ATAWATAN ESERLERİ

Paýlaşmak — bu söýgi

(Oýlanma)

Her adamyň ykbalynyň dürli bolşy ýaly, adamyň hem ýatlamalary hem dürli-dürli bolýar. Emma biz olaryň içinden süýji ýatlamalary ýüregimiziň töründe söýgi bilen ýygşyryp goýýarys we ýygy-ýygydan şol ýatlamalara dolanýarys.

Ynha-da, men öz telärimiziň aşagynda garry erik agajynyň ösen ýerine seredip otyryn. Bu erik agajy enemiň aýtmagyna görä atam pahyryň söýgi bilen ýetişdiren agajy bolmaly.Ol agaç hamala iki agzybir doganlara meňzeýärdi.Onuň gür ýerleşen şahalaryndaky ýapraklar güýz we ýaz pasyllarynda göwnüňi galkyndyrýardy. Onuň aşagynda saýalap otursaň edil ýaz günleriniň gijesi ýaly salkyn bolardy. Onda ýetişen erik miweleri bolsa tagamy boýunça nabatdan kem däldi. Aý, garaz, agajyň waspyny ýetirmäge köp söz gerek. Emma ol adam ömrüniň ahyrky günlerini ýatladyp gurapdy. Onuň ýerine gapdalynda täze bir şoňa meňzeş agajy nahaly dikildi.

Mundan alty-ýedi ýyl öň men, enem, jigim bolup mellegimiziň hasyly bolan Güne serlen günebakar çigit däneleriniň ýanynda oturdyk. Şonda günebakarlardan alnan we çöp-çalamlary sowrulan, garaz, gowruma taýýar çigitleri haltajyklara salýardyk. Birdenkä jigim:

— Ene, ene, bu çigit dänelerini biz näme üçin kiçijik haltalara salýarys? Bu haltalaryň sany hem ona dagy ýetiberýär. Ony siziň diken ullakan bir haltaňyza salsak bolmaýarmy? — diýip, çaga bilesigelijiligi bilen sowal berdi.

Enem hem garşymyzda duran arzylanýan garry erik agajymyza garap:

— Oglum, sen şu ullakan erik agajyny görýäňmi? Ine, şu agaç ähli miwelerini şahalaryna paýlapdyr. Biz hem şu agaja meňzejek bolmaly. Ynha, şahalar hem bize süýji eriklerini eçilýär ahyryn — diýdi-de çalaja ýylgyrdy. Şonda enem öz ýylgyrşy bilen ullakan söýgüsini ýene bir gezek görkezdi.

Enem ol çigit dänelerini hem umumy bir halta hem salyp bilerdi, emma ol ony beýtmedi. Ol haltajyklar bolsa, her kim bilen söýgüsini paýlaşmak isleýänliginiň alamatydy. Enem mydama herki zadyny paýlaşmakdan lezzet alardy. Aslynda onuň  bu hereketini köpler sahylyk diýip pikir edýärdiler. Ýöne meniň pikirimçe bu sahylyk diýlip atlandyrylan hereket söýgüdi. Sebäbi ol öz söýgüsini başgalar bilen paýlaşmagyň özboluşly ýoluny tapypdy. Ol «paýlaşmak» sözüni özüne şygar edinipdi. Sebäbi söýgi paýlaşylsa, onuň durmuşyňy gözelleşdirýändigini paýlaşylmadyk ýagdaýynda bolsa onuň kalbyna çökündi mysaly çöküp agram berýänligine ynanýardy. Onuň bu şygary bizler üçin hem ýörelge. Enem hiç wagt agtyklaryna söýgi dessanlaryny ýa söýgi şygyrlaryny okap bermezdi. Emma ol söýgi diýen zady bize öz göreldesi bilen düşündirdi. Ol paýlanan söýgi ählimize deň ýeterdi. Aslynda paýlaşmagyň özi söýgi. Söýgini ýygşyryp goýanyň bilen hiç hili özgerýän zat ýok. Emma ony paýlaşaňda söýgi artýar. Hamala, kitap okan adamyň gözýetiminiň artyşy ýaly, ol hem öz-özünden köpelýän gymmatly hazyna meňzeýär. Hälki gürrüň berşim ýaly, ol bar zada söýgi bilen garamagy başardy.

Onuň tebigaty söýşi has üýtgeşikdi. Her ýyl birentek agaç ekerdi we ol agaçlara yhlas bilen mähir bilen ideg ederdi. Ynha, men muňa söýgi diýip düşünýärin. Tebigatyň durşy bilen gudratdygyna ony söýüp ýaşamagyň ynsana ruhy lezzet berýändigine ynanardy. Onuň pikiriçe, adam häsiýetleri hem owadan güllere, parasatly daglara arzyly baglara, ýagty saçýan Güne, Aý-ýyldyzlara meňzemelidi.

Enem bu giňişlikdäki her bir zada söýgi bilen garansoň, olaryň hersinde bir aýratynlyk duýýardy we öwüt-nesihat almagymyzy islärdi. Men hem soňabaka tebigata enemiň gözi bilen garamaga başladym. Bu garaýyş bolsa mende tebigaty goramaly diýen pikiri kemala getirdi.

«Genji-mal eýesine meňzärmiş» diýen nakyly enem ýöne ýerden aýtmazdy. Eger biziň ýüreklerimiz söýgi, mähir bilen doly bolsa, biz daş-töweregimizdäki ähli zatlara düşünip bileris. Ajaýyp türkmen tebigatymyzy söýgi bilen gözelleşdirip biljegimiz hem ikuçsyzdyr.

 

 

Abadan Gurbangeldiýewa,

Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň

11-nji synp okuwçysy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri