ATAWATAN ESERLERİ

Oguzhandan gaýdýan keremli toprak, saňa ýetmek üçin urýar bu gursak!

Watanym, Türkmenistanym, güneşli ülkäm! Seniň waspyňy sözlemäge sözler yetenok. Güyçli gelyär saňa bolan küýsegim, şonuň üçin ele alyp galamym küýsegimi sözlejek eziz Diýarym!

Watana bolan söýgi iň uly söýgi hasaplanyar. Watanym saňa bolan söýgüm çäksizdir. Sen ähli gymmatlyklary özüňde jemleýäň. Meniň ähli gymmatlyklarym seniň mährem goýnuňda. Sen meniň üçin şeýlebir eziz, şeýlebir mukaddes, biz bolsa mukaddes hasaplaýan zatlarymyzy aýap, jandan ezizläp söýmegi ata-babalarymyzdan öwrendik. Sen mukaddessiň, seniň suwuňam, duzuňam, topragyňam, yandagyňam müň bir derde dermandyr.

Eziz ýurdum ata-mekan,

Seniň sergin howaň başga.

Otyň, çöpiň, gülleň ysy,

Guşlaň saýrak sesi başga.

Damarymdan türkmen ganynyň aýlanýanyna özümiň türkmendigime buýsanýan. Danalaryň aýtmyşlaryna görä, göbek ganyň daman ýeri ynsanyň ykbal örküji hasaplanýarmyş. Onda sen biziň ykbal örküjimizsiň, sen biziň hazynamyzsyň. Bizi seniň bilen diňe göbek ganymyz birleşdirýärmi eýsem? Ýok, diňe  ol däl, pederlerimiziň bizi penalap, duşmanlardan gorap janlaryny orta atan ruhlary birleşdirýär. Biziň şeýlebir ajaýyp taryhymyz bar, şeýlebir ajaýyp gahrymanlarymyz bar, biziň merdana Oguz hanymyz, gaýduwsyz Göroglymyz, batyr Soltan Sanjarymyz bar. Watan üçin döş gerip janlaryny orta atan gerçek mert türkmen är-şir ýigitlerimiz bar.  Biziň baş müň ýyllyklara daýanýan altyna gaplanan taryhymyz bar. «Biziň Türkmen diýip guwanmaga sebäbimiz köp». Arzuw edilip ýetilen bu ajaýyp zamanada hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda biz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin köp aladalar edilýär, köp mümkinçilikler döredilýär. Şol ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp men hem bilimimi ösdürmek üçin Merkezi Aziýada ýerleşýän Gazagystan döwletine okamaga, bilim almaga geldim. Ýöne näme “Towşana dogduk depe” diýişleri ýaly, dogduk depäňden  alyslara gaýtmak pikir edilişi ýaly aňsat däl eken. Meniň mähriban eziz Watanym, seniň gadyryňy gereginden artyk bileýin diýseň senden uzaga gaýtmak ýeterlik eken. Ýöne arzuwlara ýetmek üçin bu aýralyklara döz gelip çydamaly, bu ýollardan geçmeli, sebäbi ähli arzuwlarymyň jemi sende jemlenýär. Bilim alýan şäherim Aktauyň günorta-günbatarynda Hazar deňziniň bölegi ýerleşýär. Deňzi bir görseňiz! Şeýlebir owadan, edil gök tolkunlar nakgaş tarapyndan çekilen ýaly, asmandaky akja çarlaklar, suwuň ýüzündäki guwlar, ýabany ördejikler ussat heýkeltaraşyň ajaýyp eseri ýaly. Olar deňziň asuda, ajaýyp görnüşine görk goşýarlar. Bu şähere birinji gelen günüm entägem ýadymdan gidenok. El torbaly umumy ýaşaýyş jayyna ýöräp gelýänim düýn ýaly ýyadymda. Daş töwerek nätanyş, nätanyş adamlar. Maňa bu ýerde bir tanyş zat ullakan gök ýüzi, asuda asman. Sebäbi hemmämiz bir asmanyň astynda ýaşaýarys. Galan zatlara gözüm ilkinji gezek düşýär. Şol wagt aljyradym, tolgundum içimden bolsa:rahatlan, bu seniň saýlan ýoluň, bu seniň täze başlangyjyň, yza ädim ätmek ýok, diňe öňe, mähribanlaryň seniň ýanyňda, gorkma diýen jümleler ýaňlanyp dur. Elbetde bu jümleler öz badyny arzuwlarymdan alýar. Wagt çalt geçdi diýsem öte geçdigim bolar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen öwrenişdim, günler geçdi, aýlar geçdi inede sabyrsyzlyk bilen garaşylan tomus dync alyş möwsümi ýetdi. Duýgularym garyşyk, begenç daşymy gurşap aldy. Öýe gidip barýan, basym öýde bolaryn diýen duýgy edil tamdyrdan çykan mele-myssyk çörek ýaly ruhumy ýylatdy, içki dünýäme rahatlyk berdi. Birinji okuw ýylyňy sag aman gutaryp saňa garaýyp oturan ezizleriňe, mähribanlaryňa gowuşmak ol nähili ajaýyp duýgy. Ony sözler bilen beýan etmek mümkin däl. Ol duýgyny täzeden ýaşamak üçin sabyrsyzlyk bilen däl sabyrlylyk bilen garaşýan.  Şahyrymyz Gurbandurdy Zeliliniň aýdyşy ýaly:

“ Her kimiň özüne ýagşy öz ýeri,

Köňül arzuw eýlär, Watanym seni”

Gör nähili ajaýyp we manyly setirler. Bu ýerde öz ilinden uzakda bilim alýan talyp deň-duşlaryma ýüzlenmek isleýärin: “ Mähribanlar ýene az galdy, nesip bolsa öz ýurdumyza, güneşli ülkämize, ajaýyp Arkadagly Watanymyza  gowuşarys, şu wagt esasy maksadymyz bolsa, ylymly-bilimli, Watana gerekli ýaşlar bolup ýetişmek. Öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!

Mamajan Gurbanýazowa,  

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde okaýan talyp.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri