Ir säher bilen ýokary okuw mekdebiniñ basgançaklaryndan howlukmaçlyk bilen ädimlerini ädip barýan gyz uly tolgunma bilen Uniwersitetiñ konferensiýa zalynyñ gapysyndan girdi. Eýýäm mugallymlardyr, talyplaryñ köpüsi ýygnanşyp öz ýerli – ýerlerine geçip konferensiýanyñ başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Bu ýerde ilkinji bolup çykyş etmelileriñ biri hem Mähekdi.
Hawa bu gün Mähek üçin ähli günlerden üýtgeşik gündi. Bu arzyly güniñ hasyl bolmagyna uly yhlasyny siňdiren gyz adatdakylardan has başgaça duýgulary başdan geçirýärdi. Dünýäni ýagtyldyp dogan nurly güneşem penjireden özüniñ mylaýym şöhlesini saçyp täsin duýgulary paýlaýardy. Mähek tolgunyp öz ýerine geçeninden penjiräniñ öñünde ganat kakyp saýraýan guşjagazlar ünsüni özüne çekdi, çekmez ýalam däl – di, çünki bu guşlar Mähegiñ halasgäridiler. Guşlara sereden gyz bir pursatda öz obasyna geçen çagalyk ýyllaryna, mähriban käbesiniñ ojagyna, dolananyny özi hem duýman galdy…
Mähek heniz kiçiliginden lukman bolmagy çaga ýüreginden arzuw edýärdi. Onuñ hem özüne ýetik sebäbi bardy. Çünki Çeper eje Mähegi ýeke özi ulaldyp ösdürüp ýetişdiripdi. Ýan ýoldaşynyñ agyr kesele duçar bolup bu dünýeden ir gitmegi Çeper ejä agyr urgy bolupdy. Ol Mähege hem ata, hem ene, ornunda durup öz mähir muhabbetini siñdiripdi. Kakasynyñ agyr kesele duçar bolup, dünýesini täzelemegi bolsa, Mähekde kiçiliginden lukman bolup hassalaryñ derdine derman bolmagy ýüregine düwüpdi. Mähek orta mekdepde, gündelik geçýän okuw sapaklaryny höwes bilen okap özleşdirýärdi. Çeper eje gyzynyñ gürrüñ berýän gyzykly kitaplaryny uly gyzyklanma bilen diñlärdi. Mähek okuwyndan boş wagtlary tikinçilik gurnagyna-da gatnap, el – işlerini tikmäni öwrenýärdi. Bu ýerde-de, eli çeperligi bilen tanalan gyza Aknabat mugallym mähirli ýylgyryp şeýle diýerdi.
Nesip bolsa Mähekjan sanlyja ýyldan ökde tikinçileriñ biri bolup obamyzyñ gelin – gyzlarynyñ köýneklerini tikip bejerip berer diýip, uly buýsanç bilen aýdýardy.
Şol geçen ýyllaryñ içinde, Mähek mekdepde, göreldeli okaýan köýnek tikmekde, ýaka bejermekde, eli çeperlikde tanalypdy. Ol öýlerinde-de, öýüñ ähli işlerini öz mähriban käbesine ýetirmän özi ýetişerdi. Mähek gün – günden ulalyp görmegeý gyz bolup ýetişdi. Çeper ejäniñ gözünde welin şol çagalygyna durdy. Mähek okuwyñ soñky ýylyna gadam basypdy. Güýzüñ mylaýym hoştap howasynyñ dowam edýän günleriniñ bir günüdi, Mähek howlynyñ töweregindäki bagdan gaçýan ýapraklary toplap daş – töweregiñ arassaçylygyna seretdi – de, jaýyñ daşyndaky penjireleri ýuwmak üçin basgançaklaryñ kömegi bilen ýokaryk galdy. Edil şol wagt hem nämäniñ, nämeligine düşünip ýetişmedik gyz aýagy togalanyp aşaklygyna gaçdy.
– Waý aýagym, aýagym diýip, gygyrmaga başlan gyzyñ sesine ylgap gelen Çeper ejedir goñşulary, Mähegi derrew hassahana alyp gitdiler. Gyzynyñ ýagdaýyny görüp Çeper eje has – da, howsala düşdi çünki Mähegiñ sag aýagynyñ zarba görendigini lukmanlar Çeper ejä uly gynanç bilen aýtdylar. Hawa bu wakadan soñ Mähek aýagyny ýere basmakda uly kynçylyk çekdi. Wagtyñ geçmegi bilen kem – kemden gowulaşsa-da edil öñküleri ýaly ýöräp bilmedi. Aýagynyñ agsaklap ýöremegi bolsa Çeper ejäniñ ýüregini has – da gyýýardy. Gyzynyñ indi öñküleri ýaly ne bir okuwuna, ne bir işine höwesi bardy. Mähegiñ sussupesligi gün – günden artdy. Lukmanlaryñ maslahaty bilen yzygiderli ulanylýan däri – dermanlar aýagy üçin alynýan ýörite maşklar agyrlaryny aýyryp kömek etse-de öñküleri ýaly ýöräp gidiberenokdy. Mähegiñ halyna dözmeýän eli ýeñil, dili süýji, lukmanlar bolsa özleriniñ hoşamaý sözlerini Mähekden hiç gysganmaýardylar. Olar Mähegiñ tiz wagtda, gutulyp öz ýüreginde besläp ýören arzuwlaryna hökman ýetjekdigini uly ynam bilen aýdýardylar. Ak halatly lukmanlaryñ özùne şeýle ýakyn durmagy Mähegiñ lukmançylyk kärine bolan höwesini has -da artdyrypdy. Ol hem lukman bolup hassalaryñ halyna şeýle mähribanlyk hoşamaýlyk bilen bakmagy öz ýanyndan arzuw edipdi. Bu ýyl ýokary okuw mekdebiniñ giriş synaglaryna gidip bilmedik Mähek ejesinden gizlin göz ýaşlaryny dökse-de, ene ýüregi onuñ derdini duýýardy. Perzendiniñ ruhdan düşmezligi üçin gyzynyñ bolýan otagyna lukmançylyk ugruna degişli kitaplary getirip goýardy. Mähek hem ejesiniñ raýyny ýykman oturan ýerinde, kitaplary okap özleşdirerdi. Mähek ýazyñ hoştap howasyna maýyl bolup penjireden synlap oturşyna bagyñ şahasynda saýrap bökjekleşýàn guşlary ýakyndan synlamak üçin daşary çykdy. Ýaşyl otlara gyzyl güllere bürenen meýdan, al – ýaşyl kebelekleriñ gülleriñ üstünde, perwana bolup ýörüşüni synlap oturşyna öz derdini unutdy, ol bagyñ şahasynda jak-jaklap saýraýan guşjagazlaryñ sesi onuñ ýüreginde uly joşguny oýardy. Ol oturan ýerinden guşlara tarap ýöränini özi hem duýman galypdy. Mähek bagyñ deñine ýetende, ol öz – özùne ynanmady, arkaýynlyk bilen aýaklaryny basyp ýöräp bilşine haýran galyp tolgunmakdan ýaña eje diýip, gygyran Mähegiñ sesine, Çeper eje ylgap geldi. Gyzyny bag içinde ýöräp ýörkä gören ene doñup galdy. Mähek ejesini gören badyna guş ýaly uçup baryp onuñ gujagyna doldy. Bu hoş habary eşiden goñşy – golamlar, deñ – duşlary, Mähegiñ sagalmagyna uly yhlasyny siñdiren lukmanlar Çeper ejedir Mähegi bu bagtly günlerinde olaryñ şatlygyny deñ paýlaşdylar. Öz hassalygynam unudyp guşlara tarap ilkinji ädimini batyrgaýlyk bilen ätmegine sebäp bolan guşlar Mähegiñ hakykatdanam halasgäridiler.
Zaldaky el çarpyşmalaryñ sesine Mähek oý – pikirlerinden aýñalyp penjiräniñ öñündäki guşlara minnetdarlyk bilen seretdi – de zalyñ içindäki şowhuna goşulyşyp gitdi.
Mähek ýokary okuw mekdebine giren ýylyndan öz öñünde, goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlasly okap sapaklaryna oñat ýetişýärdi. Uniwersitetiñ professory halypa mugallym Ata Ýoldaşow, Mähegiñ saýlap alan temasynyñ ýolbaşçysy bolmak bilen bu ugurdaky ylmy açyşyny üstünlikli tamamlasa geljekde, ýurdumyzyñ lukmançylyk ylmynyñ ösmegine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyny uly buýsanç bilen belläpdi. Geçen dört ýylyñ içinde, ylmy işiniñ üstünde işläp lukmançylyk ugrundan tejribesini toplan Mähek bu ýyl öz işini ýaş alymlaryñ bäsleşigine hödürledi, we munuñ netijesine uly sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Edilen umytlar, arzuwlar, çekilen zähmetler öz miwesini eçildi. Mähek bu gün şol arzyly arzuwyna ýetipdi. Ol ýaş alymlaryñ arasynda geçirlen bäsleşikde ýeñiji bolup, özüniñ zehinini, ukyp başarnygny açyp görkezipdi.
Mähek bu ýeňişe öz mähriban käbesiniñ yhlasy, söýgüsi, goldawy uly ynamy bilen ýetipdi. Çünki Mähegiñ hemişe arzuwlaryna ganat bolmagy başaran ene öz balasyny ak arzuwlaryna tarap uçuryp goýberipdi. Bu gün bolsa Mähek mähriban ejesiniñ öñünde ýaş alym, lukman bolup konferensiýada uly tolgunma bilen çykyş edýärdi. Gözlerindäki begenç göz ýaşlaryny ýüzünden sylyp mawy ekrandan gyzyna guwanyp mähir bilen seredip oturan Çeper eje, “Ýeñişiñ gutly bolsun gyzym” diýip mähirli ýylgyryp buýsanç bilen gyzynyñ çykyşyny diñleýärdi.
Läle Zakirowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ
Kitaphanaçylyk fakultetiniñ talyby.
ö
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!