Yşk, söýgi! Biziň türkmen halkynda bu tema degişli ata-babalarymyzdan galan diýseň baý mirasymyz bar. Söýgä diňe birtaraplaýyn seretmeli däl. Söýginiň özi hem ägirt uly kitaphana ýaly Watanа söýgi, ata-enä bolan söýgi, maşgala söýgisi, bilime söýgi, işe… we şeýle dowam edip gider.
Watana bolan söýgi nireden başlanýar? Watan söýgüsi bize-de çagakak kakamyzyň bize gijelerine aýdyp berýän Göroglysyndan başlanýar.Biz çaga wagtymyz kakam Göroglyny köp gürrüň bererdi. Göroglydaky wakalary, gahrymanlary, edermenlikleri we watan söýgisi örän jadylaýjy. Kitaby eliňe alyp okamana başlanyňda özüňi göýä şol ýerde, şol wakalaryň içinde, gahrymanlar bilen şol söweşlere bile girip ýeňiş gazanan ýaly duýýarsyň. On dokuzynjy asyryň ortalarynda Orta Aziýa syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberi şeýle ýazýar:”Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Amanmollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy türkmen üçin gowy hezillikdir.Toý-tomguda ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde …aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy…. Emma tary gurap özide gyzyşansoň tamdyra örän şabram kakyp sesi-de batlanyp, çasly çykmaga başlady.Eserde tarypy edilýän söweş gazaplaşdygysaýyn, bagşynyňam, töweregindäki diňläp oturan ýigitleriňem ruh-hyjuwlary göterilip başlady.Soňra ýaş çarwalar haşlaşyp, telpeklerini-de ýere çalyp, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweşe giren ýaly boldular”. Hakykatdanam Görogly dessanyny okan üçin, Görogly ýönekeý bir eser gahrymany bolmakdan çykyp, bir dosta, gahrymana , halk gahrymanyna öwrülýär. Gundelik durmuşynyň her-bir işinde onuň bilniksiz goldawyny özünde duýup bilýär. Gaýratyna gaýrat goşulyp etjek işleri oňuna bolýar.Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly: “…Görogly gardaşy, serhoşdyr seri…”.
Kitap okamak barada aýdylanda şu sözler ýadyma düşýär:
Kitap okaýan adam aradan çykýança müňlerçe durmuş ýaşaýar. Kitap okamadyk bolsa bary ýogy bir durmuş ýaşaýar.
Hakykatdanam kitap okaýan adam ölýänçä müňlerçe durmuş ýaşap görýär. Ol kitaplaryndaky gahrymanlar bilen her hilli kynçylyklara döz gelip, olar bilen deň gülýar, deň aglaýar. Türkmen edebiýatynda bolsa her hili islege görä kitaplar tapmak bolýar we bularyň aglabasy Watançylyk temasyndan.
Watançylyk temasyndan dowam etsek elbetde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Älem içre at gezer”,” Döwlet guşy”, “Mertler Watany beýgeldýär” ýaly birnäçe kitaplary agzamak bolar.
Meselem Milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly hakynda gürrüň berýän “Döwlet guşy” romanynda bu tema uly oruny tutýar. Eserde Watany, halky ,ata-enäni ezizlemek, söýmek, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly sypatlar beýan edilýär. Ýaş Mälikguly kakasy urşa gidensoň maşgalanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýar we bu ýüki gaýduwsyzlyk bilen çekyär. Il-günüň parahat durmuşy, mukaddes Watana bolan çäksiz söýgisi hemişe onuň kalbyny eýeläp durýar.
Milli Liderimiziň bagtyýar raýatlarymyza sowgat eden “Mertler Watany beýgeldýär” atly ajaýyp kitabynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan işlerini ylmy taýdan harby-taryhy seljerme berilýär. Watançylyk temasy türkmen edebiýatynyň hemişelik temasydyr. Şeýle mazmunly eserleri öwrenmek biz ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik sypatlarynyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Ata-Watan, ene-toprak diýen düşünjeler Türkmen halkynyň dogup –döräp aňyna-kalbyna ornaşan mukaddes düşünjelerdir. Nesil başymyz Oguz han atamyzdan göz baş alýan bu düşünjeler bütin türkmen halkynyň nesil daragtyny gurşap alypdyr. Halkymyzyň aňynda Watan söýüjilik duýgularynyň kemala gelmeginde maşgala terbiýesi bilen bir hatarda edebi eserleriň hem ähmiýeti uly bolup durýar.
Watançy şahyr Magtymguly Pyragynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly Pyragy “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň” , “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Döker boldyk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Gözlär men”, “Başy gerekdir”, “Mert bolmaz” ýaly birnäçe goşgular döredipdir.
Magtymguly Pyragy hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr “Gidiji bolma” şygrynda:
Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma -..
diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň “Ýeli Gürgeniň”, “Türkmeniň” şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:
Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,
ýa-da
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri,
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.
Beýik şahyryň döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Goňşy döwletler türkmen taýpalarynyň birleşmezligi,güýçlenmezligi üçin ellerinde baryny edipdirler.Sebäbi olar geçmişde türkmeniň agzybir bolan döwürlerinde niçe-niçe döwletleriň üstünde döwlet gurandyklaryny gaty gowy bilýärdiler. Magtymguly atamyzam halkymyzdaky ol gujur-gaýraty beýan edip:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar gulzumy, derýaýy Nili… –diýip halky agzybirlige çagyrypdyr.
Goňşy ýurtlar hemişe halky talapdyrlar, ajaýyp zatlary weýran edipdirdirler. Magtymguly mydama şeýle pajygaly durmuşdan gutulmagyň aladasyny edipdir. Ol keseki duşmanlardan goranmak üçin ýigitleri mertlige, gahrymanlyga çagyrypdyr:
Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.
Şahyr il-ýurt üçin hyzmat eden goç ýigitleri dabaralandyrýar, tersine namartlary, il-ýurduna hyýanat edýänleri näletleýär. Şu jähtden şahyryň şu setirlerini ýatlamak bolar:
….Aga begler muhannesiň on müňi –
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez…
…”Är men” diýen her nöweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir…
Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netijä gelipdir. Bu ideýa şahyryň “Türkmeniň”, “Döke bolduk ýaşymyz”, “Türkmen binasy” ýaly şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň…
Ýa-da:
…Teke, ýumot, gökleň, ýazyr, alili-
Bir dowlete gulluk etsek bäşimiz…
…Teke,ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni açylar gül lälesi…
Elbetde Watancylyk temasyndan agzaman geçip bolmajak şahyrlarymyzdan birisi hem Seýitnazar Seýidi.
Seýitnazar Seýdini edebiýat äleminde “Serkerde şahyr “ diyip hem tanalyar. Hakykatdanam Seýdiniň köp goşgularynda Watana, il-güne bolan söýgini duýmak bolýar.
Seýdiniň döredijiliginde watançylyk, harby-gahrymançylyk temasynyň uly orunlaryndan birini eýelemeginde onuň ýaşaýan döwri bilen berk baglanyşykly.
Seýdiniň önüp-ösen ýeri bolan Amyderýa boýunyň ilaty şol wagtlar Buhara emiriniň talaňcylykly ýörişlerinin mekany bolupdyr.
Seýdi öz watandaşlarynyň azat durmuşy, ýurdunyň bähbidi üçin duşmanlara garşy eli ýaragly söweşipdir we türkmen ýigitlerini şol göreşe çagyrypdyr. Seýdi şu tema degişli “Görülsin indi”, “Goçaklar”, “Baraly begler”, “Baraýlyň”, “Dönmenem begler”, “Lebap içre”, “Gal indi” ýaly şygyrlary döredipdir.
Seýdi “Görülsin indi” şygrynda Buhara emirleriniň Amyderýa ýakasyndaky ýaşaýan ilata görkezýän görgüleriniň indi çydamsyzdygyny we indi şeýle ýagdaýda ýaşamagyň mümkin däldigini, parahat ýaşaýyş üçin göreşe çykmalydygyny janygyp aýdýar:
Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,
Herne kysmat bolsa, görülsin imdi! Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýykdy, Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn imdi! |
Seýdi duşman bilen bellisini etmäge, onuň bilen arany açmaga.Onuň zulumyndan diňe güýç, söweş bilen halas bolmaga halky çagarýar:
Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçe bilmez derýadan bäri…
Şahyr bu göreşde diňe ärsarylaryň birleşmeginiň ýeterlik däldigini, ähli türkmenleri birleşdirmek maksady bilen çykyş edýär. “Baraýlyň” diýen şygrynyň ilki setirlerinde şahyr galkyndyryjy pikirler bilen halka ýüzlenýär:
Duşman geldi, Lebap boýun ot eýläp,
Turuň, begler, ol döwüşe baraýlyň!…
Seydiniň bu goşgulary ýigitlere öz güýjüne ynanmagyna, gujur-gaýratlarynyň artmagyna medet berýär, olaryň edermen bolmaklaryna itergi berýär:
Seýdi aýdar geçsem şu gün janymdan,
Lebap daşyn boýap gyzyl ganymdan, Namart ýigit gitsin meniň ýanymdan, Är deý durup, şol söweşe baraýlyň. |
Şahyr goşgularynda söweşde agzybirligiň bolmagyny söweşiň birinji şerti edip goýýar. Ol egindeşleriniň, mert, ugurtapyjy bolmagyny isläpdir, gorkaklary, namartlary ýigrenipdir. Şonuň üçin şahyr göreldäni özünden başlapdyr:
Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ýürek howesläp, Gaçmanam öler men, köp leşger toplap,. Söweş üçin çykdym, dönmenem begler. |
Magtymgulynyň we Seydinin watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.
Häzirki döwürde bolsa bizler Magtymgulynyň we Seydinin arzuw eden zamanynda ýaşaýarys. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň, dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bizler hem munuň gadryny bilip yaşamagymyz gerek. Her bir ädimde her bir demde bu Watan üçin janlaryny beren ýigitleri, olary ruhlandyran şahyrlarymyzy, olara ýolbaşçylyk eden soltanlary, serdarlary we hanlary yatdan çykarmaly däldiris. Dogrysy olary ýatdan çykaryp hem bolmaz, sebäbi olar biz bilen biziň aňymyzda we kalbymyzda ömürlik ýaşaýarlar. Geljekki nesiller hem edil şu nazaryýet bilen ýetişerler. Sebäbi biziň ýurdumyz Watana bolan söýginiň we edermenligiň ýazlan ýerleri. Türkmenistanyň her bir gadymy ýadygärliklerinde, galalarynda muny duýmak bolýar.
Hakyky söýgi – Watana bolan söýgi …
Bizler bu gahrymançylyklary, bu wakalary hiç haçan ýatdan çykarmarys. Olar biziň kalbymyzda baky ýaşarlar.
Oguljennet Çaryýewa,
Ýanka Kupala adyndaky Grodna döwlet uniwersiteti
Pedagogika fakulteti 2-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!