ATAWATAN ESERLERİ

Ölmez söýgi

Mämmet ellerindäki bir bukja gül bilen deňiz kenaryna ylgap geldi… Deňiz kenarynyň ähli ýerine göz gezdirdi we gözleýänini tapyp bilmedikden soňra bolsa çete çekildi-de oturgyçda oturup söýýänine garaşdy. Ellerinde her pursatdaky güllerden doludy. Söýýän gyzynyň gowy görýän gülleri şulardy. Göýä bagdan ýaňyja boglana meňzeýärdi, şeýle bir ýakymly ys berýärdi, söýgüniň ysy iň möhümi bolsa hasrat we umyt yslary barha urýardy.

Gülleriň her bir ýapragynda suw damjalary bardy. Göýä aglaýan ýalydylar.  Mämmet güllere bakdy, göýä olar bilen gürleşýän ýalydy: “näme üçin aglaýaňyz, serediň men nähili bagtly” diýdi.

Biraz salymdan söýgülisini görjegi üçin ýüregi ýene-de däliler kimin urmaga başlady. Haçan-da ony düşünse, onuň bilen duşuşjakdygyny hyýal etse kalby ýerinden çykjak ýaly bolýardy. Ýyllarça biri-birlerini söýmelerine garamazdan ikiside söýgüsinden hiç bir zat ýitirmediler…

Olary hiç bir zat aýryp bilmezdi…

Ne hasrat, ne aýrylyk, ne-de ölüm…

Mämmet gaýgyly sagadyna seretdi. Söýýän gyzy ýenede gijä galypdy, 1 minut gijä galypdy. Üstesinede söýýän gyzyny garaşdyrmajak bolup duşuşyk ýerine bellenen wagtdan öň ylgap gelip, oňa garaşmany hem söýýärdi. Emma söýýäni her gezek şeýle hadysalary çekdirýärdi… Dowamly garaşýardy.

Mämmet gözlerini gözýetiminde gutarmaýan deňze dikdi… Deñziñ soñy ýok ýalydy, edil söýýän gyzyna bolan söýgüsi ýaly deňziň hem soňy ýokdy. Tükeniksize uzanýardy. Aslynda olar üçin bu gün üýtgeşik gündi. Mämmet duşuşyga gelmezden öňürti söýgülisine ýüzük sowgat alypdy. Şular ýaly möhüm günde söýgülisi Mämmedi garaşdyrmaly däldi. Emma öwrenişipdi garaşmaga, zyýany ýok ýene garaşaryn diýip düşünipdi. Gülleriň ýapraklary bolsa häli-şindi damjalap aglaýardy. Hemme zat owadan we gowy wagty gülleriň näme üçin aglaýanyny düşünip bilenokdy.

Ynha az salymdan söýýäni geler, ony gujaklar… Yzy ýany bilen bolsa ýüzügi barmaklaryna dakyp durmuş gurmagyň ilkinji ädimlerini ätmelidi.

Kän wagt geçdi, Mämmet ýenede sagadyna seretdi. Alada etmäge başlady. Söýýän gyzy ýenede gijä galypdy… Uzak wagtlap gijä galmaly däldi. Ynha şu deňiz kenarynda duşuşmak üçin gelmeýärdilermi şu ýere? Her gün deňiz kenarynda, deňizlere syn edip, tolkunlardan çykýan heňi bile diňläp hasratyny we gaýgysyny bile unutjakdygyna söz bermeýärdilermi? Onda näme üçin gelmedi ýene?…

Aklyna erbet pikirler gelmäne başlady. Ýok… ýok… bolup bilmez.
Söýýänine bir zat bolup bilmezdi.
Onsuz ýaşamagyň manysy ýokdy…

Ol ýogalan ýagdaýynda hem dowamly meniň bilen ýaşar diýip düşünipdi Mämmet. Gözlerini ýere tarap egdi. Göz ýaşlaryny hiç kimin görmegini islemeýärdi.

Mämmet garaşmakdan ýadapdy… Ýene-de söýgülisi ýadyna düşdi… Näme üçin gelmedi, diýip pikirlenmäne başlady. Gözlerini ýumdy.

7 ýyl boldy diýdi. 7 ýyldyr her gün şu deňiz kenaryna gelerdi, söýgülisine garaşýardy. Mundan artygyna çydanokdy. Kalby para-para bolýardy. Gözlerinden bir damja ýaş gülleriň ýapraklaryna damdy…

Ýene-de gelmeýär, iň gowusy men onuň öýüne gideýin diýip özüne pyşyrdady…

Bolmanda gülleri ýanyna goýar, oňa gülleri gowşurardy…

Mämmet ýerinden turdy. Söýgülisini görmek üçin depäniň arkasynda ýerleşýän gonamçylyga garşy ýöremäge başlady.

Ilgeldiýew Döwletgeldi,

TGM-niň Harby institutynyň V ýyl talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri