ATAWATAN ESERLERİ

Durmuşa söýgi

Durmuş biri-biri bilen baglanşykly ýer-ýüzündäki görünýän we görünmeýän ähli zatlaryň hemmesini öz içine alýan sagadyň sekunt tizligi bilen öňe ilerläp barýan barlykdyr.  Durmuşy özünde akyla sygjak we akyla sygmajak dereje-de adamzat ynsanynyň häzire çenli aňynyň ujuna-da gelmedik edilmeli açyşlaryň barjasyny özünde gizläp saklaýan syrly çäksiz hereket hökmünde göz öňüne getirip bileris.

Adam ynsany bu ýer togalagynyň taryhynda hiç bir jandaryň başarmadyk beýik, kämil siwilizasiýa ýetdi.  Adam wagt birligini,  kwant fizikasyny,  ýeliň garşysyna uçýan uçarlary,  älem syrlaryny,  adam DNK-sy we beýleki uly açyşlardyr kanunlary öwrenip olary öz peýdasyna ulanyp ugrady.  Emma bu gazananlar durmuş syrlaryny açmaklykda edilen işleriň 100-den  5%-ne ýetse ýetendir.  Bu diýmek belki-de durmuşyň syrlary ,  edilmeli açyşlar,  kwant fizikanyň,  matematiki we ruhy-aň kanunlaryň ösüş ýolunyň çäksizdigini aňlatýan bolsa gerek.

Durmuşy bu göze görünýän  fiziki obýektler bilen gurşalan janly materiýaly tebigat diýip pikir ýöretsek, onda  adamyň  ösüşiniň esasy sebäbi bolup hyzmat etýän onyň aňyny bu durmuşa goşant goşýan subýektiw ýerine ýetiriji funksiýasy diýip bileris.  Ynha şol ýerde hem adam bedeniniň formasyndaky göze görünmeýän aň-düşünjesi durmuşa bolan söýgini oýarýar.  Durmuşa tarap söýgi adamy öz syrlaryna dürli ugurlary bilen özüne çekýär.

Adam tebigaty söýgä mätäç tebigat!  Ol ilki özüni söýýär,  özüne ynanýar soňra bolsa ruhlanyp esasy barlygyň manysyna düşünmek isleýär.  Filosofiýa her bir adamyň özüniň doktrinasy bar bolup ol doktrinalaram öz gezeginde dogmalara bölünýär şol dogmalaram adamyň tebigatyndan üýtgetmek mümkin däl diýip düşündirmelerine esaslanyp aýtsak adam durmuşa bolan söýgüsini isledigiçe beýan edip ony dürli ugurlar arkaly düşündirip aýdyp oňa öz mynasyp goşandyny goşup biler.

Durmuşa bolan söýgüleriniň netijelerinde adamlar ýagny etýän işlerinde söýgüsiniň güýjine daýanyp bolup bilmez diýlen paradokslary boýun egdirmegiň kül-külüne düşdiler.  Olar   wagta,  kwant fizika,  älemiň syrlaryna doly düşünmekligiň doly göz ýetirmegiň tarapdary.  Olar psihologiki taýdan güýçli we dowamly uzak möhletleýin edilen pikirdir göz öňüne getirmeleriň fizika durmuşa geçýän kanunlaryny adamlara subut etmegiň tarapdary. Olar özlerindenem akylly tehnologiýalary döretmegiň yhlasynda.

A.Enşteýniň “ Men-de aýratyn talant ýok, men diňe gaty bilesigeliji” diýip belläp aýdyşy ýaly adamlaryň durmuşa bolan bilesigelijiginiň,  söýgüsiniň esasy maksady bu hemme zat mümkin diýip goluny açyp duran dünýäniň syrlaryny açmagyny dowam etdirmekdedir.

Durmuş-gözellikdir.  Behişdi gözelligi görmegiň özi bolsa jennet. Hakykatdanam adamlaryň höküm sürýän bu durmuşy bäsdeşlikden doly.Men durmuşa bolan söýgini Watanyň, maşgalaň, ylym-bilimiň gymmatyny bilmekde görýärin.

Kämillige ýetmek megerem hemmeleriň arzuwy bolsa gerek. Kämillik derejesine ýeten islendik zat adamlaryň gözünde aýratyn uly iş bolup görünýär. Dünýä belli suratkeşler öz kärlerine söýgüsiniň netijesinde hiç-haçan gymmaty öçmejek surat,eser sungatlaryny döretdiler. Hawa kämillige bolan isleg söýgi bilen başlaýar. Şeýdibem ýatdan çykmajak sungatlar, film-multifilmler, aýdym-sazlar, kitaplar we açyşlar adamyň uly gymmatlygydyr.

Örän üýtgeşik garaýyşly filosof  Immanuel Kant “ Eger-de dünýä hiç-hili belli sebäpsiz barlykdan ybarat bolsa onda barlygyň ýaşaýyşda galmagyna many ýok, sebäbi onuň içinde ýaşamana degjek iň bärkije ýekeje-de sebäp ýok “ diýip ýazyp geçipdir. Bärde adama günde irden turanda durmuşa, ýaşaýşa söýgüsi elektrik umpulslary ýaly hyjuwly tuzdurmaly diýdigidir.

Aristotel dünýädäki bar formalaryň maksady bar diýýär. Onda adamlaryň maksady näme-de ? Belki-deonuň  jogaby adamlar durmuşy söýüp bu çäksiz güýçli älem-de bähbitli iş bitirmek-de diýip aýdyp bolar.

Nýutonyň mehanikasynda bir jisim duran bolsa ony gymmyldatmak üçin başga bir jisim galtaşmagy zerur. Bu adamlaryň durmuşynda-da menzeş, goý durmuşa söýgüňiz beýlekilere-de höwes oýandyrsyn.

Akmuhammet Döwranow, 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri