Balalarym! Janlarym! Jigerlerim! Janymdan jan beren balalarym! Siz meniň baýlygym, barlygym, begenjim, buýsanjym, bagtym, tylladan tagtym, didämiň nury, ömrümiñ manysy, ýaşama sebäplerim, asmanymyñ aýy, säherimiň şugla saçýan güni. Siz meniñ arkadaglarym, dowamym, dowamatym! Sizi dünýä beren Taňra müñ kerem şükürler bolsun. Siz eje-kaka bolsaňyzda meniñ üçin entek hem körpeje bala. Mahal- mahal sizi bir-birden bagryma basasym gelýär, bäbejik deýin hüwdüläsim gelýär:
Meniñ balam ýatypdyr,
Süýji uka batypdyr,
Oýandyrmañ balamy,
Ýañja uka gidipdir.
Gözümi açyp görenim, gollarymy ýaýyp tutanym, inerim, Meýlisim! Sen jägildäp dünýä geleninde, dünýäde özümden bagtly ynsan bardyr öýtmedim.Seniñ ol kiçijek ellerin meniñ ellerimi tutanda, garaja, deñiz kimin arassa, günäsizje gözleriñ gözlerimiñ icine bakanda meniñ dünýäme güneş açdy. Seniň ilkinji adimiñ, ilkinji “eje-kaka” diýen sözleriň ýaşajyk ene ýüregimi şeyle bir eredipdi. Arzuwym! Arzuwlap atlar dakanym, gujakda göterip, mähre ýakanym, ýörjen-ýörjen bolan wagtyñ “Ýykylaymawer” diýip gollaryñdan tutanym!. Nowbahar gyzym Ajapjan! Seni ilkinji gezek gujagyma alanymda özüme hossar -howandar, boljagyňy her pursatda ilkinji bolup ýüregimiñ sesini duýjagyňy bilýärdim. Körpeje gyzym Aknabadym bilen bileje gulpajygyñyzy tasadyp, gurjajagyñyzy gujaklap, oýnap, bökjekläp yöreniñiz düýn ýalydy. Çõrek bişiren mahalym, çöregiñ tamdyrdan çykaryna howlugyşyp, oýnap ýören ýeriñizden ylgaşyp gelerdiñiz. Tes-tegelek güne meñzäp duran bugdaý çöreginden bölüp, suwa basyp heriñiziñ eljagazyñyza tutdyrardym. Siz bolsa begenişip, ýenede oýnuñyzy dowam ederdiñiz. Häli-häzirler hem çörek bişirmäne baranymda şol mahalkyñyz yaly “Eje! çörek bişdimi diýip”, göwnüme siz bir ýerden çykyp geläýjek ýaly. Siz bilen bagly ähli gowy ýatlamalar entegem öýüñ her bir künjünde, gözümiñ öñünde janly dur. Eger şol ajaýyp günleri dolap getirip berjek diýseler, şol ajaýyp günleri bir pursatlyk gõrmek üçin nämeler bermezdim.
Bu durmuşyň gurluşyna seredä!. Wagtam çapyp barýan at kimin neneň çalt geçýär. Çagalaryñ misli uçar guş bolup çar tarapa ganat baglap uçup gidýär. Gulpaklyja gyzjagazlaryñ ýetişip başga bir öýe ömürlik gidýär, galpaklyja oglanlaryñ öýlenip öz maşgalasy, çagalary güzerany bilen başagaý. Başagaý bolup ýören günleriňizden aýlanaýyn.
Balalarym boýlaryňyza döneýin, bagra basyp mähriñizden ganaýyn. Ýagşy günleriňiziñ, her bir üstünligiñiziñ şaýady bolup özümi bagtly saýyp ýaşaýyn. Balalarym siz bagtyýar bolsaňyz men bagtly, sizin gözünizden, sözüñizden sähelçe ünji duýsam gamgyn bolýan… Ene ýüregim gyýylyp, dünýäm daralýar, siziñ şatlygyňyz ýylgyrşyňyz, begenjiňiz ene dünýäme şamçyrag bolup şugla saçýar.
Janyñyz sag bolsun, ömrümiñiz uzak,
Duşman ýoluňyza gurmasyn duzak,
Bagtdan püre-pürläp bolsun paýyñyz,
Balalarym! Alla bolsun ýaryñyz!
Beýik Alladan balalarymyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, agyzlarynyň bir, başlarynyň jem bolmagyny, il-gününe, Watanyna, ata-enesine, dogan- garyndaşyna, halkyna wepaly adamlar bolmagyny dileýärin. Goý, olar hiç ýamanlyk görmesinler, rysgally, döwletli, bagtly ýaşasynlar. Ene üçin şundan uly bagt bolarmy?! Elbetde ýokmyka diýýärin. Bu ajaýyp pursatlary ýatlamak bilen gursagymdaky püre-pür bolup duran ene söýgümi hem-de bütin eneleriñ öz perzentlerine bolan çäksiz soýgüsini kagyza ýazyp siziñ bilen paýlashmak isledim. Şol ene-ata bolmak duýgusyny hemmañizin dadyp, şol süýji pursatlardan nesibeli bolup, bagtly durmuşda yaşamagyñyzy arzuw edýärin Mähribanlar!!!
Balalarym meniň jigerim-janym,
Siziñ barlygyñyz meñ dünýe malym,
Gije-gündiz islegim hem hyýalym,
Hiç ýamanlyk görkezmäber Hudaýym!
Jeren Gurtjanowa,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyñ
18-nji orta mekdebiniñ mugallymy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!