Söýgi – ynsan kalbyna mähir-muhabbet bilen aralaşyp, ruhuny galkyndyrýan, diýseň täsin duýgudyr. Bu täsin duýgunyň iň täsin ýeri bolsa, onuň umumadamzat keşbinde bada-bat janlanmasydyr. Çünki, söýgi deňziniň tolkuny ynsan meňzine nuranalyk çaýýar. Bu nurana görnüş bolsa, her bir kişiniň özboluşly bir ruhy baýlygydyr. Diýmek, söýgi, gör, nähili ajaýyp duýgy. Bu täsin duýgunyň umumadamzat kalbyna aralaşmagynyň düýp esas özeni bolsa, ynsan ünsüni özüne bendi edýän ýakym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki, ýakym adamyň ünsüni özüne çekijilik bilen gözüne geň-enaýy görnen, sulhy alan tebigatynyň özboluşly bir üýtgeşik närseleridir. Muňa daşky gurşawyň gözel görnüşleri bilen, adamlaryň bolsa ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen, ynsan gözüne has yssy görünýän täsin keşbi degişli bolup durýar. Diýmek, söýgi ýakymlylykdan döreýär, ýakymlylygyň bolsa, sakasy ynsanyň görüş synasy bolan gözden gözbaş alýar. Çünki, owadan dünýäniň gözel tebigatyndaky, adamzadyň ajaýyp gylyk-häsiýetindäki jana ýaramly ýakymy ilki bilen göz görýär, ondan soňra duýgy synasynyň üsti bilen ynsan kalbyna aralaşýar. Netijede, ýaşaýşyň ýakymyny gören göz, duýgy bilen ruhy galkyndyryp, ynsan kalbyny mähir-muhabbete ýugran gudraty – mukaddes söýgüni döredýär.
Umumadamzat ömrüniň many-mazmunyna öwrülen ajaýyp söýgüniň gözden başlanýandygy baradaky bu ylmy hakykaty milli Liderimiz hem özüniň «Döwlet guşy» romanynda beýan etmeklik bilen: «Adam göz bilen gözelligi, durmuşy kabul edýär. Göz – ruhy ölçeg. Ynsan göz bilen aşyk bolýar. Gözler oňa ýaşaýşyň, diriligiň tagamyny dadyrýar. Gözelligi gören, bilen adam ondan aňsat-aňsat aýry düşmek islemeýär. Hemişe şonuň bilen bile bolasy gelýär.» – diýip belläp geçýär. Diýmek, ýaşaýşyň göz bilen duýga aralaşan ajaýyp ýakymy – söýgüniň ynsan kalbynda tolkun atyp, möwç urýan täsin akymy.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanyndaky:
«Söýgi – ýaşaýyş bilen mähir gatnaşyklaryna girmekdir.
Söýgi – ýaşaýyş hyjuwlarynyň oýanmagydyr.» – diýen parasatly taglymy, biziň pikirimizçe, söýgüniň ylmy nukdaýnazardan kesgitlenen anyk kesgitmesidir. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp taglymynda «Söýgi» aňlatmasyny özüniň çeper pelsepewi pikir garaýyşlarynyň esasynda has düýpli, çuňňur düşündirmekligi, özboluşly bir ylmy taglymatdyr. Muny alym şahyrymyz Ahmet Mämmedowyň «Durmuş duýgulary» atly liriki eserindäki:
Söýgi diýmek, mukaddes bir Eptekdir,
Ol – ylym ulgamy, uly mekdepdir. – diýen şahyrana ylmy teswiri hem aňryýany bilen tassyklaýar. Bu ajaýyp şygyr setirlerinde şahyr «söýgi» düşünjesiniň ýöne bir aňlatma däldigini, onuň ylym ulgamy bilen baglanyşykly bolan düýpli bir pelsepedigini dile getirýär. Diýmek, söýgi umumadamzat ýaşaýşynyň many-mazmunyny düzýän ylmy nazaryýetdir.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz özüniň «Döwlet guşy» romanynda söýgüniň «Ýetginjeklik söýgüsi», «Juwanlyk söýgüsi», «Kämillik söýgüsi», «Bakylyk söýgüsi» ýaly dört görnüşiniň bardygyny beýan edýär. Milli Liderimiziň bu ajaýyp romanyny okan her bir okyjy adamyň ýetginjeklik söýgüsinde özüni, juwanlyk söýgüsinde zenany, kämillik söýgüsinde dünýäni, bakylyk söýgüsinde bolsa bakylygy söýýändigine anyk-aýdyň göz ýetirer. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda bellemegine görä, ynsan on üç – on dört ýaşlarynda ýetginjeklik söýgüsine, 18 ýaşynda bolsa juwanlyk söýgüsine sezewar bolýar. Bu söýgi görnüşleri adamyň ýaşyna görä, berlen söýgi tapgyrlarydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu söýgi görnüşleri adamyň ýaşyna görä tapgyrdan tapgyra geçip üýtgäp durýar. Ylmy nazaryýet taýdan muny «durnuksyz söýgi» diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar. Ýeri gelende aýtsak, ylmy nazaryýetde bu söýgä garşydaş, üýtgemeýän «durnukly söýgüni» hem döredip bolar. Ynsanyň ata-enesine, ýanýoldaşyna, perzendine, dost-ýaryna, kärine bolan söýgüsi, ömrüniň ahyryna çenli kalbynda hemişelik, baky ýaşaýan, üýtgemeýän durnukly söýgüdir. Şeýlelik bilen, söýgüni ylmy nazaryýet taýyndan «durnukly söýgi» we «durnuksyz söýgi» diýen iki topara bölmeklik bolýar.
Durnukly söýgüniň käre bolan söýgi görnüşi ynsanyň zähmete bolan söýgüsiniň aýdyň ýüze çykmasydyr. Çünki, diňe zähmet söýgüsine duçar bolan adam bagtly bolup bilýär. Ýeri gelende aýtsaň, durnukly söýgüniň beýleki görnüşlerini – ynsanyň ata-enesine, ýanýoldaşyna, perzendine, dost-ýaryna bolan söýgüsini iki taraplaýyn hemişelik durnuklaşdyryp bilýän söýgi hem zähmet söýgüsidir. Ýeri gelende aýtsaň, ynsanyň zähmete bolan söýgüsini-de, biziň pikirimizçe, «Tebigy söýgi» hem-de «Emeli söýgi» diýen iki topara bölmeklik bolýar.
«Tebigy söýgi» ynsana Allatarapyn berlen özboluşly bir üýtgeşik «gudratdyr». «Gudrat» sözi bolsa türkmen diliniň düşündiriş sözlüginde: «Tebigatda adatdan daşary güýjüň täsiri netijesinde ýüze çykýan hadysa, alamat, keramat.» – diýen manyny berýär. Diýmek, «Tebigy söýgi» – tebigatda adatdan daşary güýjüň täsiri netijesinde, ýagny Allatarapyn ynsanda ýüze çykýan keramatdyr. «Tebigy söýgüniň» täsiri esasynda şeýle mukaddes güýjüň, Hakdan halatlylygyň çagajykda ýüze çykyşyny il içinde Gulbaba diýlip tanalan Möwlamberdi Hanowyň mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Gulbabanyň 2,5 ýaşynda mekdep mähellesiniň öňünde aýdym aýtmagy, onda-da kiçijik oglanjygyň mahmal owazyndan ganyp bilmedik okuwçylar tarapyndan şol bir aýdymyň gaýtadan üç gezek aýtdyrylmagy ýöne ýerden bolýan zat däldir. Bu ýagdaý körpeje çagajyga Allatarapyn berlen «Tebigy söýgüniň» keramatly ylahy gudraty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Pikir edip, görüň! 2,5 ýaşyna ýetmedik çagalaryň köpüsi oňly gepläbem bilýän däldir, käsine bolsa 3 ýaşaýança dilem bitýän däldir. Emma, Gulbabajyk bolsa, 2,5 ýaşynda saýrap duran dili bilen mekdep mähellesiniň öňünde türkmen halk aýdymyny aýdýar. Ine, şuňa gudrat diýmän, näme diýjek. Şeýle uly gudrat bolsa, çagajykda, elbetde, Allatarapyn onuň gursagyna guýlan «Tebigy söýgüniň» esasynda dörändir. Çünki, Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sazanda Han Akyýewiň maşgalasynda dünýä inen çagajyk elmydama kakasynyň çalýan täsin mukamy bilen oýanyp, şol mahmal owaz bilen hem uka batypdyr. Aýdym-sazyň ajaýyp sazlaşygynyň ýakymly labzy oglanjygyň çagajyk kalbynda üýtgeşik bir duýgynyň ýiti täsirini oýarypdyr. Bu ýiti täsir bolsa körpejäni özüne bendi edip, onda aýdym-saza bolan «Tebigy söýgüni» döredipdir. Hut şu «Tebigy söýgüniň» gudraty kiçijik oglanjygyň aňyýetinde üýtgeşik bir dogabitdi zehini döredip, onuň 2,5 ýaşyndaka-da özüne ýaňy dil bitendigine garamazdan, bilbil kimin saýrap duran mahmal owazda aýdym aýdyp bilmegine sebäp bolupdyr. Diýmek, «Tebigy söýgüde» adamzady öz erkine goýmaýan adatdan daşary güýç, zehin, ukyp-başarnyk bar. Şunuň ýaly, «Tebigy söýgüniň» gudraty bilen öz-özüni kämilleşdirip, öz wagtynda saýlan hünäriniň eýesi bolýan ýaşlarymyz başga-da kän.
«Emeli söýgüde» bolsa adamzady ugrukdyrmaklyk arkaly daşky gurşawdaky närselere – hünärlere bolan gyzyklanmany emeli ýol bilen döredip bolýar. Ýöne, «emele söýgüni» ynsanyýetde kemala getirmeklik işi şahsyýetden, diýseň, uly zähmeti talap edýär. Muňa, Oguz han atamyzyň zamanasyndan orta asyrlar döwrüne çenli hereket eden milli atalyk mekdeplerimiziň mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Atalyk mekdebiniň atalygy – mugallymy çagada dürli tälimlere «emeli söýgüni» döretmeklik üçin, ony beýik şahsyýet derejesine ýetirmeklik üçin, atalyk işine tutuş düýrmegi bilen ýapyşyp, maşgala durmuşyny gurmandyrlar. Çünki, olar bu işe bütin ömürlerini bagyş edip, türkmen halkynyň beýik ogullaryny kemala getiripdirler.
Häzirki döwürde-de, çagada mekdepden daşary okuw merkezlerine gatnaşdyrmaklyk esasynda hem-de öýe geleninden soň ata-enäniň perzendiniň okuw derslerine gözegçiligi astynda hünäre bolan «emeli söýgüni» döredip bolar. Ýöne, «emeli söýgüni» döretmeklik üçin, mugallymam, ata-ene-de ýa mähir bilen çaga dünýäsine aralaşmalydyrlar, ýa-da ony öz derejelerine ýetirip, hoşamaý gatnaşyk saklamalydyrlar.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!