(Oýlanma)
-Çagalarynyň sany näçe bolsa enäniň ýüregi hem şonça bölege bölünýändir. Ejemiň bu sözleri gulagymda ş:ol ýaňlanyp dur.
Öýümiziň törüni bezäp, kalbymyza nur çaýyp oturan mähriban eneleriň durmuşymyzda barlygy biziň gaýtalanmajak bagtymyzyň şaýadydyr. Dünýäde öz mähri bilen taýsyz gözellikleri ýaradyjy gözelliksiň sen, Ene!
Ynsan hemişe bagtyna garaşyp, bagtyny gözläp gezýär. Emma diňe enesiniň ýyly gujagyndan ara açan pursadynda bagtynyň öz ýanyndadygyna düşünip ýetýär.
Bilip, bilmän ýüregine ýara salan wagtymyz, ýene balam diýip bizden öýke etmegi bilmedik mähribanymyzyň gadry gyzyldan gymmatlydyr. Ýeňen günümizde-de bagtdan aglap, ýeňlen günümizde özümizden beter gynanyp göz ýaş dökýär eneler. Eýsem Ýer şaryny mähriban enelerimiz siz göz öňüne getirmek mümkinmi?! Ýok. Asla mümkin däl. Eneleriň gözlerinde ýaşaýan mähir-muhabbet ýok bolsa bu goja zemin hem boşap galar.
Bir müň dokuz ýüz altmyş birinji ýylyň on altynjy oktýabry. Altyn güýz möwsüminiň ortaky aýy. Ejem meň üçin bir ölüp direlen gije. Howa, köp garaşylan günleriň bosagadan ätlan gijesi. Meniň doglan günüm. Kakamyň gürrüň berşine görä jägildäp dünýä inen çagym bagryna basyp begençden aglan ejem nowbahar gyzyny elinden düşüresi gelmändir. Ýagty jahan bilen salamlaşan şol gün men aglaýan sesim tutuş bäbekhananyň diwarlaryndan batly ýaňlanyp gidipdir. “Eje” adyny alan on ýedi ýaşly gyz gaýtalanmajak pursatlaryň başdan geçirýärdi. Ýüreginde täze bir söýgi, perzent söýgüsi gunça açan zenanyň bar pikiri maňa dakmak isleýän atlaryny saýlap seçmekdedi. Men-ä entek dünýäniň howasyna öwrenişmedik bäbek welin, ol eýýäm meniň täleýimiň güljek gülmejegi barada aladalanýardy. Ejedä…
Günler aýlara, aýlar ýyllara tirkeşip ine men hem on ýedi ýaşymy tegeledim. Ejem-ä meň ýaşymda çaga dünýä inderen bolsa, men entek çagalykdan saplanmadyk gyzdym. Howa, gyzlyk dowrümiň bagtyýarlygy uzaga çekmedi. Nesibäm göterilip, durmuş toýuny tutup, maşgalanyň keşigini çekmek meniň hem başyma düşdi. Adym ilki “gelneje” soň bolsa “eje” boldy. Dört çagany dünýä beren ene hökmünde özümi iň bagtly adam hasaplaýaryn. Özüm ene bolansoň ene bolmagyň nämedigine düşünip ýetdim. Birgün uýam menden:
-Çagalaryň içinde haýsyny has köpräk söýýäň?!
-diýip sorapdy. Şu soragy meni birbada geň galdyrdy. Soňra bolsa pikire batyrdy.
-Hemmesini hem deň söýýän. Heý-de söýgüňem ulusy, kiçisi bolarmy?!
Dogrudan-da ene söýgüsi hiç wagt egsilmejek, tükenmejek söýgüdir. Dünýäde şeýlebir söýgi bar, hiç wagt biwepalyga ýüz urmajak. Ol enäniň çagasyna bolan söýgüsidir. Ýüregimde çagalarymyň hersiniň aýratyn ýeri bar. Olara daş atana, men ýüregimi ataryn. Olaryň aýagyna tiken çümäýse, meniň janyma batar.
Käte çagalarymyň üstünligine guwanmakdan ýaňa aýaklarymda dik durup bilmedik pursatlarym bar. Oglum bilen gyzymyň bilelikde ýokary okuwa synanşyp, döwlet synaglarymdan üstünlikli geçip, talyp bolandygy baradaky buýsançly habaryny eşiden pursadym begençden ýaňa ozümi ýere goýberenimi duýman galypdym. Gözlerimden begenç gözýaşlary syrygan wagty bolsa “Şatlanyp aglamak” diýen jümleleriň maňzyny çakdym. Goý, her bir enä perzendiniň bagtly pursatlaryna şaýat bolup, guwanyp aglamak nesip etsin.
Ogullarymy Watan gullugyna iberen pursadymdaky düşnüksiz duýgyny çagalarymy okuwa ugradan şol ajaýyp gün gaýtadan ýaşadym. Bagryňda ulalan balalaryny gözüňden uzaga, özüňden alysa ibermek nähilem bolsa ýürege howsala salýar. Bir tarapdan olaryň Watan gerekli adam bolup ýetişjegine guwanýan bolsaň, beýleki tarapdan ganatyň aşagynda ulaldan guşjagazlaryň özleri ganat çykaryp asmana uçuşyny görüp, birbada aljyraňlyga düşýärsiň. Ene misli güneş ýaly ýyladýar, mylaýym hüwdüsi bilen öz arzuwlaryny, dileglerini dile getirýär.
-Çagalarynyň sany näçe bolsa enäniň ýüregi hem şonça bölege bölünýändir. Ejemiň bu sözleri gulagymda ş:ol ýaňlanyp dur.
Ejekgül Çerkezowa,
Daşoguz welaýatynyň Görogl etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!