ATAWATAN ESERLERİ

Aýtmasy kyn bolan “üç söz”

(hekaýa)

Içimi dertdeş gündeligime dökäýmesem başga hiç kime aýdyp bilemok. Öňler kinolarda görenimde ýa bolmasa çeper eserlerde okanymda, aşyk öz magşugyna şol jadyly “üç sözi” aýdyp bilmän köseneninde, men öz ýanymdan şol sözleri aýtmakda näme kynçylygyň bardygyna asla düşünmeýärdim. Bu sowaly töweregimdäkilere beremde jogabyna: “Aşyklyk derdine uçramadyk bu ýagdaýa asla hem düşünmez” ýa-da “Sen asyl söýgüden bihabar ekeniň” diýen ýaly sözleri eşidýärdim.

Ynha, görüp otursam, men hem aşyklyk derdine duçar bolan bolsam näme. Dogrusy, munuň söýgüdigine şol gyz ýanymdaka düşünmändirin. Indi düşünýärin. Okuw ýyly tamamlanyp dynç alyşa çykan günümizden bäri onsuzlygyň nähili agyr bolýandygyna düşündim. Şol günden bäri ukusyzlyga duçar boldum. Gijelerine asmana seredip ýyldyzlar bilen derdimi paýlaşyp geçirýän. Hyýalymda, asmana sereden wagtym men ýyldyzlardan onuň keşbini çekip, onuň bilen gürleşýän ýaly bolýan. Her gezek ýyldyzlardan çekilen keşbine seredip söýgimi aýdamda bolsa, ol ýylgyryp, meni jogapsyz goýup, gözlerimden gaýyp bolýar. Ol sözleri hatda hyýalyňda aýtmagam gaty kyn bolýan eken.

Men nirä seretsemem şol gyzyň keşbini görýän. Hamala onuň suraty gözlerime ýelmenen ýaly. Gije gündiz pikirim diňe şol gyz. Bu keseliň dermanyny gidip dermanhanadan alyp, bejergi alynýan keselem däl. Derdi hem şol gyz, dermany hem şol gyz, lukmany hem şol gyz.

Ynha, nesip bolsa ertir täze okuw ýyly başlaýar. Nesip bolsa men ertir ony görerin. Men arzyly ertire sabyrsyzlyk bilen şeýle bir garaşýaryn. Içiňi ýakaýyn diýip, derdime dert goşup bu gün wagt hem şeýle bir haýal geçýär. Bir zatlara güýmenip wagtymy geçireýin diýsemem, ünsümi jemläp bilemok. Edil ýaňyjada okaýyn diýip elime kitap aldym. Kitaby açsam her sahypada onuň suraty. Kitaby goýup, asmandaky ýyldyzlary göreýin diýip aýnany açdym. Bulutlardan ýaňa ýekeje ýyldyzam görünenok. Gözlerimi ýumdym. Hyýalymda ertir men şol “jadyly üç sözi” aýtmaga synanyşdym. Men elime bir çemen gül alyp, onuň ýanyna barýan. Uludan demimi alyp, ýüregimiň şol gyzyň üstünden şikaýat edýänini aýtdym. Ol bolsa hiç zat gürlemän utanyp ýere bakdy. Men onuň jogabyna şeýle bir garaşdym, şeýle bir garaşdym. Bir salym dymyşlykdan soň ol ahyry gözlerini galdyryp bir zatlar aýtmakçy bolanda… meniň bar göz öňüme getirmelerimi ýyldyrym çakyp ýitirim etse nädersiň. Hatda hyýalymda jogabyny eşitmek hem maňa juda kyn boldy. Bu ýerde onuň günäsi ýok, hemmesem özümden. Ýeri aýnany açdyň, taň etdiň, asmanda bulutlary göreniňden soň aýnany ýapaýda. Belki ýyldyrymyň sesi bolmadyk bolsa, hyýalymda bolsada  arzyly jogaby eşiderdim.

Derdimi kagyz ýüzüne geçirip otyrkam ýatyp galypdyryn. Telefondaky oýaryjyň sesini eşidip zöwwe ýerimden turdum. Sabyrsyzlyk bilen garaşan arzyly günüm hem ahyry gelip ýetdi. Ine-de men daň bilen okuwa tarap barýan. Göwnüme bolmasa bu günki günüň doguşam birhili üýtgeşik ýaly. Guşlaryň saýraýşy hem maňa üýtgeşik bir saz ýaly bolup eşidilýär. Bu gözellikden lezzet alyp, uçup-uçup okuw jaýyna geldim. Asyl görüp otursam, men howlugyp gaty ir gelipdirin. Menden başga adam ýok. Zyýany ýok. Şunça garaşypdyryn, ýene garaşaryn.

Ýuwaş-ýuwaşdan beýleki talyplaram gelip başlady, ýöne sen heniz geleňok. Gözlerim seniň geljek ýoluňa baglanyp galdy. Öwüsýän şemal, guşlaryň mahmal owazy meni ýene arzuwlar ummanyna alyp gitdi. Hyýalymda sen öz joralaryň bilen derwezeden girip, maňa tarap gelýärsiň. Men mylaýym şemalyň seniň saçlaryňy sypap geçişini synlap durkam sen gelip, maňa salam berýäň, ýagdaýlarymy soraýaň. A men bolsa näme diýjegimi bilmän sakawlap durun. Ahyry özümi ele alyp, uludan dem alyp, ätiýaçdan, birden ýyldyrym çakaýmasyn diýip asmana seredip görüp, onsoň saňa salam berip, söze başlaýan.

  • Biler bolsaň eýýäm haçandan bäri men bir derde uçradym. Men bilemok ýüregimiň haçan sen diýip urup başlanyny. Bilemok munuň söýgüdigini haçan ykrar edenimi. Ýöne men bir zady bilýän…

Edil şol pursat güpläp bir zat gaçan ýaly ses boldy. Nämekä diýip yzyma öwrülip görsem, geçip barýan talyplaryň biri içi kitap-depderden doly sumkasyny elinden gaçyrypdyr eken. “Wah, senem başga wagt tapan dälsiň!”

Ýaňky sumka gaçyran ýigit kagyz depderlerini çöplap sumka salyp durka, kagyzdyr depderleriň arasynda meniň gözüm sahypalary şemala açylyp duran bir kitapça düşdi.  Bu kitapçanyň açylyp duran sahypasynda tüýs maňa gerek goşgy bar. Asyl bu ýigidiň sumkasy ýöne ýerden gaçmandyr. Özüm aýdyp bilmesemem şahyryň goşgusynyň üsti bilen derdimi saňa ýetirmegi ýüregime düwdim. Goşga gözüm düşen badyna sözleri ýadymda galdy.  Haýal etmän goşgyny bir kagyza ýazdym. Ony hem depderiň içine salyp, sapak başlamanka seniň stoluň üstünde goýup gaýtdym. Indi hem seniň ýeriňe geçip, şol haty okaryňa garaşýaryn.

Arzyly pursat hem gelip ýetdi. Gyz depderiň gatyny açyp görse içinde hat bar. Ol hatda bolsa şu setirler:

“Başarmadym, telim gezek synanyp,

Şol ömür aýdylýan sözleri saňa

Mydam şol üç sözi ýazmakçy bolup,

Gijäni ötürip, ýeterdim daňa.

 

Iň bir agyr jeza şu haty ýazmak,

Galam tutan elim derledi eýýäm

Indi mundan artyk kösemede sen,

Düşünäý-dä özüň, MEN SENI…!”

 

Ajap Rejepowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri