ATAWATAN ESERLERİ

Gizlin söýgi

Ýaş maşgalada ikinji perzent gyz bäbejik dünýä indi. Olaryň ilkinji perzendi Resuljyk dört ýaşyna gadam basypdy.  Bu garaşylýan bäbejik maşgalanyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenlerde bäbejige at goýanlarynda gaty köp taraply, çuň manyly arzuwlar bilen at goýulýar. Bäbejige Maýagözel diýip at dakdylar. ,,Perzendiňi söýgi, yssy mähir bilen ony her gezek ogşanda jennet bagyna bir düýp gül ekýänsiň”- diýip ata-babalarymyzyň ýöne ýerden aýtmandygyna göz ýetirýärdiler. Özünden önen perzendiň behişdi ýatladýan naşyja ysy ata-enäni biri-birine barha ysnyşdyrýardy.

Maýagözel entäk kiçijik körpeje wagtynda, özüne iň ýakyn adamlaryny ýaňyja saýgaryp başlanda ,,eje”, ,,däde’’ diýmegi  öwrendi. Saýrap duran dil çykyp, onuň käbir sözleri aýtmaga dili doly aýlanmasa-da,  ,,eje, men depdere surat çekdim” – diýip güjürdeýän diline onuň ejesi monça bolup: ,,wahh, Maýajygym surat çeken eljagazyňa, surat çekdim diýen diljagazyňa döneýinn” – diýip gujaklap, her ýaňagyndan öpdi. (Onuň ejesi we kakasy mugallym bolansoň, Maýagözeliň surat çeken depderi ejesiniň sapak  meýilnama ýazýan depderidi.) Maýagözel 8-9 ýaşlaryndaky ejesi syrkawlap hassahana düşdi. Maşgalada ähli öý işlerini başardygyndan Maýagözel etmeli boldy. Bir gün gaz plitada nahar bişirmäge duran Maýagözeljigiň kakasy golaýyna geldi-de: ,,Maýajan, saňa nahar bişirmäge kömekleşeýinmi?!” – diýende, oňa: ,,Ýok, kaka men nahary özüm bişirjek, ýöne meni göteräý, men gazanyň içini görüp bilemok” –  diýip, çepiksije Maýagözeljik garaja gözlerini tegeledi. Nahar örän tagamly bolupdyr diýşip, maşgaladaky doganlary we kakasy bilen agşamlyk naharyny edindiler. Şol wagt gapy kakyldy. Kakasy Maýagözele gapyny açmagy tabşyrdy. Ol ylgap baryp gapyny açsa, goňşynyň  ogly Maýagözeliň synpdaşy Oraz eken. Oraz  ,,Salam, mugallym!” diýip  içerik girdi we ejesiniň agşamlyk üçin nahar iberendigini aýdyp,  pitide getiren naharyny goýdy-da, yzyna dolandy. Maýagözeljik maşgalada ulyja gyz çaga bolansoň, ejesine ýakyndan kömekçi bolup, hojalyk işlerinde örän kiçijikliginden werziş boldy. 11-12 ýaşlaryndaka eýýäm sygyr sagmagy, hamyr ýugrup, tamdyrda çörek ýapmagy hem öwrendi.  Bir gün agşamara sygyr sagyp bedräni süýtden dolduryp, gök-bakja ekilen mellek ýeriniň gyrasyndan gelýärkä kesege büdredi. Bedredäki süýt atyza dökülip gitdi. Ony gören kakasy: ,,Ine, saňa gerek bolsa, indi bu süýde suwarylan ýerden ýetişen gök önümler kösük ýaly baý tagamly bolar-a” diýip uludan güldi. Kakasynyň bu gülkisi Maýagözeli has-da aljyratdy. Ol aglady. Kakasy ony köşeşdirjek bolup gyzykly rowaýat aýdyp berdi. Gadym zamanda biriniň gyzy bolupdyr. Ol gyz hem edil seniň ýaly sygyr sagyp gelýärkä süýdüni döküpdir. Ine onsoň şol süýde suwarylan ýerden kösük gögeripdir. Şonuň üçin kösük süýt ýaly tagamly bolupdyr. Sen onuň üçin aglama, ine biziň mellegimiziň gyrasyndaky kösük hem şondan gögeren bolmaly diýip, gögerip oturan kösügi görkezipdir. Bir günem Maýagözel ilkinji gezek tamdyrda çörek bişirende tamdyryň içini doly görüp bilmän gaty kösenýärdi. Onuň ýapan çörekleriniň tas ýarysy dagy, tamdyryň içine gaçyp küle bulaşdy.  Şonda-da küle bulaşyp bişen çörekleri gören kakasy ,,külli çörek, bally çörek” diýipdi.  Kakasy we ejesi eden işinde kemçiligi bolsa-da, Maýagözeliň göwnüni awlajak bolup durmuş hojalyk işlerine imrindirýärdi, ullakan üstünligiň başlangyjyna atarýardy. Maýagözel hem her gezek eden işini öňküsindenem gowy etmäge çalyşýardy. Ol ulaldygyça ,,edenine el ýetmez, bahasyna pul ýetmez” diýdirip bilýän el işlerine hem ökdeläpdi. Garaz, türkmen gyzlaryna mahsus işleri birkemsiz öwrendi. Maýagözel orta mekdebi tamamlap çalasyn, asylly gyz bolup ýetişdi. Mekdepden soň ýokary okuw jaýyna girdi. Ony tapawutlanan diplom bilen tamamlap, arzuw eden mugallymçylyk kärini ele aldy. Ol her bir işiň örän başarjaňlyk bilen hötdesinden gelýärdi. Sebäbi onuň işe bolan yhlaslylygy, erjelligi, gaýduwsyzlygy, işeňňirligi, zähmetsöýerligi, maksadaokgunlylygy örän kiçijik döwründen döräpdi.  Maşgalada uly söýgi bilen gurşalyp, agzybir gatnaşykda arzuw edilýän  iň arassa sypatlar kemala gelipdi. Bäbejikkä arzuw edilip dakylan adyna eýe boldy. Türkmenlerde bäbejik doglanda ,,adyna eýe bolsun” diýilýär. Hakyky arzuwlanýan MAÝA GÖZELI bolup ýetişdi.   Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: ,,Gözellik diýlen düşünje doly manysynda enelerimizdedir” diýip enelerimizi has belentlikde hatyralaýan sözleri Maýagözeliň ejesine aýdylan ýalydy.

Gagalar entek bäbejik bolup dünýä inende ata-enä duýdansyz gelýän mähir – muhabbet bilen maşgala agzybirliginiň has berkemegine sebäp bolup bilýär.  Kiçijik ýaşly çagalarda, kiçijik ýürekde özüne iň ýakyn adamlara – ejesine, kakasyna, doganyna, enesine, atasyna maşgalasyna bolan gatnaşykdan başlanýan duýgyny eýsem näme diýmek bolar? Elbetde, söýgi!  Bu biri-biri bilen berk baglanyşykly berk kökler doglan öýüne we özüni gurşaýan ýakyn adamlar bilen baglanyşyklylykda döreýän duýgylar her bir ynsany uç-gyraksyz ummany ýatladýan çuňluklara we giňliklere aralaşdyrýar. Найти проститутку Новосибирска – значит окунуться в сказку удовольствия и декаданса, позабув о времени и обязательствах на несколько часов.

Hormatly Prezidentimiziň milli däp-dessurlarymyzyň aýratynlyklary esasynda türkmen halkynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: ,,Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi. Häzirki döwür ýaşaýşyň manysynyň ilkinji nobatda, adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýandygyny ykrar etdi.” – diýip belleýşi ýaly, adam gymmaty maşgalada kiçijik çagajykka ezizlenip  zähmete, durmuşa taýýarlanylýar.

Her bir ynsanyň ýüreginde doglan ýerine, ösüp ulalan, boý alan ýerine bolan gatnaşyklardan gizlin mukaddes, pynhan duýgular döreýär. Sebäbi, ol ýerde ilkinji sözi aýdýar, ilkinji ädimi ädip, ýöremegi öwrenýär, özüne mahsus dostlary gazanýar, öz söýgüsine duşup, durmuşyň şa ýoluna gadam basýar.   Ykbaly nirede bolsa-da, ýygy-ýygydan ol ýeri küýseýär.  Wagtyň geçmegi bilen hakyky mukaddes hem pynhan söýgi döreýär. Oňa WATAN SÖÝGÜSI diýilýär. Watan söýgüsi, watançylyk duýgusy ata watan, ene toprak diýen buýsançly hem mukaddes duýgular   her bir ynsan üçin kiçijik ýürekde döreýän iň beýik GIZLIN  SÖÝGIDIR!

 

Şeker Arazberdiýewa, 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri