Çagakam içinde söýgi temasy ýok eser ýa-da bolmasa kino barmyka diýip kän oýlanardym. Indi görsem, söýgisiz asla durmuş hem ýok eken. Aslynda, ynsanyň özi söýgi bilen ynsan adyna eýe bolýar. Durmuşyny söýgä ulaşdyryp bilmedikler ýaşaýşyň manysyny, bahasyny näbilsin?! Her kimiň söýgä bolan öz garaýşy bar. Öz durmuşyndan göwnühoş, ony söýýän adamlar gürrüňsiz öz saglyklary barada alada ederler.
Ylym islendik zada ruhy, psihiki, duýgy we fiziologiki taýdan güýçli baglanmaklyga, söýgi diýilýär diýip kesgitleme berýär. Biziň döwrümizde söýgi diýilende, köplenç ýagdaýda iki garşy jynsyň bir-birine bolan güýçli baglylyklaryny aňladýan söz diýlip düşünilýär. Hakykatda bolsa, söýgi islendik işe, hereket işjeňligine, islendik zada bolan güýçli baglylykdyr. Ýagny, sporta bolan söýgi, işe bolan söýgi, Alla bolan söýgi, Watana bolan söýgi, bularyň hiç birisiniň hem aýal bilen erkegiň biri-birine bolan hak söýgüsinden kem ýeri ýokdur. Söýgi, güýç berýändir! Söýgi, ylham berýändir! Söýgi, umyt berýändir! Söýgi durmuşyňy many bilen dolduryp, ony has-da baýlaşdyrýar.
Edýän işinde we durmuşynda üstünligiň hemrasy bolýan adamdan sorap görüň. Ol gürrüňsiz öz işini söýýändigini diňe öz dili bilen däl eýsem, edýän hereketleri bilen hem öz işine bolan söýgisini köpçülige mälim eder. Islendik Olimpiýa çempionyndan sorap görüň, ol öz meşgullanýan sport görnüşini jany-teni bilen söýýändir, sportuň ony bagta eltjekdigine pugta ynanandyr, umyt edendir we bu gymmatlyklar hem oňa günde sport bilen meşgullanmaga güýç-kuwwat berendir. Söýgi, ony başga gereksiz zatlara ünsüni bermekden gorandyr. Söýgi, onuň öňündäki agyr kynçylyklary ýeňillik bilen ýeňip geçmäge ägirt uly ýardam berendir. Ynha, şuňa-da söýginiň gudratly güýji diýilýär. Hakyky söýginiň ýeňip bilmejek hiç bir kynçylygy ýokdur. Söýgi ähli gapylary açyp bilýän, ähli deňizleri ýüzüp geçip bilýän, ähli günäleri ýuwup bilýän, dertleri bejerip bilýän güýçdür.
Eger işiňizde üstünlik gazanmak isleýän bolsaňyz, işiňizi söýüň. Maşgalaňyzda agzybirlik we abadanlyk isleýän bolsaňyz, ýakynlaryňyzy söýüň. Baýamak isleýärmisiňiz? Zähmeti söýüň. Alym bolmak isleýärmisiňiz? Kitaplary we pikir etmegi söýüň. Söýgi işiňizi ýeňilleşdirer. Dert, tukatlyk berýän zat söýgi däldir, ol diňe göwnüňi aldamakdyr. Eger sen işiňi ýigrenýän bolsaň, edýän käriňden “göwnüň doýmaýan” bolsa, maksadyňda, we arzuwyňda bu iş bilen meşgullanmak ýok bolsa, onda bu işde saňa üstünlik ýokdur. Işlärsiň, belki erbedem işlemersiň ýöne, üstünlige gapy ýapykdyr. Şonuň üçinem, söýýän we arzuw edýän käriňizde işlejek boluň, maksadyňyza ýakyn boluň, anha şonda işiňi söýmek mümkindir.
Elbetde, söýgi hakda söhbet edilende, juwanlyk söýgisi ýa-da yşk hakda hem sözlemän durup bolmaz. Megerem bu söýgüleriň iň ajabydyr, jadylysydyr hem ýaşaýşyň bakylygydyr. Bir-birine gowşan hak aşyklaryň alyp bilmejek galasy ýokdur, olaryňkydan bagtly durmuş hem ýokdur. Juwanlyk söýgüsi ýaşlygyň güýji bilen birleşip seni arzuw-maksatlaryňa ýetirýär.
Kämil adam duýgularyna erk edip bilýän adamdyr, şol sanda söýgini-de. Eger siz bir zady ýigrenýän bolsaňyz, ýa-da söýýän bolsaňyz we bu söýgi-de sizi yza çekýän bolsa, dessine, munuň sebäbini özüňize soraň we sebäplerini ýazyň. Bir-birden bu sebäplere garşy ädimler ätmek bilen, bu ýigrençden, ýa-da zyýanly söýgüden halas bolarsyňyz. Beýniňizi ulanmak, bu meseläniň ýeke-täk çözgüdidir! “Duýgularyňa erk edip bolanok” ýa-da “Söýgä garşy gelip bolanok” düşünjeleri ýalňyşdyr. Beýnä, hemme zady öwredip bolýandyr: ýigrenmänem, söýmänem. Duýgularyň, biziň durmuşymyzy kynlaşdyryp bilşi ýaly, meselem diýeli ýigrenç duýgusy ýaly, olar, söýgä öwrülmek bilen biziň durmuşymyzy aňsatlaşdyrybam bilýändir. Kämil söýgi kalpdan gaýdyp, beýnä we bedene güýç berýändir. Eger-de siz özüňizi gowşak duýýan bolsaňyz, özüňiz hem aşa duýguçyl bolsaňyz onda sizde söýgi az möçberdedir ýa-da ol durşuna kalpda jemlenendir. Durmuşyňyzy aňsatlaşdyrmak isleýän bolsaňyz, söýmäni öwreniň! Kalpda köreýän söýgiňizi bedeniňizi we beýniňizi işjeňleşdirmäge we özgelere paýlamagy öwreniň! Munuň üçin bolsa bir adamy däl-de tutuş adamzady söýmäni başaryň! Ýagşylyk etmek, ýagşy söz aýdyp biriniň göwnüni götermek, iň bolmanda adamlara ýylgyryp bakmak adamlara bolan söýgüniň sadaja nyşanlarydyr.
Adam haýsydyr bir ýagşy, peýdaly iş edende ýa-da kimdir birine ýylgyranda, oňa-da şeýle jogap, mähir gaýtarylýar. Şonda adam özüni erkin we şähdaçyk duýýar. Biz adamlara näçe köp ýagşylyk etsek, şol hem bize artygy bilen dolanyp gelýär. Näçe mähir-söýgi bildirsek, şonça-da özümizi oňat duýýarys. Söýgä mynasyp bolmak üçin söýmegi başarmaly. Söýgüni bellibir adamlardan garaşmaň. Ol garaşyk edip alynýan zat däldir. Siz durmuşy söýüň şonda siz özüňize-de, beýlekilere-de ýagşylyk etdigiňiz bolar.
Islendik çaga öz ene-atasyny iň eziz hem-de dogry ýoly görkeziji adamlar hasaplaýandyr. Akyl-huşundaky islendik adam bolsa öz Watanyny Ýerdäki Jennetiň bölegi hasap eder. Watan biziň söýýän zatlarymyzyň, ýakymly ömür ýatlamalarymyzyň jemlenen ýeri. Ýeri onsoň, Ony nädip söýmän bolar?! Biziň ähli barlygymyz şu toprakda jemlenen. Biziň her birimiziň çekýän halal, päk zähmetimiz şu Watana bolan söýgimiziň subutnamasydyr. Gadamlary rowaçlyklara beslenýän islendik adamyň ýüreginde Watanyna bolan söýgüsi bardyr. Watanyny söýýän islendik adam ýüreginde kir-kimir götermez, kynçylygy özgeden gözlemez, ol özüne ýol tapynar, yhlas eder, maksadyna ýeter. Watanyňyzy söýüň! Ol siziň ýaşaýşyňyzyň gözbaşy bolmak bilen ähli üstünlikleriňiziň hem gözbaş alýan ýeridir.
Abdy Kadyrow, esger.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!