ATAWATAN ESERLERİ

Meniň Barym Watan

Men Süleýman 26 ýaşymda şu ýaşyma çenli men söýgini gözledim. Söýgi nämäkä diýen sorag meniň 19 ýylymy aldy. Ýaňy 7 ýaşymda gözlegine çykan zadym söýgi boldy. Söýgi näme? Bu sorag 7 ýaşly çaga üçin irdi. Çaga wagtlarym asmana seredip, hemişe bir zatlary gözleýärdim. Ýokary seredip dünýäniň nähili emele gelýänine haýranlyk bilen bakýardym. Bir zat meni şol gözlege çykmagyma sebäp boldy. Ol gözlegde meni özüne çekýän bir güýç bardy. Durmuşda men kim meniň ornum gözlegine çykan söýgüm Watan söýgüsi boldy. Ýyllar ähli adamy üýtgetýän eken. Bu geçen ýyllarymyň dowamynda özüme gerek tejribeleri toplamany çaga wagtym öwrendim. Watan!!! Bu meniň maşgalamyň ojagymyň ejemiň, dädemiň, doganlarymyň, dostlarymyň, ezizlermiň ýaşaýan ýeri. Gökde parlaýan ýaşyl baýdagym, kasamym senam tugram 5 müň ýyllyk taryhym meniň geçmişim we gelejegimiň ýeri ata Watan Türkmenistan. Meni 7 ýaşda şol söýgüň gözlegine çykaran zat türkmenligim. Bu millet baky ebedi millet, bu millet 5 müň ýyllyk taryhy bagryna basan millet,  aslymyz Oguzhandan, Gorkut atadan, Göroglydan, Magtymgulydan we nijeme edermen gerçeklerimizdir şahsyýetimi öz goýnunda beslän we bize miras bolan türkmen. Türkmeniň  geçmişiniň aýdyňlygy ýaly gelejegimizem aýdyňdyr. Bu Watandan dem alýanyma begenmezlik mümkin däl. Ejemiň okap beren ertekileri ýönekeý bir erteki däldi, olaryň ýönekeý däldigine çaga wagtym göz ýetirdim. Çaga wagtym özüm bilen gürleşen wagtym, özüme dürli sowallar beren wagtym köp boldy, ol sowalaryň jogabyny tapmak isleýärdim. Göwnüme bolmasa daş töweregimdäki çagalardan tapawutlandyrýan zat megerem şu bolsa gerek. Men aklymdäki bu soraglardan sypmak köpüň biri bolup ýaşamak lezzetini datmak isleýärdim. Emma bu maňa başartmady. Her näme etsem-de bilesigelijiligim üstün çykdy. Beýleki çagalara adaty ýaly, bar bilýänleri oýundyr goňşymyzyň tut agajyna dyrmaşyp ýykylyp turup günüň nädip dogup nädip ýaşýanyny bilmezdiler.bar bitirip bilenleri oýundy, olar durmuşyň çagalygyň hezilligini şeýdip geçirdiler.

Ýyl 2001. Men orta mekdebe okuwa başladym. Başlangyç synp mugallymymyz Maýa Hydyrowa bize sapak berip başlady. A-harpyndan z-harpyna çenli okamagy, ýazmagy öwretdi. Meniň bilen bile okan klasdaşlarymam jandan eziz mähribandylar. Başlangyç synpda ilki galamy elime alan günümde mende  bir duýgy döredi. Ilkinji gimni öwrenip aýdan günüm kasamy buýsanç bilen okanymda, Watan diýen düşünje mende has-da ornaşdy. Üç ýylymy okamaga, ýazmaga harçladym, okadym, ýazdym öwrendim. Maýa mugallym meni dürli çärelere gatnaşmak üçin şert döretdi, Oguzhan atamyzyň, Görogly begimiziň rollaryny maňa berdi. Uly buýsanç bilen uly höwes bilen maňa berlen rollara taýýarlanym. Oýnan keşplerimde maňa Watan söýgüsi näme diýen soragyň jogaplaryny çözüp başladym. Ýyl 2005. Ýaş zehinleriň arsynda geçirilýän çärä gatnaşmak maňa miýesser etdi. Çäräniň  şertlerinde Görogly begiň keşbini oýnadym. Kakamdan dutar tutmagy, çalmagy öwrendim. Halk saz guraly bolan dutary çalmak, dil bilen beýany bolmaýan uly duýgy. Öwrenen sazym bilen oýnan rolymy birleşdirip, geçirilýän çäreden 3-nji orny aldym. Men söýgüni duýmaga ony içimde ýaşamaga başladym. Dädemiň yhlasy ejemiň mähri bilen ol söýgi hasam ulaldy. Taryhda yz goýan gahrymanlaryň edermenligini, gaýduwsyzlygyny ata Watany üçin eden yhlasyny okanymda meniňem edil şolar ýaly şahsyýetleriň Watan söýgüsi oýanypdy. Geçen asyryň taryhy we gelejegiň ýaňy meni hasam aýdyňlatdy. Ulaldygymça-da özümiň Watana bolan bergimiň bardygyny bilip başladym. Biz ýaşlaryň gelejekde beýik adamlar bolmagymyz üçin milli Liderimiziň edýän aladalaryny gaty uludyr. Bütin halkyň ertirki ykbaly hakynda gije-gündiz bimöçber aladalar edýär. Bu Watan maňa ejemi, dädemi, doganlarymy berdi. Olar şu Watanyň goýnunda meniň ýüregimde bakydyrlar. Ýyl 2013. Meniň watan gullugyna gadam basan ýylym. Ine menem edil 5 müň ýyllyk taryhymyzda yz goýan gahrymanlar dek Watan üçin borjumy duýmak, oňa bolan söýgüm hasam berkedi. Ine men Watan ogly şu Watany goraýan goragçy boldum. Meniň borjumy Watan gullugynda eden kasamymda bekeşdi. Kasamda Watan üçin janymy berjekdigim barada eden andym, indi meniň ömrümiň soňuna çenli antdyr kasamdyr. Esger lybasyny geýip ýaragy elime alanymda “Ine men Watan ogly, bu Watana hyzmat edýän borjumy berýän. Men bu Watany indi hasam söýýän” diýip has buýsançly aýdypdym. Ata Watanymyzyň garaşsyzlygyna, hemişelik bitaraplygyna buýsanmaga, mähriban Watany ene topragy başymyza täç etmäge çagyrýar. 2015-nji ýylda Watan gullugyndan boşanymda yzyma seredip ine indi menem Watan ogly, bu Watana janym gurban, diýip salam saňa durmuş diýip ädim ätdim. Watan gullugynda öwrenen zatlarym. Indi durmuşda, ulanmak wagty. Görüp otursam, Watan gullugy dine ýarag tutmagy, nyzamly ýöremegi däl-de, durmuşy öwredýän iň uly mekdep eken. Men ol mekdepde maşgalamy, Watanymy söýmegi, olary eziz görmegi öwrendim. Maşgala söýgüsi, Watana söýgüniň gönezligidir. Gullukdan boşap, ejemiň ýanyna baran mahalym gaýgy gussa sumat boldy ýüregim ýukalap, mähre baý boldum, çaga bolup ylgap gujagyna doldum, arzuwlar ummanyna çümdim. Ine, meniň 7 ýaşymda gözlegine çykan içimde dörän Watan söýgüsini tapdym. Indi onuň bilen ýaşamak maňa borçdyr. Bu ata Watan Türkmenistan, maňa beren zatlaryny sanap gutarar ýaly däl. Maňa kär berdi ýürekden söýen ýarym bilen durmuş gurmak bagty hem-de Watan miras goýjak ogul berdi. Meniň özüm meniň barym Watan!!!!

 

Gurbanguly Orazgulyýew,

Balkan welaýat bagçylyk müdirliginiň gök hojalyk işçisi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri