Söwda sungatmy ?! Elbetde, bu sowaly görüp, “sungat nire, söwda nire” diýjekler sanardan köp boljagy bigüman. Olam bir hasap, ýöne bu aýry gürrüň…
Biz öz pikirimizi delillendirmek üçin ilki bilen sungat näme diýlen soraga gysgaça jogap bermeli. Sungat − Ezizow aýtmyşlaýyn, mydama öz-özüňi ýonup ýörmek. Megerem, sungata şundan artyk sadadan çuň düşündiriş berip bolmaz. Diýmek, döwrebap söwda ulgamynda-da telekeçiler mydama öz-özüni kämilleşdirmek ýaly maksatlara eýerýändigi üçin ony sungat derejesine götermek nädürs bolmasa gerek. Bu bir.
Söwda sungatmy?! Şu döwürde bu sowala “hawa…” diýip, jogap bermek hakykata ýakyn. Çünki olam edil söz sungatynda az sözüň üsti bilen köp zady aýtmagyň kämillik hasaplanyşy ýaly, az çykdajyň üsti bilen köp girdeji gazanmak ýaly pelsepä eýerýär. Nähilidir bir inçe baglanyşyk bar gerek?!
Munuň şeýledigine, döwründe “iň baý hytaýly” adyna eýe bolan işewür, halkara “Alibaba” onlaýn söwda platformasynyň esaslandyryjysy Jek Manyň kadaly ömri we söwdany sungat derejesine göterýän häsiýetleri hakynda indiki etjek gürrüňlerimiz delil bolar.
Jek Ma aslynda kim? Häzirki wagtda täzeçiligi bilen adygan Jek Manyň ömri we söwda ulgamyndaky pelsepesi hakynda gürrüň edilse, köplenç onuň öz sözlerine daýanmak dogry bolýandygyna menem ol hakynda ýazylan syndyr, makalalary okap göz ýetirdim. Şu kada eýersek, megerem Jek Ma hakynda sizde şübhesiz ynamly täsir galar.
Jek Ma, hakyky ady – Ma Ýun. Ol 1964-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda, şol wagtlar beýleki döwletlerden üzňeleşen Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde dünýä inýär. Onuň ýaşlygy pukaralykdan başlanyp, tä onuň internet rejesi – “Alibaba” arkaly üstünligi gazanýança niçeme kynçylykdyr horluklara sezewar bolýar.
Şonuň üçin oňa pukaralygyň nämedigini garyplardanam gowy bilýän milliarder diýsek sözümiz egri bolmaz. Ne bir artykmaç puly, ýa-da ýokary wezipede işleýän tanyşy bolmadyk ýeter-ýetmez maşgalada üç perzendiň ortanjysy bolan Jek Ma eýýäm-haçandan durmuşda öz ornuňy tapmak üçin ylmyň zerurlygyny aňypdyr. Şonuň üçinem, iki gezek ýokary okuwyň giriş synagyndan ýykylandygyna garamazdan, öz üstünde işläp, ahyram maksadyna ýetýär. Şeýdibem, ol Hançžou mugallymçylyk institutyna kabul edilýär. Ol bu mekdebi 1988-nji ýylda tamamlap, şol ýerde iňlis dili mugallymy wezipesinde aýyna 12$ aýlyk haky bilen zähmet çekýär.
Internet we tehnologiýa dilinden hiç hili başy çykmaýan Jek Manyň bu ulgama ilkinji ädimi 1995-nji ýylda amala aşýar. Ilki iki sany ylmy-taslamasy şowsuz çykan Manyň 4 ýyldan soň dürli ylmy başarnygy bolan dostlary bilen birlikde “Alibaba” elektron-söwda taslamasynyň binýadyny tutýarlar.
Jek Manyň ýolbaşçylygyndaky bu “Alibaba” elektron-söwda platformasynyň bahasy häzirki wagtda $300 milliarda ýetdi. Hytaýda häzir ýoň bolan meşhur “sallahlar gününiň” (her ýylyň noýabr aýynyň 11-nde bellenilýär) birinji 17 minutynyň dowamynda “Alibaba” 1$ milliardlyk söwda edýär. Adaty günlerde bolsa güni $9,3 milliard bilen jemleýär.
Şu netijeler esasynda Ma häzir Hytaýyň iň baý adamy bolmak bilen deň hatarda, dünýäde baýlygy boýunça 18-nji oruny eýeleýär.
Üstünligiň açary başlamakda. Amerikan ýazyjysy bolan Mark Tweniň bu pelsepesini biz ýöne ýere mysal getirmedik. Hytaý neşirleriniň birinde çap bolan durmuşdaky mümkinçilikler we olar üçin göreş, niýet we hereketi puja çykarýan amallar we 35 ýaşda hem pukara ýaşamak ynsanyň özüniň aýbydygy barada pikir ýöredilýän makalanyň awtory Jek Manyň üstünligem bu uly işe başlamagynda.
Şol makalasynda ol bu hakynda şeýle gürrüň berýär : “Alibaba” kompaniýasyny esaslandyrmazymdan öň, men telekeçilik bilen meşgullanmak hakyndaky pikirimi we taslamamy paýlaşmak we pikir alyşmak üçin 24 sany özüme ýakyn bilýän dostlarymy öýe çagyrypdym. Biz iki sagada golaý meniň taslamam hakynda gürrüňleşipdiris. Şonda dostlarymyň aglabasy meniň pikirlerime şübheli garapdylar. 24 sany myhmandan 23-si hoşlaşyk pursatynda maňa bu rejelerimden geçmegimiň gerekdigini tekrarlapdy. Munuň sebäbini bolsa internet hakynda üşükli bir zat bilmeýänligim, ýene-de munuň üçin artykmaç maýa goýumymyň ýoklugy bilen tassykladylar. Olardan tapawutlylykda bankda işleýän gadyrdanym maňa ” Çyndanam isleýän bolsaň, bolmanda synanyşyp bir gör. Işleriň oňmasa ýene şular ýaly emelläp günüňi görersiň-dä” diýipdi. Gijesi bilen özüm bilen jedelleşip, ahyr daňa golaý belli karara geldim we işe girişdim.
“Alibaba” söwda platformasyny döretmäge girişjek bolan döwürlerim, maşgala agzalarymyňam çynlakaý garşylygyna sezewar bolupdym. Bu gün yzyma seretsem, bir zady aňýan. Meni şol wagtlar öňe iteren güýç internetiň geljegine bolan ynam däl ekeni. Men ýeňilen bolsamam, bagtym çüwse-de, maksatlarymyň ýolunda eden hereketlerimden bolmanda gymmatly tejribe we netije çykarmak üçin takdyrymy özgertmäge synanyşyp görüpdirin. Hereket etmek gerek, eger başa barmasa ýene adatdakysy ýaly ömür sürmegi dowam edip bolar…”
Sözümizi bir nokada jemläp aýtsak, hytaýyň iň baý adamy Jek Ma zähmetiň, akylyň we yhlasyň nyşany.
Jek Ma hakynda mundanam köp gürrüň etse edibem bolardy, emma ol gürrüňler üçin bir-iki sahypa azlyk edýär.
Şonuň üçinem, gowusy Jek Ma aýtmyşlaýyn: Ýüregiňizden tizräk urmagyny talap etmäge derek, özüňiz tizräk hereket ediň!
Maksat HUDAÝBERDIÝEW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.