(hekaýa)
Adatça bolşy ýaly, bu günem ir bilen işe gitmek üçin duralga bardym. Awtobusam uzak garaşdyrman geldi. Awtobusyň içinde pessaýdan mylaýym ýaňlanýan aýdym adamlaryň göwnüni göterýärdi. Belki-de, ýazyň güni bolansoňdyr, mylaýym öwüsýän şemal ýol ugrundaky bägüldir, gülälekleriň ysy diýseň jana ýakymlydy. Bu gözelliklere guwanyp barşyma awtobusda ýaňlanan öňden tanyş aýdym ünsümi özüne çekip, maňa senli günleri ýatlatdy.
Sen gelersiň, gelersiň sen men diýip,
Men bararyn, geçer ömrüm sen diýip.
Bu aýdym biziň söýgimiziň döremegine-de sebäp bolupdy…
Şol günem hemişekisi ýaly iş ýerimde radionyň sesini çalaja açyp, işlerimi edip otyrdym. Zenan aýdymçynyň aýdýan bu aýdymy ýaňlananda radionyň sesini biraz gataldyp, oňa goşulyp hiňlendim. Iş otagymyzyň gapysy açyk bolandanmy, nämemi, dälizden geçip barşyňa senem bu aýdymyň dowamyna hiňlendiň.
Bu şeýle bolmaly, başga hili däl,
Gitme ýokdur bize berlen söýgüden.
Men tarsa ýerimden turdym. Işdeş joram Bahar bolşuma geňirgendi:
— A gyz, näme boldy saňa?! Ýüregim-ä ýardyň.
— O-ol kim?
— Kim?
— Ýok, hiç kim — diýip, ýerimde oturdym. Öz bolşuma utanmakdan ýaňa ýüzüm lap-lap gyzdy. Içimden öz-özüme käýindim: «Oglan görmediňmi diýsene?! Toba».
— A gyz, saglykmy özi?! Saňa näme bolanyna düşünmedimle?! Ýa…
Bahar heniz sözüni jemlemänkä, sen iş otagymyza geldiň-de Bahara ýüzlendiň:
— Salam, Bahar.
— Salam, Mekan. Gel, geç, näme hyzmat?!
— Men bir haýyşlyja geldim. Üstesine-de, täze kärdeşim bilen hem tanyşaýyn diýdim. Eger kyn görmeseňiz, şu makalamy çap edip beräýiňd-ä. Meniň kompýuterimde bir näsazlyk döredi.
Sen elde ýazylan makalaňy maňa uzatdyň. Men sesimi çykarman, ony çap edip başladym. Menden hiç hili jogap alyp bilmänsoň, Bahara ýüzlendi:
— Ýogsa-da, bu gyzy öň göremokdym welin, işe täze geldimi?!
— Ýok-la, Mähri eýýäm birnäçe ýyl bäri bu edarada işleýär. Ýöne ol iş wagty tamamlanýança ýerinden galanok. Ýüreginiň gysmaýşyna men haýran.
— Menem-ä bir ýyl bäri şu ýerde zähmet çekýän welin, bir gezegem siziň bilen gabatlaşmadym.
Men ýylgyrdym.
— Tüweleme, owadan ýylgyrşyňyz bar eken.
Men seniň bu sözleriňi eşitmezlige saldym. Sen bolsa sözüňi dowam etdirdiň:
— Adyňyzam özüňiz ýaly owadan eken. «Mähri» … nähili owadan at.
Sen meni taryp etmäge başlanyňdan, beýle zatlary halamaýanlygym üçin Bahara ýüzlendim:
— Bahar, makalany çap etdim welin, ätiýaçlyk üçin senem gözden geçiräý.
Sen ýylgyrdyň-da, gapa tarap ýöneldiň. Ýöne bosaga ýeteniňde, yzyňa öwrülip, Bahara ýüzlendiň:
— Bahar, görýän welin, täze kärdeşimiz tarypy halamaýar öýdýän. Ýeri bolýar, men gideýin, ýöne sen joraňa aýt, ol gaharlananda-da gözel görünýän eken.
Bahar seniň sözleriňe hezil edip güldi.
Günler geçip durdy. Senem günde diýen ýaly bir bahana bilen biziň iş otagymyza gatnap başladyň. Bir gün kompýuteriňde näsazlyk ýüze çykdy, ýene bir gün ruçkaň ýazmady, soň bir gün çap eder ýaly kagyzyň bolmady. Garaz, bahana yzyna bahana tapýardyň. Dogrusy, soň-soňlar menem saňa öwrenişip gitdim. Ine, bir günem, sen ýene şol aýdyma hiňlenip, iş otagymyza geldiň-de bize ýüzlendiň:
— Salam gyzlar.
— Salam Mekan. Wiý, ýogsa-da, sen bilýärmiň, bu aýdymy Mähri aýratyn gowy görüp diňleýär.
— Şeýlemi?! Asyl, onda şol gün radioňyzyň sesini öňkülerden has gataldan Mährid-ä.
— Haýsy gün?!
Baharyň ýadyna düşmese-de, men gürrüňiň haýsy gün baradadygyny bilýärdim.
— Diýmek, şonuň üçin sen dälizde aýdyma hiňleneniň kimdigini bilesiň gelendir.
Ýüregimden parran geçýän nazaryňdan gizlenmek üçin ýere bakdym, bolmady. Jadyly bakyşyň özüne çekdi. Men ýuwaşlyk bilen jogap berdim:
— Hawa.
Ara birsalym dymyşlyk düşdi. Dymyşlygy ýene-de Bahar bozdy:
— Mekan, biler bolsaň, Mähri hyýalyndaky şazada garaşýar.
— Asyl, şeý diýsene. Ýeri onsoň kim ol bagtly ýigit?!
— Mekan, görýän welin, seniň gulagyň agyrlaşýar öýdýän. Men «ga-raş-ýar» diýdim. Ol bagtly ýigidiň kimligini heniz Mähriniň özem bilenok.
— Bäh, ol ýigit henize çenli näbelli bolsa, belki, ol mendirin.
Bahar bu sözüňe hezil edip güldi. Şol gün edaradan çykyp, duralga tarap ýönelip ugranymdan sen maňa ýüzlendiň:
— Mähri, eger mümkin bolsa, bu gün men sizi öýüňize çenli ugradaýyn. Howada gowy. Hem-ä biraz gezelenç ederis, hemem birek-birek bilen ýakyndan tanyşmaga sebäp bolar.
Men razylaşdym. Biz ýanýodadan ýöräp ugradyk. Ýakyndan tanyşmak nire, sen näme diýjegiňi bilmän ýaýdanyp barýaň. Işdäki dilewarlygyňdanam nam-nyşan ýok. Birdenem ýol ugrunda ösüp oturan bägüli ýoljak bolduň. Men seni sakladym.
— Ýolma, goý, ýaşasyn.
Sen ýylgyrdyň-da, bägülden eliňi çekdiň. Şeýdip, dymyşlyk bilen öýümiziň töweregine golaýladyk.
— Ugradanyň üçin sag bol, Mekan. Nesip bolsa, ertir işde görüşeris.
— Mähri, şu gün işde «Belki-de şol bagtly ýigit mendirin» diýenimde sesiňi çykarmadyň welin, men muny seniň razylygyň diýip kabul edip bilerinmi?!
Men ýylgyrdym-da öýümize tarap ýöneldim.
Ertesi gün işe gelenimde, iş stolumyň üstünde duran owadan gül çemenine gözüm düşdi. Gül çemenine gysdyrylan ýazgy meniň hasam ünsümi çekdi: «Gaharlanma Mährim, bu bägülleri men ýolmadym, olary dükançy ýolupdyr».
Men ýylgyrdym. Günler-aýlar geçip durdy. Meniň üçin niýetlenen garaşylmadyk sowgatlaryň welin yzy üzülenokdy. Men özümi diýseň bagtly saýýardym. Göwnüme bolmasa, bagtly pursatlar hiç wagt tamamlanmajak ýalydy. Arman…
Şol günem adatdakylar ýaly iş stolumyň üstünde garaşylmadyk sowgat durdy. Bu gezek bukja salynan hat bardy. Hatda seniň edaramyz tarapyndan iş tejribäňi kämilleşdirmek üçin daşary ýurda ugradylanlygyň, nesip bolsa, ýakyn wagtda dolanyp geljekdigiň ýazylgydy.
«Ýakyn wagtda dolanaryn» diýenem bolsaň, seniň gidişiň gidiş boldy. Dolanmak nire, senden ýekeje habaram gelmedi. Wagt bolsa yzyny üzmän geçip durdy…
Awtobusda ýaňlanan ýekeje aýdym meni senli günlere alyp gidipdi. Men senli ýatlamalary serimde aýlap ýörşüme iş otagyma geldim. Iş stolumyň üstünde duran bellik kagyzyna ýazylan ýazga gözüm düşüp, ony sesli okap başladym:
“Sen gelersiň, gelersiň sen men diýip,
Men bararyn, geçer ömrüm sen diýip.”
Şol barmana-da iş otagymyzyň daşyndan gelýän ses meni özüne çekdi:
— Bu şeýle bolmaly, başga hili däl,
Gitme ýokdur bize berlen söýgüden.
Men yzyma öwrülmäge ýaýdandym. Ýüregim bolsa gürs-gürs edip urşuna, gursagymy ýaryp çykaýjak bolýardy.
— Bu ses.. ýok bolup bilmez… bu ses…
Men ses gulagyma eşidilýändir öýdüp, ellerimi gulagyma ýetirjek boldum.
— Salam Mähri. Men geldim. Meniň näme sebäpden senden habar tutmadygymy bilesiň gelenokmy? Iň bolmanda, bu aýdyma kimiň hiňlenenini görmek üçin hem bäriňe öwrüljek dälmi?!
Maňa bu wagt seniň özüňi aklanyň gerek däldi. Esasy zat, seniň dolananlygyňdy. Men öwrüldim. Garşymda sen dursuň. Şol öňki bakyş, şol öňki güller, şol öňki aýdym bilen!
Käbe Sarenko,
“Watan” radioýaýlymynyň işgäri.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!