(hekaýa)
Ir bilen oýandym. Ilkinji nobatda ertir maşkyny ýerine ýetirenimden soň penjireden garadym. Jahan ýagtylyp, Ak şäherim Aşgabadyň gözelligi täze güni begenç bilen garşy alan joşgunly kalbymy beýan edip bolmajak şatlykly duýgular bilen gaplady.
Birdenem ýüregimi ägirt uly guwanç eýeledi. Şeýle ajaýyp Watanda doglanym, onda ýaşaýanym üçin özümi örän bagtly duýdum we maňa şeýle bimöçber bagt peşgeş berleni üçin biçak minnetdarlyk duýgusyny başdan geçirdim. Beýle duýgular mende bu dünýä, ýaşaýyşa bolan söýgümden gözbaş alýarmyka diýýän.
Jana aram berýän ajaýyp säher howasyndan doly derejede lezzet almak maksady bilen men Saglyk ýoluna seýle gitmek kararyna geldim we şol karara laýyklykda sport lybasymy geýdim. Ýurdumyzda geçirilen uly hem guwançly çäreleriň biri bolup, dabarasy dünýä dolan Halkara Aziýa oýunlaryndan mende ýadygärlik galan sport geýimini, «Türkmenistan – sagdynlygyň mekany» diýen ýazgyly başgabymy geýip, elime-de al-ýaşyl Baýdagymyzy, gözel tugumyzy alyp, daşary howlukdym.
Duralga baran badyma gönümel Saglyk ýoluna eltýän awtobus gelip durdy, kaşaň awtobusyň içinde, elbetde, boş kürsiler bardy, emma men ony duşumdan geçirmegi müwessa bildim, çünki merjen Paýtagtymyzyň ak binalaryna, arassa köçelerine, gülläp duran seýil baglaryna syn etmek, jana şypa tämiz howasyndan dem almak lezzetini has-da uzaltmak isledim. Onsoňam, kän garaşdyrman nobatdaky awtobusyň gelip ýetjegine-de şübhelenmäge hiç hili esas ýokdugyny aýtmaga doly esas bar.
Jümle-jahanyň göwher gaşyna öwrülen şäherimize, deňimden geçýän bagtly adamlaryň bagtyýar ýylgyrşyna, gaýgy-ünjüsiz ýüzlerine garap, ýüregim şatlykdan pürepür boldy. Dünýä standartlaryna gabat gelýän täzeje hem ýylpyldap duran welosipedleri sürüp barýan ajaýyp we ruhubelent adamlary synlap, baýdagy parlatdym we çala bökjekläp, «Sport! Sport! Sport – bütin dünýäde!» diýen aýdyma hiňlenenimi bilmän galdym.
Şol wagt hem Watanymyzy goraýan gerçeklerimiziň – harby gullugyny ýerine ýetirýän edermen hem gaýduwsyz esger ýigitleriň biri ýanyma gelip, meniň bilen gürrüň açmak meýliniň bardygyny bildirdi we bahym bu meýlini durmuşa geçirdi:
– Essalawmaleýkim, ýaşuly.
– Waleýkim, inim, gowulykmydyr, gurgunlykmydyr – diýip, hal-ýagdaý soraşdyk.
– Näme hyzmat bolsa, aýdyberiň, agam. Bir ýerini gözleýäňizmi?
– Ýok, inim, men häzir awtobus geldigi Saglyk ýoluna ugramakçy.
– Haýp, ýaşuly, oňa barýan awtobus ýaňyja-da geçip gidipdi-dä. Maňlaýyndaky ýazga üns bermediňizmi?
– Bilýän, inim jan, bilýän, ony men ýörite duşumdan geçirdim. Men şeýle ajaýyp bahar gününiň ertirinden mazaly lezzet almak üçin şu ýerde eglendim…
– Ýöne bu wagt bahar däl-de, gyş ahyry, agam! – diýip, esger ýigit ýüzüme geňirgenip seretdi. Onuň ýaşuly adama düzediş berendigi üçin özüni müýnli duýýandygy bildirip durdy. – Üstesine-de ýeňil geýnipsiňiz… Dümewläýmäň…
– Sen maňa düşünmediň, inim – diýip, men onuň egnine elimi goýup, beýleki elim bilen öňümizdäki ajaýyp tebigat gözelligine yşarat etdim. – Berkarar ýurtda sowuklygy duýmaýarsyň, onuň her güni – ala-ýazdyr! Munuň sebäbi – kalbymyzy bagt kuýaşy ýyladýar.
Esger ýigit böwrüni diňşirgäp, ýüzüme garady durdy, ahyrsoňam:
– Gyzyla gaplaýmaly sözler! – diýip, bagtyma şärik boldy. – Hawa, biziň her birimiz şeýle bagtyýar döwletde ýaşaýandygymyza buýsanmaga haklydyrys, Diýýärler-ä, agam, Watana wepaly bolmak, oňa ak ýürekden gulluk etmek, biziň her birimiz üçin…
Soňky sözi ikimiz bilelikde sesimize bat berip aýtdyk we ýurdumyzyň her bir künjeginde ýaşap ýören bagtly ynsanlar, janly-jandarlar, çeşmedir çaýlar, dagdyr derýalar, ganawdyr ternawlar… biziň bu göwün guwanjymyzyň owazyna owaz goşdy:
– …Parzdyr!…
Yzzat Tamaýew,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!