyky durmuşda bolup geçen waka esasynda ýazyldy.
Kemal Sabyrow,
TMÝG-niň Görogly etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!