ATAWATAN ESERLERİ

        Bagtyň güneşi  

                                                             Hekaýa

Sapanyň Näzli bilen tanyşmagyna gruzin ýazyjysy Dumbadzäniň kitaby sebäp boldy. okuwdan boş mahaly kitaphana gatnap ýören talyp ýigidi hemişe ol ýerde görýän gyz bir sapar ondan tötänden ýazyjynyň “Nurly gije” romanyny sorady. Bu sowalyň oňa berilmegini gyz ony okymyş görýändigi bilen delillendirdi. Gyzyň aýtmagyna görä bu seýrek kitap kitaphanada ýokdy. Gyzyň bagtyna bu kitap Sapada bardy. Sapa:

­­– Diýýän kitabyňyz mende bar ýöne obada – öýmüzde. Zerur gerek bolsa getirdip bolar – diýdi.

Bu söz gyzy az begendirmedi.

Sapa öýlerine jaň edip, paýtagta gaýdýanlaryň birinden haýyş edilen kitaby ýollamaklaryny sargyt etdi. Şol günüň ertesi kitap oňa gelip gowuşdy. Gyz gowşurylan kitaba hoşallyk bildirip, ony bir hepdeden yzyna gaýtarjakdygyny aýtdy. Ine, şu wakada ýigit bilen gyzyň ýakyndan tanyşlyk açmagyna sebäp boldy.

Sapa indi her gün okuwdan soň kitaphana howlugýardy. Näzliniň keşbini synlamak ýigidiň kalbynda aýratyn ýakymly duýgulary oýarýardy. Ol Näzli bilen durmuş gurup, obada ene-atasynyň ýanynda bagtly durmuşda ýaşamagyň arzuwyndady. Emma Näzli gum içindäki obada ýaşamak islemeýändigini çürt-kesik aýtdy. Sapa obada özüne göz dikip garaşyp oturanlaryny şunça düşündirjek bolsa-da, Näzli tekepbirlik bilen öz pikirinde galdy. Bu ýagdaýda ara düşen sowuklyk ýigidi kyn güne saldy.

Ertir Näzliniň doglan günüdi. Sapa ýagşy pikirlere berlip gyzy goşgy bilen gutlamagy makul bildi. “Goşguda içki hyýalymy beýan edeýin” diýip oýa batdy. Ýigidiň yhlasy bilen ak kagyzyň ýüzünde sazlaşykly setirler peýda boldy.

Göwnüň – düýpsiz umman, men bir azaşan,

Ummanyň içinde – küreksiz gämi.

Möwçli gomlaryňy oýarma, dilber,

Rahatlyk ber uç-gyraksyz ummanda,

Yranyp, bir gyra agmazym ýaly.

Gyz sowgady göwnühoş halda kabul etdi. Bu ýigitde ynam duýgularyny täzeledi.

Näzliniň doglan gününden bäri aradan esli gün geçdi. Emma soňky mahallar Näzli ne ýolda, ne-de kitaphanada görünýärdi. Sapa bolsa ony şu gün-ertir görerin diýen umyt bilen ýaşaýardy.

Dynç günüdi. Sapa bu gün hem ir bilen kitaphana geldi. Kitaphanaçy gyz onuň dolduran talap kagyzyny kabul etdi-de, mähir bilen ýüzlendi:

– Okaryn diýseňiz araky soran kitabyňyz geldi.

Sapa ýüz-gözleri nurana gyzyň ýatkeşligine haýran galyp, täze kitaby sargyt etdi. Birdenem ol:

– Ýogsa-da, siziň adyňyz näme?- diýip sorady. Gyz adynyň Gumrydygyny aýdanam şoldy welin, bir ýerden Näzli peýda boldy. Ol gele-gelmäne howsala bilen Sapa garap gürläp ugrady:

–  Bolýa… bar zat düşnükli… Indi seň yşkyňada ynanmok, goşgyňa-da…

Sapa hernäçe düşündirjek bolsa-da Näzli gahar bilen ara açyp gitdi. Sapa onuň yzyndan baş ýaýkap galmakdan başga çäre galmady. Gumry bolsa bu ýagdaýyň döremegine özüniň günäli saýyp, Sapadan ötünç sorady. Sapa:

– Ýok, siz günäkär däl, bu bir sebäp – diýdi.

Sapaň sesiniň ökünçli çykany mese-mälim duýuldy. Ol öň Näzli bilen arasynda birnäçe sapar bolup geçen şular ýaly ýagdaýlary ýada saldy. “Boldy, besdir. Esasy zat halaşmakda däl, ýaşaşyp biljegiňi-bilmejegiňi bilmekde” diýip ony unutmaly diýen belli karara geldi. Kalby kitüwli gyzda bolsa Sapadan ar almak pikiri döredi.

Aradan birnäçe gün geçdi. Sapaň göwni giňäp, rahatlyk tapdy. Okuw, kitaphana onuň kalbyna täze duýgulary bagyş etdi. Indi her sapar kitaphana baranda onda kitaphanaçy gyz bilen gürleşmek höwesi döredi.

Gumry akylly, edepli gyzdy. Ol Sapaň salyhatlylygyna sarpa goýýardy.  Kitaphanadan gaýdanlarynda bile gürleşip gaýtmak olaryň kalýyna lezzet berýärdi. Bu ýagdaý ahyry olary yşkyň ak ýoluna düşürdi. Olar durmuş gurmagy wadalaşdylar. Garaşylan şol arzyly günem ahyry golaý geldi.

Gül-gunçaly güýz günüdi. Ýaşlar gülli seýilgähden ýöräp gelýärdiler. Birden olara gözi düşen Näzli bir gyra çekildi-de, deňesine gelende tapba ýoluny kesdi:

– Salam Sapa! Näme soňky döwürler görüneňokla? Ýa-da unudaýdyňmy? Wadaňda wepaň bar bolsa, unutmaryn-a diýipdiň!

Garaşylmadyk ýerden dörän bu ýagdaýa Sapa näme jogap berjegini bilmän aljyrady. Gyz gezän sözüniň degmeli nyşanasyna degendigi üçin hasam ekezlendi:

– Ma bu gyz bilen güreşmäge pursat ber, oňa aýtjak zatlarym bar…

Näzli şeý diýen dessine, Gumry bir gyra çekildi. Sapa bolsa oňaýsyz halda  birýan gyradaky dyzepere tarap ýöneldi. Ol: “Ýok, meňki bolmady, gör men nähili gyza habar gatypdyryn… Ýok, men aramda bolan bu ýagdaýlaň hemmesini bagyşlasa-bagyşlamasa-da Gumra aýdaryn…” diýip pikir öwürdi. Birdenem ol tarsa ýerinden turdy-da gyssanmaç halda ýöräp ugrady. Şol dessine-de aňyrdan ýeke özi özüne tarap ýuwaşjadan ädimläp gelýän Gumra gözi düşüp, ysgyn-mydardan gaçdy. Gyz onuň ýanyna golaýlady-da, söze başlady:

– Men hemmesini eşitdim. Sapa, eger ol akylly-başly gyz bolanlygynda sen ýaly göwni päk ýigidiň duýgusyny depelemezdi…

Gyzyň bu sözleri göýä yşkyň parlap dogan güneşi deýin ýigidiň kalbyndaky gam-gussasyny syrdy. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi. Birden olaryň ünsi aňyrdan yzyna gaýdyp, özlerine tarap gelýän Näzlä düşdi. Näzli gele-gelmäne howsala bilen Gumra ýüzlendi:

– Sen hemme zada düşünen bolsaň gerek, eger-de düşünmedik bolsaň, şu setirler saňa baryny düşündirer…

Bir Näzliň eline tutduran ak kagyzyna garap, bir-de onuň “tyrk-tyrk” edip barýan aýak sesine diň salyp duran Gumry sermisal halda zordan özüni ele aldy. Ol  Sapanyň Näzliň doglan gününe bagyşlap ýazan goşgusydy.

Bu ýagdaý ýigidiň kalbyna täzeden gussa çökerdi. Ol: “Indi bu söýgimiň tamamlanmasydyr” diýip oýlandy. Gumry bolsa bar ünsüni kagyzda keşde ýaly edip ýazylan setirlerde jemläp ýaşyl ýoda bilen aňyrlygyna ýuwaşjadan ädim ädip barýardy. Özünden barha daşlaşyp barýan gyzy synlap duran ýigit bolsa näme etjegini bilmän duran ýerinde doňup galdy.

Aradan sähel salym geçensoň Gumry birden tapba yzyna öwrüldi-de, güler ýüz bilen Sapa bakan ädim ädip ugrady. Bu ýagdaý gussa batyp duran ýigitde nämälimlik döretdi. Gumrynyň  golaý gelmegi bilen onuň ýüreginiň urgusy hasam artdy. Gyz gele-gelmäne goşgyny ýene-de birlaý gözden geçirip, ýigide ýüzlendi:

– Sapa, sen bu setirleri kime bagyşlap ýazdyň?

Sapa näme diýjegini bilmedi.

Gumry sözüni dowam etdi:

– Bu setirleri Näzli özüne ýazylan hasap edýän bolsa, ýalňyşypdyr. Bu setirler başga bir gyza ýazylan ýaly-la? Sapa, hany, özüň üns berip okada gör!

Sapa Gumryň näme diýjek bolýanyna düşünmän goşguly kagyzy eline alyp, oňa   göz gezdirdi:

Göwnüň – düýpsiz umman, men bir azaşan,

Ummanyň içinde – küreksiz gämi.

Möwçli gomlaryňy oýarma, dilber,

Rahatlyk ber uç-gyraksyz ummanda,

Yranyp, bir gyra agmazym ýaly.

Goşgyny okap bolansoň birden Sapanyň ýüzünde adaty bolmadyk haýran galyjylyk alamaty peýda boldy. Çünki, onuň ak kagyza ýazan goşgusynyň her setiriniň baş harpyny dikligine okasaň, ol GUMRY diýen ady emele getirýärdi. Onuň Näzlä ýazan goşgusynyň bu ady emele getirişi hakykatdan-da haýran galdyryjydy.

Ýigit haýran galmakdan ýaňa kagyzdan başyny galdyryp alnynda duran gyzyň gözlerine garanda, ol gözlerde mähir uçgunlaryny gördi.

Hawa, bu durmuşyň uç-gyraksyz ýollary dürli tötänliklerden, täsin-täsin wakalardan doly. Sapadyr Gumrynyň durmuşynda bolup geçen bu ýagdaý hem şeýle wakalaryň biridi. Gyzdyr ýigit bolup geçen bu ýagdaýy ykbalyň özlerine eçilen şowlulygy diýip kabul etdiler.

Ýaşlaryň ýoluna bagtyň ak güneşi çaýyldy.

 

                                                                           Atamyrat Şagulyýew, žurnalist,  “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnaly.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri