ATAWATAN ESERLERİ

Sähra

-Agam,şu ýerde ulagy togtadarmyň?-Repetegiň gumly ýolundan gidip barýan ulagyň yzyndan  erkek adamyň howlukmaç sesi eşidildi.

-Bolubilýä, goçum!

Ulagyň yzky gapysyny açyp,düşen daýaw pyýada torbasyny egninden asyp,ýaýylyp ýatan sähralyga tarap ýöneldi.

Ulag ýoluny dowam etdi.

*   *    *

Öýle.Sähralyk.Mart aýynyň ahyry. Öwüsýän nowruz şemaly güläleklerdir çigildemleriň başyny sypap geçip gijeki ýagan ýagşyň ysyny dumly-duşa ýaýratmasy bolsa aýratyn keýpisapalyk döredýärdi.Güljagazlar bolsa mymyk şemala başlaryny ýaýkaşyp,”Nowruz aýdymyna”maýyl bolup oturyşlary sazly kompozisiýa çalymdaş görnüş emele getirýärdi.Ýaňky ýigit çagalygynyň büdüräp, ylgaşyp, gülüp-oýnap, kömelek ýygyp, aşyk bolup, “ýüregini ýitirip”… geçiren günleriniň şaýady bolan ýaýylyp ýatan sähralygyň tam ortasynda durup,ýaşyp barýan Günüň gytak şöhleleriniň owadan öwüşgin bilen ýapraklaryň arasyndan syzylyşyny synlap durşuna torbasynyň nädip egninden sypyp  ýere gaçanyny duýman galdy. Birnäçe sekuntdan soň ýaňkyja torbanyň yzy bilen, torbanyň eýesiniň daýaw göwresi-de gütüläp ýere düşdi.

Ejesiniň taýýarlan ýorgan-düşegini ýatladyp duran ýumşak otlaryň üstünde ýatyşyna , öýkenini martyň ýeňil howasyndan dolduryp,asmanyň ýüzüni sypalap barýan bulutlary synlap ýatan  ýigidiň agraslyk bilen ýaňky sürüjä gürlän dodaklary ýylgyryp, ýüzünde ýylgyryş peýda boldy-da,gödek şekilini ýitirdi.Bu ýylgyryş “Ýatlama” atly kinofilmiň tomaşaçysynyň duýgularyndan habar berýärdi.Berdaşly daýaw gollaryny sypaýan güläleklerdir ýumşajyk otlar bolsa ýigidiň pikirlerinden habarly ýaly yranyşyp otyrlar.Güýz güneşine ýanyp bişen nara çalymdaş duluklaryna urunýan gülälekler biygtyýarlylyk bilen goýun gözlerden daman damjany özüne siňdirip, yranmasyny agyrlaşdyrdylar…

Gün bolsa gojaman ýere siňip barýar,gidip barýar.

*   *    *

– Yzymdan ýetsene,Kerwen!Seret, bu ýerler nähili gözel!Çigildemleri synlasana!

Yzyndan ýetip gelýän Kerwenjige seredip barýan Tumarjygyň keýpi çag ýagdaýda gülälekleriň içinde bökjekläp ýörmesi keýik owlajygyny ýadyňa salýardy.Birden-de sägindi. Eljagazlarynyň aýalaryny ýumup Kerwenjige tarap uzatdy-da:

– Hany bil,tozgajyk haýsy elimde?!-diýip,ýylgyryp goýberdi. Oglanjyk  mekirje ýylgyryp,toplanan güllerini çep eline geçiren soň, gyzjagazyň sag elini tutdy.Mähirli ýylgyran Tumarjyk sag elindäki tozgalary Kerweniň üstünden ýagdyrdy we sähralygyň içine tarap ylgap gitdi,oglanjygam onuň yzyndan galarly däldi…

Göz öňünde janlanan ol ýatlamalaryň içinde gaýmalap ýörşüne ýigit amala aşmadyk arzuwlaryň döwülen ownuklaryň aşagynda galan ýaly ýagdaýda hopugyp ýerinden galdy.Beýle çeýe hereketlere garaşmadyk gülleriň ýapraklarynyň ýigidiň ellerine degip  üzülip düşmesi geň görerlikli däldi…

Daýaw beden ýene ygtyýarsyz gülleriň gujagyna dolandy.

*   *    *

Sähralykdaky keýigokalaryň aralary bilen biri-biriniň gürrüňine maýyl bolup barýan ýaşlary çoýýan Günüň şöhlesi öňküsinden mähirli we öňküsi bilen deňeşdirende gytaklaşan ýalydy.

-Kerwen,Kerwen,çynyňy aýtsana,gidişiň gidiş bolmaz-a?! Onsoňam, alada ederin,özüňi aýa ol ýerde!Şäher obamyz ýaly däl. Okuwyňda gazanan üstünlikleriň hakynda habara garaşaryn,hat ýazyp dur,  bolýamy?!-gyzyň näzik sesi pyşyrdynyň akymy bilen ýigidiň gulagyna tarap ýöneldi.

-Wah, garagözüm, sekundym geçjekmi sensiz? Elbetde ýazaryn,sabyrsyz jogabyňa-da garaşaryn. Gamlanma, seret muňa!-ýigit jübüsinden gyrmyzy ýaglyga dolagly bir zady çykardy-da mähir bilen gyzyň ellerinde goýdy. Açylan ýaglykan şol bada Günüň şöhlesine lowurdap duran gülýaka çykdy. Nepislik bilen her dýuýmy elden geçirilip bejerilen gülýakany gören näzeniniň badam dodaklary ýylgyryşa eýe boldy-da ýuwaşlyk bilen:

-Munuň nepisligini!-diýip goýberdi.

-Men bu gülýakany her gezek seniň bilen bile göresim gelýär!

Gülýakany sypalap duran gyzyň aksowult elleriniň daşyny ýigidiň elleri örtdi…

*   *    *

Ýatlamalaryň wezipeleriniň arasynda ýüregiňi ynjytmak, gamlandyrmak ýaly wezipelerem girýän bolarly.Hakydasyndaky ol ýatlamalardan “hopugan” ýigidiň beýnisinde nähili pikirleriň urunýanlygy bir bilseň!…

-Men bu sähra ähli pikirlerden aýňalmaga,täze durmuşyň gapysyny açmaga geldim ahyry.Ah, sähram sen ne beýle ýowuz?Ýüregime rahatlyk bermekden ötri, turuzan harasadyňa garaşmandym.Mümkin,mümkin men üýtgändirin. Bäş ýyl mundan öňki juwan ýürek galdymy diýsene?!Hemme zat başgaça tebigatam, menem, sähra-da, durmuşymam…

Bäş ýyl mundan öň wadalar bilen ugradan näzeniniň durmuşa çykanlygy baradaky haty alan gününden bäri hiç bir zat bilen nepi bolmadyk ýigidiň täze durmuş barada pikir etmesem ýöne ýerden däl.Ol oňa ynanypdy ahyryn. Haty atsyz,isimsiz ugradyp,bar wadalaryndan dynandyr diýip pikir etdimi-kä?! Bu düýpgöter beýle däl…

Tebigatyň hoştap howasyna rahatlanyp,hakydasynyň gurýan oýnundan azrajyk bolsa-da saplanan ýigidiň kalbyna rahatlyk indi.Hüwdä çalymdaş şemal öz işini birkemsiz berjaý etdi.Ýigit irkildi.

Gynansak-da,mümkin ýigidiň bagtynadyr,rahatlyk uzak dowam etmedi.Ýakynynda peýda bolan şygyrdy sebäpli birnäçe minut ozal ýumulan gabaklar açyldy.Birazdan eşidilen näzik sesden soňra ýigitde peýda bolan duýgulary beýan etmäge gyssanýanlygymyň sebäbi bar.

-Esenmisiňiz?

Ýigit ikirjiňlenmän bir demde ýerinden ýarty göwresini galdyryp,gollaryna daýandy. Garşysynda peýda bolan gyzyňka çalymdaş şekil onuň bar pikirdir duýgularyny derbi-dagyn etdi.Gujagynda saklap duran sebedine ornaşan kömelekler,sebedi saklap duran elleri,dyzlaryna ýetip duran gara saçlarynyň örümleri ünssüz galmady.Esasy nazaryny özüne çeken zat bolsa oý-pikirini pagyş-para etdi oturyberdi.Gyzyň döşünde ýaldyraýan gülýaka dürli öwüşgin döredip,kynçylyk bilen garşysynda duranyň ýüzüni saýgarmaga ýardam etdi.Tolgunmadan ýaňa gyrylyp çykan sesi bilen aýdylan söz ýaňky “şekili” tananlygy hakynda netije bolup ýaňlandy:

-Tumar…

 

Baýram Gutlyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky

türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Rus dili we edebiýaty fakultetiniň rus dili hünäriniň ikinji ýyl talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

                   

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri