Hekaýa
Ahyrsoňy gelmeli ýerime geldim.
Şol saryja gül aýdylyşy ýaly belent dagyň gutaryp, baýyrlaryň başlanýan ýerinde, bir harsaň daşyň düýbünde oturan eken. Onuň ýapraklary hem özi ýaly näzijek we owadandygyny ol nygtaplar goýberendigine men indi magat göz ýetirdim. Hawa, bu gülüň ýokardan öwüsýän adaja şemala çalaja yrgyldap durşy hem göreni aňk etýär diýip ýöne ýere aýtmandyr.
Daş-töweregime şunça nazar aýlasam hem özboluşly gözelligi bilen gözümi egläp biljek başga gül görmedim. Ýöne bu gül hem ýeke oturanlygy üçinmi, üstesine-de bilbiliniň ýoklugy üçinmi, hakykatdan hem perişan eken. Synlap durşuňa: “Asly gyzyl bolup, gamgynlygy sebäpli saralan bolmagy hem ahmal” diýeniňem duýman galýaň. Bu jahanda nämeler bolup bilmeýär ahyry?
Onsaň ol hakda mundan artyk pikir edip durmadym-da, oňa aýdylmaly zatlary aýdyp başladym:
“Men seniň beýleki güllerden üýtgeşikdigiňe, has dogrusy sarylygyňa gussa batamok. Men aslynda seniň şu görnüşiňe aşyk”.
Ol menden — nätanyş kimseden beýle sözlere garaşmadyk bolarly. Şo bada ýaňaklary gyzaryp gitdi. Allaworradan öwsüp gelen adaja şemal bolsa: “Gördüňmi?” diýýän ýaly onuň ýapraklaryny emaý bilen sypap geçdi.
“Sen indi her deňiňden geçeniň otlukly garaýşyna ynanyp, umyda batyp ýörme. Diňe özüň hakdaky ýakymsyz pikirleriňi goý-da, görküň ýaly dünýäňi hem meň üçin aýap sakla!
Sen indi her bir ganat kakyp gelen bilbiliň aýdymyna diň salma. Her bir bilbiliň öz söýen güli, söýjek güli bardyr. Olar şoňa duşýança deňinden geçen her bir gülüne bakyp, mümkin saýraman hem durup bilmez. Düşünýäňmi?!
Gül gögerende gül bolup gögerýär. Beýle bolsa bilýäňmi oňa näme gerek bolmaýar?”
Ol bolsa heniz hem utanjyndan açylyp bilmän, begenip durşuna: “Ýok” — diýip jogap berdi.
“Oňa öz gözelligine ynam etmän aşa bezenmek hökman däl. Bezenseň, tebigy gözelligiňe zeper ýeter. Tebigat saňa gör nähili gözellik eçilipdir?” — Men biraz dymdym-da, tas ýadymdan çykan sözlerimi hem öňki aýdanlarymyň üstüne goşdum — “Tebigat seni gül edip ýaradypdyr ahyryn!”
Ol bu gezek has utandy öýdýän, birden: “Hiýh” — diýip, eşidiler-eşidilmez ses bilen pyşyrdady. Utanjyndan aşak bakyp durşuna, ýapraklary bilen ýüzüni hem ýapdy. Onuň bu sesini bolsa arkadan öwsen garagol şemal dessine alyp gaçdy. Daga tarap äkitdi, soňam yzyna — baýyrlara tarap gaýtdy-da, bütin äleme buşluklajak ýaly, deňimizden geçip gitdi. Ho-ol alysda garalyp görünýän tokaýlyga siňdi.
“Sen: “Men çemenzarlykdan alysda bitdim. Men ýeke, meni görýänem ýok, söýýänem” diýip gama batma! Ine, men seniň ýanyňa ýeterin, söýerin, bütin ömrümi saňa bagyş ederin…”
Ine, şunda güljagaz birden ýene öňki durşuna geldi.
— Bu zatlary maňa aýdar ýaly onda sen kim? — diýdi. Men günbatara gözümi dikip durşuma — Çapar — diýip jogap berdim-de — Men gitdim — diýdim. Bu sözüme ol düşünmedi. Eýýäm göz ýaşyndan çygjaran gözlerini göni maňa dikmekden ätiýaç edýän ýaly gamgyn sesi bilen sorady:
— Çapar?
— Hawa, çapar.
— Düşnükliräk aýtsana! O nähili çapar?
— Çapar-da, birininiň ugradan çapary.
— Waý, o nähili “… biriniň ugradan çapary?”
— Hawa, ýüzi saňa sary bolan bilbiliň çapary.
Ol bu sözleri eşidip, birden aglady. Özi aýtmasa-da, men onuň begenç gözýaşlarydygyny bada-bat bildim. Şol aglap durşuna-da ýene sorag berdi:
— O nähili “Ýüzi maňa sary bolan bilbil?”
Onuň bu sowalyna welin jogap bermedim. Men eýýäm ýola düşüpdim. Çünki men howlukmaçdym. Hawa, gaty howlukmaçdym. Eýýäm Gün günbatara tarap eňňit edip barýar. Meň bolsa heniz barmaly ýerlerim az däldi.
Wepa Pirnepesow,
Mary şäheriniň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy