Söýgi dünýädäki iň süýji we syrly duýgy. Ýöne ol nireden gelýär ?! Köpler ony Ýaradan tarapyndan berlen nygmat diýip bilse, başgalar ony nebsiň oýny diýip bilýär, alymlar bolsa söýgi organizmiň himiki reaksiýasy diýen netijäni öňe sürýärler. Söýgi her kime her hili täsir edýär, şonuň üçin hem onuň tarypy dürli–dürlüdir. Men bolsa size söýginiň gudratly güýjünden söz açmak isleýärin …
Tekepbirlik we söýgi
Söýgä boýun bolmazlyk … Şeýle ýagdaýa-da duşup bolýan eken dünýäde. Söýýäň, ýöne aýan etmäge iç-içiňden bir zat garşy çykýar. Kalbyňda dörän söýgüň üçin ýanyp–bişersiň, emma daşyňa hat-da tüssesinem çykarmarsyň. Iň ýakyn adamlaryňa hem duýgularyň barada dil ýarmarsyň, olaram kalbyňda gopýan harasatdan bihabar gezibererler. Öň hiçkime düşmedik nazaryň, indi diňe bir ynsana dikilenini duýarsyň. Öň hiç kim paýlaşmadyk syrlaryňy onuň bilen paýlaşmak islärsiň. Şol adam seniň arzuwyňdaky şazada, düýşleriňde keşbini gören ynsanyň. Onuň bilen bagtly boljakdygyňa, durmuş ýoluny baglap biljekdigiňe-de gözüň ýetýär. Ýöne ýene söýgüňe boýun bolasyň gelmez…
Seniň düýşleriňde gören, arzuwyny eden hyýallaryň amala aşyp başlar. Iç-içiňden begenersiň, dünýä bar sesiň bilen “Men ony gowy gördüm” diýesiň geler. Ýöne ýene öňki gyzlyk edebiň bu zatlara päsgel berer.Ol saňa sereden mahaly bar bedeniň titräp gidäýerem welin, daş-töweregiňe birjik-de duýdurmarsyň. Ýüzüň begenjiňden gyzarsa, howanyň gyzgynlygyny bahana edersiň. Onuň başga gyzlara habar gatýanyny görseň, ýüregiň ýarylara geler. Şol wagt ony hemmelerden, hat-da iň ýakynlaryndanam gysganarsyň. Ýöne öz içiňdäki duýgularyňy äşgär etmäge gezek gelende bolsa, diliň lal bolar. Seniň pikiriňçe, kalbyňdaky duýgularyňy aýdan pursatyň, edil şol pursat mertebäm pese gaçar diýersiň …
Ynha-da bir gün, ajaýyp günleriň birinde garaşylmadyk ýagdaýda, ol seniň ýanyňa geler-de, seni söýýänligini aýdar. Begenjiňden iki bolup bilýän dälsiň welin, ýene tekepbirlik edip, onuň söýgüsini synagdan geçirip başlarsyň. Beýle gazaply bolmak gerek dälem welin… “Seni söýdüm“ diýip, gözleriňe bakyp durana-da rehmiň gelmez. Ol hat-da seniň bilen durmuş ýoluny birikdirjegini-de aýdar. Bu seniň näçe wagtlap garaşan, arzuwyny eden bagtyň-a?! Ýok, sen şonda-da tekepbirligiňi dowam edersiň …
Eý ýürek! Beýle-de tekepbir bolma! Heý-de seni söýen ýar, seniň ýekeje şirin sözüňe laýyk bolmasa. Sen şeýle tekepbir bolarsyň welin, öz duýgularyňy aç-açan diliňe getirip bilmersiň .Ýöne…
Ýöne söýgi şeýle bir güýçli duýgy, hat-da tekepbirlik hem onuň öňünde baş egýär. Bir gün geler, şol tekepbirligiň arkasyna gizlenip duran söýgi özüni aýan eder. Şu zatlara pikir ýüwürdip, şahyryň şu setirleri hyýalyma geldi :
Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sada bol, Aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, olar bar entek
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly .
Hassalykdan üstün çykan söýgi
Meşhur kardiolog, lukman Wladimir Andreýewiç Almazowyň iş otagynda çüýşe gapda ynsan ýüregi saklanýardy. Her bir talyp bu çüýşe gapdaky ýüregiň taryhyny gowy bilýärdi.
Geçen asyr 50-nji ýyllaryň başynda, Almazow Moskwadaky ilkinji medisina ýokary okuw jaýynyň 4-nji ýyl talyby hökmünde bilim alýan ýyllary, instituta degişli hassahanada ,,septik endokardit “ bilen kesellän gyz bejergi almak üçin bu ýere gelýär. Bu elhenç kesel hat-da häzirki günde hem, köp ýagdaýlarda ölüme getirýändigi mälim. Gyzyň ýagdaýyny synlap, lukmanlar hiç hili umydyň ýokdugyny aýdypdyrlar. Näsagyň beden gyzgynlygy tiz-tizden 40 (0C) derejäni görkezip, ýüregi barha ejizläp barýan eken. Onuň keseli bilen güýçli professorlar hem gyzyklanypdyrlar .
Şol wagtlar tejribelik geçýän talyplaryň arasynda Almazowyň ýyldaşy, ökde bir oglan hem bardy. Şol oglan hassa gyzyň derdine melhem tapypdyr. Nädip diýýänsiňiz?! Ol bejergi üçin täze usul ýa-da pikiri öňe sürmedi. Diňe şol kesel bilen göreşýän gyzy çyn ýürekden söýdi. Ol her gün gyzyň ýatan otagyna bir gujak gül bilen gelip başlapdyr, gyz hem wagt geçip oňa öwrenşipdir. Şeýlelikde, günler geçip umyt ýok diýlen hassa ýuwaş –ýuwaşdan sagalyp ugrapdyr .
Aradan wagt geçip, olar durmuş gurupdyrlar. Bagtly ömür sürüpdirler. Kümüş toýy mynasybetli hassa ýatan wagty özüne sereden lukmanlary hem toýa teklip edipdirler .
Köp ýyldan soň, aýal garrylyk ýaşyna ýetende, ölüm bilen ýüzleşmeli bolupdyr. Ölmezinden öňinçä, birden ýogalsa öz ýüregini ilkinji medisina ýokary okuw mekdebine berilmegini wesýet edipdir we şu sözlerini ýatda saklamaklaryny nygtapdyr: “Hassa ýürek diňe söýgüden doly ýürekden melhem tapar…”
Çyndanam söýgi gudratly güýç. Ol ähli garşylyklary ýeňmäge ukyply. Durmuşymyzy gözelleşdirjek owadan söýgi bizi hiç wagt terk etmesin, onuň barlygyny duýup ýaşalyň!
Bagtygül Ernazarowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň
3-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!