ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi – duýgularyň şasy

Söýgi duýgularyň şasy hasaplanýar. Ol ynsany umyt ýaly ganatlandyryp onuň kalbyny heýjana getirýär. Her bir halkyň özüne mahsus söýgi pelsepesiniň bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem öz milli aýratynlyklaryna esaslanýan söýgi duýgusy bardyr. Ol öz gezeginde iki topara bölünýär. Olar Zemin we Ylahy söýgüdir. Ylahy söýgi hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýaradylanyň Ýaradana bolan söýgüsidir. Zemin söýgüsi bolsa Ýer ýüzündäki ynsan oglunyň kimdir birine garşy bolan duýgusydyr. Ol hem öz gezeginde Mähir, Muhabbet we Yşk diýip üç topara bölünýär.

Hemmämize mälim bolşy, ýaly mähir arassa duýga aýdylýar. Bu arassa duýgy eneň ataňa, dogan – garyndaşyňa,  dost-ýaryňa, bala-çagaňa we eziz Watanyňa bolan söýgüň bilen kesgitlenilýär.

Muhabbet bolsa söýgi we mähir bilen bagryň badaşmagyna aýdylýar.

Yşk duýgusy; Yşk bu adamzada Hudaý tarapyndan berilýän absalýut hakykylyga eýe bolan kämil hem ajaýyp duýgudyr. Şahyrymyz G.Ezizowyň aýdyşy ýaly, bu duýgy adama ömründe ýeke gezek berilýär, ol özüniň “Söýgi” sonetler çemeninde bu babatda şeýle diýýär.

Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:

Mydam köňül arzuwyna ýetme ýok.

Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,

Ýaşamagam iki gezek berlenok.

Şahyr bu setirleriň üsti bilen Ýaradanyň islegi we eradasy bilen ynsana peşgeş berilýän bu duýgunyň ömrüňde bir gezek berilýändigini düşündirmek isleýär.

Bu duýgy  ynsanyň  ýüregine, aňyna we ruhuna siňip bakylyga  tekrarlanýar. Şahyr bu barada şeýle diýýär:

Belki ýaşaryn elli, belki ýaşaryn altmyş

Ýöne maňa bagt beren, şatlyk beren iň ilki

Seni unudyp bilmen, gitsem baky ukada

Seniň bilen galaryn, bu dünýäde ýokkamda

Diýen setirleri hem bu sözlere şaýatlyk edýär. Yşk ýa-da söýgi duýgusynyň halk arasynda ýa-da halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde aýdylşy ýaly, “söýgi ýaşa, derejä, baýlyga we görke garamaýar”. Ol duýga adam köre-körlük bilen gulluk edýär. Elbetde eger-de ýürek birini söýse,  ruhy oňa tagzym edýär. Jelaleddin Rumynyň “Güli söýen dikeninem söýer” diýip  belleýşi ýaly, söýen ýürek ýaryndan kemçilik gözlemeýär. Ony bar kemçilikleri bilen kabul edýär. Haçan-da adamynyň ruhy ony bolşy ýaly, kabul eden adamynyň ýanynda rahatlyk tapýar. Ruhunyň rahatlyk tapan ýerinde bolsa adam bagtlydyr. Bu bolsa hakyky söýgüden nyşandyr. Bu barada şahyr özüniň goşgy setirlerinde şeýle diýýär.

Şäherli gyzy söýdüm

Sen obalyň deregne

Ol teselli bermedi

Sen ot berdiň ýüregime

ýa-da

Seni unudyp bilmän,

Bu gün urdum kyrka ser

Ýigrimi niri kyrk niri,

Ençe wagt geçäýen

Sen barha ýakynlaşýaň,

Gözlerimden uçaýman

Gözler görmese-de, ony kalbyňda saklamak,  ruhuň bilen duýup, ony ýoklugynda-da ýaşadyp bilmek hakyky söýgä mahsus häsiýetlerdir. Aslynda söýgi mukaddesdir ol duýgy ynsan kalbyna huruç berýär. Söýgüni menziller ýa-da aýralyk ynsan kalbyndan çykaryp bilmez. Yşka uçran adam söýgüsini her dogan günde onuň keşbini görmegi başarýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow bu barada öz goşgusynda şeýle diýýär:

Men bir gyzda gözleriňi görerin,

Men bir gyzda sözleriňi görerin.

Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,

Gijede görerin — ýaňagyň halyn.

Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin.

Onda seniň gözýaşyňy görerin.

ýa-da

Zemin aýlanyp dur,

Oňatlyk örän! Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.

Dünýäň her gülünde men seni görýän,

Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok diýlişi ýaly, yşka uçran adam öz söwer ýaryny her säheriň dogan gününde görmegi başarýar.

Söýgüsiz ynsan ömrüni göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi her ynsan söýgä howadyr suw ýaly mätäçdir. Söýgi döretmesi kyn bolan eserdir. Eliň ýa-da pikriň bilen däl duýdularyň bilen emele gelýändir. Ol duýgy dilde däl göwünlerde ýaşaýar. Göwün dünýäsini heýjana getirýändir. Söýgi ýaşaýşyň ruhubelentligiň geljegiň belent ädimleriniň basgançagydyr. Ol garaňky gijeleri ýagtyldyp, daş ýollary ýakynlaşdyrýar hem-de dertlere derman berýär. Aslynda söýginiň takyk kesgitlemesi ýokdyr. Her ynsan söýgi näme diýilen soraga özüniň durmuş tejribesine we dünýägaraýşyna görä jogap bermegi başarýar. Şoň üçinem bu duýga dürli kesgitleme bermek bolar. Şahyrymyz K.Gurbannepesow özüniň söýgi näme diýen goşgusynda söýgi barada şeýle diýýär:

“Söýgi?” näme diýdim bir ajap gyza

Ol ilki elini uzadyp yza

Diýdi: “söýgi meniň edebim, haýam

Ýogsa şol ýigidi guçardym eýýäm!”

Ýa-da

Söýgi näme diýdim şahyra garap

Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap

Diýdi:”Sorap barda jogap ýok yşka,

Jogap bir başgadyr, söýgi bir başga!”

Şahyr “Söýgi bilen kämillik goşgusynda şeýle diýýär!

Söýgiň nämedigin bilýän adam ýok

Ýöne men şondada bir zady bilýän

Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir

Söýülmegiň üçin söümegiň gerek.

Şahyr söýgi hakdaky goşgularynyň ýene birinde şeýle diýýär;

Eger seni özüm döreden bolsam,
Hyýalymda, arzuwymda her günüm,
Näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de,
Seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm.

ýa-da

Düşündirip bolýan zatlaň barysy
Söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.
Söýgi — galaryndan beýikdir, beýik,
Söýgi — boýlaryndan çuňňurakdyr has.

 

Şahyr Kerim Gurbannepesow bu setirleriň üsti bilen türkmen söýgi duýgusunyň edep ekramdan, ar-namysdan üstün däldigini öz setirleriniň üsti bilen ýaş neslimize öwüt-ündew hökmünde belläp geçipdir. Şeýlede söýgüniň garşylykly bolýandygyny belläpdir. Aslynda şahyryň aýdyşy ýaly söýgi garşylyksyz bolanda ynsana bagt getirýär. Eger ol garşylyksyz bolsa hasratdan başga ynsana berjek zady ýokdur. Bu babatda “Yşk mülküniň şasy” hasaplanýan Mollanepes hem öz setirlerinde bu pikir dogrusunda şeýle diýýär. “Köňlüm”

“Aşyk bolan gulak salar bu söýgä,

Mejnunam, Leýli üçin çykmyşam düzge.

Meniň köňlüm ýarda, ýar köňli özge

Herňiz el aýyrmaz biçäre göwnüm.

Söýgüniň bar ýerinde sylagam-hormatam sabyrlylygam geçirimliligem bar. Söýgiňiz berk bolsun, baky bolsun gar kimin arassa bolsun. Dünýäde söýgi höküm sürsin söýülip hemem söýüp ýaşaň…!

Bossan Hajyýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň jemgyýeti

öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri