ATAWATAN ESERLERİ

  Kakam hakda ýatlama….

Döredijilik  adamlarynyň  arasynda  ene  barada  eser  döretmedigi,  goşgy   ýazmadygy  ýok  bolsa  gerek?. Emma ene söýgüsi bilen deñ derejede duran ata söýgüsi barada ýazýan azmyka diýýärin. We bu gün men ýeke gezek didaryny  görmedik , “Gyzym”  diýip  başymy sypap bagryna basyp, maňlaýymdan ogşamadyk mähriban  kakam  barada  mähriban okyjylara gürrüň  beresim gelýär. Bu başymdan geçiren durmuş hekaýamy uruş döwründe kynçylyklara döz gelen, yadaman uly umyt bilen mähribanlarynyñ giden ýoluna garap, ýagşy umutda bolan, ýüreklere bagyşlaýaryn.

Ata – babalardan gelýän şeýle bir parasatly söz bar: “Atasyz ýetim- ejesiz ýesir”. Ganym uruş zerarly iñ mukaddes söz bolan “Kaka” diýmekden mahrum bolan çagalaryñ biri  men. Men hem çagalykdan ýetim galdym. Entek men dünýä inmänkäm, ýaňy 18 ýaşly kakam Hudaýberdi 1939-njy ýylda Watan gullugyna çagyrylýar. Ejem bilen dogan-garyndaşlar bolup kakamy “Sag aman gel” diýip gulluga ugratýarlar.  Kakam mähriban ejemde goşa ýüregiñ urýandygyndan habarsyzdy. Şeýdip kakamjan gitdi. Aýlar-günler geçip durdy, durmuş asuda, parahat dowam etýärdi.Meniñ dünýä gelme buşlugyny eşiden ýaş esger, ýagny kakamjandan gelýän begençli bukjalar ýalñyz ejemiñ ýüregine teselli berýärdi.

Süýji günleri arzuwlap, kakamyň gelerine garaşyp yörşümize ertirki  başa injek nägehan uruşdan hiç kimiñ habary yokdy.

Gullugy gutarmaga,

Galaýypdy az wagtyñ,

Ganym duşman ýurda çozup,

Ýatyrdyla seniñ bagtyn.

1941-nji ýylyň iýun aýynyň 22-sinde faşistik Germaniýanyñ Watanymyza çozmagy bütin dünýäni lerzana getirdi. Bu ajy habar her bir öýe ot bolup düşdi. Ejem bilen Kakamyñ eden süýji arzuwlary güýz ýapraklarynyñ ýere gaçyşy ýaly gaýyp gitdi. Durmuşyñ kyn günleri başlapdy. Kakamdan gelýän arzuwly bukjalaryñ sany kem-kemden azalmaga başlapdy. Bir gezekki gelen hat, mähriban ejemiñ ýüregini paralapdy.  Kakamjanyñ didaryny görmegi arzuw etýän ilkinji perzendi, ýekeje gyzyna eden soñkuja arzuwy şeýle boldy: “Men toýa barýaryn (şol wagt urşa “toý” diýilýän ekeni). Sag gurgun otyryñ. Ýeke gyzyñ bagtynam Alla oñarsyn!”.

“Biz toýa barýarys” diýip,

Obaña ýolladyñ haty.

Eziz ejem gözyaş etdi,

Gaýta-gaýta okap haty.

Şeýdip ejem kakamyñ sag aman uruşdan dolanyp geleriñe garaşybermeli boldy. Her gezek oba poçtalýonynyñ getirýän hatly bukjasyny okap, kakamyñ sag gurgyndygyna şükir etýärdi.

Bir hatynda ýazypdyn,

“Men tank sürýärin” diýip.

Ganym duşmanyñ külün,

“Göge sowurýan” diyip.

Kakamyñ ýany bilen oz dutaryny alyp gidendigini, öz çalýan sazlarynyñ esgerlere ýeñşe bolan umyt, ýüreklerine teselli berýändigini kakam begenç bilen hatynda ýazýar eken. Ejemjan bilen kakama kän garaşdyk. 1945-nji ýylyñ Maý aýynda beýik Watançylyk urşy ýeñiş bilen tamamlandy. Emma kakam gaýdyp gelmedi.

Dolanyp gelersin diýip

Umut bilen garaşdyk,

Sag aman gelenlerden,

Gaýta-gaýta soraşdyk.

Ejem bilen kakamsyz geçen kyn günlerimiz ýadymda. Ejem orak orup, döwek döwerdi, gazy gazardy, gijelerine çyranyñ ýagtysyna jorap örerdi, haly dokardy. Geçýän günler nähili kyn bolsada, çagalyk döwri öz hökümini ýöretýärdi. Çagalar bilen oýnanymyzda çagalaryñ “Kaka!” diýen sözlerini özümde arzuwlap, onuň nähili duýgydygyny bilmek üçin çete çykyp “Kaka!, Kaka!” diýip gaýtalap görýärdim. Ejemjan kakamyň ýoklugyny näçe bildirmejek bolsada, ýüregimde onuñ ýeri elmydama boşdy. Kakamy ýatlara mende hiç hili ýatlama ýokdy, ne ýylgyrşy, ne ýöreýşi, ne gürleýşi…..Ondan mana galan ýekeje ýadygärlik,  ejem üçin ýasan gülýakasy boldy.

Kakamy ýatlap ýatan,

Dañlarym hiç atmady.

Ata mährinden ganmak,

Maña nesip etmedi.

Elmydama aklym kakam baradaky habarlarda boldy. Kakam bilen deñ ýaşdaky adamlary görenimde, uruş weteranlary bilen söhbetdeş bolanymda kakam barada soraýardym. Häzir meniñ ýaşym segsene ser uran hem bolsa, heniz-henizler hem mähriban kakam barada pikir edýärin. Kakam niredeka?….

Galaýdyñmy jan kakam,

Ýat ýurtda mazar bolup.

Nirelerde ýatyrsyn,

Öz topragyña zar bolup.

Eger şu asuda, parahat asmanyñ astynda ýaşaýan bolsak, ir säherden guşlaryñ ýakymly owazyna oýanýan bolsak, bu bagty kakam ýaly müñlerçe Watan üçin, geljekki nesiller üçin janyny gurban eden gerçeklere borçludyrys!

 

 

Amansoltan Jumaýewa,

Ahal welayatynyň Sarahs etrabynyñ ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri