ATAWATAN ESERLERİ

Depderçedäki durmuş

“Belkem men sebäpsiz ýere tolgunýandyryn, belkim düýbünden beýle däldir, emma her nähili bolsa-da birinji gezek söýýän adamyňa açylmak aňsat däl ahyry?! Elimde bir çemen gyzyl gül, Bu güller onuň iň halaýanlary. Ynha-da belleşilen ýer, meň aýaklarym hem şol ýerde ýöremesini goýdy. Garaşyp durun. Örän tolgunýan, ýüzüm sebäpsizje ýylgyrýar, her elim titrände oňa niýetlän gyzyl güllerimiň hoşamaý ysyny içime sorýan. Emma içimde bir ýerlerde gorky hem bar, bu gorkynyň düýp özeninden “sen oňa söýýändigiňi aýdanyňdan soň ýüz öwürse näme?” diýen ses gelýär. Ahyr soňy, hanha gelýär. Wah, şol wagtkyýüregimiň urşuny diýsene, gursagymdan çykaýjak bolýardy. Ol geldi, söhbet etdik. Ýöne nirä çenli? Gaçyp-gaçyp ahyr hem meniň oňa içki dünýämi aýtmagyma gezek geldi. Şol wagt sekuntlar ýyllara dönüpdi, Her nähili hem bolsa aýtdym, Onuň hem ýüzi gyzardy we sähelçe ýylgyryp ýaňagymdan öpdi-de, “sag bol, soň görüşeris” diýip ylgap gitdi, Gepiň özenine gelsek men oňa, ol maňa baglandyk. Wagt geçdi, durmuş gapysyndan ätlemäge çen boldy. Men oňa öýlenmek isleýärdim. Emma gaty kyn. Olam isleýär, ýöne olaryň maşgalasy kiçikä ony başga biri bilen adaglapdy. Sözler kesilipdir. Men şonda-da ýüz öwürmedim, hat-da kakasynyň ýanyna-da gitdim. Kyn bolsa hem bar zady aýtdym. Aýdyp bolup-bolmankam depämden ýumruk inipdi. Iki golumdan tutup howludan daşary atdylar meni. Indi etjegim bellidi. Ony alyp gaçmasam çäre ýokdy. Ony iň soňky gezek görmek bahanasy bilen çagyryp uzaklara alyp gaçdym. Wah, bu ýere çenli gowula, asyl durmuşyň tory indi üstüme atylypdyr. Biz nikalaşdyk. Onuň ene-atasy ondan ýüz öwürüpdir. Kakasy munuň bilen hem galman meni şikaýet edipdir. Indi näme etmeli?! Işläp bilemok, hiç ýere çykyp bilemok. Çünki meni gören ýerinde tussag etjekler. Wagt bilen durmuşyň akymyna elbetde girdeji gerekdi. Nikalaşanymyza eýýäm iki ýarym aý bolupdy. Günümizi zordan aýlaýardyk. Nädeýin ahyr gaçgak işe girdim. Emma onda-da nesibäm ýüzüme gülmedi. Polisiýa işgärleri meni tutup tussag edipdi. Alty aý tussag möhleti berildi. Indi bar aladam yzymda ýeke galan mähriban zenanam diýip otyrkam hat geldi. Haty okap men dünýäniň iň bagtly adamy boldum. Çünki hatda meniň kaka bolýanymyň buşlugy ýazylypdyr. Örän begendim, emma gorkularym we ynjalygym has artdy. Çünki indi meniň ýoluma garap oturan bir däl, iki jandy. Wagt geçdi döwran aýlandy. Möhletim dolup azatlygyň ysyny gaýtadan alypdym.Güler ýüzli gelnim meni ýene garşy aldy.Täze dogmaly perzendimiziň hereketini eliň bilen duýup bolýardy. Indi işede ýerleşipdim. Bäbek üçin egin-eşikdir jäjekler aldyk. Käte-käte hem oglan ýa-da gyz bolsa, adynyň näme bolmalydygy barada süýji çekeleşik ýüze çykýardy. Edil günümiz dürselipdi welin, gelnimde näsaglyk döremäne başlady. Güýçli kellagyry hem-de işdäsizlik ýygy-ýygydan gaýtalanýardy.  Ahyr lukmana gitdik. Bäbegiň dogmaly wagty golaýlapdy. Emma lukman bize gowy habar bermedi. Ol maňa “gelniňizde gorkuly näsaglyklar bar. Dogum onuň üçin örän gorkuly. Sagdyn iýmitlenip ruhubelent bolsun, belkem bir umyt bar” diýip, elini egnime goýup ýuwaşja kakdy. Indi örän gorkýardym. Bu ýagdaýy gynandyrmazlyk üçin gelnime aýtmadym. Günde gülüşip-degişsek hem gije aglaýardym. Bir gün hem gije aglap otyrkam omzuma elini goýup “ezizim näme bolýa?!” diýip sorady. “ Ýok gülüm, ukym tutmady” diýip, ýanyna geçip ýatdym. Ertesi men işdekäm jaň geldi. “Gelniňiziň sanjysy başlady, hassahana getirdik” diýdiler. Bu habary eşidenim bilen hassahana barmagym bir boldy. Ony eýýäm operasiýa otagyna alypdyrlar. Bir elim agzymda, bir elim bilimde, otagyň gapysynda iki ýana ylgýardym. Ynha birden hem perzendimiň sesi eşidildi. Birden ýüzüm ýagtyldy. Emma ol ýerde esasy başagaýlyk indi başlanypdyr. Lukmanlar şol sesden soň iki ýana durnuksyz ylgadylar. Ýöne soňra hereket kesildi. Meniň iki gözlerim diňe şol gapyda geljek habara ynjalykly garaşýardy. Lukman çykdy, Ýuwaşja ýüzünden maskasyny aýyryp “gutlaýan! Ogluňyz boldy” diýdi. Men “gelnim, gelnime näme boldy, melegime näme boldy?” diýip soraýardym. Lukman aşak seredip “yzyýarasyn” diýmekden başga hiçzat edip bilmedi. Dyzymyň bagy çözüldi, dünýä başyma ýykylan ýaly boldum. Tigirçekli krowatda otagdan melegimi çykardylar. Göýä peri kimin nur bilen ýalpyldaýardy. Men onuň iň soňky gezek maňlaýyndan öpdüm. Onuň size iň soňky sözi “oglumyza elmydama eýe çyk” boldy diýip şepagat uýasy gulagyma pyşyrdady. Soňra oglumy elime aldym. Ýaňagyndan ogşap, gulagyna “bagyşla oglum” diýdim. Bu wakadan bir iki aý geçdi. Bir gün öýüme poçta işgäri kazyýetden kagyz getirdi. Gelnimiň şol ýüz döndüren ene-atasy oglumy almakçy bolýarlar. Kazyýetiň kararyny pikir etmek kyn däldi. Oglumy menden aljaklar. Melegimden galan ýeke-täk ýadygärligi menden aljaklar. Şol gije oglumy aldym we gaçdym. Emma bolmady. Bu hereketim meniň zyýanyma bolupdyr. Dogry, oglumy menden aldylar. Bagyşla oglum, eneň wesýetini ýerine ýetirip bilmedim…”                                                                                                                                  Ana şol oglanjyk hem men. Bular kakamdan maňa ýadygär galan gündeligiň içindäkiler. Kakam şol gün ejemiň mazaryna gidipdir. Şol gyş gününde, şol mazaryň başynda aglap jan beripdir. Olar megerem jennete gidendir, ýöne eger-de ýaşap ýören bolsadylar, olary günde gujaklap, günde öperdim. Hormatlamak bilen sizi hiç görmedik ogluňyz.

 

                                                                                                                                                     Kerwen Nagymgylyjow,

                                                       Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

                                                                                                                                                                     

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri