Söýgi-bu näme? Geliň, şol sowalyň jogabyny tapmaga synanyşalyň. Söýgi – bu jümle biziň durmгşymyzyň manysy. Bu duýgy biziň durmuşymyzyň özeni, aýrylmaz bölegi. Ol ýaşaýşyň manysydyr. Söýgi – bagtyň köprüsi. Ol ynsanyýetiň düýnüni, şu gününi we ertirini birleşdiriji duýgy şalygynyň mynasyp dowamydyr. Söýginiň ýok ýerinde janlylyk, mähribanlyk ýokdur. Çünki ýüreginde söýgi bilen ýaşaýan adam geçirimli hem rehimdardyr. Bu söz bizi ýeňişlere ruhlandyrýar. Söýgi ynsanda bar bolan gowy häsiýetleri oýarýar we hormat – sylag hem ynam döredýär. Adam ömrüniň dowamynda söýgi duýgusynyň dürlüçe – Hudaýa, ene-ata, dogan-garyndaşa, perzende, söwer ýara, Watanyna, saýlanyp alnan hünärine bolan söýgi ýaly görnüşlerini başyndan geçirýär.
Söýgi barada şeýle setirler ýadyma düşýär:
*Käte ýüregimde duýgy doly bir zat emele gelýär, düşündirip bilemok. Gürlemegi unutýan şol wagt. Gözlerim bilen aýtýan hemme zady, ýöne hiç kim görmeýär…
*Bir öýde söýgi bolmaly, bagt bolmaly, göwne-de degişmeli, ýaraşmalam, ýöne ilki bir öý bolmaly, ol öýde-de Sen bolmaly.
* Käwagt sessiz bolmak, göwnüňe degilenini bildirmegiň iň gowy ýoludyr.
Käteler geçen günlerim barada oýlanýaryn. Ah, şol günler. Adam ömründe ýekeje sapar söýüp bilýärmişin diýýärler. Şol hakykat eken. ýadyma düşýär, heý-de ol duşuşygy unudyp bolarmy näme? Çagalarymyň ejesine men bir bakyşda aşyk boldum. Men oňa bir sapar “Men seni söýýän” Dünýäm diýenimde, sen “Hany aýt, söýgi näme?” diýen soragy beripdi, “Söýýänligiňi düşündir” diýipdi. Men onuň bu soragyňa kän wagt jogap gözledim we şeýleräk jogap berdim. “Seni söýýänligimi neneň subut edeýin. Bir kagyzda jemläp, Söýýän sözümi saňa beýan edeýin. Ýöne içki duýgularymy ýazmana azlyk eder hemme akja kagyzlar. Eger menden gaty görüp gidäýseň, elimdäki güller gurap saralar. Puşmanlyk däl seni söýenim gülüm. Ykbal arzuwlarym baryn jem edip, ýagty geljegime söýgi döreder. Söýgi – bu meniň seniň bilen bileje geçiren her bir minudyma begenýänligim! Haçanda, meniň ýüregim seni her gezek gören çagym ýa-da seniň sesiňi eşiden çagym, doňup galýanlygy ýa-da tersine gürsüldäp urup başlaýanlygy. Meniň söýýänligim – bu meniň hemme ýerde jübi telefonymy ýanymdan aýyrman, hat-da ýatamda hem ony başujumda goýup ýatýanlygym.
Eger 1 minutda 60 sekunt bolsa, men seni 61 sekuntda ýatlaýanlygym. Bu dünýädäki gyzlaryň içinde iň owadan perizadym. Men senden başga hiç bir gyzy senden owadan hasap edip bilmezligim. Her sapar uka giden halatym-da, oýananym-da diňe sen hakda pikir edip ýatýanlygym we oýananlygymda! Söýgi – bu meniň ýüregimdäki hemişelik duýgгm” diýip jogap beripdim. Dünýä şol wagty maňa seredip, meniň aýdan sözlerime dymyp galypdy.
Yna, indi bolsa biz bu söýginiň güýji bilen uly bir maşgala bolduk.
Hakykatdanam, söýgi diýilýän zat bar eken. Men muňa ynandym…
Gülruh Atabaýewa,
TDIM-niň Halkara Gatnaşyklary institutynyň talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!