(Hekaýa)
«Bagt» diýlen düşünje Batyryň aňyna gireni bäri ol özüni diýseň bagtyýar, şadyýan duýmaga başlady. Bagt, onuň pikiriçe, tapylgysyz, hiç kime ýetdirmeýän gymmatlykdy. Şol ýetdirmeýän bagt Batyra duýdansyz gülüp bakypdy. Hawa, ol şeýle bolupdy…
Batyr orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw mekdebine okuwa girdi. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlabam Watan gullugyna gitdi. Ol hemişe sport bilen meşgullanansoň, gulluk hem onda hiç hili kynçylyk döretmedi. Ol öýündäkiler, öz dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen hat alyşmagy gowy görerdi. Batyryň gullukdaş dosty Mekana welin hat, esasan, söýgüli gyzyndan gelýärdi. Ol gelen hatlary köplenç Batyra-da okap berýärdi. Batyryň entek söýgülisi ýokdy. Onuň esasy ünsi okuwda bolansoňmy, nämemi, söýgä, daş-töweregindäki gyzlara ünsem berenokdy. Ol orta mekdepde, ýokary okuw mekdebinde bile okan gyzlarynyň salgysynyň birine hat ýazmagy makul bildi, hemmesini göz öňünden geçirdi, ýöne näme üçindir hiç birini özüne söwer ýar hökmünde göz öňüne getirip bilmedi. Şeýlelikde, Batyryň gullugynyň bir ýyly geçdi. Bir günem Batyr agşamky nobatçylykda otyrka, onuň iş belgisine jaň geldi. Batyr adatdakysy ýaly:
— Harby bölümiň nobatçysynyň kömekçisi, seržant Batyr Nuryýew diňleýär — diýdi.
Aňyrdan bolsa mylaýym ses eşidildi:
— Harby hassahananyň nobatçysy Gözel Meredowa, siziň harby bölümiňizden bizde bejergi alýan esgerleriň saglygy barada maglumatlary size ýetirmek üçin jaň edýärin.
Batyr bu ýerde öňem birnäçe gezek nobatçylyk edenem bolsa, heniz bu mylaýym sesi eşitmändi. Ol biraz aljyrady. Soňam Gözeliň maglumatlaryny bellik kitabyna belleşdirdi. Gyz mylakatlylyk bilen hoşlaşyp, telefony goýdy. Batyryň bolsa bu jaňdan soň ynjalygy gaçypdy. Dynç almaly wagtynda-da ukusy tutmady. Ol indiki nobatçylyk gezegine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Garaşylan gün gelip ýetende bolsa, telefonyň başyndan turman, Gözeliň jaňyna garaşdy. Öz ýanyndan Gözeliň hem nobatçylygy şu gün bolup, hasabat tabşyrmak üçin jaň etmegini arzuw etdi. Batyryň arzuwy hasyl boldy. Gözel jaň etdi. Adatdakylary ýaly, maglumat tabşyrdy, artykmaç hiç zat gürlemedi. Batyram oňa birbada hiç zat diýip bilmedi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanansoň, Batyr biraz ekezlenip, Gözel bilen biraz gürleşip başlady, gürleşdigiçe-de oňa maýyl boldy. Bu ýagdaýy Batyr dosty Mekana-da aýtdy. Mekan:
— Sen ýeke gezek görmedik gyzyňa nädip aşyk bolup bilýäň, sen ol gyzyň häsiýetini gürleşeniň arkaly biläýeňde-de, onuň daşky sypatynyň nähilidigini nireden biljek?! — diýdi.
— Onuň ýüregi arassa, daşky sypat esasy zat däl — diýse-de diýdi welin, Batyr öz ýanyndan pikire batypdy. Ol her sapar gürleşende Gözele duşuşmagy teklip edip haýyş edýärdi. Emma Gözel her gezek garşy bolýardy. Hatda suratyňy ugradaý diýse-de etmedi. Batyra diňe telefon arkaly magşugynyň sesini eşidip oňaýmakdan başga alaç galmady. Her gezek Batyr wagtlaýyn rugsada çykyp, şähere gitmekçi bolanda Gözeli seýilgähe duşuşyga çagyrdy, Gözel barmajagyny aýtsa-da, barybir, garaşjagyny aýtdy. Garaşdam, ýöne Gözel gelmedi. Ol her bir deňinden geçen gyza Gözeldir öýtdi, ýöne habar gatmakdan çekindi. Bu ýagdaý bir ýyla golaý dowam etdi.
Bir günem harby türgenleşikde Batyr tötänden aýagyny agyrtdy. Batyryň garşylygyna seretmezden, serkerdesi ony harby hassahana ugratdy. Lukman ony barlap, aýagyny agyrdanlygy sebäpli birnäçe gün hassahanada ýatmalydygyny aýtdy. Batyr bialaç razylaşmaly boldy. Ol Gözeliň şu ýerde işleýändigi ýadyna düşende bolsa begendi. Ol ony ind-ä görerin diýip pikir ýüwürtdi. Gözeliň özi gelip, halyny sorar öýtdi. Ýöne ol gelmedi. Batyr ýanyna gelýän lukmandyr, şepagat uýalarynyň diňe döşündäki at-familiýasy ýazylan hata üns berýärdi, ýöne Gözel Meredowa diýen ýazgy olaryň hiç birinde ýokdy. Ahyram sanjyma gelen şepagat uýalarynyň birinden Gözeli sorady. Ol ýylgyrdy-da:
— Siz ony görseňiz tanarmysyňyz? — diýip sorady.
— Bilmedim. Dogrusy, men ony bir gezegem görmedim, ýöne sesini eşitsem tanaryn.
— Ony barlap göräýeris — diýip, gyz otagdan çykyp gitdi.
Biraz wagtdan bolsa Batyryň ýatan otagyna üç sany ak ýektaýly gyz girdi. Şadyýan gyzlaryň hersi bir zat diýdi, özüniň Gözeldigini tekrarladylar. Batyr gaty aljyrady. Şeýle-de bolsa olaryň hiç biriniň Gözel däldigini bildi. Olar gelşi ýaly gülüşip çykyp gitdiler. Batyr ýene-de Gözeli görüp bilmedigine gynandy hemem Gözeliň näme üçin görünmeýänine düşünmedi.
Ertesi ir bilen aýagy doly gutulmasa-da hassahanadan çykmagy ýüregine düwdi. Irki barlagdan soň, lukmanlaryň otagyna bardy. Ol ýerde uzyn boýly, görmegeý lukman gyzyň ýeke özi hat-petek işlerine güýmenip otyrdy. Batyr girmek üçin rugsat soranda lukman gyz çalaja ýylgyryp, başyny atdy. Oňa gözi düşende, Batyr aljyrap gürlemegi unutdy. Gyzam hiç zat diýmedi. Birazdan Batyr özüni ele alyp, näme üçin gelendigini mälim etdi. Lukman:
— Siz entek doly sagalmansyňyz, biraz sabyr etseňiz gowy bolar — diýdi.
— Men indi doly sagaldym — diýmekçi boldy, ýöne bir zat ýadyna düşen ýaly sägindi. Soňam anyklamak üçin ýene bir zatlar sorady. Gyz jogap berdi. Batyr gyza garap ýylgyrdy:
— Gözel, bu senmi?!
— Hawa, meniň adym Gözel.
— Men Batyr, Batyr Nuryýew…
— Bilýän. Men siziň lukmanyňyz-a, siz baradaky ähli maglumatlar bizde bar.
Batyr ýene aljyrady, ony der basdy, sakawlady.
— Batyr, men oýun edýän, sen, dogrudanam, meni sesimden tanadyň. Men seniň ýanyňa öňem birnäçe gezek bardym, ýöne döşümdäki at-familiýam ýazylan hatymy aýyrdym hemem sesimi çykarmadym. Özüň tanamagyňy isledim.
— Gözel, sen sesiňden hem gözel ekeniň. Ýöne sen näme üçin şu wagta çenli meniň görmegimi islemediň?
— Sebäbi meni daş keşbim üçin halamagyňy islemedim.
— Düşnükli, Gözel, sen indi meni göreňden soň nähili karara geldiň?
Gözel utanjaňlyk bilen aşak bakdy.
— A sen?
— Men enem-atamy size gudaçylyga ugradaýaýyn, gullugymy gutardygym toý eder ýaly…
Gözel ýene-de ýylgyryp, aşak bakdy. Bu onuň razylygynyň alamatydy…
Döwletmyrat Seýitmedow,
“Watan” radioýaýlymynyň işgäri.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!