ATAWATAN ESERLERİ

Iň eziz söýgi näme?

Akja gardan don geýinen gyş pasly dowam edýärdi. Obanyň adamlary Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylygy şatlykly, şowhunly garşy almak üçin taýýarlyk görýärdiler. Kimler baýramçylyk süýjülerini alyp gelýärdi, kimler öz öýleriniň arçalaryny bezeýärdiler, baýram mynasybetli biri – birlerini gutlaýardylar. Merdan hem öz maşgalasy, ýagny kakasy, ejesi we doganlary bilen uly baýrama taýýarlyk görýärdi. Ol uzyn boýly agras oglan, özi hem öýlenmedikdi. Merdan  özüniň söýýän gyzyny Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlapdy. Emma Merdan üçin aýratyn gutlanmaly zenan ol onuň söýýän gyzy däl-de, käbesi Sadap ejedi. Onuň üçin ejesiniň gülşüni görmekden, sesini eşitmekden başga bagt ýokdy. Merdan özüniň iň eziz söýgüsi, iň gadyrly ynsany ejesidigini bir wakadan soň düşünip galýar. Bu waka şeýleräk bolupdy.

Merdan şäherde uly işe başlaýar. Ejesi oglunyň işe başlanyna, uly ýigit bolup ýetişenine, şeýle bir begenýärdi, emma oglunyň uzak ýerlerde boljakdygy örän gynandyrýardy. Sadap eje agyr hem bolsa ogluny şähere ugradýar.Ine-de Merdanyň işi başlady hem-de üstünlikli dowam edýärdi. Onuň işi örän jogapkärli bolansoň, öýüne,  oba gaýtmak barada söz açmaga-da, wagt  ýokdy.

Bir gün Merdanyň kakasy Gandym aga ejesi Sadap eje ogluny görmäge şähere gelýärler. Merdan öz mähribanlaryny begenip garşy aldy, olar bilen çaý başynda söhbetleşip oturdy,soňra Merdan işine gitdi we agşam geljekdigini aýtdy. Sadap eje ogluny görenine örän begenýärdi. Ol, ogly gelýänçä, onuň gowy görýän naharyny bişirip goýdy. Agşama golaý Merdan işden geldi. Sadap eje oglyny we Gandym agany agşamlyk naharyna çagyrdy. Olar üç bolup Merdanyň çagalygyny ýatlap şadyýan otyrdylar. Nahar hem örän tagamly bolupdy. Merdan agşamlyk naharyny iýip bolanyndan soň el telefonyny alyp  başga otagda halaýan gyzy bilen gürleşip başlady. Wagt eýýäm gijäniň    ýary bolupdy. Ol henizem gürleşýärdi. Sadap eje oglunyň ýanyna baryp:                                                                                                                                                                 –    Oglum  entek köp gürleşjekmi ?   Ogly:

– Howa eje – diýip jogap berdi. Sadap eje ýene-de garaşdy. Ol oglunyň didaryndan doýasy, sesini ene ýüreginden eşidesi gelýärdi. Merdanyň bolsa şol gürleşip otyrşydy. Sadap eje ýene-de oglunyň  ýanyna baryp:

–   Oglum gürleşip  bolansoň aýdaý – diýdi we beýleki otagda uklaman ogluna garaşdy. Ejesi oglunyň söhbetini bölesi gelmedi, çünki ol oglunyň halaýan gyzydy. Merdan daň atmagyna iki sagat töweregi galanda şol otagda uklap galypdy. Sadap eje ýene-de oglunyň ýanyna barýar, görse, ogly süýji uka gidipdir. Sadap eje oglunyň ýanyna baryp, ýüreginde nätanyş duýgylar bilen, gözi ýaşly, oglunyň uklaýşyna seredip, oturyp galýar. Merdan ukudan tursa, eýýäm ertirlik taýýardy. Ol ejesine “Sag bol eje” diýip, işdämenlik bilen ertirlik edinýär.Ertesi gün Gandym aga bilen Sadap eje ogly bilen sagbollaşyp oba gaýdýarlar. Ýöne Sadap ejäniň ýüregi agyryly gaýdýar. Şol günden soň Merdanyň işleri ugruna bolman başlaýar. Ol nämäniň- nämeligine düşünmän agşamara öýüne gelip, oýlanyp oturýar. Bir wagt onuň ejesi ýadyna düşýär. Merdan şonda ejesiniň göwnüne degendigini bilip galýar we içinden : “Men nämeler etdim?! Ejem meniň üçin ýörite obadan şu ýere geldi. Şeýdip gelmek aňsatmy?! Ol oglunyň didaryndan doýmak üçin geldi ahyry . Ejem meniň bilen gürleşjek bolup gijesi bilen uklamady. “- diýip,gama batýar.

Şol wagt Merdan, ejesini şeýle bir göresi gelýärdi, emma indi giçdi, olar eýýäm oba barypdylar. Ol dessine telefonyny alyp ejesine jaň edýär we:

– Eje salam, ýagdaýlaryňyz gowumy. Sag aman otyrsyňyzmy ? Ejesi oglunyň jaň edenine begenip:

–  Salam  oglum, Hudaýa şükür.  Ogly :

– Eje … bagyşla meni! Sadap eje hiçzat bolmadyk ýaly :

– Oglum, işden geldiňmi ? Agşamlyk naharyňy edindiňmi ? Nahar edinen bolsaň, uklap dynjyňy al, ýadansyň oglum, ertir ýene-de işe gitmelidirsiň.

Merdan ejesiniň bu süýji sözlerini eşiden badyna saklanyp bilmän aglamaga başlady. Çünki ene ýüreginden çykan bu sözler Merdanyň ýüregine siňipdi. Eýsem, gynanaňda öz jany ýaly gynanjak, begeneniňde öz göwni ýaly begenjek, iýeniňde özi iýýän ýaly, geýeniňde özi geýýän ýaly görjek, daşyňdan seredip, boýuňa guwanyp durjak, ene dälmi ahyry? Merdan şol günden soň dünýäde iň eziz söýgi, ene söýgisidigine düşünip galýar. Ol indi günde ejesine jaň edip, onuň hal ýagdaýyny sorap durýardy. Sadap eje bolsa öz ogluna diýseň guwanýardy. Merdan bu gezek Täze ýyly ejesi bilen garşylamak üçin oba öýüne gelipdi.Hemmeler bu gün diýseň şadyýandy. Obanyň tebigaty hem gyş pasly bilen utgaşyp örän owadan görünýärdi. Birden- kä asmandan päkize gar tozgajyklary düşüp başlady . Merdan dessine ejesini, maşgala agzalaryny çagyryp, akja garyň üstünde ýadygärlik surata  düşdiler.Merdan şu pursaty hiç haçan ýadyndan çykarmady.Agzybir  maşgala, baýram güni diýseň bagtlydy.

Bu –  Sadap ejäniň öz perzentlerine bolan söýgüsiniň güýjüdi.

 

                                                                  Serdar Muhanow,

Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň

Harby-deňiz institutynyň 3-nji ýyl talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri