ATAWATAN ESERLERİ

Goşa çynar

Bir gün daýzamlara gezmäne barypdym. Obaň ýokary çetinde mekdep bardy. Meň daýzam şol mekdepde  mugallymydy. Mekdebiň ýanyndaky duralgada awtobusy sakladym. Men düşjek bolamda, awtobusyň öňki oturgyjynda oturan daýza-da düşjek bolup ýerinden turdy. Elindäki agyr torbasyny zordan göterýärdi. Men bu daýza dözmedim. Elindäki torbasyna elimi uzatdym-da:

  • Getiriň daýza, kömekleşeýin – diýip garbap aldym: – “geçiň daýza, düşüberiň” – diýip daýzaň yzyndan awtobusdan düşdüm. Daýzaň torbasy gaty agyrdy. Men ony zordan awtobusdan düşürdim. Men bu hor, ýüz-gözleri garaörüt daýzaň ýüzüne geňirgenip seretdim. Içimden bolsa, bu agyr ýüki,  bu horja daýza nädip göterip bildikä? diýip pikir etdim, soňam öz içki  pikirimi daşyma  çykardym:
  • Daýza munça agyr ýüki nädip göterip bildiňiz? Bu gaty agyr ahyry, nirede ýaşaýaňyz men öýüňize göterip elteýin – diýdim. Daýza, meň ýüzüme ýiti nazaryny dikip:
  • Wah balam, bu torbanyň ýüki agyr däl-le, ine durmuşyň beren ýüküni götermäge gurbat gerekdir, balam, öýüm ine şujagaz ýerdele, daş däl – diýip, elini obaň ilersine uzatdy-da,  men elimden torbasyny aldy. Mekdebiň golaýynda,  saýa salyp oturan goşa çynaryň ýanynda torbasyny goýdy-da aşak oturdy. Men bu daýzany synlap durdym. Geňirgenip durşuma:
  • Bäh bu daýza, öýüm  golaýda-la diýip, görkezen tarapyna gitmän, näme üçin bu goşa çynaryň saýasynda oturdyka? Ýa akly üýtgänmika? – diýip, her hili pikir etdim.  Men bu naçar enäniň “durmuşyň beren ýüküni götermäge gurbat gerekdir” diýen sözi, meni oýa batyrdy. Men bu daýzaň çynaryň aşagynda oturyp, biri bilen gürleşýän ýaly edýän hereketine, köp wagtlap synlap durdym. Bu goşa çynaryň bu daýza bilen näme baglanşygy barka? diýip oýlanýadym.

Men mekdebe tarap gitdim. daýzamyň iş ýerine bardym, baramda daýzam  işden çykjak bolup dur eken. Biz daýza- ýegen bolup bile gaýtdyk. Ýolda men şol daýza barada gürrüň berdim, daýzam:

  • Hä, sen Gülşat daýza sataşansyň, oň saňa “durmuşyň beren ýüküni götermäge gurbat gerekdir” diýeni ýöne ýere däl. Ol goşa çynar, bu  naçar enäniň hasyl bolmadyk arzuwy – diýip, obada adamlarynyň ýüreklerinden çykmaýan şu wakany gürrüň bermäge başlady.

***

Bahar bilen Serdaryň toý sähedi bellenipdi. Bahar bilen Serdar mekdep döwürlerinden bäri halaşyp gelýärdiler. Bahar obada iň asylly, owadan, eli hünärli gyzlaryň biridi.  Serdar mekdebi tamamlap Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip, soň okamagy maksat edinipdi. Şol sebäpli ol iki ýyl gulluga gitdi. Gitjek güni Bahary duşuşyga çagyrdy. Aşyklar duşuşykda geljek barada süýji arzuw edişip biri-birege wada berşip hoşlaşdylar.

Serdaryň ejesi Baharlara gudaçylyga geldi.  Agşamlyk naharyndan soň çaý başynda Amangül gelneje, gelen myhmanyň sözüni adamsy Atageldi aga ýetirdi. Atageldi aga Serdaryň kakasyny gowy tanaýandygyny, bir obada bile oýnap ösendigini, bu maşgalada gyzynyň ynjamajagyny aýtdy.

Toý sähedi bellendi. Indi bütin oba Serdar bilen Baharyň toýy barada gürrüňler edýärdiler. Toý hepdesine girildi. Toýuň atgulagy asyljak gününe bir gün galypdy. Bahar, joralary bilen toý bukjasyny çatyşdyrýardy. Her gün gije gyzlar üýşüp Baharlarda bukja taýýarlaýardylar. Bahar başyna atyljak gyzyl kürtesine, girse-çyksa guwanyp synlaýardy, bu kürtäni şaňňyrdadyp Serdarlaryň öýüne girişini göz öňüne getirýärdi.

Serdar giçlik işden gelende, goňşy obada ýaşaýan gullukdaşy Ýusuba toý çakylygyny berip, toýa çagyryp geljekdigini ejesine mälim edip, maşynyna münip gitdi. Ýusuba toý çakylygyny berdi, ony toýunda arzyly myhman bolmalydygyny aýdyp, oň bilen hoşlaşyp ýola düşdi. Gijäň garaňkysyna ýolam gowy görnenokdy. Ulagyň yşgy bu garaňky ýola zordan ýagtylyk berýärdi. Birden öňünden duýdansyz çykan it, ulagyň ýoluny kesdi. Serdar bu janaweri kakmajak bolup ulagyny gyra sowdy, gyrada duran elektrik togy geçýän sütüni görmedi. Ulag batly baryp sütüni  kakdy. Maşyndan şeýlebir ses çykdy welin, bütin obanyň adamlary, öýlerinden ylgaşyp çykdylar. Ala tütün bolup ýatan ulaga tarap ylgaşyp bardylar. Tüsseläp duran ulaga, gum sepip başladylar adamlar Serdary ulagdan çykarmaň aladasyny edip başladylar. Tiz kömegem oňa çenli gelip ýetdi. Bu wakanyň şaýady bolup duran gullukdaş dosty Ýusup, Serdaryň ejesine nädip bu habary ýetirjegini bilmän ýaýdanyp, aljyrap durdy. Tiz kömek ulagyna münip keselhana geldi. Eýýäm  gije bir çene barypdy. Bu habary obaň ýaşulylarynyň biri Serdaryň ejesine ýetirdi.

  • Ýok, ýok, ogluma hiç zat bolan däldir. Serdarjan gelerin diýip gitdi – diýen zaryn sesine, öýde ýatanlar, goňşy-golamlar, bütin oba adamlary howla göz açyp-salymda ýygnandylar. Howluň içinde bagryny gyýyp, zaryn aglap ýer bagyrtlap ýatan  enä ýürekleri awady. Goňşy aýallar ony goltugyna girip öýe saljak bolýardylar. Ýeke perzendini aldyran eneň ýüregi bu ajy aýralyga nädip jydar? Toýa şaýlanyp duran bu howla, birden bulut gelip, asman-zemin garyşyp, ýyldyrym çakana döndi. Bu habar Baharyň ejesi bilen kakasyna ýetirdiler. Amangül gelneje gyzynyň keç ykbalyna  gynanyp çöküne düşüp ep-esli wagt ýerinden galman oturdy. Bu habary eşitse, gyzynyň ýagdaýynyň nähili boljakdygyny pikir etdi. Şol gün gije, Baharyň joralary toý bukjasyny taýýarlap goýuşdyrdylar.

Ýaňy daň saz beripdi. Bahar ilki ejesiniň näme üçin aglaýanyna düşünmedi.

  • Wah balam, keç ykbaly ekeniň, indi seň Serdaryň ýok balam, ol agşam ýol heläkçiligine uçrady – diýen sözini eşidende, Baharyň owadan gözleri, guran güle meňzedi. Doňup, gatan daşa öwrüldi. Demi gutaryp,  gursagyndan sogurlan ýaly boldy. Üstünden gara daglar ýykylana döndi.

Serdaryň jesedini öýlerine getirenlerinde Gülşat gelneje howluda ýer bagyrtlap, ýere ýazylyp ýatyrdy. Naçar enäniň zarynlaýan sesinden, howluda diňläp durar ýaly bolmady. Ir säherden gazanlar atarlyp, toýa başlamaly bu howly, durky bilen tümlüge öwrüldi. Bu maşgalaň bosagasyndan gyzyl kürteli, şaňňyrap gelin bolup girmeli Bahar, başyna gara ýaglyk daňynyp, öz göwün beren ýaryny, iň soňky ýoluna ugratmaly boldy. Törde süýnip ýatan Serdara gözi düşende, gözüniň öňi garalyp, asman depesinden basyp, ýer bilen asman aralygynda gysylyp, gowurylyp barýardy. Serdaryň başujyna emedekläp diýen ýaly bardy. Ýüzüne ýapylan ýaglygy açanda Baharyň gözleri gapyldy. Bahar uly sesi bilen gygyrdy:

  • Eý Allam, günämiz nämedi? Näme günä etdim sen öňüňde? jan Allam, meni garamaňlaý etdiň. Açylyp barýan gülümi, näme üçin guran agaja döndürdiň? Ýarymy elimden aldyň, meň aýagym neneň ýer tutsyn. Men nädip, Serdarsyz ýaşaýyn jan doganlar – diýip zaryn aglap Serdaryň gapdalynda özünden gidip ýykyldy. Serdary iň soňky ýoluna ugratmaga gelen mähelläniň san-sajagy ýokdy. Bu gün toý tutulyp, törde asylmaly jübüt atgulak, onuň tabydynda asyldy.

Bahar bu dünýe bilen hoşlaşdy. Ony Serdaryň gapdalynda jaýladylar. Olar indi goşa mazara öwrülip ýatyrdylar.  Bahar Serdara beren wadasyny berjaý etdi, “münsem seň kejebäňe münerin, bolmasa agaç ata” diýipdi. Şeýle, diýip daýzam, uludan demini aldy-da, gözüniň ýaşyny süpürdi.

  • Ine ýegen, Gülşat daýzaň “durmuşyň beren ýüküni götermäge gurbat gerekdir” diýen agyr ýüki şu waka – diýip sözüni jemledi. Oba adamlary bu iki juwanyň duşuşýan ýerlerinde goşa çynar  ekip, oňa “goşa çynar” adyny goýupdyrlar.

 

Orazjemal Orazowa,

 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

 Syýahatçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri