Meniň pikirimçe söýgi durmuşyň özeni. Bu waka durmuşymda her gozgalanda ýüregimdäki könelişen ýarany gozgasa-da, ýene bir gezek ýatlap geçmekçi boldum!
Mekdebi tamamlanymyzdan soň hem dowam eden joralygymyz, ulaldygymyzça has berkeýärdi.
Ýygy-ýygydan görşüp her hili gürrüňler edýärdik. Obanyň toýlaryna, baýramçylyklaryna dört bolup bileje gidýärdik. Ýaşlygymyzdan galan täsirli ýatlamalarymyz kändi. Bu hem olardan biri bolup galdy.
Gurban baýramynyň gyş paslyna düşýän wagtlarydy. Gurbanlyk obamyzda diýseň hezil geçirilýärdi. Goňşy-golam, garyndaşlaň gurbanlyklaryna aýlanýardyk. Soň ir agşamdan başlap mekdep meýdançamyzda aýdym-sazly dabara dowam edýärdi. Uly-kiçi hemmeler şol dabara baryp, tans edip şagalaňly geçirýärdik.
Joralarymyň biri oba dükanynda satyjy bolup işleýärdi.
Gurbanlykdan 10-15 gün soň şol joram bize oturmaga geldi. Gurban baýramynyň nähili hezil geçirendigimizi, başga-da birnäçe gürrüňler edip oturdyk.
Birdenem joram “Seni synlan oglany gördüňmi?” diýdi. Men kän söýgi meselesine ynanmamsoň üns bermändirin, görmändirin. Ýene şol ünssüzlik bilen bu gürrüňe-de gülüşdikde goýduk.
Meniň iki oglan jigim, ýekejede gyz doganjygym bardy. Gyz doganym dogulanda bilinde kemçilik bolup, ýöräp bilmänsoň bar gyzyklanýan zadym şoldy. Diňe şony şadyýan etmek üçin köp zatdan geçipdim, häzirem geçýän. Köp wagtymy doganym bilen öýde , hassahanalarda geçiremsoň, obamyz gaty uly bolmasada oba adamlaryny tanamaýardym.
Günlerde bir gün dört bolup otyrkak ýaňky joram gurbanlykda synlan oglanyň dükana ýygy-ýygydan gelip, meni soraýandygyny, nähili gürleşip biljegini gaýtalap durandygyny aýtdy. Men ozal aýdanynda gyzyklanmamsoň ol oglanyň ünsüni bölmek üçin başga obada ýaşaýar diýipdir. Men joramyň bu sözüne begenip, ýene ol gürrüňiň üstünde durmadym.
Ýöne soň bir gün ýene joram geldi-de: “ýaňky oglanyň haýsy obada ýaşaýanam bolsam, meni tanasy gelýändigini gürleşjek zatlarynyň bardygyny ” aýdyp günde dükana gelýändigini aýtdy. Men joramyň bu ýagdaýdan ýadandygyny duýdum. Özüm gürleşip dükana barmazlygyny aýtmak üçin öýjükli telefonumyň belgisini bermegimi haýyş etdim.
Tomus paslydy: şol günüň agşamy telefonuma nätanyş belgiden jaň geldi. Öýjükli telefonuň ýaňyrak çykan wagtlarydy. Jigim harby gullukda bolansoň şol jaň edýär diýen pikr bilen telefony açdym. Telefondaky erkek kişidi, men tanamadymda “kim siz” diýip soradym. Ol “Men Allaberdi. Bir ýyl bäri ugruňda köýüp ýören oglan” diýdi. Men bu sözi birinji gezek eşidişim däldi. Ýöne bu gezek bu söz ýüregime göni baryp siňipdi. Men näme gürleşjegimi bilmän dymyp durşuma zordan özümi dürsäp, saşşyldawuk sesim bilen dükana barmazlygyny aýtdymda telefony goýdum.
Maňa onuň sesi şeýle mylaýym, mähirli, şeýle ýakymlydy. Ol sesi eşidýänçäm ýaşan ömrüm hiç ýaly bolup durdy. Bu hakyky söýgi bolmaly. Ýüz keşbi, görnüşi maňa nätanyş bolsada sesi indi dünýäniň iň owadan oglanyny göz öňüme getirýärdim. Ýöne şonda-da ol gaharlanmagyň deregine içi söýgüden, mähirden dolup duran goşa kagyzly hatlary jorama eltip gaýdýardy.
Durmuş, söýgi, geljek hakda gürrüňler edýärdik. Ol obada ýaşasa-da oba mekdebinde okamansoň ol meni tananokdy, menem ony tanamokdym. Günüň dowamynda hökman bir gezek gürrüňleşýärdik. Şol gürrüňleriň arkasy bilen biz eýýäm köp ýyl bäri tanyş ýalydyk. Obanyň toýlaryna gatnaşanymyzda ol mydama mana görünip duran ýerde durýardy. Biz ýöriteläp görüşmedik, uzakdanda bolsa bakyşlarymyz bilen biri-birimizi çaksyz söýýärdik. Ol hemişe “meniň uzyn boýly, ak ýüzli owadan gelnim bolar” diýip begenýändigini aýdýardy. Bu ýagdaý üç ýyl dowam etdi. Men Allaberdi meniň bagtym, biziň ykbalymyz bile ýazylypdyr diýip pikir edýärdim. Şol sebäpden hem öýümizdäkilere-de bu ýagdaýy aýdypdym. Her ene-ata ýaly meniň hem enem-atam öz çagasynyň bagtly bolmagyny isleýärdi. Men Allaberdi bilen bagtly boljagyma ýürekden ynanýardym.
Günlerde bir gün ejem bir tanşynyň gyzyny görüp halandygyny, menden bir ýaş kiçi oglan jigimi öýlendiresi gelýändigini aýtdy.men ejemjanyň ýüregi bilen islän bu arzuwyna göwündeşlik bildirip, tiz wagtda gudaçylyga gitmegini maslahat berdim. “Nika gyssasa” diýilýänidirdä.
Şeýlelikde ejem bilen maslahatlaşyp Allaberdileriň hem ýaglyk daňyp gitmeginiň has hem dogrusy boljagy netijesine gelip, Allaberdi bilen hem bu ýagdaýy gürrüňleşdim. Allaberdi hem bu sözüme begendi. Indi ol öýlerindäkileri bilen maslahatlaşmalydy. Şondan soň ol öňkileri ýaly günde aýlamady. Jaň eden wagty hem bu mesele barada söz açmaýardy. Men onuň “ejem şu gün barýar ” diýen sözüne garaşýardym. Allaberdi bu meseläni öýdäkileri bilen maslahatlaşypdyr. Ýöne ejesi kä bir ýagdaýlara görä: öz aýal doganynyň gyzyny alyp berjekdigini aýdypdyr. Meniň üstümde gaýnag suw dökülen ýaly bolup, köp wagtlap özüme gelip bilmedim. Hawa, meniň göz bilen göräýmäge ýitirýän zadymam ýokdy. Biziň bu ýagdaýymyzy joralarymyzdan we dostlarymyzdan başga bilýänem ýokdy. Ýöne biziň arzuwlarymyz, umytlarymyz, iň esasysy hem arassa söýgümiz puç boljakdy.
Allaberdä halys öwrenişipdim, diňe meniň ýan ýoldaşym bolar, bize ähli durmuşymyzy ajysy-süýjüsi bilen geçireris diýip pikir edýärdim. Soň bu mesele hakda gürrüňimiz bolmady. Men diňe söýgümizden geçmez, hökman bir çykalga tapar diýip pikir edýärdim we sessizje garaşýardym. Ýöne ol hiç wagt beýle bolmady. Ol her hili edip ene-atasyna ýalbaryp görüpdi, her hili pikirler edipdi. Alyp gaçmagy we başgada birnäçe ýollary pikirlenýärdi. Ýöne men enem-atamyň hem abraýyny pikir etmelidim. Wagt geçip durdy. Men ahyry bolmajagyny bilip söýgümizi ýüregimde baky gizlemegi dogrusy hasapladym. Çünki Allaberdi söýgümizden geçipdi.
Allaberdi şonda-da sesimi eşidesi gelýänini, mensiz kyndygyny aýdyp kä wagt habarlaşyp durýardy. Men ondan on esse, ýüz esse beter kösenýärdim. Her günümi aglap geçirýärdim. Sebäbi Allaberdi ýüregim, söýgim, bagtymdy. Indi başga hiç kime göwün berip bilmejegimi açyk bilýärdim. Iki ýyl şeýle ýagdaýda geçdi. Allaberdi ejesiniň toýyny etjek bolýandygyny, ähli aladalary edendigini we sähet bellenilendigini aýtdy. Görüşmäge-de gitmändigini, diňe ejesi üçin toý edýändigini aýdýardy.
Men hiç zat bilen keýpim ýokdy. Iýip içmeýärdim, gün-günden saralyp solup barýardym, öýden çykman tikin edip ünsümi böljek bolýardym. Iň erbet zady bu ýagdaýymyň Allaberdi sebäplidigini ejemjanymam bilýärdi we meniň gynanjyma menden beter gynanýardy. Sawçylyga köp gelýärdiler we men hiç kime göwnäp bilemokdym.
Allaberdiniň sähedi bellenip, toý güni ýakynlaşdygyça ýüregim ejizleýärdi. Onuň hem edil şol duýgulary başyndan geçirmegini isläp, şol wagtky gelýän sawçynynyň habaryny almakçy boldum. Şeýle-de hökman bir gün gelin bolup bu öýden gitmelidim. Allaberdiniň toýy güni men hem durmuşa çykmaly oglanym bilen görüşmelidim, görüşdimem. Toýada razyçylygymy berdim.
Şol günüň agşamyny säher edip bilsem men ölmejek ýalydym. Öýüň içinde janyma jaý tapamokdym. Daňa golaý aglap-aglap uklap galypdyryn. Ony şeýle janymdan ezizläp söýýänligimi ýitirenimden soň has hem duýdum. Ýöne indi bu günden beýläk, Allaberdi başga bir gyzyň umydy, arzuwy, ýan ýoldaşydy.
Meniň bu söýgim ýüregimde üsti örtülen ýara bolup galdy. Şol ýyl men durmuşa çykdym.
Alty ýyl son Allaberdini çagalar bagynda gördüm. Ikimizem bokurdagymyzy dolduryp zordan salamlaşdyk. Bagtlymyň diýemde zordan “Aý hawa” diýip jogap berdi. Ejesiniň alan gelniniň ejesine wepaly däldigini, ejesiniň ökünýändigini aýtdy. Ýöne soňky ökünç hiç zat bitirenok. Indi toý edenime on ýyl boldy, hiç zady yzyna dolap bolanok.
Sülgün Atabaýewa,
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!