Hekaýa uzakdaky ülkeleriñ birinde ýaşap geçen demir ussasy Ormanyñ gyzy Ella hakynda. Ellanyñ ejesi Mariya entak ol 3 ýaşyndaka agyr keselden ýogalypdy. Ella akylly we owadan gyzdy. Kakasyñ diýeninden çykmaýardy dile çeperdi. Ella Artur atly ýigidi söýýädi, Arturda Ellany. Ellanyñ kakasy Ormanyñ ýasaýan gylyçlary il içinde tanalýardy. Bir günem patyşanyñ wezirlerinden birisi bolan Tiador gylyç ýasatmak üçin Ormanyñ ýanyna gelýär. Ussahana Ella girip gelýär. Kakasynyñ ýanynda adamlaryñ bardygyny görüp ussahananyñ törindäki kiçi otaga geçýär. Tiadoryñ ýanynda ogly Karlda bardy. Ol Ellany gören badyna aşyk bolýar. Orman olara gylyjy 10 günde taýýar etjegini aýdýar. Olar ussahanadan gaydyarlar. Orman Ellany ýanyna çagyrýar günortanlyk edinenlerinden soñ Orman işiniñ başyna geçýär Ellada öýlerine gaýdyar. Ýolda gelýära bir oglanjyk ýanyna ylgap gelip oña çeşmäniñ boýunda Arturyñ garaşyp durandygyny aýdyar. Ella çeşme boýuna gelýär. Artur Ella perişdejigim diýip ýüzlenýärdi.
“ Men sen kakañdan seni haçan soraýyn perişdejigim?”
Ellanyñ yaşaýan ýurdynda adatça gyzy isleýän ýigit gyzy kakasyndan isleýär. Gyzyñ kakasy ilki gyzynyñ razy ýa-da däldigini soraýar eger razy bolsa onda ýigidiñ öñünde käbir şertleri goýýar eger şertleriñ hötdesinden gelse onda gyzyny berýär.
“Men seniñ kakañ ähli şertine ähli synagyna taýyn”
“Bolyar menden jogaba garaş özüm sana aýdaryn kakam bilen gürleşmeli wagtyñy “ diýip Arturyñ ýanyndan gaýdyar.
Artur oky sowa geçmeýän ökde awçydy. Arturyñ kakasy we ejesi Nikolas bilen Safi daýhançylyk bilen meşgullanýardylar.
Aradan köp wagt geçmänkä Ella kakasyna Artur hakynda aýdyp berýär. Artura kakasy bilen özi barada gürleşmek üçin ertir günortan Şeltere barmagyny aýdýar. Şelter bularyñ ýaşaýan obasynyñ gapdaljygynda ýerleşen köne athanady.
Ertesi gün günortan Artur-da Orman-da bellenilen ýere ugraýarlar. Ella bolsa buşlukly habary Arturdan garaşyp öýünde öý işlerine gümra bolup oturyberýär. Sebäbi kakasy Orman Artur bilen görüşeninden soñ ýene ussahanasyna gider we giç agşama çenli işlejegini düşünýär.
Wagt geçýär gapy kakylýar seretse Artur. Onuñ keýpi ýokdy. “ Ella kakañ razy bolmady”
“Çynyñmy ? Näme boldy näme diýdi diýip soraýar. Artur Orman bilen arasynda bolup geçenleri gürrüñ berýär. Men gideýin soñrak görüşeris diýip Ellanyñ ýanyndan gaýdýar.
Ella ussahana gelýär görse kakasy ýok. Töwerekdäkilerden sorasa Ormanyñ birnäçe sagat öñ ussahanadan çykyp gidenini aýdýarlar. Ella kakasyny hemme ýerden gözleýär tapmaýar. Iñ soñunda Şeltere gitýär. Eýýäm garañky düşüpdi. Şelterin töweregi baglykdy. Bir ýerden çala iññildi duýdy ýöne gaty pes sesli bolansoñ hem-de daş töweregiñ garañkylygy sesiñ gelýän ýerini tapmagy kynlaşdyryardy. Ahyry soñunda tapdy. Görse kakasy Orman agajyñ aşagynda soñky demini sanap ýatyr, kellesinden ýaralanypdyr köp mukdarda gan ýitiripdir. “Kakamjan nãme boldy saña kim etdi muny” diýip ölümiñ gapysyndan ätlejek bolup duran kakasyny berk gujaklady. Kakasy: “ Artur! Artur etdi. Ellajan gyzym seni söýýärin özüñi gora “ diýip gözlerini baky ýumdy. Ellanyñ gözüne dünye garañkylap bar zat ölen ýaly boldy. Ýekeje hossary hem dosty hem syrdaşy bolan kakasy gujagynda jan berdi.
Ella gözleri yaşly sesli aglap Arturyñ öýüne tarap ýöredi.
Ýol ugruna-da ussahanadan kakasynyñ gylyjyny aldy. Arturyñ öýüne bardy gapysyny kakdy. Gapyny Arturyñ jigisi açýar. Eli gylyçly gözi ýaşly aglap duran gyzy gören oglanjyk gorkup aglaýar we içerik gaçýar. Artur ylgap gapa gelýär seretse Ella.
“ Ella näme boldy. Nämä aglaýañ “
“ Sen kakam razy bolmady diýip ony öldürmek islediñmi ? “ diýip gylyjy bat bilen urýar Artur yza çekilýär gylyç gapynyñ agajyna çümýär çekip täzeden urjak bolýar gylyç çykmaýar.
“Ella näme boldy aýtsana men hiç zada düşünemok?! Diýip Ellanyñ elinden tutjak bolýar olam yza çekilýär we :” Sen meniň kakamy öldürdiñ” diýip gygyrýar. Bu sözleri eşiden goragçylar gylyçlaryny gyýnyndan çykaryp ylgap gelýärler. Hiç kimiñ gepini diñlemän ikisinide köşke alyp gitýärler.
Ertesi irden patyşanyñ huzurynda ikisinede söz berildi. Ikiside öz sözlerini aýtdylar. Patyşa:” adam öldürenin jezasy ölümdir. Yigidi ertir dar agajyndan asmaly” diýip buýruk berdi.
Artury köşk zyndanyna atdylar Ellada öýüne gaýtdy. Ellanyñ ýüreginde diñe kakasy ýitirmegiñ ajysy bardy. “Hemme zat gowy bolsa nä ejem kakam bolmadykdan soñ. Mähriban kakamy elimden aldy ýürek beren ýigidim” diýip aglaýardy. Bu zatlary Arturyñ etmegi ony has-da gynandyrdy.
Dañ atdy märeke üýşdi. Patyşanyñ karary okaldy:
“ Adam öldürendigi sebäpli daýhan Nikolasyñ ogly Artur Patyşanyñ buýrugy esasynda asylar”
Ellada gelipdi. Bir gyrada aglap otyrdy.
Artur köşk zyndanynda işleýän dostunyñ kömegi bilen dañ atmanka zyndandan gaçypdy.
Esgerler yzygiderli gözleseler-de Artury tapyp bilmediler. Arturyñ öýüniñ töwereginde adaty eşik geýinen esgerden doludy.
Aradan wagt geçdi. Ella ýuwaş yuwaş özüni dürsedi. Patyşanyñ weziri Tiadoryñ ogly Karl Ella söýýänligini aytyar onda durmuşa çykmagyny teklip etýär. Ella entäk taýýar däldigini ýüregi ýaradan dolydygyny biraz wagt bermegini isleýär. Soñunda Ella durmuşa çykmaga razy bolýar. Toý gününi patyşa belleýär. Hiç hossary bolmansoñ patyşa toýda kakasynyñ wezipesini ýerine ýetirmegi öz üstüne alýar ýagny, gelini öýlenýän ýigidiñ ýanyna nika gyýylyan ýere getirmegi.
Ella köşküň bir otagynda gelinligini geýnip bezenip misli Aý bolup otyrdy. Köşkiñ hyzmatkärlerinden birisi gelip Ella : “ Size patyşa öz ýanyna çagyrýar” diýýär.
Ella hyzmatkäriň yzyna düşüp gidýär. Gidip barýakalar gapysy çalarak açyk otagdan ses eşidildi. Olar sözüniñ arasynda Artur diýenlerini Ella eşitdi. Ella hyzmatkäre:” siz gidiñ menem siziñ yzyñyzdan barýan bilezigimi almandyryn” diýip hyzmatkäri ugradyp özi şol gapyny diñlemäne galýar. Gapynyñ has ýakyna baryp diñlemäne başlaýar. Içerdäkiler 2 kişidi biri Karldy beýlekiside onuñ ynamdar esgerlerinden birisidi. Karl oña:” Bu işi bir düzgün et Ellañ kakasy Orman bilen bolşy ýaly etme”! diýen badyna Ella içerik kürsäp girýär.
Ella:“Kakama näme bolupdy?!”
Karl:“Ýok Ella ýalnyş düşündiñ kakañ hakda gürrüñ gidenok.”
Ella: “ Men hemme zady dogry eşitdim we dogry düşündim. Bol aýt näme boldy?”
Karl:” Bolýa gel düşündireýin” diýýär.
Şobada Karlyñ adamy gapyny ýapyp Ellañy bogmana başlaýar.
