ATAWATAN ESERLERİ

Baky söýgüniň öçmejek alawy

Dünýäde söýgüden uly näme bolup biler? Hiç zat bolup bilmez! Dünýäde ähli gowy zatlar päk söýgüden, kalplary tämizleýji yşkdan gözbaş alýar. Yşk baky ýaşaýşyň, ýaşlygyň, arzuwlaryň gözbaşynda durýar.

Uly söýgi ynsana näme berýär? Ähli zady berýär. Çäksiz ylham berýär. Uçmaga ganat, döretmäge ruhy güýç berýär. Men hem bu ruhy lezzetden ganyp, size durmuşymyzyň diregi bolan söýgi hakda hekaýany gürrüň bermekçi.

Dünýäde söýgüniň ornuny näme tutup biler? Hiç zat tutup bilmez! Çünki söýgi ýaly päk duýgyny ynsana hiç zat berip bilmez! Söýgi ähli zady gurşap alýan gudratdyr.

Ine, bu gürrüň berjek hekaýamda bolsa söýgüniň eşretiniň ornuny hiç zadyň tutup bilmejekdigine göz ýetirersiňiz.

Hekaýa şeýleräk başlanýar. Oraz entek mekdebi tamamlamandy. Onuň sapaklaryna ýetişigi örän gowudy. Göreldeli okuwçylaryň biridi. Emma, nämedir bolsa bir zatlar ters gidip ugrady. Onuň mekdebe ýetişigi günsaýyn peselýärdi. Muny onuň mugallymy hem aňýardy. Bir gün sapakdan soň mugallym oňa biraz wagt ikiçäk gürleşmegi teklip etdi. Oraz ýaýdandy, sebäbi näme hakda gürleşjeklerini aňýardy. Ol mugallymyň ýanynda oturdy. Mugallym oňa:

Biziň näme barada gürleşjekdigimizde-nä sen habardarsyň?! Bu hakda aýdyp oturmagyň bir hajaty ýok. Gel gowusy sen maňa hemme zady gürrüň ber.

Mugallym – diýip ol biraz dymdy. Az salymdan soň bolsa: ,,Meniň sapakdan ünsümi sowýan başga bir zat bar” diýdi

Hawa, ol näme? – diýip mugallym howlukmaç sorady.

Dogrusy, men söýgüniň hasratyna uçradym. Biziň obamyzda Jeren atly bir gyz bar. Men kalbymda oňa garşy örän oňat düşünjeler duýmaga başladym. Bilmändirin söýgüniň odynyň meni ýakandygyny. Şondan bäri hem men bu zatlary aklymdan çykaryp bilmeýärin.

Düşünikli, sen diýmek söýgä duçar bolupsyň-da?! Men saňa berjek maslahatyma bu zatlar üçin entek biraz irräk. Men saňa öz ýakyn dostumyň bir wakasyny gürrüň bereýin. Ol hem edil sen ýaly okuwçydy. Söýgä uçrapdy. Öz obalaryndan bolan bir gyza aşyk bolupdy, emma mekdebi tamamlap ýokary okuw jaýyna gadam basandan soňra welin, onuň söýgüsi ýok boldy diýen ýaly. Ol özi ýaly talyp deň duşuny gowy görüp, onuň bilen hem bagt toýuny tutdy. Ine, şeýleräk Oraz. Galanyny hem seniň özüň pikirlenip gör.

Bu gürrüňdeşlikden soň ol öňki ýaly ökde okuwçy bolmagyny dowam etdirdi. Ýyllar geçdi, ýokary okuw jaýyna girmek oňa nesip etdi. Haçanda ol özi ýaly talyp deň-duşlarynyň arasyndan bir gözele aşyk bolanynda, onuň ýadynda şol mugallymyň aýdan sözleri peýda boldy.

Yşka uçran adam onuň berýän ejirlerinden özüne durmuş, yşk odundan aýdym ýasar. Indiki okajak hekaýanyzda muňa has hem gowy düşünip bilersiňiz.

Arzuwymyň arşa ýeten arzyly günleriniň birinde bagtyň beren ýüküni zordan göterdim. Aýaklarym ýerde bolsa-da, ruhum asmana göterilipdi. Sebäbi indi meniň kalbymda ýeke-täk biri bar. Ol hem köňül köşgümiň şasy!

Meni şeýle bagtly eden zat nämedir öýdýäňiz?! Onuň kitabyndan çykan hat. Ol hem syr saklap bilmeýäniň eline düşäýmezmi?! Tutuş synpa ýaýratdylar. Söýgi öz sallançagynda üwreýän wagtlary maňa ýeke galmak ýeterlikdi, hyýallarymda-da bagtly bolup bilýärdim.

…Soň ak mekdebiň gapysyndan gözel durmuşyň gujagyna herimiz sülgüniň jüýjeleri ýaly çar ýana pytrap gitdik. Mende galan zat diňe süýji ýatlamalar boldy. Sen hakda daş gulakdan eşidip durýardym. Şo-da maňa ýeterlikdi. Özümiz duýmasagam, daşymyzdan bize guwanyp ýörenler bar ahyry! Bir gün baýramçylyklaryň birinde öýe gerek-ýarak zatlar üçin bazara gitmek meniň paýyma düşdi. Ah, şo-ol bazarly gün, bazarly gün! Ikimiziň duşuşygymyza sebäp boldy. Sen özüňe gelişýän gök penjekde, menem edil dilleşen ýaly gök, ýakasy gotazlyja köýnekde. Seni görenimden inim jümşüldäp gitdi. Hamala, sen meni synlaýan dek, aşak seredip, gül dükanynyň deňinden haýaljak ýöräp başladym.

Ejap edip esli salym bärde durdum. Seniň bir zat diýeriňe garaşdym. Birden ýanyňa gülgüne köýnekli, saçlary şemala yraň atyp duran, garagözelek owadan gyz gelip durdy. Hyýallarym duw-dagyn boldy, ýüregimiň gürsüldisi özüme eşidilip başlady. Meniň ýerine ýetirmeli keşbimi ol gyz aňryýany bilen ýetirdi. Güller özge ellerde…

Arzuw sandygym boşap galdy. Düşnüksiz zatlaryň kem-kemden ýumagy çözlenip başlady. Ol gyz biziň beýleki toparda okan synpdaşymyzdy. Meniň ol gyz bilen düýbünden meňzeşligim ýokdy. Ne gözümiz, ne gaşymyz, hatda hüý-häsiýetimizem. Diňe ýekeje meňzeşligimiz bardy. Ol hem biziň adymyzdy…

Söýgi bu ömrüň Güneşidir, gijäniň aýydyr, durmuşyň gülüdir. Umytdan, ylhamdan, gözýaşlardan, arzuwdan, päklikden, ahmyrdan, kalbyň nalasyndan, ýagşy umydyň ganatlaryndan ýasalan täsin dünýädir…

 

  Resul Madekow,

Mary etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri