ATAWATAN ESERLERİ

Sessiz söýgi

Salam, gowumy ýagdaýlaryň! Men bu zatlary dilde aýdyp bilmejekligim sebäpli ýazdym, haýyş doly okaý! Men saňa ençe ýyllap aýdyp bilmedik zatlarymy şu wagt aýtmagy ýüregime düwdüm. Muny aýtmaga kän dilimem baranok, onda-da näme etjek aýtmaly bolýanda. Men seni ilkinji gezek ýaňy bir orta mekdebiň 1-nji synpyna baran günimiz gördüm. Sen diýseň göwnaçyk, alçak göwünli, şadyýan hem-de iň esasysy diýseň mähirlidiň. Onsoň birnäçe gün geçdi men-de saňa bolan üýtgeşik duýgy döräp başlady. Ol wagtlar çagada, söýgini nireden biljek. Ýöne şonda-da mende saňa garşy dörän şol duýgynyň söýgüdigine az kem bolsada düşünipdim. Men saňa bu duýgymy aýan etmek üçin her hili ýollary barlap gördüm, emma sen muny hiç aňmadyňmy, ýa aňmaz ýaly men etýän hereketlerim düşnüksizdimi muny bilemok.

Men siziň öý telefonyňyza günde birki gezek jaň edip her gezeginde bolsa öýe berlen ýumuşlary soran bolýardym, asyl niýetim öý işler däl-de seň mylaýym sesiňi eşitmekdi.

Seniň bir gülişiň bardy, ol gülki meniň üçin dünýädäki iň mähirli sesleriň biridi.

Onsoňam näme wagty saklap bolýarmy diýsene, 7-nji synpa çenli wagt ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Men 7-nji synpy gutaryp Aşgabada okuwa gitdim. Göýä men seni unutjak hem bolup gördüm, sebäbi sen ýaly perizat men ýala seredermi diýsene. Sebäbi seniň daşyňda birnäçe görmegeý oglanlar bar. Belki bolmagyda mümkin ýöne…

Aşgabatdaky mekdebi tamamlanymdan soň öýe gelemde synpymyzyň uçurum toýy diýip eşitdim we şol gün agşam menem toýuňyza daşyndan seretmek üçin gitdim. Şonda daşarda durkam synpdaş oglandyr, gyzlarymyz gelip men bilen mähirli salamlaşdylar we meniň hem bu toýyň agzasydygymy aýdyp meni hem toýa salmakçy boldular, emma ýene şol utanjaňlygym gurasyn. Men utanyp olaryň teklibinden ýüz öwürmeli boldum we şol öňküje duran ýerimden sizi daşdan synlap durdum. Şonda bir gyzyň ýeke özi gelip adymy tutup salamlaşdy. Menem kän garaňkyda saýgarmansoň sensiňem öýtmedim. Soň sen meniň elimden çekip toýa salmakçy bolduň. Men saňa şonda degişme äheňi bilen utanýandygymy aýtdym. Edil şol wagt öň gulagyma tanyş bir mähirli gülki sesi ýaňlandy. Hawa… bu ses seniň mähirli gülki sesiňdi. Şonda bildim şol gyzyň sendigiňi. Öňemä gijelerine kän saýgarmaýan gözüm sendigiňi bilenimden soň düýbinden kör ýaly boldy. Ine şol elimden tutan pursadyň  öň özüme zor salyp söndirdimmikäm diýen saňa bolan söýgim täzeden möwüç alyp başlady. Aý hawada nä ýüregiňe erk edip bolýamy diýsene. Men seni göremde ne söz tapýan aýtmana, ne göz tapýan bakmaga. Men doňara daşdan ýasalan yşk heýkeline öwrülýän. Men seniň bilen YŞK ummanyndaky SÖÝGI atly gämini bile küreklemek isleýän. Ýöne bul islegimi saňa aýan edip bilemok. Aýan etjek bolamda näme indi sen barmy diýsene. Sen Aşgabatda okaýaň men Türkmenbaşyda. Seni indi diňe dynç alyş rugsady döwründe görmesem başga hili boljagy ýok.

Ýogsada göremde näme, ýene-de agzyma suw alan ýaly bolup dursam ne peýda. Söýgi köp adamy şahyr, köpüsini bolsa bagşy edýär, emma seniň söýgiň meni lal etdi. Seni ilkinji gören pursadymda saňa seni söýýändigimi aýtmagy ýüregime düwdim. Enşalla gijä galmadyk bolawereýin. Bagyň ösmegi üçin suw, gijäni öz nury bilen ýagtylandyrmak üçin aý, gündizi şuglalandyrmak üçin gün nä derejede gerek bolsa meniň üçinem sen şol derejede gereksiň. Meniň ýürek bakjamdaky söýgi burçunda ilkinji açan, müdimilik güllejek we iň owadan gül sensiň. Ol ýerde senden başga güllere ýer ýok. Men seniň adyňy durmuş kitabymyň söýgi sahypasyna gyzyl harplar bilen ýazdym. Bütin ýer ýüzüni öz nury bilen şuglalandyrýan Aýyň, Güniň nury hem seň saçýan nuryň ýanynda hiç zat. Sebäbi olaryň nury meniň üçin kän göz gamaşdyryjy däl, emma seniň nuruň meniň gözlerima aňyrda dursun bütin durmuşymy şuglalandyrýar, nurlandyrýar, meniň üçin ýaşaýyş çeşmesi bolýar. Eger seniň her göz ýaşyň üçin dünýäniň bütin gymmatly zatlaryny berselerde men şolaryň ählisinden geçerin, ýöne seniň gözüňden bir damja ýaş akdyrmaryn. Gündiz gün bolup, gije aý bolup, ýoluňa yşk berdim, köňliňe yşk berdim. Maňa bolsa diňe seniň söýýän sözüň gerek. MEN SENI SÖÝÝÄN.

 

Ýaşyl geýseň ýaza meňzeş, sary geýseň gün bolarsyň.

Mawy geýseň deňiz ýaly, ak geýseň aýdym bolarsyň.

Kim bilýä nesipli gün ak geýip bagtym bolarsyň!!!

 

 

Tuwak Orazow,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl harby talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

                   

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri