ATAWATAN ESERLERİ

Ene-ata söýgüniň gözbaşy, Watan – ähli ezizlikleriň jemi

Biziň durmuşymyzyň ähli ezizlikleri, gymmatlyklary Watan diýen mukaddeslikde jemlenýär. Watana bolan söýgi – söýgüleriň iň beýigi, çünki ol öz goýnunda biziň ähli zatlara bolan söýgümizi jemleýär. Watana bolan söýgi bolsa ene-ata bolan söýgüden gözbaş alýar we kemala gelýär. Esger durmuşy, Watana wepaly gulluk etmek her bir ýaş ýetginjek üçin bagt bolsa gerek! Gerçek ogluň il hatarynda Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi her bir ene-ata üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolsa gerek. Ene-atamyz bizi mekdebe ugradýar, iýdirýär-içirýär, aladamyzy edýär. Ýaşulular bize dogry ýol-ýörelge salgy berip, öwüt-ündew edýär. Jigilerimiz bizi «Aga!» diýip sylaýar. Watan – ene-ataňa hormat goýmakdan, ulyny sylap, kiçini söýmekden başlanýar.

Bize pederlerimizden asty-üsti hazynaly, baý toprak miras galypdyr. Watan ata-babalarymyzyň ruhy siňen, göbek ganyň daman topragy gözüň göreji deýin goramakdan başlanýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda merdana harby gullukçylar hakynda irginsiz aladalar edilýär. Watanyň goragynda sarsman duran merdana ýigitlerimiz üçin harby gulluk mukaddes borç hem belent mertebedir. Mährem ene söýgüsi bilen hüwdülenip, asuda watanyň goýnunda kemala gelen gerçek ýigide ata-watanyň asuda goragynda mertlerçe sak durup, ene hem-de ata- watana bolan söýgüsini haklaýmak galýar. Ýokarda aýdylanlar barada gürrüň edenimde şeýle waka ýadyma düşýär.

…Oraz aýagyna, egnine geýen täze esger eşiklerini sypap-sypap gördi. Ol öz içinden: “Ejemjanam şu wagt meni gören bolsady..” diýip oýlandy. Şol pursat hem onuň gulagyna merhum käbesiniň “Boýlaryňa döneýin balam” diýen sesi eşidilen ýaly boldy. Ol birhili biygtyýar gözlerine inen göz ýaşlaryny syrdy-da, ýuwaşjadan öz ýanynda ýatan ýaňy gulluga başlan deň-duşlaryna seretdi. Hersi bir welaýatdan gelen ýaş ýigitler. Oraz olaryň her biriniň ýüzüne bir garap özüniň täze başlaýan esger durmuşynyň geljegi hakda oýlandy.

…Säher dogan gün bilen bilelikde örleýän ýaş ýigitler türgenleşik geçýärdiler. Boş wagtlary bolsa, her esger öz ukyp-başarnygyna görä, bir pişä güýmenýärdi. Kimler aýdym aýtsa, kimleri goşgy düzýärdi.

Ýokary okuw mekdebinde okan döwründe kompýuteriň tehnikasyny we tehnologiýasyny içgin özleşdiren Orazy, harby bölüminde hem jogapkärli hat-sowat işlerine kömekçi edip bellediler. Esgerlik durmuşynyň dowam edýän günlerinde baýramçylyk dabarasy hem ýetip geldi. Harby bölümiň esgerleriniň arasynda Bitaraplyk baýramyna bagyşlanylyp bäsleşik geçirildi. Dabarada Oraz Halylowyň “Ejemjan” diýen aýdymy uly şowhun bilen garşylandy. Ýürekden çykan söz ýürege barar diýlişi ýaly, Orazyň ýürekden çykýan sesi keramatly dutaryň owazyna goşulyp, diňleýjileriň kalplarynda ýakymly duýgulary döretdi. baýramçylyk çäresi tamamlandan soň, Orazy gyssagly serkerdäniň ýanyna çagyrylýandygyny habar berdiler. Esger Halylow haýal etmän serkerdäniň iş otagynyň gapysyny kakdy-da: “Mümkinmi!?” diýip içerik girdi.

Serkerde türkmençilikde “ilki salam soň kelam” diýen däbe eýerip, Orazy hoşamaý garşylap onuň bilen salamlaşdy: Soňra oňa ýüzlenip;

-“Seniň aýdymyň köpleriň göwnünden turdy. Sazy hem ýerine düşüpdir. Men seniň täze tehnologiýalardan baş çykarýandygyňy, üç dili suwara bilýändigiňi eşidipdim. Bu gün bolsa, goşa tarly gudraty beýle ussat saýradyp bilýändigiňi görüp has hem guwandym. Serkerde, berekella sözüni tamamlap, ýerinden turdy-da, daşy mahmal bilen gaplanan galyň sahypaly kitaby Oraza tarap uzatdy. Beýle hormata garaşmadyk Oraz birbada doňan ýaly bolup durdy. Ol özüne uzadylan bu sowgady uly tolgunma bilen aldy. Kitabyň sahypasyny agdaranda onuň ýüzi has-da ýagtyldy. Ýürekden ýylgyryp öz serkerdesine mähir bilen garap durşuna gözlerine dolan begençli göz ýaşlaryny gizlemäge çalyşdy. “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” diýip içinden pyşyrdady. Serkerde Orazyň arkasyna kakyp:

– “Hawa, Ogul, bu biziň Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan ajaýyp eseri, kitabyny saňa sowgat berýärin. Hut, Arkadagymyzyň özi siziň ýaly esgerlere, Watan ogullaryna guwanýar. Seniň aýdymyň, seniň zehiniň ine şular ýaly beýik baýraklara mynasyp” diýmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çekilýän ujypsyzja zähmete Hormatly Belent serkerdebaşymyz tarapyndan ullakan baha berilýär diýip Orazyň uly buýsanç bilen aýtmagy serkerdäniň, esgeriň hem kalbynda döwrümize bolan buýsanç duýgusy ganat kakdy.

Eziz Arkadagymyzyň ajaýyp eseri Orazy has-da ruhlandyrdy. Onuň göz öňünde ýene-de ejesiniň ruhy janlandy. Oraz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” diýip, çasly sesi bilen buýsançly seslendi.

 

Akmyrat Halykow,

                                                                            Harby institutyň mugallymy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri