Panylaryň arasynda iň eziz barlyk enedir. Ol ýer ýüzünde gezýärkä, başy göge dirär, “Jennet bolsa, aýagynyň aşagyndadyr”.Aýagynyň tozy göze sürme deý, oňa sürtülen ýüz bolsa arşyň işigindäki baş ýaly belentdir. Ene dert – yza çekýän barlykdyr. Ömürboýy iňlär, syzlar… Enäni ene edýän perzentdir. Ene “enem” diýen biri bilen enedir. Enäniň arzuwy perzentdir!
Ene bardyr çagasyny hak ýola bagyş eder. Ene bardyr çaga islär, emma oňa ýetip bilmän armanda gider. Ene bardyr doguran çagasyny gizläp, onuň haýasyndan ýer ýarylmaz ol girmez. “Käşge ony dünýä indermänkäm ölen bolsadym, öňýeteniň diline çolanman, unudylyp gitsedim” diýer. Ene bardyr perzendi bilen bakylaşar, başy asmana ýeter. Ene bardyr perzendi sebäpli biçäre, haly perişandyr. Ene bardyr Faraonyň köşgünde bolsa-da, il-halkyň ezizine öwrüler. Ene bardyr Pygamber gaşynda otursa-da, ýüregi şeýtan höwürtgesidir. Ene bardyr ses-üýnsüzdir, göze ilmez, ýöne, bägüller çemenini ýetişdirer. Ene bardyr dessanlara sygmaz ol herkesiň aňyndadyr, ýüregindedir, al-asmanda melekleriň arasyndadyr.
Enäniň söýgüsi uly güýçdir. Oňa taý geljek zady gözleseň, uzak oýlandyrar. Höwürtgede ýatan gyzyl etene jüýjejikleri olardan sähel uly guşjagazyň ulaldyp uçurum edişi aklyňy haýrana goýar. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýer – hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa ony doňaklyk bürär. Çünki ýer şarynam ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Garry ejeň gasyn-gasyn elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen çalaran başyny sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga hiç zat bilen berip bilmez. Ol ýylynyň ýanynda doňaklyklary pagyş-para eredýän Günüň ýylysam hiç zat. Ene söýgüsiniň ýylysy seni çagalyga alyp gider. Ejeň agşam sagyp goýan süýdüniň gaýmagyny syryp, başujyňa getirip, başyňy sypap oýadyşy ýadyňa düşer. Ýyllaryň ýüregiňe salan kirşeni syrylar. Ýerine üýtgeşik bir ýyly geler hem gussa batarsyň. Şol ýyllarda eneň söýgüsini adaty zat ýaly görendigiňe gyýylýarsyň. Ene welin şoňa-da razydyr. Ol başyňy sypar-da, baryny bagyşlar.
Toprak tohuma enedir, suwa çeşme. How ene külli adamzada ene. Bibi Merýem İsa Mesihe. Emine Älemleriň buýsanjy Muhammet Mustapa …
Enäniň gowusam bardyr, erbedem. Gowsuna janlar pida. Erbedine, betbagtyna näme diýeli? Balasyna güler ýüz bermedige, balasyndan güler ýüz görmedige. Bagtly güne ýüzi düşmedige …
Ene-perzent iki ten, bir jandyr. Perzent enäň bagrynyň parasydyr, gujakda ýüregi ýyladýan közdür, emedekläp ýörenje mähirdir. Soňra … Soňra tirkeş-tirkeş gelen aýralyklar bilen synasyny ýakan gora öwrüler, ýürege sanjylan tyga-naýza…
Ýetginjeklik ýaşa ýetende hamrak ejeň söýgüsine gödeklik bilen jogap berip başlarsyň. Muňa ene ýüregi näçe ezilse -de syr bermez: “Oglum ýigit çykyp barýar‖ diýer begener. Soňra eneň seni Watan gullugyna ugradar. Şonda enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Ene perzendine näçe ―balam, balam” diýse-de, jigerbendiniň ilki bilen Watanyň ogludygyna düşünýändir. Çünki Watanyna ysnat getiren oguldan ene-de bizardyr. Watan gullugynda duran oguldan enäniň başy buýsançlydyr. Emma, başy howaly ogul, sen bu zatlary bilmersiň. Uzyn hatyň içinde “Nähili ejemem ýagşymy?” diýen iki setiriňi eneň görgüli telim gezek okadar. Munuň bilenem kaýyl bolman şol ýeke jümläňi içindenem doga kimin gaýtalap gezer. Ol janyndan eý görýän perzendini mukaddeslerine, Watanyna, ar-namysyna bagyş etmegi beýik pidakärlik saýar, ondan teselli tapar…
Perzendi talyp bolup okuwa barýan enäniň ýüregi guş bolup uçar. Oglunyň kitaplaryny alyp öýden çykanyny görüp, penjireden ony assyrynlyk bilen synlar. Ene Alladan “Oglumy gözden-dilden gora” diýip dileg etse-de, göz guwanjyny owadan gyzlardan gabanar. Ene her näçe gabansa-da, gorasa-da, ahyr bir perizadyň jadylaýjy nazaryndan göwün şadyny gorap bilmez. Ýene enäniň gözünden ýaş syrygar. Goşa kepderi deý gaşynda oturan ogul bilen gelin ol ýaşyň manysyna entekler düşünmez …
Ene perzendini durmuşynyň her öwrüminde uly alada galar. Ol her kötelde hopugar, göz ýaşyna erki ýetmez. Ol köp aglar, körär, tütär, ýanar. Özi aglap, özi diňen mahallary käte teselli tapsa, käte de agysyna bogular. Perzendiň geldi-geçer, biweç ýaşap ölse näme diýjek? Ine, şonda enäniň dili tutular. Gijeler aýdan hüwdüsi agy bolup gulagynda ýaňlanar. Şonda ene söýgüsini perzentden gysganarsyň. Emma, “Ene, dur beýle kökenek bolma, “Oglum!”diýip allalanyň kim bolup ýetişjegini näbilýäň?” diýebilmersiň. Diýäýeňde-de ene seni asla diňlemezem. O söýgi, mähir oňa Alla tarapyn berlendir. Perzendem enesini şol söýgüniň ondan biri ýaly söýüp bilsedi, belki-de ýer ýüzünde näletkerde ogul galmasa-da galmazdy. Enäniň gara bagry şeýle ogullardan ýanmasa-da ýanmazdy…
Ýene bir gahryman eneler bar. Olaryň tarypyny ýetirerden ynsan sözüniň güýji ejiz. Perzent, perzent diýip didaryna ýetip bilmedik biçäre ene gider-de, “ene” adyny ýere çalyp, bagryndan önen jigerbendini taşlap giden bir doňýüregiň ýetimje çagasyna – “ejem ynha geler” diýip, gözi ýolda galan perzendine eýe çykar. Ony öz balasy deý ýetişdirer. Çaganyň ýatdygyny ýigit çykanyndan soň ne onuň özi biler, ne-de iliň habary bolar. Beýle ene: ―Bu çaganyň atasy näbelli, enesi näbelli, özüniň kim bolup ýetişjegi asla-da näbelli‖ diýip howatyr etmez. Ol öz ene söýgüsiniň güýjüne, onuň aklyňy haýran edýän gudratyna bil baglar. Beýle söýgi siňdirilen perzendem gaýratly ―enesiniň‖ ýüzüni ýere salmaz. Ony dili gysga etmez. Ony ýat diýip iteklemedik, keseki diýip keseklemedik “enesini” özüni dogran eneden ileri tutar. Dogran ene aňyrda dursun, dünýäniň ähli enelerinden eziz hasaplar. Ene söýgüsiniň beýle gudratyny göreniňde, ähli eneleriňem perzentlerini şol ogullygy ogul eden enäniň söýgüsi bilen söýenlerini isleýäň.
Mähribanlar! Çagalaryňyzdan mähriňizi gysganmaň, olary köçä kowmaň, ene söýgüsiniň gudratyny reýgan etmäň. Goý, perzentleriňizem sizi utanmaly etmesin! Goý, perzendi sebäpli utanan enäni, başyny aşak salan enäni, dili tutulan enäni älemjahan görmesin!
Eý mukaddes gymmatlyklar üçin, Watan üçin, ar-namys üçin iner ýaly ýigitlerini bagyş eden eneler!
Eý, Gökdepede perzendi wepat bolan eneler!
Eý, jahan uruşlarynda balasy gurban giden ezizler!
Eý kesek astynda galyp şehit bolan gahrymanlar! Goý, siziň ruhuňyz şat bolsun, mekanyňyz jennet. Hakyň Resulynyň bir hadysynda aýdyşy ýaly: “Jennet eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr”. Bu sebäpden aýagyňyzyň tozy göze sürme, oňa sürtülen ýüz bolsa arşyň işigindäki baş ýaly belentdir.
Sopy Sopyýew,
Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!