Karl:” Wah Ella nädogry wagtda geldiñ sen bu zatlary eşitmedik bolanyñda biz bu gün toy tutardyk ömrümiz ötyänçä bagtly ýaşardyk. A indi bolsa seni öldürmeli bolýas. Bolmasa ähli zadyñ üsti açylar.
Ellanyñ demi ýitip titräp jan bermäge başlady.
Birden gapy kakyldy. “Ella sen bärdemi ?” diýip hyzmatkär seslendi. Içerden ses çykanokdy.
“ Bu otagda däl öydyän diýip beýleki otaglara tarap ýöredi.
Esger bar güýji bilen Ellany bogýardy. Ella aýagy bilen stola depdi. Üstündäki küyze ýere düşüp döwüldi. Hyzmatkär ylgap gelip gapyny açdy Ellanyñ halyny gördi we bar sesi bilen gygyrdy.
Köşk sakçylaryndan doldy. Görseler otagda Karl we bir esger yerde çala dem alýan Ella bar gapyñ agzynda hyzmatkär.
Köşk emeldarlaryny çagyrýarlar. Ella özüne gelýär.
Ählisini patyşañ garşysynda dikeltýärler. Ilki bilen hyzmatkär gören zatlaryny gürrüñ berýär. Soñra Ella öz sözüni beýan etýär.
Indi gezek Karlyñkydy.
Patyşa oña eger ýalan sözlese soñradan ýalany orta çyksa kellesini çapdyrjagyny aýtyar eger nähili erbet iş edenem bolsa dogrusyny aýtsa jezany ýeñletjegini söz berýär.
Karl gürrüň bermäne başlaýar:
“Men kakam bilen Orman ussanyñ ýanyna oña gylyç ýasatmak üçin gitdim. Ol ýerde Ellany gördüm we oña aşyk boldum. Ella hakynda soraşdyrdym. Onuñ gaty akylly we çeper elli gyzdygyny ýöne Ella Nikolasyñ ogly Artur söýýänligini Arturyñ-da Ellany söýýänini aýtdylar. Men Ellany hemişe yzarlar ýaly bir adam tutdum ol maña her gün gelip aýdyp berýädi. Bir günem gelip maña Artur Ormandan Ellanyñ elini sorajagyny aýtdy. Ertir günortan Şelterde duşuşarlar diýdi.
Meniñ üçin bu bir amatly pursat boldy sebäbi Artur bilen Orman biri-birini öñ görmändi. Şonuñ üçin Arturyñ ýanyna başga adam Ormanyñ ýanyna başga adam goýbermegi ýöne hakyky Artur bilen Orman duşuşmazdan öñ hereket etmelidigini planlaşdyrdym. Artur bilen keseki obadan bir ýaşuly adamy duşurdyk. Ol Artura özüni Ellañ kakasy diýip tanatdy. Olar özara gürrüñdeşlige başlady. Ol ýaşuly bizin diýşimiz ýaly Ellany sana berjek däl sen oña mynasyp däl diýdi. Olaryñ duşuşygy gutardy. Artur gaýtdy. Ýaşulyda biziñ ýanymyza geldi. Şol bir wagtda Orman bilen biziñ ugradan ýigidimiz gürleşýädi. Biz oña gödek we ters gürlemegini aýdypdyk. Meniñ esasy maksadym ikisini biri-birine ýagny, Artur bilen Ormany ters düşürmekdi. Emma hemme zat biziň planlaýşymyz ýaly bolmady. Ol ýigit gaýtjak wagty Orman dur diýse eliñi çek diýip itýär we gaýdyberýâr. Bizem şol gün agşam eşitdik şonda Orman ýykylyp kellesinde ýaralanyp ölendigini. Hemme günäde Arturyñ üstüne galýar. Emma men hiç hili adam öldürmek niýeti bilen etmedim bar islegim ikisiniñ ters düşüp aralarynyñ bozulmagy we Ella öýlenip bilmekdi. Artury tutdular ýöne bir zat edip zyndandan gaçypdyr….
Karl şeýdip ähli zady boýnuna alansoñ patyşa buýruk berdi:
“ Toý goýbolsun edilýär. Artury gözlemegi bes ediñ ol günakär däl. Karl we onuñ adamlaryny ömürlik zyndana atyn. Meniň wezirim Tiadory wezirlikden boşatýaryn. Ol maşgalasyny alyp köşkden gitsin.”
Ella üçin hemme zat aýan boldy ýöne bir bilmeýän zady Arturyñ nirededigidi. Arturyñ öýüne bardy we sorady. Olar Artury köp wagtdyr özleriniñem görmänligini aýtdylar. Ella Artur bilen hemişeki duşuşýan ýerleri bolan çeşmäñ boýuna geldi. Ol ýerde oturdy we içini gepletdi. “ Men sana ynanmadym, çyndanam ol işi sen edensiň öýtdüm, diñlejegem bolmadym. Sen meni bagyşlap bilermiñ?! Nirede sen nirede?!
Şeýdip agajy synlap pikirlenip durşuna agaç baldagyna baglanan bir mata bölegine gözi düşdi. Ony aldy matanyñ içini açdy görse hat bar. Hatda şeýle ýazylypdyr:
“ Salam mähriban Ella. Sen bu haty okaýan bolsañ diýmek ähli zady bilýänsin. Ýöne men hiç zatdan habarym ýok. Hat- da bu haty seniñ tapyp okajagyñam bilemok. Meniñ bilýän ikije zadym bar olaram seni söýýänligim we seniñ kakañy öldürmãnligim. Men Stalber dagyna gitýärin. Meni şol ýerden gözle…..
Ella haty doly okap umytly ädimler bilen Stalbere tarap ýola düşdi. Uzak ýol geçip Stalber dagyna ýetdi. Dagyñ eteginde bir gowak gördi. Gowagyñ agzyndaky ullakan daşlaryñ biriniñ ýüzüne “Hoş geldiñ Ella!” diýip ýazylgydy. Ony görüp Artury tapdym diýip begendi. Gowaga girdi. Gowak gaty uly däldi içinde hiç kim ýokdy. Ýerde gan we ýyrtyjy haýwanyñ penjesiniñ yzy bardy. Ellanyñ gözüne ýaş aýlandy.
“Artur näme boldy saña?!” diýip daşyndan yuwaşrak ses bilen gepledi.
“Näme ölendir öýtdiñmi ?” diýen tanyş sesi eşitdi. Arkasyna öwrülip seretdi. Seretse Artur üsti başy gan eşikleri ýyrtyk.
Ylgap Artury gujaklady. “Näme boldy saña ähli ýeriñ gan? “ diýip sorady. “ Ay möjek bilen sözümiz gaçdy biraz basalaşdyk” diýip ýylgyrýar.
Artur: “ Ella sen maña hemme zady aýdyp bermeli nämeler bolanny?”
Ella:” Bolýa diñle onda” diýip bir gyra geçip otyrýarlar. Ella hemme zady doly gürrüñ berýär we :” Ýör yzymyza gaýdaly hemme zady täzeden başlaly” diýýär.
Bular gowakdan yañy çykdyk diýende Arturyñ üstüne möjek topulýar. Artur ýere ýykylýar. Möjek Arturyñ üstünde ony dişlemäne synanşýar. Ella Arturyñ gylyjyny alyp bat bilen möjegiñ boýnundan indirýär we onuñ kellesini göwresinden aýyrýar. Gylyjyny taşlady Artura seretdi seretse Artur ýiti ýara alypdyr. Möjek onuñ boýun damarlaryny ýyrtypdyr. Artur jan bermegiñ ugrundady. Ella Artury kellesinden galdyryp dyzyna goýdy we Artur ölme meni ýeke goýup gitme diýip aglady. Arturyñ ýekeje arzuwy bardy gün gelip Ella hakykaty bilse hemme zat önküsi ýaly bolsa men Ella Perişdejigim seni söýýärin diýip bilsem diýýädi. Bu wagt bolsa kellesini Ellanyñ dyzyna goýup jan berjek bolup ýatyr. Iñ soñky gezek “Seni söýýän” diýjek boldy. Agzy gymyldasa-da sesi çykmagy. Jan berjek bolup dur perişdejigine “seni söýýän “ diýip bilenok. Soñky sekuntlardy. Çäresiz Arturyñ gözlerinden ýekeje damja ýaş geldi….
Ol damja misli bar sesi bilen bütin dünýâniñ duýjak derejesinde “ Seni söýýän” diýýärdi.
Ella Arturyñ ol göz ýaşyny süpürip “ Menem seni söýýän” diýdi…
Diller däl. Ýürekler gürleşýârdi…….
Artur jan berdi.
Ella onuñ jansyz jesediniñ üstünde zaryn aglap uklap galdy. Düýşünde Artury gördi, ol Arturyñ elinden tutýardy. Baglygyñ içinde şadyýanja gezýârdiler….
Ella oýandy. Ella düýşüñ hakykat bolmagyny islede ýa da hiç oýanmasadym diýdim.
Ella yzyna oba dolandy. Ony Arturyñ maşgalasy ýanyna çagyrdylar. Olar bile ýaşap başladylar. Ýöne Ella üçin durmuşyñ manysy ýok ýalydy. Ella hiç durmuşa çykmady hiç kimi söýmedi.
Ella ömrüni şeýdip geçirdi………..
Gara gözli söýenim,
Bar yhlasym berenim,
Uçup barsa ýüregim,
Bu niçik guş diýme ýar!
Kyýas Narmamedow,
Istanbul, Turkiye
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!